21:57 Gowy ene bolmak | |
GOWY ENE BOLMAK
Pedagogika we edep-terbiýe
Öran az sanly psiholog ruhy taýdan näsag çagalary bejerýän mahaly olary enesinden aýry saklaýar. Bu usula "parentectomy" diyilýär. Ruhy taydan näsag çagalara atalaryndan beter encleriniň köp zeleliniň degýändigi üçin olar aýry saklanýar. Gowy ene bolmak sungatdyr. Ol sungatyň ussady bolmak üçin bolsa iñ esasy, iñ zerur, iñ möhüm zat çaganyñ çagadygyny, onuň uly adam däldigini bilmekdir • Enäniñ täsiri Gowy ene bolmak baradaky ýalñyş pikir yaş gelinleri artykmaç alada goyýar. Mysal üçin "gowy ene" çagasyny durmuşdaky dürli kynçylyklardan goramalydyr, her hili kynçylyklardan baş alyp çykmalydyr, çagalarynyň hemişe sag, owadan, bagtly bolmagyny üpjün etmelidir diýen ynanja eýerýän gelinler durmuşyň dürli çarkandakly ýollaryndan ýöremeli bolanlarynda özleriniň arzuw edişleri ýaly derejede gowy ene bolup bilmeýändiklerini görüp lapy keç bolýarlar, umytdan düşýärler. Özlerini günäkär hasaplap, müýnli duýýarlar, öz-özlerinden göwni geçýänler-de, ýaşaýşa bolan höwesini ýitirýänler-de bolýar. Beýle eneler çagalarynyň başyna düşen kynçylyklarda özlerini günäkär hasaplaýarlar. Bu düşünje giň ýaýrapdyr. Iñ kiçijik allergiýadan iñ agyr kesellere çenli çagalaryndaky näsaglyklar sebäpli eneler özlerini günäkär hasaplaýarlar. Ýöne çaga enesinden başga-da täsir edýän zat köp. • Çägi bilmek Ýañy dünýä inen bäbejik hem üstüne hiç zat ýazýlmadyk ak kagyz ýaly däl. Onuň özüne mahsus häsiýeti, dogabitdi aýratynlyklary bar. Psihiatr Heinz Kohut öz duygulary bilen çagalarynyň duygularynyň arasyndaky çägi seljerip bilmeýän eneler çagalarynyň häsiýetlerine zeper ýetirýärler diýip hasaplaýar. Olaryň öz ruhy ýagdaýyndaky näsazlyklary çagasyna-da geçirýändiklerini aýdýar. Şeýle hem, olaryň çagasynyň özünińkä menzeş duýgulary bilen içgin gyzyklanyp, özüniňkä meňzemeýän duýgularyny görmezlige salýandyklaryny nygtaýar. Çaga kynçylyga sezewar bolanda ony halas etmek üçin enäniñ elinden gelenini etjekdigi düşnüklidir. Ol çagasynyň içki dünýäsine aralaşmak, onuň nämeler barada pikir edýändigine-de göz yetirmek isleýär. Çaga ata-enesine hemme aýdanyny etdirjek bolýar. Ata-ene çagasyna sözüni geçirip bilmese, oña temmi bermegiň kül-külüne düşýär. Olara çakdan aşa ýowuz darap başlaýarlar, iñirdäp, käýinip gulak etini guradara getirýärler. • Bäbegi nähili götermeli? Entek süñki bekemedik bäbegi eliñize alanyñyzda käbir zatlara üns bermeli Ýaş eneler ýaňy bolan bäbeklerini ellerine alsalar, syrylyp ýere gaçaýjak ýaly, ilki başda eline almakdan çekinýärler. Entek boýun myşsalary ýeterlik ösüp ýetişmändigi üçin bäbekler üç aýlyk bolýança, kellesini saklap bilmeýärler. Bäbegi gujagyňyza alanyňyzda onuň arkasyny we kellesini eliñiz bilen saklamagy unutmaň. Gujagyňyzdaky bäbegiň kellesini boýnuňyza ýakyn tutup, sizi has ýakyn duýmagyny üpjün ediň we daş-töweregini synlar ýaly arkasyny döşüñize diräp, bir eliñizi-de bäbegiñ ayaklarynyň daşyndan aýlaň. Bäbegi ýatan ýerinden göterjek wagtyñyz bolsa ilki bilen elinizi kellesiniñ aşagyna goýup, beýleki eliniz bilen-de bilinden tutup ýuwaşlyk bilen göteriñ. Bäbegi ýerinde ýatyrjak wagtyñyz hem edil şonuň ýaly kellesiniñ aşagyndan we bilinden tutup emaý bilen ýatyrmaly. Eger bäbeginiz ýaňy garnyny doýran bolsa, iýen iýmitini gaýtarmaz ýaly kän çaýkamaň. Seher ÝYLMAZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |