16:03 Göýdük burun / powest/ birinji bölümi | |
GÖÝDÜK BURUN
Çagalar edebiýaty
«Göýdük burun» nemes ýazyjysy Wilgelm Gaufuň meşhur eserleriniň biridir. Eseriň baş gah- rymany Ýakowy entek çaga wagty jadygöý kempir ogurlap, ony betnyşan göýdüge öwürýär. Ol gaçyp, öýüne dolanýar, emma ene-atasy ony tanamaýar. Hökümdaryň aşhanasynda işläp ýörkä, jadygöýiň jadysyndan ördejige öwrülen Mimi atly gyzjagazy halas edýär. Dostluk olaryň ähli kynçylyklary ýe- ňip, köşkden azat bolmaklaryna getirýär. Awtor eserinde «ýamanlygy diňe ýagşylyk bilen ýeňip bo- lar» diýen ynamy döretmegi başarýar. Şeýle-de bu eser ynsan durmuşynda maşgalanyň näderejede gymmatlydygyny açyp görkezýär, çagalara ene- atany söýmegi, sylamagy ündeýär. Biz hem dünýä edebiýatynyň naýbaşy çagalar eserleriniň biri bolan «Göýdük burun» powestini türkmen diline geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Birnäçe ýyl mundan ozal Germaniýanyň uly şäherleriniň birinde bir ädikçi aýaly bilen gün-güzerany- ny aýlaýardy. Ol hemişekisi ýaly köçäniň burçundaky dükanda oturyp, paşmakdyr aýakgaplary bejerýärdi. Käwagtlar oňa müşderi tapylyp, täze aýakgap tikmegem sargyt ediläýýärdi. Emma ol her gezek tä- ze deri satyn almaly bolýardy, sebäbi ýet- de-gütdelikde gününi dolaýardy. Ädikçiniň aýaly bolsa şäheriň etegindäki bakjada ekip ýetişdiren gök önümdir miwelerini satuwa çykarardy. Köpler onuň gök önüm- lerini höwes bilen satyn alardylar, sebäbi ol hemişe ykjam geýnerdi, üstesine, onuň gök önümleriniň goýluşy özüne çekijidi. Ädikçiniň bir ogly bardy. Ol on iki ýaşlaryndaky görmegeý oglanjykdy. Oglanjyk diýseňem boý-sy- raty ony öz ýaşyndan uly görkezýärdi. Ol bazarda ejesiniň ýanynda oturyp, aýallaryň ýa-da aşpezleriň satyn alan önümlerini öýlerine äkidişýärdi. Onuň yzyna sowgatsyz gaýdyp gelýän wagty seýrekdi. Oňa bir güljagaz ýa-da bir bölek tort, bolmanda bir ownuk şaýy berip goýbererdiler, sebäbi bu oglan- jyk şäher adamlarynyň göwnünden turýardy. Şo- nuň üçin onuň elini hiç haçan boş goýberenokdylar. Günleriň birinde ýaňky ädikçiniň aýaly ýene öňki endigine eýerip, kelemdir her hili gök otly uly sebet- leriň birnäçesi bilen öňüni dolduryp bazarda otyr- dy. Sebetleriň kiçiräginde bolsa armytdyr erikler bardy. Oglanjygy Ýakowjyk diýip atlandyrýardylar. Ol ejesiniň gapdalynda durup, sesiniň ýetdiginden alyjylary çagyrýardy: — Geliň bäri! Serediň, nähili ter kelemler, hoşboý ysly gök otlar! Armyt, almadyr erikden geregiňizi edinjek dälmisiňiz? Ejem arzan berýä, satyn alyň! Şol wagt bazarda tüýsi bozuk bir garry peýda boldy. Onuň köýnegi sal-saldy, eliň aýasy ýaly kiçi- jik ýüzi gasyn-gasyndy, gözleri gyzaryp durdy, uzyn gaňrak burny ony has-da betnyşan görkezýärdi. Ol özüniň uzyn hasasyna söýenip barşyna, ikibaka yra- nyp, agsaklap ýöreýärdi. Ädikçiniň aýaly geň galyp, ony synlamaga dur- dy. Onuň günde şu bazarda oturanyna, ine, on alty ýyldyr, ýöne ol bir gezegem şeýle geň-taň garryny görmändi. Garrynyň agsaklap, yranyp, sebetleriň ýanynda saklananam şoldy welin, ol birden tisgi- nip gitdi. — Bu gök-sökleri satýan senmi, Anna? — diýip, ol ýakymsyz, gyryk sesi bilen sorady. Kempiriň kellesi birsyhly titräp durdy. — Hawa, men — diýip, ädikçiniň aýaly jogap ber- di. — Size näme gerek? — Hany, göreli, sende maňa gerek zat bamyka... — diýip, ol egildi-de, tagaşyksyz, gara elleri bilen sebetleri dörüşdirip başlady. Ol sebetden gök otla- ry çykaryp, olary uzyn burnuna ýetirip, gezekli-ge- zegine ysgamaga başlady. Garrynyň önümlere beýle çemeleşişini ädikçiniň aýaly halamady. Emma ol hiç zat diýip hem bilmedi, sebäbi her bir alyjynyň hary- dy görmäge hukugy bardy. Onsoňam bu garry onda düşnüksiz howsala döretdi. Ahyrsoňy ýaňky garry ähli sebetleri agdar-düň- der etdi-de, hüňürdäp başlady: — Gökler ter däl, otlar zaýa! Maňa gerek zat ýok. Elli ýyl mundan öňki... Önümleriňiz iýer ýaly däl, asla gowy däl... Onuň bu sözleri Ýakowjygyň gaharyny getirdi. — Ah, sen, bihaýa kempir diýsänim! — diýip, ol ja- nyýangynly gygyrdy. — Ilk-ä özüniň tagaşyksyz elle- ri bilen dörüşdirip, otlary bulam-bujar etdi, soň bol- sa uzyn burny bilen hemmesini ysgaşdyryp çykdy. Muny görenleriň hiç haýsysy indi bulary satyn alasy gelmez. Iň soňunda-da gül ýaly önümlerimize at da- kan bolýa. Bizden seň ýaly gedaýlar däl-de, gersogyň aşpezi ýaly adamlar satyn alýa. Garry bu dogumly oglanjyga gözüniň gytagy bilen seredip, eýmenç gülküsini etdi. Soňra bolsa gyryk sesi bilen oňa ýüzlendi: — Hawa, oguljygym, ýagdaýlar şeýle! Görýän welin, saňa meň owadan uzyn burnum ýaranok öýdýän? Duruber bakaly, seňem burnuň meňkiden kem bolmaz! Ol şeýle diýdi-de, kelemli sebede geçdi. Elleri bi- len terje hem-de akja kelemleri yzly-yzyna gysyş- dyryp başlady. Her gezek gysanda kelemler şatyrt- da-şatyrt edip ses edýärdi. Soň ol kelemleri yzyna sebede oklap: — Kelemler ter däl... Iýmäge ýaramsyz — diýdi. — Murdar, kelläňi beýdip ýaýkan bolma! — di- ýip, oglanjyk ondan birneme eýmense-de dillendi. — Seň boýnuň edil kelemiň özeni ýaly inçejik, üzülip sebede gaçaýmasyn. Onsoň ony kim satyn alsyn! — Diýmek, saňa meň inçejik boý- num ýaranok-da?! — diýip, ýaňky garry ýene gülüp samyrdady. — Sende asyl boýun bolmanjyk geçer. Kelläň eginleriňden sallanyp durar. — Ogluma diýip duran zatlaň näme?! — diýip, häliden bäri gahary gelip oturan ädikçiniň aýaly dillendi. — Eger zat alarman bolsaňyz alyň, bolma- sa-da, ýoluňyz bilen boluň. Beýleki alyjylarymyzam ürküzýäňiz. — Bolýa, goý, seň aýdanyň bolsun! — diýip, kem- pir oňa mölerilip seretdi. — Şu alty kelemi men alaýyn. Ýöne hasama daýanyp ýörşüme muny meň özüm göterip biljek däl. Şoň üçin, goý, ogluň bulary öýüme äkidişsin. Men oň gadyryny bilerin. Betnyşan kempirden eýmenensoň, oglanjygyň gidesi gelmedi. Ýöne ejesi oňa kelemleri äkitmegi buýurdy. Onuň garrap tapdan düşen bu aýala nebsi agyrdy. Oglanjyk gözlerini ýaşdan dolduryp durşu- na, ejesiniň aýdanyna boýun bolmaly boldy. Ol ke- lemleri ýaglyga dolap, bazaryň içi bilen garrynyň yzyna düşüp gidiberdi. Garry örän haýal ýöreýärdi. Şonuň üçin hem onuň öýüne barýançalar sagadyň dörtden üç bölegi gerek boldy. Ol şäheriň eteginde ýerleşýän horaşaja külbä- niň öňünde aýak çekdi. Jübüsinden poslap giden kö- ne açary çykaryp, çalasynlyk bilen gulpa sokdy. Gapy jygyldap açyldy. Ýakowjyk oňa girende haýran galdy. Onuň içi örän tertiplidi. Diwarlary, petigi mermerdendi. Naýbaşy agaçdan ýasalan goş-golamy gymmatbaha daşlar- dyr altyn bilen bezelendi. Düşemesiniň bolsa durşu- na aýnadan edileni üçin oglanjyk taýly gezek taýyp ýykyldy. Şu aralykda ýaňky garry jübüsinden kümüş jür- lewük çykardy. Ýiti, çirkin ses ýaňlanyp gitdi. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde basgançakdan ylgap gaýdan deňiz doňuzjyklarynyň birentegi peýda bol- dy. Olar iki aýagynda ýöreýärdi. Aýaklaryna paşmak geýmegiň deregine, hozuň gabygyny geýipdirler. Olaryň eşikleri, hatda döwrebap şlýapalary hem bardy. Bu zatlar Ýakowa örän geň göründi. — Hany meň köwüşlerim, derde ýaramaýan mah- luklar? — diýip, kempir gygyryp, taýagy bilen şeý- lebir batly urdy welin, doňuzjyklar ses edip böküp gitdiler. — Men bu ýerde ýene köp durmalymy? Sähel salymyň içinde doňuzjyklar basgançak- dan münüp, deri bilen işliklenen jübüt kokos ga- bygyny getirip, çalasynlyk bilen garrynyň aýagyna geýdirdiler. Şo wagtyň özünde garrynyň agsaklamasy, ikibaka yranmasy zym-zyýat boldy duruberdi. Kempir hasasyny bir gapdala zyňdy-da, aýna dü- şemeden çalasynlyk bilen ylgap, Ýakowjygy öz ýany bilen alyp gitdi. Ahyry olar dürli gap-gaçlardan doly, göräýmäge aşhana meňzeýän bir otagda aýak çekdi- ler. Ol ýerdäki gyzyl agaçdan edilen stollar, gymmat- baha halylar bilen örtülen kürsüler, islendik myh- man jaýynyň hem bezegi bolup biljekdi. Kempir mylaýymlyk bilen: — Otur, şu ýerde — diýdi-de, Ýakowy diwanyň burçunda oturdyp, ol çykyp bilmez ýaly, öňüne sto- ly süýşürdi. — Otur! Sen agyr zatlary göterip geldiň, daşlary götermek ýeňil däl ahyry. — Näme diýdiňiz?! — diýip, oglanjyk ör-gökden geldi. — Men çyndanam ýadadym, ýöne göterip ge- len zatlarym ejemden satyn alan kelemleriňiz ahyry. — Sen uçursyz köp bilýäň! — diýip, kempir ýaňsy- ly güldi-de, sebediň gapagyny açdy. Oglanjyk gorkudan ýaňa doňup galdy. Bu zatlaryň nähili bolanyna düşünip bilmedi. Kempir samyrdap durşuna: — Hoşamaýlygyň üçin seň gadyryňy bilmeli — diýdi. — Biraz sabyr et, men saňa çorba bişirip bere- ýin. Oň tagamy ömür agzyňdan gitmez. Şeýle diýdi-de, ol ýene sygyrdy. Adam lybasynda- ky öňlükli deňiz doňuzjyklarynyň birentegi peýda boldy: olaryň guşaklarynda aşhana çemçeleri, aş- pezler üçin pyçaklar sallanyşyp durdy. Olaryň yzy bi- len bolsa bökjekläp, köplük bolup, giň türk jalbaryn- da hem-de ýaşyl mahmal başgaplarda belkalar ylgap geldi. Görnüşine görä, olar aşpezjikler bolmaly. Olar çalasynlyk bilen diwardaky asylgy tekjelere dyrmaşyp, ol ýerden pitidir mejimeleri çykaryşdyr- dylar. Ýumurtga, ýag, gök önüm hem-de un getirdi- ler-de, bularyň hemmesini pejiň üstünde goýdular. Kempir hem özüniň kokos gabyklarynda hysyr- dap ýörşüne, otagyň içinde eýläk-beýläk ylgaýardy. Oglanjyk bolsa onuň jan edip özi üçin nämedir bir süýji zat bişirjek bolýanyna syn edýärdi. Ine, pejiň ody ýakyldy. Piti gaýnap başlanyndan otagyň içine ýakymly ys ýaýrady. Ýöne kempir eý- läk-beýläk ylgamasyny goýanokdy, deňiz doňuzjyk- laram onuň yzyndan ylgaýardy. Ol bolsa her gezek pejiň gapdalyndan geçende özüniň uzyn burnuny pitä sokýardy. Ahyry ol gaýnady. Pitiden goýy bug burugsap çy- kyp başlady, köpürjigi bolsa çogup, peje döküldi. Kempir pitini peçden düşürdi-de, içindäkini kümüş tabaga guýup, Ýakowjygyň öňünde goýdy. — Oguljygym, bu çorba saňa! Arkaýyn iýiber. Soňra mendäki göwnüňe ýaran zatlaryň hemmesi özüňki bolar. Sen ussat aşpez bolarsyň, emma otja- gazlary welin tapmarsyň, sebäbi ol seň ejeň sebe- dinde ýok eken. Kempiriň näme hakda aýdýanyna oglanjyk dü- şünmedi, düşünjegem bolmady. Onuň bar ünsi çor- badady, ol ony halapdy. Dogrudanam, ejesi oňa her dürli süýji naharlary bişirip berýärdi, ýöne ol şeýle tagamly çorbany hiç haçan dadyp görmändi. Çorbadan örän ýakymly ot- laryň hem-de gök önümleriň ysy gelýärdi: emma muňa garamazdan, ol hem süýjümtik, hem turşum- tyk, hem-de juda tagamlydy. Ýakow tagamly çorbany iýip boluberende, deňiz doňuzjyklary ladan[1] ýakdylar, otagyň içi bolsa mawy tüsseden doldy. Tüsse barha goýalyp başlady, lada- nyň ysy bolsa oglanjygyň ukusyny getirdi. Ejesiniň ýanyna gaýtmalydygy telim ýola ýadyna düşdi, ýöne ony güýçli uky basmarlady. Ol huşuny ýitirip ugran- soň, kempiriň diwanynda agyr uka gitdi. Oglanjyk täsin düýşler görüp ugrady. Hamala di- ýersiň, kempir onuň köýnegini çykaryp, belkanyň derisini geýdirýän ýaly bolup göründi. Indi onuň böküşi hem-de dyrmaşyşy belkalardan kem däldi. Ol belkadyr deňiz doňuzjyklary bilen ýaşaýardy. Jan- darlar juda edepli bolup çykdy. Ol bular bilen kempi- re hyzmat edýärdi. Başda oňa diňe ädikleri arassalamak tabşyrylyp- dy, ýagny ol kempire aýakgap deregine hyzmat ed- ýän kokos gabyklaryny ýag bilen tä ýalpyldaýança süpürmelidi. Kakasynyň öýünde ýygy-ýygydan şuňa meňzeş işleri ýerine ýetireni üçin, ol bu işiň hötdesinden basym geldi. Bir ýyldan soň — düýşüniň birneme soňragynda — oňa has çylşyrymly işler tabşyryldy. Ol beýleki belkalar bilen bile tozgajyklary tutup, soň bolsa olary gyldan edilen süzgüçden elemelidi. Gepiň keltesi, kempir tozgajyklary ýokumly ha- saplaýardy. Dişiniň ýoklugy sebäpli, ol gaty zatlary iýip bilmeýärdi. Şonuň üçin oňa diňe tozgajyklardan çörek bişirip berýärdiler. Ýene bir ýyldan soň, ol kempiriň içimlik suwuny ýygnaýan hyzmatkärleriň hataryna geçirildi. Kempir ýagyş suwuny ýygnamak üçin howuz gur- magy ýa-da howla çelek getirmegi buýrandyr diýip pikir etmäň, ýok, onuň işleri has ýeserlik bilen ýola goýlupdy. Belkalar, şol sanda Ýakow hem, kempiriň içimlik suwuny bägüldäki damjajyklary hoz gabyklaryna ýygnap almalydy. Onuň köp suw içýäni üçin bolsa, suwçularyň işi ýeňil däldi. Aradan bir ýyl geçdi, Ýakowjygy hojalyk işlerine geçirdiler. Oňa düşemäni arassa saklamak tabşy- ryldy. Ol aýnadan edileni üçin sähelçe dem hem gö- ze dürtülýärdi. Şonuň üçin bu ýeňil-ýelpaý iş däldi. Otaglaryň hemmesiniň düşemesini süpürip çykmak üçin Ýakow aýagyna köne mawudy sarap gezmeli bolýardy. Ahyrsoňy bäşinji ýyl diýlende, ony aşhana geçirdiler. Bu sylagly wezipedi. Muňa birsydyrgyn agyr sy- naglardan soň ýetip bolýardy. Ýakow aşpeziň şägirt- liginden başlap, baş aşpeze çenli hemme derejeleri geçdi. Ähli işde ussatlyga ýetdi, başarjaňlygy ele aldy. Aşhana barada aýdylanda bolsa, ol özüne oturyp- oturyp haýran galýardy. Taýýarlamasy kyn naharlar, paştetler,[2] her hili gök önümlerden hem-de otlardan taýýarlanýan çor- balar — ol şularyň hemmesini bi- şirmegi öwrenipdi, özem örän tiz wagtda tagamly edip taýýarlaýardy. Şeýdip, ol ýedi ýyla golaý kempiriň hyzmatynda boldy. Ine, günleriň birinde kempir kokos aýakgapla- ryny çykardy-da, eline sebedini, hasasyny alyp, ýol şaýyny tutdy. Gaýdyp gelýänçä bolsa, Ýakowa towu- gy ütüp, gök otlary atyp, mazalyja gowrup taýýar- lap goýmagy tabşyrdy. Ýakow diýlişi ýaly hem etdi. Towugy gaýnan suwa atyp çykardy-da, birkemsiz arassalady. Soňra içine salmak üçin gök otlary ýyg- nap başlady. Şol barmana-da, onuň gözi ammarda- ky gapysy çala açyk duran diwar yşgaba düşdi. Ol muny öň hiç haçan görmändi. Oglanjyk bilesigeli- jilik bilen ol ýere gözüni aýlady. Yşgapda münder- münder edip goýlan sebetler durdy. Olardan ýa- kymly ýiti ys gelýärdi. Ol sebetleriň birini açdy-da, o ýerden üýtgeşik reňkli bir täsin ösümlik tapdy. Onuň baldagy, ýap- raklary gögümtil-ýaşyldy, güli bolsa sary zolakly gö- züň ýagyny iýip gelýän ýiti gyzyl reňkdedi. Ýakow oýlanyp durşuna bu güle siňe seretdi. Ony ysgap gördi. Ondan kempiriň birwagtky özü- ne hödür eden çorbasynyň ysynyň gelýändigi ýa- dyna düşdi. Ys şeýlebir ýitidi welin, ol asgyryp başlady — bir gezek, soň ýene, soň ýene, ahyry güýçli asgyryp oýandy. Ol kempiriň diwanynda ýatan ýerinden geň galyp, töweregine garanjaklady. «Haýran galaýmaly, nädip beýle bolgusyz düýşle- ri görüp bolýarka, özem şeýle aýdyň! Özümiň belka bolanyma, deňiz doňuzjyklary bilen ýoldaş bolany- ma, ýene-ýenelere öwrülenime, ahyrynda bolsa, baş aşpez bolanyma asyl ikirjiňlener ýaly däl. Bulary ejeme gürrüň bersem, ol gülüp hezil eder! Ýogsa-da, ol bazarda oňa kömek etmäge derek, ýat öýde ýatyp galanym üçin käýäýmez-le? Şu pikirler bilen Ýakowjyk öýüne gaýtmak üçin ýerinden turdy, emma onuň endam-jany, has beterem ýeňsesi gören düýşi zerarly gurşup gidipdir. Şol sebäpli ol hatda kellesini hem öwrüp bilmedi. Ol hem-ä öz bolşuna, hemem özüniň ýataklygyna biygtyýar ýylgyrýardy, özem zol-zol burny bilen yş- gaby, diwary ýa-da gapyny süsýärdi. Belkadyr deňiz doňuzjyklary ony ugratmaga höwesjeň ýaly, onuň daşynda hozanak bolup ylgaşýardylar. Bosagada og- lanjyk yzyna garap, olary hem öz ýany bilen alyp git- mäge çagyrdy. Ýöne olar öýe baka ylgap, gamgyn ses edip, ony uzakdan ugratdylar. Kempiriň ony getiren köçesi şäherden örän uzak- da ýerleşýärdi. Ýakowjyk darajyk geçelgelerden zordan baş alyp çykdy. O ýer juda dyk- nyşykdy. Töwerekde ýygy-ýygydan gykylyklar eşidilýärdi. Oglanjyk bolsa golaý-goltumlarda göýdükleri görkez- ýändirler diýip pikir etdi. — «Waý, bu betnyşan göýdüge bir seretseňiz-le!», «Nireden çykdyka?», «Burnunyň uzyndygyny, kellesem gülkünç bolup eginlerinden agyp dur!», «Ellerini diýsene, gap-gara, tagaşyksyz!». Başga wagt bolan bolsa, ol mähelläniň yzy bi- len ylgardy, sebäbi onuň özi hem äpet adamlary, göýdükleri, umuman, her hili geň zatlary görme- gi halaýardy, ýöne bu wagt bu zatlar onuň gözüne görünmedi. Ol ejesiniň ýanyna howlugýardy. Bazara gireninden, ony gorky basmarlady. Görse, ejesi şol öňki ýerinde otyrdy, sebedinde gök önümlerden ep-esli galypdyr, diýmek, biraza- jyk ymyzganypdyr. Uzakdan oglanjyga ejesi gamgyn oturan ýaly bolup göründi. Ol alyjylary hem çagyr- maýardy, elini kellesine diräp, gymyldaman otyrdy. Ol golaýrak baryberende, ejesi öňküsinden hem gamgyn bolup göründi. Oglanjyk ilki näme etjegini bilmän, ýaýdanyp durdy. Soňra özüni ele alyp, ejesi- niň arkasyndan bardy-da, elini emaý bilen ejesiniň egninde goýup: — Eje jan, saňa näme boldy, maňa gaharlanýaň- my? — diýdi. Ejesiniň yzyna öwrüleni hem şoldy welin, ol çir- kin gygyryp, yza tesdi: — Saňa näme gerek, betnyşan göýdük?! Gözüme görünme, güm bol! Bular ýaly oýun etseler halamok! — Eje jan, näme boldy saňa? Seň ugruň ýok öýd- ýän. Näme üçin öz ogluňy kowýaň? — diýip, Ýakow allaniçigsi boldy. — Men saňa aýtdym ahyry! Owarra bol! — diýip, gahary ýetjek derejesine ýeten ejesi oňa has hem be- ter azgyryldy. — Beýdip oýun edeniň üçin sen men- den kör-köpügem almarsyň, betnyşan! «Ol halys akylyndan azaşypdyr! Nädip ony öýe äkidip borka?» diýip, Ýakow gama batdy. — Mähriban ejem jan, akylyňa aýlansana, maňa gowuja seret, men seň ogluň, Ýakowyň ahyry... — Ýok, bu indi çenden aşmak bolýa! — diýip, eje- si goňşusyna garady. — Bu betnyşan göýdüge bir serediň! Onuň öňümde durup, alyjylary gaçyran-a gaçyrany, üstesine, meň betbagtçylygymyň üstün- denem gülýär. Bu naýynsap betnyşan özüni oglum- dygyna — Ýakowymdygyna ynandyrjak bolmaga- da utananok. Şol wagt töwerekdäki satyjylar ala-goh edip gel- diler-de, Ýakowyň üstüni gargynçdan gömdüler. Bu babatda satyjylaryň ökdeligi hemmelere mälim ahy- ry. Olar biçäre Annanyň betbagtçylygynyň, ýagny ýedi ýyl mundan ozal ogurlanan görmegeý oglunyň üstünden gülýäni üçin oglanjyga käýinýärdiler. Eger häziriň özünde gitmese, üstüne topulyp, ýüzüni-gö- züni persala etjekdiklerini aýdyp haýbat atýardylar. Biçäre Ýakow bu bolýan zatlar barada nähili pi- kir ýöretjegini hem bilmedi. Onuň irden ejesi bilen bazara gelip, harytlary ýerleşdirmäge kömek edeni hem hut şu gündi. Soň ol kempir bilen gitdi. Olarda çorba iýip, birazajyk ymyzgandy-da, bazara dolanyp geldi. Şu iki aralykda ejesi, goňşulary ýedi ýylyň gür- rüňini edýärler. Onuň üstesine-de, oňa «Betnyşan göýdük» diýýärler. Olara ne döw çaldyka? Ejesiniň ony bilesi, tanasy gelmeýänine gözi ýetensoň, ol gö- züniň owasyny ýaşdan dolduryp, egnini gysyp, ka- kasynyň aýakgap bejerýän dükanyna bardy. «Hany göreli, belki, ol meni tanar. Birbada gapyň agzynda durup gürleşerin» diýip pikir etdi. Ädikçiniňdükanyna ýeteninden, ol gapynyň öňün- de aýak çekip, içine göz aýlady. Kakasy işine gümra bolup oturyşyna, ilki onuň gelenini hem duýmady. Ýöne onuň gözleri gapa düşende, elindäki ädigini, ýüňüni, mumlanan sapagyny gaçyryp, gorkusyna bir zatlar samrady: — Hudaý jan, günämi geçiň! Gözlerim näme görýä?! Göýdük dükana girip: — Agşamyňyz haýyrly bolsun, hojaýyn! Işleriňiz şowunamy? — diýip, oňa ýüzlendi. — Ýok, asla şowuna däl, kiçijik jenap! — diýip, kakasy jogap berdi. Ol hem Ýakowy — öz ogluny ta- namadyk bolara çemeli. — Işlerim ugruna bolube- renok, men ýeke, garrap barýan, kömekçi saklamaga bolsa ýeterlik harajadym ýok. — Hem kömek edip, hem size höwür bolar ýaly ogluňyz ýokmy? — diýip, Ýakow sorag bermegini dowam etdi. — Ýakow atly oglum bardy. Ol şu wagt ýanymda bolsa syratly, başarjaň, ýigrimi ýaşly ýigit çykardy. Maňa-da ýakyn kömekçi bolup ýetişerdi. Wah, on- da ömrümiz gül ýaly geçmejekmi! On iki ýaşynda- ka, ol eýýäm çalasyndy, işeňňirdi, başarjaňdy. Onuň görmegeýliginiň özi nämä degenokdy! Eger ol bolan bolsady, müşderi baryny çekerdi. Men welin köne- sana zatlary bejermän, diňe täze paşmaklary tiker- dim. Indi bular arzuwlygyna galsa gerek! — Ogluňyz bu wagt nirede? — diýip, Ýakow ýene sorag berdi. Onuň bu gezek sesi sandyrap çykdy. — Ony diňe Hudaý bilýä! — diýip, ädikçi gus- saly gürledi. — Ýedi ýyl mundan ozal ony bazarda ogurladylar. — Ýedi ýyl! — diýip, Ýakow serpmeden gaýdana döndi. — Hawa, kiçijik jenap, ýedi ýyl mundan ozal. Aýa- lymyň uly sesi bilen aglap, gapydan gireni şu günki ýaly ýadymda. Oglanjyk uzakly gün gara bermändir. Ejesem ony gözläp, hiç ýerden tapmandyr. Şeýle bolar öýdüp hemişe-de gorkýardym. Ýakow juda özüne çekiji oglanjykdy. Adamlar oň tarypyny ýetirende, aýalym hoşal bolup guwanardy. Aýalym baý adamlaryň satyn alan gök önümlerini göteriş- mäge ony ýygy-ýygydan ugradýardy. Ol şeýdibem girdeji getirýärdi, sebäbi her gezek ony jomartlyk bilen sylaglaýardylar. «Seresap bol, şäher uly, rehim- siz, betpäl adamlar az däldir. Ýakowy gözden salma- gyn!» diýip kän sargardym... Aýdyşym ýalam boldy. Bir sapar bazara bir betnyşan kempir gelip, alyp bilen önümlerini alypdyr-da, olary göterip, öýüne äkidip bilmändir. Aýalymyň hem oňa ýüregi awap, oglanjygy onuň ýany bilen ugradypdyr, ony biziň şondaky görşümiz. — Şu zatlar ýedi ýyl mundan öň boldy diýýä- ňizmi? — Hawa, baharda ýedi ýyl bolýa. Biziň ony göz- lemedik ýerimiz galmady; öýme-öý aýlanyp, şähe- riň bar ýerini sökdük, hemmelerden sorap idedik. Oglumyzy köp kişi tanaýardy, ony gowy görýärdiler. Şoň üçin bize ony gözlemäge-de kömek etdiler, em- ma netije bolmady. Bizden gök önümleri satyn alýan garry aýallar hem ony gözläp tapyp bilmediler. Ýaşy togsandan agan bir garry aýal ol kempiriň rehimsiz jadygöý bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Ol her bäş- on ýyldan her jüre otlary satyn almak üçin şähere gelýän eken. Şu zatlary aýdyp, Ýakowyň kakasy eline ýene paşmagyny alyp, iki eli bilen mumlanan sapagy çe- kip aýyrdy. Ýakow oňa düýş bolup görnen zatlaryň hakykatda bolandygyna şu pursat düşünip galdy. Görüp otursa, ol çyndan hem belka sypatynda ýe- di ýyllap kempire hyzmat edipdir. Onuň ýüregi gy- nançdan hem-de ýigrençden doldy. Kempir onuň ýetginjekliginiň tutuş ýedi ýylyny ogurlapdyr. Og- lanjyk bolsa öwezine näme aldy?! Kokos gabykla- ryndan edilen aýakgaby arassalamagymy, ýa aý- nadan edilen düşemäni süpürmegimi ýa-da deňiz doňuzjyklaryndan öwrenen aşpezlik sungatynyň syrlarynymy? Ol birsalym öz ykbaly barada oýlanyp durşuna, kakasynyň soragyna tisginip gitdi: — Siziň maňa bir buýurmaňyz barmy, ýaşajyk je- nap? Belki, size jübüt aýakgap gerekdir ýa-da burnu- ňyza geýdirer ýaly bir daşlyk gerek dälmi? — diýip ýylgyrdy-da, soragynyň üstüni ýetirdi. — Burnum bilen näme işiňiz bar? Maňa daşlyk nämä gerek? — diýip, Ýakow geň galdy. — Neme... — diýip, ädikçi ony köşeşdirmäge ça- lyşdy. — Her kim bir zady halaýa-da. Aslynda, maňa näme diýsene?! Ýöne, eger meň şeýle eýmenç bur- num bolan bolsa, hökman gülgüne deriden edilen daşlyk edinerdim. Seretsene muňa, seň burnuňa ýeterlik mende gowuja deri hem bar eken. Dogrusy, oňa bir arçyn-a gerek bor, ýöne siz welin howpsuz ýagdaýda bolarsyňyz. Meň pikirimçe, siz burnuňyz bilen hemme söýeglerden, paýtunlardan sowuljak bolup, süsüp ýörensiňiz? Ýakowyň geň galmadan ýaňa di- li tutuldy. Ol öz burnuny elleşdirdi. Nähili elhençlik! Onuň burny çen- denaşa ýogyn, uzynlygy bolsa iki eliň aýasy ýaly bardy. Diýmek, kempir onuň daş keşbini hem betnyşan edipdir. Ine, gör, näme üçin ejesi ony tanamandyr, gör, näme üçin hemmeler oňa «Betnyşan göýdük» diýipdirler! Ol muňa tas möňňüripdi: — Hojaýyn, ýüzümi görer ýaly kiçijik aýna tapyl- mazmy? — Ýaş ýigit, siziň sereder ýaly keşbiňiz, syraty- ňyz ýok. Size gaýta-gaýta aýna seredip oturmak gerek dälmikä diýýän. Bu gülkünç endigiňizi taş- lajak boluň! — Özümi aýnada bir göreýin! Halys göresim gelýä... — Meni günüme goýsana! Aýalymyň aýnasy-ha bolmaly welin, ony nirä ýygnanyny bilemok. Eger özüňizi aýnada şeýle göresiňiz gelse, hanha, köçe- den geçen ýeriňizde dellek Urban ýaşaýar. Onda si- ziň kelläňiziň iki essesinden hem uly aýna bar, şoň ýanyna baryň. Häzirlikçe bolsa, sag boluň! Şu sözlerden soň kakasy ony ýuwaşlyk bilen dü- kandan çykaryp goýberdi-de, gapysyny açary bilen gulplap, öz işine gümra boldy. Ýakow bolsa gynanç- dan ýaňa ýüzüni sallap, köçäniň ugrundaky öňden tanyş dellekçisi Urbanyň ýanyna ýöneldi. — Salam, Urban! Men siziň ýanyňyza kiçijik haýyş bilen geldim. Aýnaňyzdan özümi synlamaga rugsat berersiňizmi? Dellek muňa hezil edip gülüp: — Uly höwes bilen, ine, al! — diýdi. Sakgallaryny syrdyrmak üçin gelenler hem onuň yzy bilen pakyrda berdiler. — Näme diýsemkäm, siz görmegeý, özem syrat- ly, gelşikli. Boýnuňyz edil guwuňky ýaly, elleriňiz edil şa zenanyňky ýaly. Burunjygyňyz bolsa... Ondan owadan burny hiç ýerdenem tapmarsyňyz. Barybir, siz özüňize seredip görüň! Goý, adamlar: «Sen göriplik edip, oňa aýnadan özüni synlamaga rugsat bermediň» diýmesin. Dellegiň sözleri oturanlaryň içine düşdi. Şol aralykda Ýakow aýnanyň ýanyna gelip, özüne seretdi. Onuň gözleri ýaşdan doldy. «Elbetde, şeýle sypatda sen öz Ýakowyňy tana- marsyň, eje jan! Hemmeleriň ýanynda buýsanýan bagtly günleriň ol beýle däldi ahyry!» diýip, ol içini gepletdi. Hakykatdan hem, ol gorkunç görünýärdi: gözleri edil doňzuň gözleri ýaly kiçijik, äpet burny eňegin- den hem aşakda sallanyp dur, bokur boýny bolsa ýok diýen ýaly. Şonuň üçin kellesi eginleriniň üstün- den agyp, saga ýa çepe zordan öwrülýärdi. Boýy edil on iki ýaşyndakysyn- dan uzyn däldi. Beýleki ýetginjekle- riň on iki ýaşdan ýigrimi ýaşa çenli boýlary ösýän bolsa, ol diňe inine ösen eken. Ýasy ýagyrnysydyr döşi ýaý ýaly bükülipdi, hatda dykylyp doldurylan meşige meňzeýärdi. Bu äpet göwre kiçijik, ysgynsyzja aýaklaryň üstünde durdy, özem beýle agyrlygy götermäge zordan güýji ýetýän ýalydy. Emma elleriniň uzynlygy edil adaty adam- laryňky ýalydy. Aýalary giň, özem goňur reňkde- di, uzyn barmaklary möýi ýadyňa salýardy. Ellerini uzadanda, egilmese-de ýere ýetýärdi. Ýakowjyk indi betnyşan göýdük boldy duruberdi. Kempiriň ýanlaryna gelen şol säheri indi onuň ýa- dyna düşdi. Şol wagt onuň kempiriň üstünden gü- len zatlary: onuň uzyn burny, tagaşyksyz barmakla- ry, hatda sandyrawuk boýny — şularyň hemmesini kempir oňa beren eken. — Özüňize ýeterlik seredip, guwanyp bildiňizmi, şazadam? — diýip, dellekçi Ýakowyň ýanyna gelip, ýylgyryp durşuna ony synlady. — Dogrusy, hatda düýşüňde-de şundan gülkünç zady göz öňüne getirip bolmaz. Bilýäňizmi, size bir teklibim bar, kiçijik adam. Meň dellekhanam beýleki dellekhanalaryň arasynda gowy bolsa-da, soňky döwürlerde müşderilerim öň- küler ýaly o diýen köp däl. Munuň sebäpkäri bolsa goňşy dellek Penkin. Ol bir ýerlerden-ä äpet adam ta- pypdyr-da, adamlary özüne çekýär. Siz ýaly adam bol- sa — bu eýýäm başgaça. Meň ýanyma işe geliň, myla- katly jenap. Sizi ýatalga, owkat, egin-eşik bilen üpjün ederis, başga-da näme gerek-ýarak zadyňyz bolsa be- rerin. Bulara derek bolsa siz günde säher bilen gapy- da durup, müşderileri çagyrarsyňyz. Olaryň ýüzüne köpürjik çalyp, ellerine süpürgiç berersiňiz. Arkaýyn boluň, bu işden ikimizem zyýan çekmeris. Äpet adam saklaýan goňşy dellekdenem köp müşderim bolar, si- ze bolsa hemmeler höwes bilen çaý haky bererler. Ýakow bu teklibe gaharyndan ýaňa ýarylaýjak boldy. Ýöne arman, ol indi bular ýaly äsgermezçilik- lere öwrenişmelidi. Şonuň üçin ol başardygyndan mylakatlylygy el- den bermän, bular ýaly işlere wagtynyň ýokdugyny aýdyp, ýoluny dowam etdi. Zalym kempir oňa betnyşan syraty beren hem bolsa, onuň akyl-paýhasyna hiç zat edip bilmändi. Ol bu zatlary äşgär bilýärdi. Onuň pikirlenişi hem- de duýgurlygy ýedi ýyl mundan öňki ýaly däldi. Ol şu aralykda akylly hem-de paýhasly birine öwrülipdi. Ol indi özüniň ýitiren syraty üçin birjik-de gamlan- mady, betnyşanlygy üçin hem aglamady. Ony diňe öz öýünden it ýaly edip kowuşlary gynandyrýardy. Emma ol şonda-da ýene bir gezek ejesi bilen gürleş- mäge synanyşdy. Ol bazarda onuň ýanyna baryp, ýuwaşlyk bilen özüni diňlemegini haýyş etdi. Ýakow ejesine şol güni ýatlatdy, özüniň kempir bilen gidenini, çaga- lygynda bolan her hili wakalary ýatlady. Soň bol- sa ýedi ýyl belka bolup, jadygöýe hyzmat edenini hem-de bazarda üstünden güleni üçin ony jadylan- dygyny aýtdy. Ädikçiniň aýaly näme pikir etjegini hem bilme- di. Çagalygy barada Ýakowyň aýdan hemme zatlary dogrudy, ýöne onuň belka bolup ýedi ýyl hyzmat ede- nini hiç göz öňüne getirip bilmedi. Bu bolup biljek zat däldi. Onuň göýdük sypaty betnyşanlygy üçin onuň öz ogludygyna ynanmakdan bütinleý boýun gaçyrdy. Emma ol, barybir, öz ýoldaşy bilen maslahatlaş- magy göwnejaý bildi. Sebetlerini ýygnap, Ýakowy yzyna düşürdi-de, ädikçiniň dükanyna ugrady. — Diňle, bu adam: «Men siziň ýitiren Ýakowyňyz» diýip, bizi ynandyrjak bolýa. Ol maňa hemme zady — ýedi ýyl mundan öň ogurlaýyşlaryny hem-de ja- dygöý kempiriň jadylandygyny aýdyp berdi. — Görsene muny! — diýip, ädikçi gazap bilen aýalynyň sözüni böldi. — Bu zatlary saňa ol aýtdy diýsene! Dur bakaly, deýýus! Bularyň hemmesini men bir sagat mundan öň oňa aýdypdym. Soň bolsa ol seň ýanyňa baryp, seni aldapdyr. Oguljygym, sen asyl jadylandyňmy? Garaş hany, men häzir seň jady- ňy aýraýyn! Sözüni soňlap-soňlaman, ädikçi ýaňyja kesip bo- lan kemerini alagada, göýdüge topulyp, onuň arka- syna, ellerine çalyp goýberdi. Ol bolsa agyrysyna çy- daman, gözüni ýaşardyp, ylgap çykyp gitdi. Şäherde şular ýaly betbagt kişä kömek etjek adam aňsat tapdyranokdy. Görgüli göýdük uzakly gün aç-suwsuz gezmeli boldy. Agşam bolsa basgançaklarynyň gaty hem so- wukdygyna garamazdan, ybadathananyň eýwança- synda ýer edindi. Ýakow ejesi bilen kakasynyň ondan bütinleý ýüz öwren gününiň ertesi ir bilen turşuna, güzeranyny aýlamagyň gamyny iýip başlady. Ol görene göz bolup, sertaraşyň ýanynda işlemäge ýa-da pul üçin özüni görkezmäge namys edýärdi. Ýöne onuň başga çykal- gasy galdymy?! Birden onuň kellesine belka bolup hyzmatda gezende aşpezlikde ýeten uly üstünlikleri ýadyna düşdi. Ol bu işde öňüne bir aşpezi hem ge- çirmejekdigini bilýärdi. Şonuň üçin ol bu ugurda öz bilýänlerinden peýdalanmaly diýen netijä geldi. Köçeler herekete gelende ol şähere ugrady. Ýur- duň hökümdary, ýagny gersog lezzetli saçagy gowy görýärdi hem-de özüne dürli ýerlerden ökde aşpez- leri ýygnaýardy, biziň göýdügimiz hem şonuň köş- güne tarap ýöneldi. Ol daşky derwezä gelende, gara- wullar oňa näme gerekdigini sorap, onuň üstünden gülmäge başladylar. Ýöne ol özüniň aşhanadaky baş gözegçiniň ýanyna äkidilmegini talap etdi. Gara- wullar gülşüp, ony esasy girelgeden äkitdiler. Ýoluň ugrundaky hyzmatkärler hem oňa aňkaryşyp, ýaň- syly gülşüp, onuň yzy bilen barýardylar. Ol köşgüň basgançaklaryndan çykyp barşyna, onuň yzy uzyn (dowamy bar…) [1]Ladan dini dessur geçirilýän wagtda ýakylýan ýakymly ysly şepbeşik jisim. [2]Paştet üwelen et önümlerinden taýýarlanýan nahar. Wilgelm GAUF, nemes ýazyjysy Rus dilinden terjime eden: Mähek GARAJAÝEWA [i]#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |