13:32 Gözlerde galan goja | |
GÖZLERDE GALAN GOJA
Teatr we kino sungaty
Heran-haçan Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, teatr we kino sungatynyň ussady Ata Döwletow hakynda söhbet edilende, ilkinji nobatda, onuň döredijilik ýolunyň 1929-1972-nji ýyllarda teatr, şol ýyllardan soň bolsa, kino sungatyna şaha aýyrýandygyny bellemek zerur. Ol türkmen we daşary ýurt tomaşaçylaryna ajaýyp, ýatdan çykmajak teatr we kino gahrymanlarynyň keşbini peşgeş berdi. Ata Döwletow 1912-nji ýylda Aşgabady etekläp oturan Köşi obasynda, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy Döwlet aga bütin ömrüni daýhançylykda geçirse, ejesi Ogulsapar daýza ezber halyçy bolupdyr. Döwlet aganyň Atadan başga-da bäş sany ogly bolupdyr, çagalar eneden ir mahrum bolýar. Ata agyr maşgalada ulusy bolansoň kakasy bilen hojalygyň ýüküni öz gerdeninde çekýär. Sähel eli sypynsa, oba oglanlary bilen Köşi obasyndaky harby bölümde esgerler tarapyndan sahnalaşdyrylýan gysgaça sahna eserlerine, ak-gara kinofilmlere tomaşa etmäge gider eken. Orta mekdebi tamamlansoň, 1929-njy ýylda Türkmen döwlet drama teatrynyň garamagynda artistleri taýýarlaýan üç ýyllyk okuw açylanda, onuň ilkinji talyplarynyň biri bolýar we onuň gurjak bölümini tamamlaýar. Ussat artistler Aman Gulmämmedow, Gylyç Berdiýew, Allanazar Mätiýew dagynyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylýan gurjak oýunlary bilen ýurdumyzyň dürli sebitlerinde oýun görkezýärler. Ol 1936-njy ýylda artistlik ussatlygyny ösdürmek üçin Türkmen döwlet akademiki drama teatryn-da goşmaça okuw geçýär. Şeýlelikde, ol ymykly drama teatrynyň artisti bolup galyberýär. Ýyllar geçýär, başda kiçiräk gahrymanlaryň keşbini ýerine ýetiren artist, soňabaka sahnada gaharjaň, wäşi, mekir, ýaranjaň, garaz dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşbi-ni janlandyrýar. Sahnada gahryman yzyna gahryman, keşp yzyna keşp peýda bolýar. Ata aganyň has şowly çykan gahrymanlarynyň biri-de N.W.Gogolyň «Derňewçisindäki» Luka Lukiçiň keşbidir. Ol züwwetdin, gorkak, ýaranjaň, işini düýbünden oňarmaýan adamyň häsiýetini oýnaýan keşbiniň üsti bilen açyp görkezýär. Hlestakowdan çekinip, ellerini titredip çilim otlaýşyna, soň çilimiň otly tarapyny agzyna salyp, başagaý bolup oturyşyna, «Derňewçiniň» berýän sowallaryna jogap tapyp bilmeýşine tomaşaçylar hezil edip gülýärler, el çarpýarlar. Elbetde, bu artistiň ussatlygydy. Bazar Amanow bilen Garaja Burunowyň «Keýmir kör» taryhy dramasynda ikiýüzli Mürze Mähtiniň, Güseýin Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasynda» öz häsiýetine laýyk gelýän oba ýigidi, sada, mylaýym Altynyň, Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädiminde» agyr durmuşy mertlik bilen ýeňip geçýän, şadyýan, ruhubelent Gandym aganyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň söýgüli artistine öwrülýär. Hakyky artist teatr sahnasynda adygýar, taplanýar, kämilleşýär. Oňa Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Sona Myradowa, Muhammet Çerkezow, Gylyç Berdiýew, Ata Durdyýew ýaly sahna ussatlary bilen bir spektaklda çykyş etmek, bir gapydan girip çykmak özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ata aga 1972-nji ýylda hormatly dynç alşa çykansoň, obanyň parasatly gojalarynyň hataryna goşulyp, oba durmuşy bilen boluberýär. Ata-babadan miras galan daýhançylyk kärini dowam etdirýär. 1974-nji ýyldan Ata aganyň sungat äleminde ikinji durmuşy başlanýar. Şol ýyl ol kinorežissýor Sapar Mollanyýazowyň «Guýy ussasy» atly dokumental filmine çagyrylýar. Bu onuň kino dünýäsine ilkinji gadamydy, film şowly çykýar. Şu ýerde onuň 1956-njy ýylda «Aşyr aganyň höçjetligi» filminde hem kiçiräk keşpde çykyş edendigini bellemek gerek. Ata agadaky tebigy zehin, ýumşak häsiýet, türkmen goja syna mahsus bolan parasatlylyk, guýmagursaklyk kino sungatyna giň ýol açýar. «Türkmenfilmiň» kinorežissýorlary bu aktýor bilen gyzyklanyp başlaýarlar. Kinorežissýor Halmämmet Kakabaýew türkmen nebitçileriniň durmuşundan gürrüň berýän «Altynyň öwüşgini» atly çeper filmde Gylyç aganyň keşbinde çykyş etmäge, 1978-nji ýylda bolsa «Laçynyň ogurlanmagy» atly filmde surata düşmäge çagyrýar. Şeýdip, ekranda keşp yzyna keşp hatar gurap başlaýar. Tanymal artist hem režissýor Baba Annanowyň «Kärizgenlerin-de» janlandyran Görogly agasy Ata aganyň kino sungatyndaky şowly keşpleriniň başy bolýar. Ata aga örän gaýratly, mert, mylaýym, onda-da Görogly gaýratly belent adamyň keşbini döretdi. Kinorežissýorlar Osman Saparow bilen Ýazgeldi Seýidow 1982-nji ýylda meşhur «Gorkak batyr» atly çeper filmde Mergen aganyň keşbini Ata Döwletowa ynanýarlar. Filmde Mergen aga bir görseň-ä, gaharjaň, talapkär adam bolsa, bir görseňem, çaga ýaly, parasatly, zähmetsöýer ýaşulynyň keşbini ynandyrjylyk bilen janlandyrypdyr. Zähmetiň üsti bilen agtygy Çamana terbiýe berýär, onuň edermen, batyr ýigit bolup ýetişmeginiň aladasyny edýär. Bu filmiň şowly çykmagynda Ata aganyň goşandynyň uludygyny aýtmak gerek. Filmi surata düşüren döredijilik topary 1983-nji ýylda Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Şol toparda Ata aga-da bardy. Bulardan başga-da, bu film kinofestiwallaryň onlarçasyna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ata aganyň kino sungatyn-da ýene-de bir örän şowly çykan keşpleriniň biri kinorežissýor Ýazgeldi Seýidowyň «Gadymy daglaryň rowaýaty» atly filmindäki Nurýagdy aganyň keşbidir. Bu rowaýat — filmiň edebi esasy ýazylanda, Nurýagdy aganyň keşbinde Ata Döwletowyň gylyk-häsiýeti, daş sypaty göz öňünde tutulypdyr. Bulardan başga-da, Ata Döwletow «Türkmenfilmde» döredilen filmleriň birnäçesinde surata düşýär. Netijede, parasatly, sada, nurana, ruhubelent türkmen gojasynyň ortalyk keşbi ekranda öz ornuny tapýar. Ol hakykatdanam, türkmen kino sungatynyň gojasyna öwrüldi. Onuň yhlas siňdirip, irginsiz zähmet çekip, duýgulara ýugrulan keşpleri şu günler hem il içinde ýaşaýar. Diýmek, kiçigöwünli, uly artistiň yhlasy, zehini ýerine düşüpdir. Ata aga 60 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda teatr we kino sungatynda döreden gahrymanlarynyň içki dünýäsini açyp görkezmegi başardy. Ol diňe bir artist hökmünde däl-de, paýhasly kişi hökmünde-de kalbymyza siňdi. Onuň beýikligi bu ýaşulynyň sadalygynda bolsa gerek. Ol misli öz gahrymanlary ýaly göwnaçyk, duýgudaş, paýhasly, sada ynsandy. Ata aga bize türkmeniň perişde ýaly gojalarynyň keşplerini galdyryp gitdi. Ol öz döreden keşplerine durmuşdaky bolşuny, häsiýetini, akylyny, zehinini siňdirdi. Ata agany soňky ýoluna ugratmaga baranymyzda, ýanymda duran ýaşulularyň biriniň: «Adam ölmeýär, diňe ýurduny täzeleýär, onuň durmuşda bitiren ýagşy işleri, onuň döreden gahrymanlary entek-entek biziň hakydamyzda galar» diýen sözleri ýadymdan çykanok. Myratnyýaz GURBANNYÝAZOW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyñ uly mugallymy. # "Türkmenistan" gazeti, 07.09.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |