08:04 Gözli Ata | |
GÖZLI ATA
Taryhy şahslar
Uly Balkan gerşiniñ añyrsynda, Balkanabadyñ demirgazyk tarapynda, 130 kilometr uzaklykda, Çilmämmetgum çägeliginiñ hem-de örän owadan Akgyr uçudynyñ aralgyndaky ýerde orta asyr gonamçylygy ýerleşýär, onda iki sany mazar saklanyp galypdyr. Olarda XIV asyrda ýaşap geçen, Gözli ata lakamy bilen mälim bolan sopy şeýhi Hasan Ata we onuñ aýaly, gazak baýynyñ gyzy Aksil mama jaýlanypdyr. Gözli Ata lakamyna wakalary öñünden bilmek ukyby bilen eýe bolupdyr. Onuñ mazary indi alty asyryñ dowamynda Hazaryñ kenarynda ýaşaýan türkmenleriñ we gazaklaryñ zyýarat edýän ýeri bolup hyzmat edýär, onuñ ady bolsa beýik Magtymgulynyñ şygyrlarynda ençeme gezek ýatlanyp geçilýär. Magtymguly oña ruhy goldaw üçin ýüzlenýär. Meşhur bilgir adamyñ durmuşy barada köp maglumat ýok. Ol Horezmde doglupdyr, Ýasa şäherindäki Hoja Ahmet Ýasawynyñ sopuçylyk mekdebinde bilim alypdyr. Ol Aral deñziniñ we Wolga derýasynyñ arasyndaky sähralykda okadyp başlapdyr, şol ülkede ýaşan çarwalaryñ yslam dinini kabul etmegine ýardam beripdir. "Şol ýerde ol gazak gyzy Aksil bilen durmuş gurupdyr. Soñra ol Hazaryñ kenaryndaky türkmenleriñ arasyna göçüp barypdyr, şol ýerde hem özüniñ sopuçylyk işi üçin amatly ýeri tapypdyr. Onuñ üç ogly ~ Hur Ata, Omar Ata, Ybraýym (Ywyk Ata) atly üç ogly bolupdyr. Olaryñ nesilleri türkmenleriñ keramatly hasaplanylýan alty taýpasynyñ biri bolan ata taýpasyny döredipdirler" diýip, etnograf Sergeý Demidow ýazýar. Gözli Ata bilen baglanyşykly rowaýatlaryñ ençemesi saklanyp galypdyr. Olaryñ birinde bilgiriñ beýik şeýh Hoja Ahmet Ýasawa atylan jadyly peýkamy yza gaýtaryşy barada gürrüñ berilýär, beýlekilerinde bolsa ol çölde azaşan adamlary halas edýär, aýrany ýaga öwürýär we elbetde, bilgir hökmünde çykyş edýär. Ol şowhunly zikr (jahr) diýip atlandyrylýan tansy hem ýerine ýetiripdir. Bu tans porhanlaryñ keseli bejeriş usulynyñ bir görnüşi bolupdyr, soñy bilen bolsa, ol meşhur "Küştdepdi" halk tansyna öwrülipdir. Gözli Atanyñ jaýlanan ýerine asyrlaryñ dowamynda alys künjeklerden hem köp sanly zyýaratçylar gelýärler. Olar üçin myhmanhana guruldy, sadakalary geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Kümmetleriñ häzirki binalary XX asyryñ 90-njy ýyllarynda iki mazaryñ üstünde guruldy, öñ şol ýerde ak daşdan örülen beýik bolmadyk haýat bardy. Çak edilişi ýaly, munuñ özi möçberi 5x5 metre barabar bolan kiçiräk orta asyr ýadygärliginiñ galyndylarydyr. Gynansak-da, ol öz döwründe arheologlar tarapyndan öwrenilmändir. Ol ir döwürde weýran bolupdyr, çünki 1871-nji ýylda Krasnowodsk galasyndan özlerine mälim bolmadyk çägi öwrenýän rus goşunynyñ uly bolmadyk toparynyñ bu ýere gelen mahalynda, toparyñ serkerdesi Gözli Ata gonamçylygynda binýady daşdan tutulan, palçykdan gurlan kümmeti hem-de edil şeýle palçykdan galdyrylan metjidi görüpdir. Onuñ bu ýerleri suratlandyryp beýan eden hasabaty imperator jemgyýetiniñ Kawkaz bölüminiñ Ýazgylarynyñ sanlarynyñ birinde çap edildi. Şondan iki ýyl geçenden soñ, ol Tiflisde neşir edildi. Şeýlelikde, bu keramatly ýeriñ gadymdan galandygy äşgärdir. Iru-guç hünärmenler ol barada belli bir netijä gelerler. Wladimir KOMAROW, žurnalist. #syyahat_2016 | |
|