22:52 Gülbahar Musaýewa | |
GÜLBAHAR MUSAÝEWA
Teatr we kino sungaty
Türkmen sungaty örän baý, köpöwüşginli bolup, öz gezeginde dürli ugurlara bölünýär. Onuň üýtgeşik ugurlarynyň biri-de tans sungatydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly eserinde şeýle setirler bar: «Ýurdumyzda meşhurlyk gazanan aýdym-saz we tans toparynyň çykyşlarynda, halk ýerine ýetirijilik däpleri bilen olara täze öwüşgin berýän häzirki zaman saz meýilleriniň arasyndaky berk baglanyşygy görmek bolýar. Aýdym-saz döredijiligi bilen bir hatarda, milli folklor, tans sungaty hem ösüşiň ýokary derejesine galdyryldy. Biziň ata-babalarymyz köp asyrlar mundan ozal hem tansyň güýjüni duýgulara täsir ediji serişde hökmünde ulanypdyrlar». Ynha, şular ýaly, öz duýgularyny ajaýyp tanslaryň üsti bilen beýan edip, ömrüni tans sungatyna bagyş eden tans ussatlarynyň biri-de — Türkmenistanyň halk artisti Gülbahar Musaýewadyr. Ol özüniň ýiti zehini bilen türkmen sahnalarynda ajaýyp keşpleri janlandyryp, türkmeniň tans sungatyna uly goşant goşup, uzak ýyllaryň dowamynda bu ugurdan zehinli ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmekde uly işler alyp barýar. Ol 1946-njy ýylyň 13-nji martynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Onuň kakasy opera aýdymçysy bolup, ejesi bolsa Türkmenistanda ilkinji açylan «Halk tansy» toparynyň öňdebaryjy tansçysydy. Kiçijik Gülbahar eýýäm çagalykdan aýdym-sazyň, tansyň täsin dünýäsine aralaşypdy we oňa bar durky bilen maýyl bolupdy. Olaryň öýünde hemişe aýdym-saz ýaňlanar durardy, operadan aýdymlar yzygiderli ýerine ýetirilýärdi. Gülbaharjyk hem köp opera partiýalaryny eýýäm ýatdan bilýärdi we saza goşup tans edýärdi. 1953-nji ýylda Gülbahar Aşgabadyň 16-njy orta mekdebine okuwa barýar. Mekdep döwrüniň ilkinji günlerinden başlap gyzjagazyň sungata bolan höwesi göze ilip başlaýar. Onuň tansa bolan ýiti zehinini, ukyp-başamygyny ilkinji bolup gören Marina Strahowady. Ol Gülbahary tansa höwesli çagalardan düzülen topara saýlap alýar we bu topar 1956-njy ýylda Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburg) A.Waganowa adyndaky Akademiki horeografiýa mekdebine okuwa ugradylýar. Gülbahar Musaýewa: «Türkmen çagajyklaryndan düzülen bu tans topary bilen bilelikde beýleki döwletleriň hem çagalar tans toparlary bardy. Emma türkmenleriň aýratyn zehinlidigini tans ussatlaryndan eşitmek diýseň ýakymlydy» diýip ýatlaýar. Mekdepde ol tans sungatynyň ussat mugallymlary Nina Belikowa, Warwara Meý dagylardan tälim alýar. Elbetde, balet tansyny etmek yzygiderli türgenleşigi talap edýär we ähli zatlardan el çekip, tutuş wagtyňy sarp etmeli bolýar. Baletde tans etmeklik her kime başartmaýar. Onuň üçin ýyllarboýy öz üstüňde işlemeli bolýar. Emma Gülbahar Musaýewada bu zehin dogabitdi bardy we ol öz halypalaryndan tans etmekligiň inçe syrlaryny janypkeşlik bilen ürç edip öwrenýär, tans etmekde giň tejribe toplaýar. Hakyky tans artisti bolmak üçin diňe bir tans edeniň ýeterlik däldi. Onuň üçin sazyň medeniýetini, taryhyny, saz edebiýatlaryny we dramaturgiýany hem bilmelidi. Ökde hünärmen bolmak arzuwy bilen ol çeper edebiýatlary okamagy, belli suratkeşleriň ajaýyp eserlerine syn etmegi, muzeýlere, teatrlara baryp simfoniki sazlary diňlemegi yzygiderli dowam etdirýärdi. "Okan ýyllarym türkmen ýaşlarynyň çykyşlaryny gowy görýärdiler. Olaryň arasynda meniň bilen bilelikde okaýan Gözel Hummaýewa, Iraida Mergenowa, Ahmet Pürsiýanow, Ýusup Pürsiýanow dagy hem bardy. Biz hakda şol döwrüň gazet-žurnallarynda köp ýazýardylar. Biz muňa has-da buýsanýardyk". Hawa, balet sazynda «pa-de-de» tansyň aýratyn görnüşi bolup, ol öz gözbaşyny XVII asyryň başlaryndan alyp gaýdýar. Tansyň bu görnüşi nusgawy baletleriň ählisinde diýen ýaly duş gelip, onda iki bolup tans edilýär. Ýekelikde gyz we oglan adažio, wariasiýa ýerine ýetirenlerinden soň bilelikdäki koda bilen tansy jemleýärler. Kordebalet bolsa — baletlerdäki köpçülikleýin ýerine ýetirilýän tanslardyr. Magtymguly adyndaky türkmen döwlet opera we balet teatrynyñ solisti, TSSR-iñ at gazanan artistkasy, Türkmenistanyñ Lenin komsomoly baýragynyñ laureaty Gülbahar Musaýewa sahna çykmagynyñ öñüsyrasynda. Surata düşüren Omar Sähetgylyjow. "Edebiýat we sungat" gazeti, 19.09.1984 ý. Okuwyny uly üstünlikler bilen tamamlan Gülbahar Musaýewa indi balet artistidi. Onuň kalby tans sungatyna bolan hyjuwlardan, söýgüden pürepürdi. Ol öz söýgüsini, sungatyny türkmen halkyna bagyşlamagy arzuwlapdy. Tans äleminiň bu parlak ýyldyzy özüniň türkmen teatrlarynyň sahnalaryndaky çykyşlary bilen haýran galdyrýardy. Uzak ýyllaryň dowamynda Gülbahar Musaýewa ozalky Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda, balet artisti, baş baletmeýstri, baletmeýster-gurnaýjysy ýaly kärlerde döredijilikli zähmet çekýär. Şol ýyllarda A.Adanyň «Žizel», K.Korçmarýowyň «Aldarköse», B.Asafýewiň «Baryşnýa-krestýanka», L.Minkusyň «Baýaderka», Ç.Nurymowyň «Epgegiň tepbedi», A.Agajykowyň «Pöwrize», «Çöl mukamy», D.Nuryýewiň «Mähirli jadygöý», P.Çaýkowskiniň «Guw köli» baletinden Odettanyň, F.Amirowyň «Müň bir gije» baletinden Şährizadanyň keşplerini özüniň üýtgeşik ussatlygy bilen ýerine ýetirip teatryň sahnalarynyň parlak ýyldyzyna öwrülipdi. Onuň ýeňil gopýan, sazlaşykly, näzik hereketleri sungat muşdaklaryny biparh goýmaýardy. Balet älemindäki bu ajaýyp keşpleri bilen Gülbahar Musaýewa diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Wengriýa, Slowakiýa, Çehiýa, Fransiýa ýaly daşary ýurtlarda hem türkmen baletlerini şeýle hem daşary ýurtlaryň meşhur nusgawy baletlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanýar. Ol Yusup Pürsiýanow, Ahmet Pürsiýanow, Rejep Abdyýew, Goşa Japarow, Zafar Burhanow ýaly zehinli tans artistleri, Çary Nurymow, Nury Halmämmedow, Aman Agajykow ýaly, meşhur türkmen kompozitorlary bilen bilelikde işleşipdi. Häzirki wagtda Gülbahar Musaýewa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Halk tansy» bölüminde mugallymçylyk kärini alyp baryp, zehinli ýaşlara tans sungatynyň inçe syrlaryny öwredýär. Tans sungatyny öwrenýän ýaş talyp oglan-gyzlar oňa «Ussat halypamyz» diýip ýüzlenýärler: «Men öz mugallymçylyk kärimden lezzet alýaryn. Türkmen ýaşlaryna tans sungatyny öwredip, olary kämil hünärmenler edip ýetişdirmegi özümiň mukaddes borjum hasaplaýaryn. Sebäbi biz şeýle bagtyýar zamanada ýaşaýarys. TSSR-iñ at gazanan artistkasy, Türkmenisyanyñ Lenin komsomoly baýragynyñ laureaty Gülbahar Musaýewa Hudožnik Hajy Atakgaýewiñ grafika işi. "Edebiýat we sungat" gazeti, 05.04.1985 ý. Indi medeniýet, sungat işgärlerine uly hormat goýulýar we halypa-şägirtlik ýoluny gaýtadan dikeldilýär, önjeýli işlemäge giň mümkinçilikleri döredilýär. Şägirtlerimden amerikadaky balet mekdebiniň ýolbaşçysy Natalýa Getman, Kazanda balet sungatyndan sapak berýän Gülnar Garypowa, ýurdumyzdaky meşhur «Näzli» tans ansamblynyň çeper ýolbaşçysy Gözel Ataýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Halk tansy» bölüminiň müdiri Jahan Haýtekowa, mugallymlar Oraz Meretgulyýew, Yslam Abdylnebiýew, Şemşat Ýomudowa dagynyň adyny buýsanç bilen tutasym gelýär. Köp şägirtlerim Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygyndaky «Dokmaçylar» tans toparynda şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tans ugrundan üstünlikli zähmet çekýärler» diýip, ussat halypa gürrüň berdi. Her bir sapagyny ýokary derejede alyp barýan talapkär mugallym Gülbahar Musaýewa tans hünärinden okaýan ýaş talyplara tans etjek sazlarynyň ilki bilen kimiň sazydygyny, onuň döwrüni, stil aýratynlygyny giňişleýin gürrüň berýär: «Aýdymyň sözleri bar. Onuň näme hakdadygyny sözlerinden aňsa bolýar. Biz ähli aýtjak zatlarymyzy, oý-pikirlerimizi, duýgularymyzy tomaşaçylara tansyň üsti bilen düşündirmelidiris. Tans edilende gözüňe köp zat bagly bolýar. Gözüň aşak bakmaly däl, gözleriň üsti bilen içki dünýäňi görkezmeli. Sungatyň muşdaklary diňe owadan, ajaýyp tanslara syn etmelidir» diýip, tans edýän şägirtlerine öwran-öwran gaýtalap öz sungatyny olaryň kalplaryna ornaşdyrýar. Gülbahar Musaýewanyň talyplary ýurdumyzda geçirilýän konsertlerde, baýramçylyklarda yzygiderli çykyş edýärler. Her ýyl geçirilýän Wena ballarynda Gülbahar Musaýewanyň talyplary polonez, mazurka ýaly tanslar bilen üstünlikli çykyş edip, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Yaş zehinli dirižýor Resul Gylyjow bilen bilelikde P.I.Çaýkowskiniň «Şelkunçik» atly dünýä belli baletini işläp sahnada goýmaklygy, şeýle hem ýörite sazçylyk mekdebiniň däp boýunça her ýylyň özboluşly şygaryna bagyşlanyp geçirilýän konsertlerinde A.Haçaturýanyň «Gaýane» baletinden, A.Şapoşnikow bilen D.Öwezowyň, «Şasenem-Garyp», Ý.Meýtus bilen D.Öwezowyň «Leýli-Mejnun» operasyndan tans böleklerini talyplaryň ezberlik bile, ajaýyp maýyşgaklyk bilen ýerine ýetirmekleri hem aýratyn guwandyryjydyr. Gülbahar Musaýewa: «Hormatly Prezidentimiz ujypsyzja zähmetim üçin meni 2008-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, şeýle hem 2016-njy ýylda «Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy» ýubileý medaly bilen sylaglady.» diýip, ýürek buýsanjyny beýan edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halypa mugallym Gülbahar Musaýewa merjen şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy, şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen medeni we köpçülikleýin çärelerde çykyş etmek üçin öz şägirtleri bilen täze tanslaryň üstünde işläp, irginsiz zähmet çekýär. Biz hem Türkmenistanyň halk artisti, tans sungatynyň ussady Gülbahar Musaýewa döredijilikli işinde üstünlik arzuw edýäris. Sähra BAÝRYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |