19:57 Gulliweriñ syýahaty / eserden bölek | |
GULLIWERIÑ SYÝAHATY
Çagalar edebiýaty
• Gulliwer liliputlaryň ýurdunda “Antilopa” atly üç bogaldakly gämi günorta okeana ugraýardy. Onuň yzky burnunda gämi wraçy Gulliwer durdy, ol dürbi bilen pristana seredýärdi, ol ýerde onuň aýaly hem iki sany çagasy: ogly Jonni bilen gyzy Betti galypdyrlar. Gulliweriň deňze ugraýany ilkinji gezek däldi. Ol syýahat etmegi söýýärdi. Heniz ol mekdepde okaýan wagtlary kakasynyň iberýän pullarynyň hemmesini diýen ýaly deňiz kartalaryny we çet ýurtlar hakyndaky kitaplary almaga harç edýärdi. Ol geografiýany hem matematikany jan edip öwrenýärdi, çünki bu ylymlar deňizçi üçin beýlekilerden has zerur gerekdi.<br> Kakasy Londonyň şol zamandaky meşhur wraçlarynyň birine Gulliweri okatmaga beripdi. Gulliwer onuň elinde birnäçe ýyl okady, emma şonda-da deňiz hakynda pikir etmegini goýmady. Wraçlyk işiniň oňa nepi degdi. Okuwy gutaryp, “Lastoçka” gämisine wraç bolup işe girdi we onuň üstünde üç ýarym ýyl ýüzüp gezdi. Ondan soňra bolsa, iki ýyla ýakyn London şäherinde ýaşap, Gündogar we Günbatar Hindistana birnäçe gezek syýahata gitdi. Gulliwer ýüzýän wagtlarynda hiç wagt tukat bolmaýardy. Öz kaýutasynda öýlerinden alyp gaýdan kitaplaryny okaýardy, kenarda bolýan wagtlary, beýleki halklaryň ýaşaýşyna syn edýärdi, olaryň dilini we däp-dessurlaryny öwrenerdi. Gaýdyşyny bolsa ýoldaky gören-eşiden zatlarynyň hemmesini yzygiderli ýazýardy. Gulliwer bu sapar hem deňze ugranynda ýany bilen ullakan ýazgy depderini aldy. Şol depderiň birinji sahypasynda şeýle sözler ýazylypdy: “Biz 1699-njy ýylyň 4-nji maýynda labyrymyzy ýygnap, Bristoldan ugradyk”. “Antilopa” Günorta okeanda birnäçe hepdeläp hem aýlap ýüzdi. Ugurdaş ýel öwüsýärdi. Syýahat şowludy. Emma günleriň birinde Gündogar Hindistana geçilende apy-tupan turdy. Tupandyr tolkunlar gämini näbelli tarapa ykdyryp alyp gitdiler. Gäminiň trýumyndaky azyk we süýji suw gutaraňkyrlapdy. On iki sany matros ýadawlykdan we açlykdan öldi. Beýleki galanlary bolsa zordan hereket edýärdiler. Tolkun gämini hozuň gabygy ýaly ondan-oňa urýardy. Garaňky, tupanly gijeleriň birinde şemal “Antilopany” göni uçutly gaýa tarap alyp barýardy. Matroslar muny has giç, iş-işden geçenden soň gördüler. Gämi daşa degip, çym-pytrak boldy. Diňe Gulliwer bilen bäş sany matrosa şlýupka münüp halas bolmak başartdy. Olar köp wagtlap deňizde suwuň ýüzünde gaýyp gezdiler, ahyrsoňunda halys ysgyndan düşdüler. Tolkun bolsa barha güýjeýärdi, iň soňunda bir uly tolkun olary ýokary göterdi-de, şlýupkany agdaryp goýberdi. Gulliwer suwa çümdi, suwuň ýüzüne çykan wagty bolsa onuň daş-töwereginde hiç kim ýokdy. Ýoldaşlarynyň hemmesi gark bolupdy. Gulliwer çem gelen tarapyna ýüzüp ugrady, ony şemal we tolkun öňe itekleýärdi. Ol zol-zol suwuň düýbüni barlaýardy, emma aýagy ýere degmeýärdi. Ondan aňryk bolsa onuň ýüzmäge gurbaty ýokdy. Gulliweriň öl bolan geýimi we çişen aýakgaby ony aşak çekýärdi. Ol hopugyp, zordan demini alýardy. Ahyrynda birden onuň aýagy gaty ýere ýetdi. Munuň özi saý ýerdi. Gulliwer aýagyny ýuwaşlyk bilen çägä basyp, ýuwaş-ýuwaş ýöräp ugrady, ol büdräýmejek bolup jan edýärdi. Ýöremek barha aňsatlaşyp ugrady. Ilkibada suw onuň omzuna, soňra guşaklygyna, ondan soň bolsa dyzyna çykdy. Ol indi kenar golaýjakdadyr diýip pikirlenip başlady. Emma bu ýerlerde deňziň düýbi biçak ýapgytdy. Şonuň üçinem Gulliwer dyzyna çykyp duran suwuň içi bilen uzak mahallap gitmeli boldy. Ahyrsoňunda suw hem çägelik yzda galdy. Gulliwer gök sonar bolup duran ýumşak hem keltejik otly öleňlige çykdy. Ol özüni lampa ýere goýberdi-de, elini ýassanyp, süýji uka gitdi. Gulliwer ukudan oýananda, eýýäm jahan ýagtylypdy. Ol arkan ýatyrdy, Gün bolsa edil onuň ýüzüne şöhlesini çaýýardy. Gulliwer gözüni owkalajak boldy welin, elini butnadyp hem bilmedi; turup oturmak isledi, emma gymyldap bilmedi. Onuň goltugyndan tä dyzyna çenli bütin göwresi inçejik ýüp bilen berk saralgydy. Elleridir aýaklary hem ýüp bilen torlanylyp çykylypdy, her bir barmajygy-da ýüp bilen baglanypdy... Dowamy bar.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |