Alyjy bazarda goýun-geçi satyp durandan soraýar:
— Şu işşegi näçe bahalaýaň?
— Hä-ä, bumy? Bu gyrkylmadyk işşek bolansoň, bahasy 400 manat.
Alyjy:
— Dost, sen şuny gyrk-da, 300 manada beräýsene!
* * *
Iki sany ýolagçy ugrajak bolup duran otlynyň ýanyna barýar. Olaryň biri:
— Şu otly meni Aşgabada eltermi? — diýýär.
— Ýok — diýip, otlynyň ýolbeledi jogap berýär.
— A meni eltermi? — diýip, beýleki ýolagçy soraýar.
* * *
— Salam, ýyldaş! Gör, näçe ýyldyr duşuşmadygymyza! Sen şol göwün beren gyzyňa öýlendiňmi ýa-da henizem öz eşikleriňi özüň ýuwup ýörmüň?
— Iki sowalyňa-da «hawa».
* * *
Mugallym:
— Sen näme, tolgunýaň, Amanow? Meniň berjek sowallarymdan çekinýäňmi?
— Ýok-la, mugallym, öz berjek jogaplarymdan gorkýan.
* * *
— Näme üçin seniň öýe berlen işleriňi mydama kakaň işleýär?
— Sebäbi ejemiň eli degenok-da. Onuň öz işlerem başyndan agdyk.
* * *
Köpden bäri görüşmedik iki dost duşuşýar.
— Ýeri, siziň ol joşgunly söýgiňize näme boldy?
— Barysy kül boldy.
— Aýra düşdüňizmi?
— Ýok-la, durmuş gurduk.
Toplan: Azat DURDYÝEW,
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby