10:16 Günbataryñ däl, "taryhyñ soñy" | |
GÜNBATARYÑ DÄL, "TARYHYÑ SOÑY"
Publisistika
"Eger hemme çeşmeler şol bir hekaýaty gürrüñ berýän bolsa, ýalan taryha girer we hakykat bolar" Fotosurat: Ybraýym Ebu Mustapa / Reuters 1989-njy ýylyñ 9-njy noýabrynda Berlin diwary ýykyldy. Munuñ özi dünýä taryhynda diýseñ simwoliki we möhüm, adamzat taryhynda täse sahypa açan kesgitleýji we aýgytlaýjy pursatdy. Şol gün ýetmiş ýyllap dünýäniñ ýarsyna golaýyny dolandyran kommunistik režim uly ses edip, gorkunç ýagdaýda çökdi. Karl Marksyñ teoriýalaşdyran kommunizmi adamzadyñ ilkidurmuş obşinasyndan feodalizme, feodalizmden kapitalizme, kapitalizmdenem sosializme geçip uzak ýol geçenden soñ ýetip biljek iñ soñky sepgidi saýan "taryhyñ soñy" pikiri Berlin diwarynyñ ýykylmagy bilen birlikde çalt çagşady. Marksyñ pikiriçe kommunizm adamzat üçin iñ adyl, deñ we bagta ýetirýän sistemady hem-de şeýdibem taryh soñlanmalydy! Geñ ýeri, kommunizm soñlandy, taryh soñlanmady! Şol ýyl kapitalistik lageriñ dargamagy we Berlin diwarynyñ ýykylmagy netijesinde kommunizmiñ ýeñlişi özüni ýitiren ABŞ-ly Frensis Fukuýama Gegeliñ teoriýasyny täzeden işläp düzdi we "taryhyñ soñy" teoriýasyny" gaýtadan formulirledi. Fukuýama şol pursata baha berip, teoriýasyny kommunistik sistemanyñ çöküşiniñ yzynda goýup giden haosynyñ galyndylary, kapitalizmiñ sosialistik lagere ýaýylmagy we ýeke-täk polýusly sistemanyñ gurulmagy bilen baglanyşykly işläp düzdi. Fukuýamanyñ teoriýasyna görä, taryhyñ soñy adamzadyñ azatlygy üçin ruhy güýç berýän pikirden zyýada Günbatarly ABŞ-nyñ Sowet basdaşyna garşy gazanan ýeñşini alamatlandyrýan, sinematiki şöhleler bilen doly dtamatiki pursatdy. Gysgaça aýdanda, taryhyñ soñudygyny we taryhyñ soñunyñ liberal demokratiki sistema we zamanabap kapitalizme esaslanýan günbatarly ideologik modeliñ artykmaçlygyny öñe sürýärdi. Bu "kombinasiýanyñ" adamzadyñ "kosmiki taryhyna" girmek üçin eýerilmeli ýeke-täk ýoldugyny aýdýardy. Bu sistemanyñ gerek ýerinde güýç ulanyp dünýäni basyp aljakdygyny we basyp alan ýerlerini demokratiýa, liberalizme, erkin bazara duwlanyp täze sistema tabyn etdigiçe jemgyýetleriñ taryhyñ soñuna gelinen hemmetaraplaýyn taryhy tapgyryna ýetjekdigi nygtalýardy. Täsin ýeri, diwaryñ ýykylyşyndan şu günümize çenli geçen wagtyñ şindizem göz öñümizde bolmagy we ýene bir täsin ýeri mundan soñ dünýäniñ adamzadyñ iñ uly iki rewolýusiýasyna şaýatlyk etmegidi. Bular informasiýa rewolýusiýasy bilen aragatnaşyk rewolýusiýasydy. Taryh indi diñe galyplaryñ garañkylykda ýazýan, ýalanlary hakykata öwürýän ýolagçylyklaryndan ybarat däl. Jorj Oruell bu barada şeýle diýýär: "Eger hemme çeşmeler şol bir hekaýaty gürrüñ berýän bolsa, ýalan taryha girer we hakykat bolar". Şol günden beýläk, ýagny, Berlin diwarynyñ ýykylan gününden bäri Günbatar liberalizmi alyp barýan ahlak göreşleriniñ birinem gazanyp bilmedi. Üstünde gurulan gymmatlyklara çenli çökmäge, hasam beteri adamlary wagşylaşmaga, ýabanylaşmaga, sepillige tarap taýmaga başlady. Beýik Fransuz rewolýusiýasy feodalizme we despotlyga garşy göreş alyp baryp, öñe saýlananlar "azatlyk, deñlik we doganlyk" prinsiplerine goldanypdy. Fransuz taryhçysy Fransua Allard bu pikiri hasam ösdürip, Beýik Fransuz rewolýusiýasynyñ "diñe fransuzlara degişli rewolýusiýa däldigini, şol bir wagtyñ özünde tutuş adamzada peýda getirmegi maksat edinendigi üçin beýleki rewolýusiýalardan tapawutlydygyny" aýdypdy. Amerikan rewolýusiýasy bir topar gymmatlyklara esaslanýardy we bularyñ belli-başlylary şulardy: Iñlis kolonizatorlaryndan bölünip garaşsyz bolmak, azatlyk, adalat, adam hukuklaryna goldanýan demokratik döwlet gurmak, söz azatlygy, din, metbugat we miting geçirmek azatlygy, halk häkimiýeti, deñlik, despotlykdan goranmak ýaly esasy azatkyklary kepillik astyna alýan täze konstitusiýany kemala getirmek. Iki rewolýusiýa-da aýdyñlanma şygaryny göterýärdi. Eýse näme boldy-da "aýdyñlanma güýçleri" halklary eksplutatirlemegiñ, basybalyjylygy goldamagyñ, etmişlerini kanunylaşdyrmagyñ, hatda taryhy ýoýmagyñ gurallaryna öwrüldiler? Ýer ýüzüne we taryha eýelik etmäge dyrjaşýan liberal sistemanyñ saýasynda hasaba alynýan we göni efirde görkezilýän genosidler we çagalaryñ öldürilişi nädip görmezlige salynýar? Žurnalistleriñ dili nädip baglanýar, twit atýanlar nädip sem edilýär, pikirlerini aýdýanlaryñ sesine nädip suw sepilýär, söz azatlygynyñ üsti nädip basylýar? Hasam beteri, döwrebaplyga, täzeçillige goldanýan we adamkärçilikli adalaty öñe sürýän sistema dünýäni ýagşylar we ýamanlar dünýäsi hökmünde iki bölege bölýän iñ esktremistik pikiri nädip oñlap bilýär? Ysraýyl liberal demokratik Günbataryñ gymmatlyklaryny ýuwdan gara deşikmi ýa-da ol sistema hakyky bolmaly wagtynda hakyky ýüzüni görkezdimi? Medeniýet adama wekilçilik etmek, ony bagta we arzuw-hyýallaryna ýetirmek güýjüni ýitirende we düýbünden tersine basyşyñ, adalatsyzlygyñ, agressiýanyñ, güzap çekdirmegiñ guralyna öwrülende doly çagşaýar. Şu ýerde Karl Marksyñ şu sözleri ýada düşýär: "Her sistema öz weýrançylygynyñ tohumyny öz içinde göterýär". Mirza EL-HUWEÝLIDI, Saud Arabystanly ýazyjy, žurnalist. Penşenbe 09.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |