19:56 Gündogdy beg | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -4:
Taryhy şahslar
▶ GÜNDOGDY BEG Süleýmanşanyñ iñ uly ogly Gündogdy beg kim bolupdyr? Gündogdy beg taryhy şahsyýetmi we onuñ gubury nirede? Dünýäniñ köp ýurdunda uly höwes bilen tomaşa edilýän "Diriliş. Ärtogrul" teleserialyndan soñ ýokarky soraglar bilen internetde iñ köp gözlenilýän şahsyýetlerimiziñ biri hem Gündogdy beg boldy. Ady agzalan teleserialda türk aktýory Kaan Taşaneriñ sahna ussatlygynyñ hem munda roly uly boldy. Biz hem öz gezegimizde şanly taryhymyzyñ merdana gerçegi hakynda gysgajyk maglulatlary siziñ üçin jemledik. ■ Gündogdy beg kim bolupdyr? Süleýmanşanyñ we Haýma enäniñ baýry ogly Gündogdy beg hem edil dogany Ärtogrul beg ýaly garadangaýtmaz batyr alplaryñ biri bolupdyr. Ol özüniñ nähili alpdygyny Ärtogrul beg bilen bile Seljukly türkmen soltany Alaeddin Keýkubata kömek üçin giden Ýassyçemen meýdan söweşinde görkezip bilipdi. Söweşden soñ Anadoly Seljukly türkmen soltany Alaeddin Keýkubat I Gündogdynyñ dogany Ärtogrul Gaza hökümdarlyk haladyny geýdirdi we Ankaranyñ eteklerindäki Garajadag sebitlerini peşgeş etdi. Mongol belasyndan gaçyp özlerine täze ýurt gözläp gelen gaýy tiresiniñ belli bölegi gelen ýurtlaryna - Orta Aziýa dolanmak isläpdirler. Gaýy obasynyñ agramly bölegi bu pikirde bolupdyr. Diñe Ärtogrul begiñ tarapdarlary Anadolyda galmak isläpdir. Gündogdy bilen Sungur tegin 1000-e golaý maşgalany yzyna tirkäp Orta Aziýa dolanypdyr. Ärtogrul bilen jigisi Dündar beg bolsa günbatara süýşüpdir. Ärtogrulyñ ýanynda galan 400 çadyrlyk maşgala gelejekde Osmanly döwletiniñ binýadyny tutanlar bolup taryha girdi. Gündogdy bilen Sungur teginiñ bu hereketine käbir taryhçylar gödek ýalñyşlyk hökmünde baha berýärler. Emma biz bu pikirden daşda. Wakalara öz döwrüniñ gözi bilen baha bermek gerek. "Ýat ýurtlarda mysapyrlyk çekenden, ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy" diýlenini edip ata watana dolanan ildeşlerimiziñ döwründe ýaşap, hyýalyñda-da bolsa olaryñ gören horluklaryny başdan geçirmän beýle pikir ýöretmegiñ özi ýalñyş. Galanyñ gowumy, gideniñ... Ony diñe Alla bilýär, birem özleri. Ýöne Gündogdy begiñ ne ölümi, ne mazary hakynda hiç bir maglumat biziñ günlerimize gelip ýetmändir. Obadaşlaryndan bölünip yza dolananlar we Gündogdy beg şundan soñ taryh sahnasyndan sessiz-sedasyz gürüm-jürüm bolupdyr. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |