GURBANNAZAR ATAKGAÝEW
Il içinde Poşalak ady bilen tanalýan, köpleriň halypasy, režissýor hem aktýor, wäşi, ömrüni sungata bagyşlan Gurbannazar Atakgaýew 1934-nji ýylda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Durun obasynda dünýä inýär. Başlangyç bilimi obalaryndaky 7 ýyllyk mekdepde alýar. Ol 1948-nji ýylda mekdebi tamamlap, obada zähmet ýoluna girişýär. 1950-nji ýylda Gurbannazar Balkan welaýatyndaky mugallymçylyk orta mekdebinde okap başlaýar. 1954-nji ýylda Gurbannazar okuwyny Aşgabadyň sazçylyk uçilişesiniň wokal bölüminde dowam etdirýär. Bu ýerde okap ýörkä, ol harby gulluk borjuny berjaý etmäge gidýär. Gullukdan geleninden soň, ýene-de okuwyny dowam etdirýär we ony 1960-njy ýylda tamamlaýar. Soňra ol Aşgabadyň 5-nji orta mekdebinde aýdym-saz mugallymy bolup, işe başlaýar. Gurbannazar şol ýyllarda aýdym-saz ugrundan mekdepler üçin ýörite okuw gollanmasyny hem ýazýar. Gurbannazar bu ýerde üç ýyl işläninden soň, telewideniýäniň aýdym-saz redaksiýasyndan mekdebe wekiller gelip, ondan okuwçylarynyň mawy ekranda çykyş etmegini soraýarlar. Şol çykyşda Gurbannazar bilen geçirilen gürrüňdeşlikden soň, telewideniýäniň şol wagtky režissýorlary oňa bu ýerde işlemegi teklip edýär. Ol birbada okuwçylaryndan daşlaşmaly boljakdygyna gynanyp, bu meseläni maşgalasy Bahar gelneje bilen maslahatlaşýar. Ýanýoldaşy özüniň garşylygynyň ýokdugyny aýdyp, galanyny-da öz ýüregi bilen geňeşmegi maslahat berýär. Şeýdip, 1963-nji ýylda öňki mekdep mugallymy Gurbannazar Atakgaýew türkmen telewideniýesiniň aýdym-saz redaksiýasyna režissýor wezipesine işe kabul edilýär. Aşgabadyň 35-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy bolup işläp ýören Bahar gelneje bir gün gazetde bildirişe gabat gelýär. Onda Leningrad şäheriniň kinematografiýa institutyna okuwa kabul edilýändigi barada ýazylgy ekeni. Ol muny dessine ýanýoldaşyna aýdýar we oňa şol okuwa synanyşyp görmegi maslahat berýär. Gurbannazar şol ýyl bu okuw jaýynyň kino we teatr režissýory fakultetiniň gaýybana bölümine resminamalaryny tabşyrýar. Emma ilkinji synag rus dilinden diktant ýazmaly bolýar we ondan geçip bilmeýär. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanýar. 1968-nji ýylda Gurbannazar täzeden ýola rowana bolýar. Ol ýene rus dilinden synagy tabşyryp bilmeýär. Şonda ol mugallymyna şu gezek synagdan geçmän öýe barsa, aýalynyň özi bilen aýrylyşjakdygyny degişme äheňinde aýdýar. Mugallym muňa ör-gökden gelýär we: – Hany sen ikinji synagyňa-da bir synanyşyp gör – diýip, oňa rugsatnama ýazyp berýär. Ikinji synag režissuradan eken. Gurbannazar geplemän, etýud görnüşinde hereket etmek arkaly bir wakany beýan edýär. Muny synlap oturan mugallymlar oňa, el çarpyşyp: – Sen, näme üçin şunuň ýaly talantyň bardygyny bize öňki gezekler duýdurmadyň. Seni almasak bolmaz – diýip, ony okuwa kabul edýärler. Şeýdip, Gurbannazar 1972-nji ýylda instituty tamamlaýar. Okuwy gutaryp geleninden soň, ony telewideniýäniň edebi-drama gepleşikler redaksiýasynyň režissýorlygyna belleýärler.
Gurbannazar Atakgaýew mawy ekran arkaly taýýarlanýan sahnalarda esasan hem kärdeşi, hem ýakyn dosty Juma Ýazmyradow bilen her ýylda geçirilýän Täze ýyla bagyşlanan gepleşiklerde çykyş edýärdi. Juma aga türkmen radiosynda işleýändigine garamazdan, dostunyň çakylygyna wagt tapýardy. Bu iki kärdeş sözüň doly manysynda, şol döwrüň ekranynyň bezegine öwrülipdi. Olaryň çykyşyna syn etdigiňçe, ruhuň göterilip, göwnüň ganatlanýardy.
Gurbannazar Atakgaýew şahyr Kerim Gurbannepesowyň poemasy esasynda “Ata we ogul” atly teleoýundaky keçjal aganyň keşbini janlandyrýar. Şol teleoýunda Poşalak aganyň Tagan Saryýew bilen köne galadaky sahnalary enteklerem köpüň ýadynda bolsa gerek. 1987-nji ýylda Gurbannazar Atakgaýew öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna artist bolup işe barýar. Bu teatryň sahnasynda-da Gurbannazar aga ýatdan çykmajak keşpleri janlandyryp, teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Şolaryň biri-de “Kemine“ atly spektakldaky garry piriň keşbidir. 85 ýaşly sandyraklap, duran gojanyň keşbini şol ýaşda bolman tomaşaça ýetirmek artistimizden ussatlyk talap edýär.
Zehini daş ýarýan artisti öňki işlän ýeri bolan mawy ekran ýene-de özüne çekip başlaýar. 1988-nji ýylda Gurbannazar aga täzeden telewideniýede işe girişýär. Ol döwürler telewideniýede režissýor bolup işlän Türkmenistanyň at gazanan artisti, merhum Oraz Çerkezowyň “Magtymguly” çeper filminde nökerbaşynyň keşbini ýerine ýetirýär. Ol “Dünýä belli adam” telespektaklynda-da baş keşbi janlandyrýar. Gurbannazar aga diňe bir mawy ekran arkaly keşp janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, radiooýunlarda hem çykyş edýärdi. “Aýna bilen Söhbet hakynda rowaýat” atly radiooýundaky ýaşuly çopanyň we başga-da birnäçe keşpleri unudylmaz täsir galdyrýar.
Gurbannazar agany hormatly dynç alyşda ýören wagtlary, ýagny 2001-nji ýylda Alp-Arslan adyndaky milli ýaşlar teatryna işe çagyrýarlar. Ol bu teatryň sahnasynda-da “Nurberdi han” hem-de “Watan hakda üç aýdym” spektakllarynda täsirli keşpleri ýerine ýetirýär. Şeýle-de ol teatryň sahnasynda her baýramçylyk günleri görkezilýän “Gülki agşamynyň” hem her gezekki sanynda çykyş edip muşdaklarynyň göwnüni awlaýar. Teatryň döredijilik topary “Gülki agşamy” bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerine iş saparyna gidenlerinde, Gurbannazar aga-da şol çärelerde işjeň çykyş edýär.
Ir döwürler türkmen radiosynyň redaktory bolup, köp ýyllar işlän, belli ýazyjy Magtymguly Myşşyýew radio üçin oýun ýazýar. Şonda Magtymguly aga Gurbannazary çagyryp, ony dostunyň öýüne ugradýar. Gurbannazar barsa, Magtymguly aganyň dosty öýde ýok eken. Soňra dostunyň maşgalasy Gurbannazary garşy alyp, onuň öňünde çaý çörek, hemem gowurma goýýar. Myhman hem-ä ajygyp gelensoň, hemem gowy görýän tagamy bolany üçin gowurmadan işdämenlik bilen iýýär. Gowurmanyň galanyny-da: – Indi muny sizde hiç kim iýmez – diýip, alyp gaýdýar. Şol wakadan soň, Gurbannazaryň ady Poşalak bolup galýar.
Köpüň halypasy, wäşi aktýor Gurbannazar Atakgaýewe milli sungatymyzy ösdürmekde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 1987-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, 1994-nji ýylda-da “Türkmenistanyň halk artisti” diýen belent atlar dakylýar.
Gurbannazar Atakgaýew (Poşalak aga) 2011-nji ýylyň iýul aýynyň 6-syna 78 ýaşynyň içinde uzaga çeken agyr keselden soň aradan çykýar. Häzirki wagtda onuň maşgalasy – ýanýoldaşy Bahar gelneje, ogly, gyzy, 14 agtygy, 2 çowlugy eşretli durmuşymyzyň hözirini görýärler. Iline-gününe gülki paýlan, wäşi artist “Poşalak” ady bilen adygan Gurbannazar Atakgaýew biziň ýüreklermizde mydama ýaşar. Çünki “Ýagşy adam ýatdan çykmaýar”.
Teatr we kino sungaty