16:16 "Güýmenje heleýleriniñ" hasratly hekaýaty kino sahnasynda | |
"GÜÝMENJE HELEÝLERINIÑ" HASRATLY HEKAÝATY KINO SAHNASYNDA
Teatr we kino sungaty
Günorta Koreýada surata düşürilen "Ruhlaryñ öýe dolanmagy" (“Spirits’ Homecoming”) çeper filmi ýapon goşuny tarapyndan ikinji jahan urşy döwründe harby jelephanalarda zorluk bilen işledilen "güýmenje heleýleriniñ" hekaýatyny gürrüñ berýär. Günorta Koreýaky kinorežissýor Ço Jun-rae şeýle aýal-gyzlaryñ bolýan öýünde geçirilen terapiýa seasonal bu pikire gelýär. Pidalaryñ biri on alty ýaşyndaka ýapon esgerleriniñ özüni nädip alyp gaçyşlaryny surata çekipdir. Çeper filmiñ Günorta Koreýanyñ paýtagty Seulda bolan premýerasyna şol gorkunç günleriñ pidalary bolan aýallaryñ özem gatnaşdy. Olar häzir 80-90 ýaşlarynda. Ço Jun-raýä kinofilmi surata düşürmegi üçin tegelek 14 ýyl gerek bolupdyr. Ol bu barada şeýle diýýär: Ol beýik eneler maña bu barada kino düşürjek bolsam, muny olaryñ hekaýatyny gürrüñ berip biljek şekilde etmegimiñ gerekdigini aýtdylar. Bulam meniñ üçin iñ uly ruhy güýç boldy." Tomaşaçylary taryhyñ şol hasratly günlerine gaýybana dolap getiren çeper film uly seslenme döretdi: "Näme diýjegimi bilemok. Ýagny, kalbym aýtmaly sözlerden ýaña joş urýar. Ýaponiýa bu aýallardan tüýs ýüregi bilen ötünç sorar diýip umyt edýärin. Kinofilm meniñem gatnaşýan bir fondue tarapyndan maliýeleşdirildi we kino sahnasynda adymy görenimde hakykatdanam buýsanç duýgusy oýandy. Ýapon hökümeti bu aýallardan ötünç soraýança adamlaryñ "güýmenje heleýleri" sosial işlere dahylly etmek bilen bir hatarda umumy tagallasyny gaýgyrman, olara kömek etmäge dowam eder diýip umyt edýärin." Ikinji jahan urşy döwründe "güýmenje heleýleri" diýip at berilen aglabasy koreýaly 200 müñe golaý aýal-gyzyñ ýapon goşunynyñ jelephanalarynda seks gyrnagy bolup işlemäge mejbur edilendigi çaklanýar. Çeper film Günorta Koreýa bilen Ýaponiýanyñ arasynda birnäçe ýyllap jedeli edilip gelnen "güýmenje heleýleri" boýunça dekabr aýynda gol çekilen taryhy ylalaşygyñ yzysüre görkezişe goýberildi. Ylalaşygyñ şertlerine görä, Ýaponiýa Günorta Koreýaly şol aýallara öweztölegi bermäge razy bolupdy. Gizem ADAL. # "Reuters" habarlar gullugy, 04.03.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |