21:54 Guzel Ýahinanyñ täze kitaby | |
GUZEL ÝAHINANYÑ TÄZE KITABY Rus ýazyjy zenany Guzel Ýahinanyň “Meniň perzentlerim” atly täze romany neşir edildi. Ýazyjy eserde bolup geçýän wakalar hakda üç ýyl mundan ozal pikirlenendigini hem-de 2016-njy ýylda ýazmaga girişendigini gürrüň berýär. Täze romandaky wakalar XX asyryň birinji ýarymynda Powolžýede bolup geçýär. Mekdep mugallymy Ýakob Bah durmuşynda bolup geçen agyr külpetlerden soňra, terkidünýälige baş urýar. Ol çet-gyrakdaky obalaryň birinde ýeke gyzy Ançeni bir özi ulaldýar we jadyly ertekileri ýazmaga girişýär. Soňra ertekidäki wakalaryň köpüsi haýsydyr bir gudrat bilen amala aşýar… # ZamanTurkmenistan | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |