14:50 Gýote we Gündogar | |
GÝOTE WE GÜNDOGAR
Edebiýaty öwreniş
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylmyň, bilimiň ösmegine giň ýol açyldy. Taryhy nukdaýnazardan alanyňda, şeýle gysga möhletiň içinde döwlet Baştutanynyň «Açyk gapylar» syýasatyna eýerýän Türkmenistan Watanymyz dünýäniň ýakyn we alys döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýdy. Biz şu makalada nemes halkynyň beýik şahyry, bütin dünýäde meşhur bolan logann Wolfgang Gýotäniň (1749-1832) döredijiliginiň Gündogar, şol sanda türkmen edebiýaty bilen baglanyşygy barada gürrüň açmakçy bolýarys. Beýik nemes şahyry Gýote Strasburg uniwersitetinde okan ýyllary goşgy düzüp başlaýar. Diniň taryhy bilen gyzyklanyp, Isa we Muhammet pygamberler barada ýazylan kitaplary öwrenýär. Hatda Muhammet pygamber barada bir drama ýazyp başlaýar, ýöne ol dramanyň diňe käbir bölekleri saklanyp galypdyr. Gýotäniň tutuş döredijiligini alanyňda, ol 1600 töweregi goşgy ýazypdyr. Şahyryň goşgularyň köpüsi halk aýdymlaryna öwrülip gidipdir. Gýote ömrüniň soňky ýyllarynda, XIX asyryň başlarynda Gündogar medeniýeti we edebiýaty bilen has içgin gyzyklanyp başlaýar, sebäbi ol Günbatar we Gündogar medeniýetleriniň arasynda berk arabaglanyşygyň bardygyny görýär. Gyotäniň «Faust» tragediýasynyň baş gahrymany Faust alym Wagner bilen bir gürrüňinde: — Hemişe gaýtalap çalýaň bir heňi, Başga zat bimaza etmeýär seni, Kalbymda tutupdyr mesgen iki jan, Ikisi-de ýaşaýarlar oňuşman — diýýär. «Faust» tragediýasynda iki jan baradaky bu äheň tötänleýin döremeýär. Gadymy hytaý ynançlaryna görä, adamyň iki jany bar: olara «hun» we «po» diýilýär. «Hun» adam ölenden soň bir ýere uçup gidýär we şol ýerde ýaşamagyny dowam etdirýär, emma «po» adamyň jesedinde galyp onuň bilen bile ýok bolýar.Yöne «hun» diýen jany çagyryşlar bilen adamyň göwresine gaýtaryp getirip, adamy janlandyryp bolýar diýen yrymlar bolupdyr. Şeýle däp-dessur adam ölüm halatynda ýatanda ýerine ýetirilipdir. Elbetde, biz Gýotäniň iki jan baradaky pikirini gönümel manyda düşündirmekçi bolmaýarys, çünki şahyr ol pikri, metafora, ýagny göçme manyly meňzetme hökmünde ulanyp, özüniň içki duýgularynyň gapma-garşylyklaryny görkezmek isläpdir. Şahyr bir tarapdan, öz beýik arzuwlaryny amala aşyrmak islese, ikinji tarapdan, öz töweregindäki durmuşyň onuň beýik maksatlaryna ýol bermeýändigine gynanypdyr. Şol sebäpli Gýote özüni arzuw hyýallar dünýäsine atypdyr. Şeýle arzuwlar dünýäsi şol döwürde şahyr üçin ajaýyp syrlardan doly Gündogar medeniýeti, entek doly öwrenilmedik Gündogar ýurtlary bolupdyr. Ine, şol sebäpli biz Gýotäniň şol döwürde bir jany — Günbatar, beýleki jany — Gündogar bolupdyr diýip ynamly aýdyp bileris. Sebäbi 1819-njy ýylda Gýote «Günbatar-Gündogar diwany» atly täze uly eserler toplumyny ýazýar. Şeýlelikde, Günbatar we Gündogar temasy Gýotäniň döredijiliginiň aýrylmaz böleklerine öwrülýär. Gýotäniň özi Günbatar we Gündogar edebiýatlary bütewi bir dünýä edebiýatyny düzýändigini nygtap, Saadynyň meşhur «Gülüstan» eserine salgylanyp, olary sag we çep el bilen deňeýär: — Näme sen artykmaç bezeýäň ony, Çep eliň hormatlap gerekden artyk?, Sag elim berýändir many-mazmuny, Sol ele berýändir ýüzükdir altyn. Bu sözler Saadynyň eserinde Jemşidiň näme üçin diňe çep elini ýüzükler bilen bezändigini soranlarynda onuň: «Sag elim meniň sag elim bolany üçin eýýäm sylagy ýetik» diýip, beren jogabyny ýatladýar. Gündogar edebiýatyna, medeniýetine, onuň pelsepesine ýüzlenmek şahyryň döredijiliginiň täzeden ýigdelmeginiň gönezligine öwrülýär. Ähli zada çynlakaý çemeleşip, başyna baran işine ýüregi bilen berilmegi halaýan şahyryň Gündogara bolan söýgüsi 1819-njy ýylda tamamlan «Günbatar-Gündogar» diwanynda aýdyň şöhlelenýär. Käbir alymlar Gýotäniň Gündogar bilen gyzyklanmagyny şahyryň «sazlaşyksyz dünýä-de şahsy sazlaşygy» öňe sürýän grek-rim medeniýetinden sowaşmagy bilen düşündirýärler. Ýöne bu garaýyş, biziň pikirimizçe, hakykatdan daşdadyr, sebäbi Gýote hiç haçan grek-rim medeniýetinden arasyny açmandyr. Onuň tä ölýänçe üstünde işlän «Faust» tragediýasynda gadymy grek medeniýeti, onuň gözelligi Fausty özüne bendi eden güýçleriň biridir. Gýotäniň Gündogar bilen gyzyklanmagyny şahyryň dünýä medeniýetiniň, Gunbatar we Gündogar medeniýetleriniň ösüşindäki çuň özara baglanyşyga düşünendiginden gelip çykýar diýsek dogry bolsa gerek. Elbetde, Gýote Ýewropada Gündogary öwrenijileriň ilkinjisi däldir. Gündogar edebiýatyny öwrenmäge girişen mahaly Gýote şol döwrüň zehinli nemes gündogarşynaslary Genrih Fridrih fon Ditsiň (1751-1817) «Gündogaryň ajaýyplyklary» atly ýygyndysyndan hem- de Ýozef fon Hammer-Purgştalyň (1774- 1856) «Gündogaryň genj-hazynalary» atly işinden, olaryň Gündogar edebiýatyndan eden terjimelerinden peýdalanypdyr. Şol döwürde, has takygy, 1811-nji ýylda Fridrih fon Dits oguz-türkmen eposy «Gorkut atadan» bölekleri «Oguzyň kitaby» ady bilen neşir etdiripdir. Şeýle-de «Gorkut ata» eposynyň «Depegözüň Besedi öldürişi baradaky aýdym» diýen boýuny gadymy grek edebiýatynyň «Odisseýa» poemasynda beýan edilýän ýekegöz siklop Polifem baradaky ýordum bilen deňeşdirýän işini we türkmen nakyllaryny çap etdirýär. Gýote ol alymlary özüniň «Günbatar-Gündogar diwanynda» minnetdarlyk bilen ýatlap: — Göýä meni Kabus özi okatdy, Oguz maňa akyl öwredip gitdi. Indi bolsa “hoja” diýýärsiň maňa, Nätmeli eýerjek bolsaň patyşaňa? — diýip ýazýar. Soňky setirde Gýote, megerem, özüniň 1775-nji ýylda Weýmar şäherinde, gersog Karl Awgustyň köşgünde ministr wezipesinde gulluk edişini ýatlaýan bolsa gerek. Gýotäniň Gündogar bilen gyzyklanmagynyň ýaşlyk ýyllarynda başlanandygyny belläp geçmek gerek. Ol Kuranyň D.F.Megerlin tarapyndan nemes diline edilen terjimesini 1772-nji ýylda okapdyr. Kuranyň 6-njy süresini latynçadan terjime-de edipdir.1772-1773-nji ýyllarda bolsa ol «Muhammet» atly dramasyny ýazmagyň üstünde işleýär. Gýotäniň köp ýyllaryň dowamynda Gündogar edebiýatyny, medeniýetini öwrenmeginiň netijesi bolan «Günbatar- Gündogar diwanynda» jemlenýär. Bu eserinde Gündogaryň şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, taryhy şahslarynyň ençemesine ýüzlenýär. Firdöwsi, Nyzamy, Hafýz, Jelaletdin Rumy, Saady, Jamy ýaly Gündogaryň beýik şahyrlarynyň döredijiliklerine, olaryň eserlerindäki mowzuklara, äheňlere ýüzlenmeler şahyryň «Diwanynyň» sahypalaryna zer däneleri ýaly sepilipdir. Gündogar edebiýatynda söýgi mowzugy we filosofik oýlanmalar beýan edilende meşhur aşyk-magşuklar baradaky eserlere salgylanmak däbi ýygy-ýygydan ulanylýar. Gündogar edebiýatynda seýle keşpleri ulanmaýan şahyr ýok diýen ýalydyr. Şu nukdaýnazardan Magtymgulynyň döredijiligini alyp görsek, onuň onlarça goşgusynda Gündogar edebiýatynyň aşyk-magşuklaryň keşplerine, olar baradaky ýordumlara salgylanmak dürli ýazgylarda ussatlyk bilen ulanylýar. Meselem, onuň Muhammet pygamberiň şanyna bagyşlap ýazan «Söýmüşem seni» atly goşgusynda on bir sany aşyk- magşuklaryň atlary getirilýär.Ýeri gelende aýtsak, Magtymgulynyň «Söýmüşem seni» atly goşgusynda getirilýän Ýusup we Züleýha, Perhat we Şirin, Leýli we Mežnun, Wamyk we Uzra, Süleýman we Bylkys ýaly bäş aşyk- magşuklaryň jübütleri Gýotäniň «Günbatar- Gündogar diwanyndaky» «Yşknama» diýen bölümde berilýan atlar bilen gabat gelýär. Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde Süleýman we Bylkys hem-de olaryň arasynda habar gatnadan, sawçylyk eden Hüthütiň keşpleri örän meşhur bolupdyr. Meselem, Magtym gulynyň eserlerinde-de olaryň keşplerine ýüzlenmek däbi duş gelýar: — Anka aýdar:«Ýolçyýam », Hüthüt aýdar: «llçiýem , Süleýmana sawçyýam , Ýalan jahan içinde». Gýotäniň «Diwanyndaky» «Salam » diýen goşgusynda bu äheňler söýginiň ajaýyplygyny wasp etmek bilen baglylykda öz beýanyny tapypdyr: — «Hüt-Hüt» diýip, men aýtdym ,«hak gürrüň, Ajaýypdyr seniň görk-görmegiň, Çaltrak git, ýet, munda durmagyn, Ýet meň söýgülimiň ýanyna, Sen oňa ýetir, aýt, meniň Janymy bagş edýändigim oň şanyna. Gündogar edebiýatynda giňden meşhur bolan Isa pygamberiň keşbi Nyzamy, Nowaýy, Attar, Magtymguly ýaly şahyrlaryň eserlerinde giňden ulanylypdyr. Isa pygamber Gündogar edebiýatynyň eserlerinde, hekaýatlarynda akyldar filosof hökmünde meşhur bolupdyr. Gýote Nyzamynyň Isa pygamberiň bazarda ölen itiň maslygyny görüp ähli adamlaryň ondan sowlup geçişini synlap, ol itiň owadan hünji ýaly dişleriniň bardygyny nygtaýşy baradaky hekaýatyny goşgy görnüşinde beýan edýär we iň bir betnyşan görnüşdenem şeýle öwüt-nesihat beriji gözelligi tapýan Nyzamynyň ussatlygyna uly sarpa goýup:«...bu bizi haýran galdyrýar we ruhubelentligi öwredýär», diýip ýazýar. Elbetde, Nyzamynyň ite uly hormat bilen garamak baradaky hekaýaty ýöne ýerden döremändir. Nyzamy ony Basraly ýazyjy Jahyzyň (869-njy ýylda aradan çykýar) «Haýwanlar barada kitap» (Kitab al-haýwan) atly eserinden alypdyr: «Merýemiň ogly Isa bir gün öz şägirtleri bilen ölen itiň ýanyndan geçip barýan eken. Şonda onuň okuwçylarynyň biri: «Gör, nähili porsy ys» diýip aýdypdyr. Isa oňa: «Näme üçin sen onuň ap-ak sadap ýaly dişlerine guwanmaýarsyň?» diýipdir. Soňra Jahyz ol rowaýatyň yzyndan ýedi sany takwa ýaş ýigidiň we olar bilen gowakda köp ýyllap uklap ýatan bir itiň şol ýigitler ýaly hormata mynasyp bolşy baradaky hekaýaty getirýär. Bu hekaýat Kuranyň «Sura al-kähf» (Gowak süresi) diýen bölüminde berilýär. Magtymguly bu barada: ...Tä Isa gelinçä gaýym , Eshabyl-kähf ýatar gaýym , — diýip ýazýar.Gýotäniň «Diwanynda» bu ýordumyň şahyrana beýany berilýär hem-de şahyr şol ýedi sany ýigidiň we olar bilen uklap ýatan itiň «Hudaýyň emri bilen jennete girendigini» ýazýar. Görşümiz ýaly, Gýotäniň «Günbatar- gündogar diwanynda» beýan edilýän mowzuklar, ýordumlar suratlandyrylýan keşpler beýik Magtymgulynyň döredijiligi bilen hem birigip gidýär. Bu tötänleýin däl, çünki her bir halkyň milli şahyry dünýä medeniýetinden üzňe ýaşamaýar. Ol dünýä edebiýatynyň gazananlaryny öwrenip soň beýiklige ýetýär. Beýik nemes gumanisti, ynsanperwer şahyry Gýotäniň Gündogar halklarynyň baý edebiýaty, taryhy, medeniýeti bilen içgin gyzyklanmagy onuň doredijiligini, nemes edebiýatyny täze mowzuklar, keşpler we çeperçilik tärleri bilen baýlaşdyrypdyr hem-de nemes halkynyň, şeýle-de Ýewropa halklarynyň Gündogar medeniýeti, edebiýaty baradaky düşunjeleriniň öňküsinden has giňemegine täsir edipdir. Bu bolsa öz gezeginde dünýä halklarynyň özara gatnaşyklarynyň dostlukly ösmegine uly goşant bolup durýar Romanguly Mustakow "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |