02:02

Almaz Ýazberdiýew aradan çykdy...

Taryhda şu gün
Категория: Taryhda şu gün | Просмотров: 526 | Добавил: sylapberdimuhamov | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhda şu gün bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 17
0
1 Remezan  
1397
Jaýy Jennet bolsun! Iman baýlygyny bersin!

0
2 Pegass  
1546
Yzy ýarasyn, imany hemra bolsun.

0
3 seyitliyewmaksat  
1182
Ylmy ýaly imany hem baý bolsun-da halypanyň!

0
4 Haweran  
411
Edebiýat, taryh ugrunda sowet döwründen galan bary-ýogy iki professorymyz bardy.
On günüñ içinde ikisi-de bakyýete göç eýledi.
Alla iman äkidenlerden etsin. Ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun.
Hakyky intellektlerimiziñ hatary mazaly selçeñledi. Magtymguly "Bedew ölse meýdan galar armanly..." diýýär, gugaryp galan armanly meýdanlarymyzda olaryñ ýerini doldurjak bedewler ýetişse ne ýagşy...
Hernä, yzynda galanlaryñ, ýakynlarynyñ ýüregine Alla giñlik bersin.

0
5 Azat_Nurgeldi  
283
Yzy ýarasyn, iman baýlygyny bersin Allajan.
Aşaky suratda Almaz aganyň ýanyndakylar eýranly gardaşlar Aba işan bilen Sobhan (Suhan) Salarinia öýtýän ýalňyşmasam. Magtymgulyň günlerine gelipdiler.

0
6 sylapberdimuhamov  
1428
Hawa, dogry bellediñ, Haweran! Myratgeldi agamyz hem gitdi.

0
7 Bagabat  
43
Iman baýlygyny bersin!
Pahyryň ýazan ylmy işleri, kitaplary taryhymyzy öwrenmekde gaty uly kömekdi. Her gezek taryhy bir zat ýazjak bolsaň, şol döwürler barada maglumat agtaryp, hökman Almaz aganyň kitaplaryny dörmeli bolýar. Kitaphanalar hakda maglumatlar, rowaýatlar, täsin düşündirişler, şol döwürlerde howalanyp duran gadymy şäherleri: Merwi, Dehistany, Yzmykşiri, Ürgenji, Sarahsy, Nusaýy, Zemmini (Kerki), Amuly, Abiwerdi, Bagabady göz öňüňde dikeldýär.
Ýatan ýeri ýagty bolsun, bendäniň!
Juda kän iş etdi, gowy iş etdi.
Adyny taryha girizdi.

0
8 Garayolly25  
1449
Iman baylygyny bersin. Ýatan ýeri ýagty bolsun.

0
9 Haweran  
411
Ikinji suratdaky Aba işan diýenleri aýdyşlaryndan Magtymgulynyñ neberesindenmiş...
Şeýle gürrüñiñ başyny başlanam žurnalist Atamyrat Şagulyýew. Ýalñyşmasam, 90-njy ýyllaryñ ahyrlarynda onuñ bu barada "Edebiýat we sungat" gazetinde makalasy hem çykypdy.
Şu ýerde meni bir ýakymsyz sorag biynjalyk edýär. Eger Magtymguly zürýatsyz öten bolsa, iki dogany Abdylladyr Mämmetsapa hem ýat illerde dereksiz ýiten bolsa, onda onuñ neberesi kim bolýarka?
Hiç kimiñ şahsyýetine dil ýetirmek islämok. Şu prinsipe berk eýermek bilen bir hatarda aşakdaky hakykatlary aýtmasak bolmaýar. Ýöne şu suratdaky Aba işan Magtymgulyñ hiç zady däl. "Magtymgulyñ neberesi" sözüni bylar maska edinip ulanýar. Özlerem ne Magtymgulyny bilýär, ne edebiýaty. Işan adyny alşy-da düşnüksiz...
Muny ony ýakyndan tanaýan birnäçe adamyñ güwä geçendigi ü.n şu ýere ýazmaga het edýärin.
Ýeri, Aba işan şeýlemiş diýeli. Biziñ käbir žurnalistsumaklarymyza näme diýsene?.. Ol bärik gelende, biri oña Magtymguly hakda on sany sowal taýýarlapdyr. Sowallary okasañ, güljegiñem bileñok, aglajagyñam. Şeýleräk soraglar bar:

"- Meňliniň soňky ykbaly barada maglumat barmy?
- Eýranda häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek we wagyz etmek bilen bagly nähili işler alnyp barylýar.
- Garry mollanyň we Magtymgulynyň golýazmalary barada nähili maglumatlar bar?
- Häzirki wagtda Aba işanyň hojalygynda Garry molla we Magtymgula degişli nähili gymmatlyklar saklanylýar?
- Käbir maglumatlarda Muhammetsapa Owganystandan gaýdyp gelip, öýlenipdir, häziki wagtda onuň hem nesil-neberesi ýaşaýar diýilýär. Bu dogrumy?
- Ýene bir maglumatda Muhammetsapanyň neslinden bolan gyzy Aba işanyň neslinden bir oglan nikalap alypdyr diýilýär. Bu dogrumy?"


Žurnalist bolşuña seniñ bir... Şu soraglarda Magtymgula we onuñ döredijiligine degişli näme bar, özüñiz aýdyñ?
Aba işan diýilýän bu soraglara nirden jogap tapsyn... Oñ özi bisowat adam. Durmyşyn suw gysymlan ýaly gürrüñiñ garşysynda agzyna suw alan ýaly bolup. Şeýle adam nämüçin metbugatda uly şowhun bilen garşylanýar, kim garşylaýar...
Men-ä düşünmedim.
"Magtymgulyñ neberesinden" diýilýänleriñ diñe 90-njy ýyllardan añyrsyny alyp göreliñ: Birinde - 100-200 ýylyñ dowamynda, ýedi arkasynda Döwletmämmet, Mämmetsapa, Magtymguly adyny goýan ýok, adatça, türkmende ata-babañ ady dakylyp-gaýtalanyp dur-a... Türkmenlerde ogly atasynyñ, kakasynyñ, babasynyñ adyny dakma däbi bar. Bular bolsa, 90-njy ýyllardan soñra Magtymguly we Azadynyñ, Zübeydanyñ, Abdyllanyñ adyny dakmaga başlayarlar. Ondan öñ bu atlary name üçin dakmadylarka?
Ata işanyñ dädesi Nazarmämmmet magsym, onuñ kakasy Annagurban magsym. Ogullary Aba işan, Söýün magsym...
Ata işanyñ ogullary Gara işan, Aba işan, Şerif işan....
Hiç haýsynyñ ogul-gyzynda Magtymgulynyñ we doganlarynyñ ady ýok.
Magtymgulynyñ neberesiniñ ýoklugy hak, ýöne bylar Azadynyñ haýsy oglundan gaýdýarka, bir bilsek bizem.
Surat berleni kemem bolmady, az-owlak temanyñ çäginden çykanam bolsam. Bagyşlañ. Herhal hakykaty bilen ýagşy. Ýok ýerden işan ýasajak bolup, añrymyzdan beýiklere ilteşýän bag tapjak bolup garaheläk bolýan, özüçe mif ýasaýan žurnalistleriñ ýazýan zady biraz seljerilip metbugatda berilse ýagşy.

0
10 MURGAP  
1401
Alyp bilen aýallary barada aytjak zadym yok weli, eger ol kimem bolsa Magtymguly atamyzyñ neberesi bolýan bolsa, doglan ýyly hakda takyk ýyly bolmasa-da şoña golaý maglymat, näçe ýaşap dünýeden ötenligi barada ýazgy (halys bolmanda ýatlama) bolmaly.

0
11 Azat_Nurgeldi  
283
Haweran, sen Ata işan diýýäň welin, bize Aba işan diýip aýtdylar. Ikimiziň birimiz-ä ýalňyşýas öýdýän.

0
12 Azat_Nurgeldi  
283
Galyberse-de, alymlar millionlarça ýyl mundan öň ýaşap geçen jandarlaryň (Dinozawrlaryň) "syryny" açyp ýören döwüri, biz öz akyldar şahyrymyzyň bary ýogy üç asyr öňki durmuşyny takyk anyklap bilemzok. Bir näçe Magtymgulyşynaslar bir näçe çaklama ýazdylar, ýöne olar çaklama. Hakykat biz üçin ýat bolup galýar. Olam şol üç asyryň dowamynda özüne bähbitli "hakykaty" ulanyp, halkyň beýnisini "çaýkadylar". Meniň özümä Magtymgulyň biografiýasy babatda Oraz Ýagmyryň getirýän delillerine ynanasym gelýär. Bagyşlaň bu gürrüňler ýas ýeriniň gürrüňem däl welin. Ýene bir gezek ötünç soraýaryn.

0
13 sylapberdimuhamov  
1428
Oraz Ýagmyryñ Magtymgulynamasy çeper monografiýa. Gaty gowy ýazylan eser. Menem birki gaýta okapdym. Ýene okasym gelýär.
Pyragynyñ ömür ýoly, biografiýasynda ak tegmiller, bu özi aýratyn tema. Şol döwrüñ ýagdaýyna syn berseñiz, yzy üzülmeýän talañçylyklar, ýazmag-a beýlede dursun, ýaşamak mümkin däl. Gelen ýagy seniñ çaga-çugañy, aýal-ebtadyñy goýanok, garryñy goýanok. Kitap-depderiñ-ä topy bilen küle öwrüp barýar.
Hälem türkmen diýen garamañlaý şeýle bir çydamly millet. Şol gowganyñ içinde okap, ylym alyp biljegi gorapdyrlar.

0
14 sylapberdimuhamov  
1428
Şu ýerde ýaşulylardan eşiden gürrüñim ýadyma düşýär. 37-iñ tutha-tutlugynda obamyzyñ (garadaşlynyñ) işanyny halk gorap bilmänsoñ, Porsy tarapa göçüripdirler. Şol ýeriñ çowdurlary işan agany NKWD-niñ jellatlaryndan eýdip-beýdip gorap bilenmişler. Obanyñ işany bolsa Hywanyñ medresesini bitiren sowatly, hemem ot-çopden melhem yasap bilýän hekim eken.
Gürrüñ berişlerine görä, NKWD-niñ ysgaw itleri oba gelende işan agany ýandak küdaniñ arasynda gizleýän ekenler.

0
15 sylapberdimuhamov  
1428
Aba işan dagy Döwletmämmet Azadynyñ gazak aýalyndan bolan Kahyrgulydan gaydan diýdiler öýdýän.
Doğrusuny Alla bilýär.

0
16 Yusup  
50
Magtymguly barada maglumatmy? Ony hiç ýerden tapmarsyň. Türkmenlerde ilkinji diplomatyň biri Gylyç Kulyýew otuzynjy ýyllaryň aýagynda, kyrkynjy ýyllaryň başynda Eýranda konsul bolup işlände. Onuň nebereleri bilen duşusupdyr. Galanja bir golýazma, olam Azadynyň depderlerine ýazan syny. Ýalňyşmasam şol depder Aşgabatda saklanýar öýdýän.

0
17 Yusup  
50
ýene birzat Ata işan Meňli barada hiç zat bilenok eken

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]