19:26 Harby "attaşe" | |
HARBY «ATTAŞE»
Taryhy makalalar
«Attaşe» — (attache) fransuz sözi bolup, öz gözbaşyny bu diliň «berkidilen» işliginden alyp gaýdýar. Taryhda «Attaşe» sözi diplomatik wekilçilik bilen iş sapara ugradylan adamy aňladypdyr. Attaşe, bu kiçi diplomatik wezipedir. ХIХ asyryň başynda şol döwrüň öňdebaryjy ýurtlary bolan Russiýa we Fransiýa resmi taýdan ilçihanalara degişli bolmadyk harby diplomatik wekilleriniň alyş-çalyş meselesini ilkinjileriň hatarynda bolup ýola goýupdyrlar. 1810-njy ýylda imperatorlar adýutantlaryny (generaladýutant we fligeladýutant) alyş-çalyş edipdirler. Harby attaşeler diplomatiki wekilleriň harby meseleleri boýunça geňeşçisi bolup, diplomatiki işgärleriň peýdalanýan artykmaçlygyndan olaryň hem deň-derejede peýdalanmaga hukuklary bolupdyr. Attaşeleriň hemme görnüşleride diplomatik toparyň hataryna girizilýär we diplomatiki ýeňilliklerden we aýratyn hukuklardan peýdalanýarlar. Ýeňillikler we eldegrilmesizlik diplomatik institutynyň ösüşiniň tutuş taryhy döwründe, dürli döwletleriň adatlary we däpleri nazara alynmak bilen emele gelipdir. Gadymy Hindistanyň keramatly Kanunlarynda (Manunyň kanunlary) ilçä el galdyrmak gadagan edilipdir. Olaryň Hudaýyň howandarlygynda bolan adamdygy (olaryň missiýasyna parahatçylyk bagly bolupdyr) sebäpli, ilçä el galdyrmaga hiç kesiň hukugy bolmandyr. Gadymy Gresiýada we gadymy Rimde ilçini eldegrilmesiz hasaplapdyrlar. Ilçiniň eldegrilmesizliginiň bozulmagy «halkara hukugynyň» bozulmagy hasaplanylypdyr. «Eger-de kimde kim keseki ýurduň ilçisine zyýan ýetirse, bu ýagdaýa halklaryň hukugynyň bozulmagy hökmünde garalýar, sebäbi hemme ilçiler keramatly şahslar diýlip ykrar edilýär» diýip, Rim hukukçysy ilçilik eldegrilmesizligini düşündiripdir. Biziň döwrümizde diplomatik wekilhanalaryň, olaryň baştutanynyň we işgärleriniň ulanýan ýeňillikleri we eldegrilmesizlikleri ikitaraplaýyn ylalaşyklar we köptaraplaýyn konwensiýalar bilen düzgünleşdirilýär. Olar doly suratda 1961-nji ýylda Wena Konwensiýasynda beýan edilýär. Käbir ýurtlarda Wena Konwensiýasy milli kanunçylyga girizilýär, käbir ýurtlar bolsa ýörite kanunlary kabul edýär. Diplomatik ýeňilliklerine we eldegrilmesizliklerine şu diplomatik işgärler eýedir: diplomatik wekilhananyň baştutany, wekiller, geňeşçiler, I, II, III sekretarlar, attaşeler, sekretar arhiwçiler, söwda wekilleri, olaryň orunbasarlary, söwda geňeşçileri (attaşeler), goranmak boýunça attaşe we olaryň kömekçileri, ýörite attaşeler (ylym, medeniýet). Artykmaçlyklar we eldegrilmesizlikler diplomatik işgärler bilen ýaşaýan olaryň maşgala agzalaryna hem ýaýradylýandyr. Halkara diplomatik tejribesinde attaşeleriň aşakdaky derejeleri bar. 1. Harby, harby deňiz, harby howa attaşeleri. 2. Ýörite attaşeler — döwletiň dürli edaralarynyň wekilleri. Meselem, senagat, oba-hojalyk, söwda, medeniýet, ylym, tehnika we başga ulgamlar boýunça. Bu ulgamlar boýunça attaşelik wezipesine ýörite hünärmenler bellenilip, olar öz bolýan ýurtlarynda öz ugurlary boýunça işleriň guralyşy, alnyp barlyşy hakyndaky meseleleri öwrenýärler. Şu ulgamlar boýunça öz ýurdy bilen attaşe bolup işleýän döwletiniň arasyndaky bolan aragatnaşygy saklamaklygy we berkitmekligi öz öňlerinde wajyp mesele edip goýýarlar. 3. Neşirýat attaşeleri — diplomatiki wekilçilikde neşirýat we habarlar boýunça jogapkär işgärler bolup durýarlar. 4. Diplomatiki attaşeler — diplomatiki wekiliýetiň we daşary işleriň merkezi diwanynyň kiçi diplomatik işgäri. 5. Hormatly attaşeler (daşary ýurtlaryň tejribesinde) diplomatiki wezipäni saýlan, ýöne düzüme girmedik, aýlyk hakyny almaýan şahslar. Terjime eden Güljan BEGÇÄÝEWA, Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |