PILLI GOŞUN
Häzirki zaman baş ýörelgesiniň nukdaý nazaryna esaslanylsa, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Hindistan döwletiniň esasy goşuny pilli goşun bolupdyr. Hindi harbylary pilli goşunlaryny söweşlerde ussatlyk bilen ulanyp, söweş meýdanlarynda uly ýeňişleri gazanyp bilendikleri barada butparazlyk döwrüniň mukaddes ýazgylarynda bellenip geçilýändigine duş gelmek bolýar. Olaryň harby goşunlaryndaky esgerler pillere gowy ideg edip, baş öwredipdirler.
Söweşlere gatnaşýan piller häzirki zaman bronlanan maşynlaryň ýerine ýetirýän wezipesini ýerine ýetirip, duşmanyň goşunlarynyň hataryny, germewlerini, derwezelerini we beýleki gorag böleklerini derbi-dagyn edipdirler. Kämahallar harby goşun derýadan geçende pilleri diri köpri hökmünde hem ulanypdyrlar. Söweşe gatnaşýan pilleriň arkalaryna minarajyklary oturdyp, onda ýaýlar we naýzalar bilen ýaraglanan atyjylary ýerleşdiripdirler. Söweş meýdanynda atly goşun peýda bolýança, harby pilli goşun, duşmanyň pyýada goşuny üçin uly howp döredip bilipdir.
Ýurtda şäherleriň goragy gowy gurnalypdyr. Diwarlaryň üstünde diňler ýerleşdirilip, daş ýüzünde çuň we giň garymlar gazylypdyr. Diňlerde durýan esgerler şähere ýakynlaşýan kerwenler, adamlar barada habar beripdirler.
■ GADYMY PARS GOŞUNLARY
Gadymy parslaryň harby goşunyndaky esgerler gysgajyk gylyçlardan we naýzalardan peýdalanypdyrlar. Söweşde esgerleri duşmanyň oklaryndan goramak üçin ýörite galkanly esgerler bolupdyr. Söweş wagtynda olar ýaýdan ok atýanlar bilen bile hereket edipdirler. Pars goşunlarynyň esasy bölegini ýaýlar, gysga naýzalar, gylyçlar, gamalar bilen üpjün edilen harbylar düzüpdirler. Parslaryň esasy ýaragy ýaý bolupdyr.
Pars goşunlarynda atly goşun zarply hasaplanypdyr we söweşiň netijesiniň üstünlikli bolmagyna öz täsirini ýetirip bilipdir. Atly goşun iki topara bölünipdir: agyr we ýeňil. Parslar atly goşunlaryny söweşde ýaralanmakdan goramak maksady bilen, ýeňil gaýyşdan taýýarlanan harby enjamlary ulanypdyrlar. Parslarda esasy atly goşundan başga düýeli goşunlary hem bolupdyr. Bu hili goşun parslara söweşde mekirlikleri ulanmaklyga ýol açypdyr. Duşmanlaryň hiç haçan düýe görmedik atly goşunlarynyň atlaryny ürküzmek, hatarlaryny bozup gaçmaklaryny gazanmak maksady bilen düýeli goşuny öňki hatarda ýerleşdiripdirler. Düýeli goşunyň parslar üçin amatly tarapynyň biri hem olaryň uzak ýola çydamlylygy bolupdyr.
Güljan BEGÇÄÝEWA.
Taryhy makalalar