23:38 Harby gulluk boýunça ähli sorag-jogaplar / türkmen dilinde | |
■ Sorag-jogap 1. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda näçe ýaş aralygyndaky raýatlar harby gulluga çagyrylýar? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmaga degişlidir. 2. Men öz hasabyma daşary ýurdyň ýokary okuw mekdebinde okaýaryn we gyşky ýa-da tomusky dynç alyş rugsadyma gelenimde, meni harby gulluga alyp giderlermi? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň (internaturalar, aspiranturalar, doktoranturalar muňa girmeýär), orta hünär okuw mekdepleriniň gündizki bölüminde okaýan raýatlara, eger olar öň şeýle okuw mekdeplerinde okamadyk bolsalar - okuwyň möhletine barabar, ýöne 26 ýaşdan geçmedik raýatlaryň çagyryş boýunça harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilýär. 3. Ýurdumyzyň haýsy ýokary okuw jaýlarynda harby kafedralar bar? "ätiýaçlykdaky serkerdeleri we raýat goranyşynyň şepagat uýalaryny taýýarlamak boýunça okuw merkezini döretmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2014-nji ýylyň 4-nji noýabrynda çykaran 13940-njy kararyna laýyklykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bar bolan harby kafedralar ýapylyp, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň düzüminde ätiýaçlykdaky serkerdeleri we raýat goranyşynyň şepagat uýalaryny taýýarlamak boýunça okuw merkezi döredildi we häzirki wagtda şol Okuw merkezinde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary zerur bolan harby hünär ugurlary boýunça taýýarlanylýar. 4. Näme üçin ätiýaçdaky harby gullukçylar ýene-de wagtlaýyn gulluga çagyrylýar? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 52-nji maddasyna laýyklykda ätiýaçlykda bolýan raýatlar harby gulluga taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hem-de harby tehnikany öwretmek we hyzmat etdirmek üçin harby ýygnanyşyklara, ýagny "harby borçly raýatlaryň bilimlerini kämilleşdirmek, şeýle hem söweşjeň, mobilizasiýa we harby taýýarlygyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen olary harby bölümlere ýygnap, Türkmenistanyň ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda geçirilýän çärelere çagyrylyp bilner. ätiýaçlykdaky raýatlary harby ýygnanyşyklara çagyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň degişli namasy esasynda amala aşyrylýar. 5. Men maşgalada ýeke ogul we häzirki wagtda 1 ýaşly çagam hem-de maşgalam bar. Meni harby gulluga çagyrýarlar. Kime ýüz tutup bilerin? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynda: Şu raýatlaryň harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilýär: Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen raýatlardan başga-da, şu raýatyň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bardyr: Şu maddanyň 1-nji böleginiň 1, 2, 5 we 6 bentlerinde we ikinji böleginiň 1, 2 bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek ofiser harby adyny dakmak bilen ätiýaçlyga geçirilen raýatlara hem degişlidir. Çagyryş boýunça harby gullugy geçip, borçnama boýunça harby gulluga girip gullugyňyzy dowam etmek üçin etrap, etrap hukukly şäher harby wekillikleri hem-de beýleki goşunlaryň we harby edaralaryň ýerli birlikleri tarapyndan amala aşyrylýar. 7. Näme sebäpden ýokary okuw jaýlaryny tamamlanlara harby gullugyň möhleti 2 ýyl edildi? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 35-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendinde ýokary bilimi bolup, çagyryş boýunça harby gullugy geçýänler üçin - 12 aý diýlip görkezilen bendi güýjüni ýatyrdy. 8. çagyryş boýunça harby gullugymy üstünlikli tamamlanymdan soňra maňa ýokary harby okuw mekdeplerine girmäge ýeňillikler döredilýärmi? "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harby gullukdan boşan raýatlara ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk bölümlerinde (kurslaryna) girmekde artyk hukuk berilýär. Serkerdeleriň (başlyklaryň) beren teklipleri boýunça okuwa bäsleşiksiz girip bilmek hukugyndan (eger olar giriş synaglarynda oňat bahalar alsalar) peýdalanýarlar. 9. Harby gullukçylaryň pensiýalarynyň raýat gullukçylaryň pensiýalaryndan näme tapawudy bar? Harby gullukçylary we raýat işgärleri pensiýa üpjünçiligine goýulmagy ýaşlarynda tapawutlandyrylýar. Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryň harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşy erkek harby gullukçylar üçin 52 ýaş, zenan harby gullukçylar üçin 47 ýaş. Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň raýat işgärleriň aňryçäk ýaşy erkek raýatlar üçin 62 ýaş, zenan raýatlar üçin 57 ýaş. 10. Biziň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimize, asuda, parahat ýurdumyza goşunyň zerurlygy barada düşündiriş berseňiz? Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 13-nji maddasynda Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ýaragly Güýçler bardyr diýlip görkezilen. Harby doktrinanyň düzgünleri emele gelen harby-syýasy ýagdaýy we onuň ösüşini çaklamagy, Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerur bolan talaplaryny, şeýle hem häzirki zaman uruşlarynyň we ýaragly çaknyşyklarynyň mazmunyna we häsiýetine ulgamlaýyn seljermäni, harby gurluşyň we harby sungatyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky tejribesini nazara alýar. 11. Daşary ýurtlarda okaýan, çagyryş boýunça harby gullugy geçmedik talyplar nähili ýagdaýda harby gulluga çagyrylman okuwyny dowam etdirip bilerler? Raýatlary harby gulluga çagyrmak hakyndaky düzgünnamanyň 12-nji goşundysyna laýyklykda raýatlar okuwyny dowam etdirmekleri üçin, olaryň okaýandyklary barada daşary ýurtlaryň bilim edaralaryndan berlen kepilnamanyň ýa-da resminamanyň esasynda harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilýär. Raýatlar, olaryň ata-eneleri, ýakyn garyndaşlary ýa-da kanuny wekilleri tarapyndan her ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda harby hasapda durýan harby wekilliklere tabşyrylmalydyr. 12. Iki çagasy bar bolan çagyryş boýunça harby gullugy geçmedik raýatlar, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda işläp bilerlermi? Iki çagasy bar bolan çagyryş boýunça harby gullugy geçmedik raýatlar "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynyň 1-nji böleginiň 4-nji bendinde iki we şondan köp çagasy ýa-da maýyp çagasy bolanlary ätiýaçlyga geçirilýär. "Borçnama boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakynda" Düzgünnamada borçnama boýunça harby gulluga ätiýaçlykda bolýan raýatlar işe kabul edilip bilner diýlip görkezilen. 13. Garry adama hossar bolsun diýip ogullyga berlen çaganyň harby gullugy nähili bolarka? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynyň 1-nji böleginiň 2 bendine laýyklykda hossarlyga alanlara hemişelik ideg etmek bilen meşgullanýan adamlar, eger görkezilen raýatlara kanun boýunça ekläp-saklamaga we olar hakda alada etmäge borçly bolan başga adamlar bolmasa, şeýle hem olar doly döwlet üpjünçiliginde bolmasalar we hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparynyň netijenamasyna laýyklykda kesekiniň hemişelik seretmegine (kömegine, gözegçiligine) mätäçlik çekseler ýa-da I we II topardaky maýyplar bolsa ýa-da umumy esaslarda pensiýa bellemek üçin ýaşyna (erkekler - 62 ýaş, aýallar - 57 ýaş) ýeten garry adama hemişe seretmek üçin harby gulluga çagyrylmaga ýaşy ýetmedik çaga 18 ýaşy dolansoň çagyryş boýunça harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilýär. 14. Harby gullukçy gulluk döwri bilen bagly maýyp bolsa, gulluk we döwlet tarapyndan nähili ýeňillikler döredilýär? "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda harby gullugy ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly ýaralanan, şikes alan, kesellän ýa-da maýyp bolan harby gullukçylaryň saglygynyň bejerilmegi, seredilmegi we dikeldilmegi, şeýle hem harby gullugy ýerine ýetiren wagty wepat bolan harby gullukçylaryň aýallaryna (ärlerine), 18 ýaşa ýetmedik çagalaryna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şypahanalarynda, sagaldyş edaralarynda, şeýle hem dynç alyş öýlerinde tölegsiz dynç almaklary (ýylda 1 gezek) üpjün edilýär. Harby gullukçylar şypahanalarda keselini bejertmeklerini (gospital bejerişi) dowam etdirmäge iberilende, olara ýol haty mugt berilýär, şeýle hem harby-lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasyna laýyklykda ýol hatyny binobat almaga hukugy bardyr. 15. Türkmenistanyň ýaragly Güýçlerinde harby gullukçylar üçin ýaşaýyş jaý üpjünçiligi nähili? "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda döwlet harby gullukçylara ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegine kepil geçýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goşunlarynda borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara hem-de olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna täze harby gulluk ýerine gelen günlerinden beýläk üç aýdan gijä goýulman, ýaşaýyş jaý hakynda kanunçylykda göz öňünde tutulan kadalar boýunça bellenen tertipde ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Goranmak ministrligine we beýleki ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna peýdalanmak üçin paýlanan döwletiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýaşaýyş jaý gaznasyndan berilýär. 16. Aspiranturany okan raýatlar harby gulluga çagyrylýarmy? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasynyň 5-nji bendinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tassyklanylan alymlyk derejesi bolan raýatlar harby gulluga çagyryşdan boşadylýar diýlip görkezilen. 17. Harby hasap we harby gulluga çagyrmak çygryndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy jogapkärçilikleriň haýsy görnüşlerine eltip bilýär? Häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby hasap we harby gulluga çagyrmak çygryndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçiligiň iki görnüşi göz öňünde tutulan. Raýat harby hasap boýunça borçlaryny ýerine ýetirmändigi üçin administratiw jogapkärçiligine we çagyryş boýunça harby gullugy geçmekden boýun gaçyrandygy üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilýär. 18. ýokary okuw mekdepleri tamamlan raýatlar çagyryş boýunça harby gullugy geçip, borçnama boýunça harby gulluga girmek üçin näme etmeli? "Borçnama boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakynda" Düzgünnama laýyklykda Türkmenistanyň ýaragly Güýçlerine, beýleki goşunlaryna we harby edaralaryna borçnama boýunça harby gulluga girmäge isleg bildiren raýat ýaşaýan ýeri boýunça degişlilikde (Türkmenistanyň ýaragly Güýçlerine isleg bildirse, harby wekillige, beýleki goşunlaryna we harby edaralaryna isleg bildirse, olaryň ýerli birliklerine) bu barada bellenen tertipde arza berýär. Arzada raýatyň familiýasy, ady, atasynyň ady, onuň doglan senesi, ýaşaýan ýeri, raýatyň harby gullugy geçmäge isleg bildirýän Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň (beýleki goşunlaryň we harby edaralarynyň) birlikleriniň görnüşi görkezilýär. 19. Häzirki wagtda esgerleriň aýlyk haky näçe manat? Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň aýlyk wezipe haklary Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşylyp aýlyk wezipe haklary çyzgydy esasynda tölenilýär. 20. Gulluk wagtynda esger saglyk ýagdaýy ýaramsyz bolsa, onuň saglyk ýagdaýyna hassahanada seretmek üçin çykdajylaryny kim töleýär? "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddanyň 4-nji bölegine laýyklykda Harby-lukmançylyk bölümçelerinde, bölümlerinde hem edaralarynda harby gullukçylaryň lukmançylyk kömegini tölegsiz almaga hukugy bardyr. Harby gullukçylaryň harby gulluk edýän ýerinde ýa-da ýaşaýan ýerinde harby-lukmançylyk edaralary ýa-da olaryň degişli bölümleri bolmadyk ýa-da ýörite lukmançylyk enjamlary bolmadyk mahalynda, şeýle hem gaýragoýulmasyz halatlarda lukmançylyk kömegi döwlet saglygy goraýyş ulgamlarynda olaryň nirä tabyndygyna, şeýle-de lukmançylyk edarasynyň haýsy eýeçiligiň görnüşine degişlidigine garamazdan hiç bir päsgelçiliksiz hem-de tölegsiz berilýär. Harby gullukçynyň özüni bejertmek üçin harç eden serişdeleriniň öwezini oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hem-de özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary töleýärler. 21. Raýat 17 ýaşynda öz islegi boýunça çagyryş boýunça harby gulluga ugradylyp bilnermi? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasyna laýyklykda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýat harby gulluga çagyrylmaga degişlidir. Raýaty harby gulluga çagyrmak hakynda çözgüt ol 18 ýaşyny dolduranyndan soň kabul edilip bilner. 22. Harby gullugyň möhleti haýsy günden hasaplanyp başlaýar? Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2011-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran 11710-njy karary bilen tassyklanan "Borçnama boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakynda" Düzgünnama laýyklykda raýatyň harby gulluga çagyrylyp, harby wekillikden harby gullugy geçmeli ýerine giden güni harby gullugyň başlanan güni hasap edilýär. Harby gullugyň möhleti harby gullugyň başlanan gününden hasaplanýar. Şeýle hem, harby gullukçy harby gullukdan boşadylyp, harby bölümiň şahsy düzüminiň sanawyndan çykarylyp, harby bölüm tarapyndan berlen buýruk hatyndaky ýaşaýan ýeriniň harby wekilliginde harby hasaba durmak üçin kesgitlenen güni harby gullugyň tamamlanan güni hasaplanýar. 23. Haýsy ýagdaýlarda raýat çagyryş boýunça harby gullukdan boşadylýar? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda şu aşakdaky ýagdaýlarda raýatlar harby gulluga çagyryşdan boşadylmaga degişlidir: 24. Çagyryş boýunça harby gullugy geçen raýatlar näçe ýaşa çenli ýokary harby okuw mekdeplerine girmäge hukuklary bar? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 32-nji maddasyna laýyklykda orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen raýatlar - 24 ýaşy dolýança, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar bolsa, 25 ýaşy dolýança ýokary harby okuw mekdeplerine girmäge hukuklary bardyr. 25. Harby gulluga çagyrylmaga degişli ekiz raýat şol bir harby bölümde çagyryş boýunça harby gullugyny geçip bilermi? Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2012-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykaran 6204-nji Permany bilen tassyklanan, Raýatlary harby gulluga çagyrmak hakyndaky Düzgünnama laýyklykda çagyryş topary tarapyndan harby gulluga bir wagtda çagyrylýan ekiz doganlar, olaryň bilim derejesiniň, ýörite taýýarlygynyň, saglyk ýagdaýynyň we fiziki ösüşiniň hem-de beýleki görkezijileriniň birmeňzeşligi bolan ýagdaýynda harby gullugy geçmek üçin bir harby bölüme ugradylýar. 26. Haýsy ýagdaýlarda çagyryş boýunça harby gullukça goşmaça 10 günlik gysga wagtlaýyn rugsat berilýär? Höweslendirmelere harby gullukçylaryň terbiýelemegiň we harby düzgün-nyzamy berkitmegiň möhüm serişdesi hasaplanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda çykaran 1905-nji Permany bilen tassyklanan, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Düzgün-nyzam Düzgünnamasyna laýyklykda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara rugsadyň geçiriljek ýerine barýança we yzyna gelýänçä sarp ediljek wagty hasaba almazdan, 10 günlik möhlet bilen gysga möhletleýin dynç alyş rugsadyny bermek ýaly höweslendirmeler ulanylýar. Höweslendirme tertibinde gysga möhletleýin rugsat çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, söweşjeň taýýarlykda oňat we örän oňat görkezijiler bolan harby gullukçylar babatynda gulluga yhlaslylygy we onda tapawutlanandygy üçin berilýär. 27. Haýsy ýagdaýlarda çagyryş boýunça harby gullukçy bir harby bölümden başga bir harby bölüme geçirilip bilner? Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2012-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykaran 6204-nji Permany bilen tassyklanan, Raýatlary harby gulluga çagyrmak hakyndaky Düzgünnama laýyklykda harby gullukçylar harby gullugy geçmegi dowam etmek üçin: 28. Haýsy wagtdan başlap çagyryş boýunça harby gulluga gelen raýat harby gullukçy statusyna eýe bolýar we haýsy wagtdan başlap harby gullukçy statusyny ýitirýär? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" we "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, raýatyň harby wekilligiň çagyryş nokadyndan gaýdan gününden başlap harby gullukçy statusyny edinýärler. 29. Çagyryş boýunça harby gulluklaryny geçýän harby gullukçylara gullugynyň dowamynda nähili ýagdaýlarda öýjükli telefon ulanmaga rugsat berilýär? Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary - Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň başlygynyň 2015-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 61-nji buýrugyna laýyklykda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar harby gullugy geçýän döwründe harby bölümiň çäginde hususy öýjükli el telefonlary ulanmaklyk gadagan edilýär. 30. Çagyryş boýunça harby gullugymy geçýän döwrümde çeper eserleri okap, döredijilik işimi dowam etmek mümkinmi? "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar harby bölümleriň ýerleşýän ýerinde kitaphanalaryň we okalga zallarynyň hyzmatyndan, medeni aň-bilim hajatlary üçin niýetlenen emläkden, sport desgalaryndan hem-de abzallaryndan mugt peýdalanýarlar, kinolara we wideofilmlere tomaşa edýärler. 31. Ýokary bilimli çagyryş boýunça harby gullukçylar harby gullugynyň dowamynda öz okan ugur boýunça işler bilen meşgullanyp bilermi? Nähili mümkinçilikler döredilýär? Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2012-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykaran 6204-nji Permany bilen tassyklanan, Raýatlary harby gulluga çagyrmak hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullukçy harby wezipä hünär taýýarlyk derejesi, bilimi, ukyplary, beden taýýarlygy hem-de başarnyklary boýunça şol harby wezipä bildirilýän talaplara laýyk gelende bellenýär. Şunda harby gullukçy hünär taýýarlygynyň derejesi, onuň ruhy-ahlak taýdan ukyplary, saglyk ýagdaýy we beýleki ýagdaýlar nazara alynýar. 32. Çagyryş boýunça harby gullukça harby gullugyň dowamynda nika baglaşmaga rugsat berilýärmi? Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar hemişelik ýaşaýan ýerinden Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary tarapyndan nika baglaşýandygyny tassyklaýan resminamany alandan soň, harby bölümiň serkerdesi tarapyndan nika baglaşmak üçin goşmaça rugsat on senenama güni, olardan bäş gün nika baglaşylýan gününden öň berilip bilner. 33. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda (harby ýygnanyşyklarda) wepat bolan (aradan çykan) mahalynda ýa-da olar özleriniň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda (harby ýygnanyşyklarda) maýyp bolmagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselenmegi), kesele ýolukmagy netijesinde öwezini dolmak üçin nähili çäreler görülýär? "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Döwlet harby gullukçylaryň saglygynyň we janynyň goragyny kepillendirýär. Şeýle hem Kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara olaryň maşgala agzalaryna tölenýän birwagtlaýyn kömek pulunyň möçberi, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda (harby ýygnanyşyklarda) wepat bolan (aradan çykan) mahalynda ýa-da olar özleriniň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda (harby ýygnanyşyklarda) maýyp bolmagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselenmegi), kesele ýolukmagy netijesinde, olaryň wepat bolan (aradan çykan), maýyp bolan (ýaralanan, synasyna şikes ýeten, seňselän) güni kanun boýunça dowam edýän iň pes zähmet hakynyň 120 essesi möçberinde hasaplanylýar. Harby gullukçylaryň özleriniň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly (harby gullugy geçen döwründe alnanlar muňa degişli däl) maýyp bolmagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde olaryň şondan beýläk harby gullugy geçmäge mümkinçiligi bolmadyk mahalynda olara 5 aýlyk hak-heşdegi möçberinde, eger maýyplyk bellenilen bolsa ýyllyk zähmet haklarynyň: 34. Özümiň ukyp-başarnygym bilen bagly goşun görnüşinde gulluk etjegimi saýlap almaga mümkinçiligim barmy? Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Şeýle hem, harby gulluk - Türkmenistanyň ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda harby gullukçylaryň döwlet gullugynyň aýratyn görnüşidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2012-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykaran 6204-nji Permany bilen tassyklanan, Raýatlary harby gulluga çagyrmak hakyndaky Düzgünnamanyň 151-nji bölümine laýyklykda raýatlar goşun görnüşlerine bellenende, Türkmenistanyň raýatlaryny harby wekillikler tarapyndan harby gulluga çagyrmagyň we goşunlara ugratmagyň meýilnamasyna laýyklykda harby bölümleriň hünärmenlere bolan zerurlygy göz öňünde tutulýar, şeýle hem raýatlyk hünärine kybapdaş harby hünärler bolan harby bölümlere ugradylýar. 35. Näme sebäpden harby wekillik harby gullugyň başlanmagyndan öň meniň raýatlyk pasportymy alyp galýar? Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2012-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykaran 6204-nji Permany bilen tassyklanan, Raýatlary harby gulluga çagyrmak hakyndaky Düzgünnamanyň 94-nji bölümine laýyklykda welaýat ýygnanyşyk nokadyna ugradylmazdan öň, harby gulluga çagyrylan raýatlaryň pasporty we harby hasaba goýulandygy hakyndaky şahadatnamasy bellenen tertipde alynýar. Şeýle hem pasportyň ornuny tutýan harby bilet resmileşdirilýär hem-de pasportyny tabşyrandygy barada harby biletiň "Aýratyn bellikler" bölümine möhürçe basylýar. Raýat çagyryş boýunça harby gullugy tamamlap ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillige harby hasaba durandan soň, ýazgy edilen ýeri boýunça Polisiýa bölüminiň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümi tarapyndan onuň raýatlyk pasporty yzyna gaýtarylyp berilýär. 36. Döwlet ýa-da hususy edarada işläp ýören wagtym harby gulluga çagyrylan ýagdaýymda, gullukdan soňra ozalky işlän ýerimde işimi dowam etdirmäge mümkinçilik döredilýärmi? "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harby gulluga çagyrylmazdan (girmezden) ozal döwlet kärhanalarynda, döwlet edaralarynda ýa-da guramalarynda işlän raýatlarda şol öňki kärhanalaryna, edaralaryna ýa-da guramalaryna işe girmek hukugynyň, harby gullugy çagyryş boýunça geçen raýatlarda hem-de harby gulluga ätiýaçdan iki ýyllyk möhlete çagyrylan ofiserlerde harby gulluga gitmänkä eýelän wezipelerinden pes bolmadyk wezipeleri eýelemek hukugynyň harby gullukdan boşanlaryndan soň üç aýlap olaryň özünde saklanyp galmagyna harby gullukdan boşan raýatlara goşmaça hukuk bellenýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda harby borjuny ýerine ýetirmek üçin çekilýän işgärlere Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan kepillikler we ýeňillikler berilýär. ýagny, çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmagy netijesinde işden boşadylan işgärlere çagyryş boýunça harby gullugy geçip ätiýaçlyga iberilenden soňra, olaryň öňki işi (wezipesi), şeýle hem olar bolmadyk mahalynda, şol kärhanada ýa-da işgäriň razylygy bilen beýleki kärhanada şoňa kybapdaş iş (wezipe) berilýär. 37. Saglyk ýagdaýy, maşgala ýagdaýy we ş.m. zerarly çagyryş boýunça harby gullugy geçmezlik meniň geljekki durmuşymda nähili kynçylyklar döreder? Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir. 38. Harby gullugyň dowamynda dürli ýaraglardan ot açmaga mümkinçilik döredilýärmi? Söweşjeň taýýarlyk parahatçylyk döwründe harby gullukçylaryň gündelik işiniň esasy mazmuny hasaplanýar. Harby bölümlerde söweşjeň taýýarlyk meýilnamasy boýunça çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar bilen okuw sapaklary geçirilýär. Harby gullugy geçýän döwründe harby gullukçylara harby tehnikalar we ýaraglar berkidilýär, şol berkidilen harby tehnikalar we ýaraglar bilen ot atyş taýýarlygy geçirilýär. Harby gullukçylara ýeňil atyjylyk ýaraglaryndan we söweş ulaglaryň ýaraglaryndan we beýleki ýaraglaryndan häzirki zaman söweşlerinde, başarjaň we täsirli söweşi alyp barmagy öwretmek maksady bilen okuw sapaklary geçirilýär. 39. Çagyryş boýunça harby gullukçylara näçe wagtdan soňra nobatdaky harby ady dakylýar we nähili ýagdaýlarda? "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harby gullugy her bir harby at bilen geçmek üçin belli bir möhlet bellenýär. Hatarçy we matros (harby talyp) harby atlary esgerler, matroslar, seržantlar hem-de starşinalar düzümi üçin ilkinji harby atlary bolup durýar. Harby gullukçylara nobatdaky harby atlar düzüme görä eýeleýän wezipesi boýunça göz öňünde tutulan harby ada laýyk gelende ýa-da has ýokary harby at göz öňünde tutulan harby wezipäni eýeleýän bolsa, ozalky harby adynda harby gullugyň kesgitlenen möhleti dolmagy bilen dakylýar. 40. Hatarçylara dakylýan harby adyň gullukdan soň nähili ähmiýeti bar? Harby at - harby gullukça we harby borçla dakylýan harby tapawutlandyryş nyşany bolan at. Harby atlar harby gullukçynyň hut özüne dakylýar. 41. Harby gullukdan soňra, Türkmenistanyň ýaragly Güýçlerinde işe galmaga mümkinçilik barmy? Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2011-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran 11710-njy karary bilen tassyklanan, Borçnama boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakynda Düzgünnama laýyklykda çagyryş boýunça harby gullugy geçýär. # MilliGosun | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |