HASAN ATA
Aslyny dõrt çaryýarlaryñ biri Hezreti Osman razyallahu' anhyñ õwlatlarynyñ ilkinjisi Abdulla Ekberden alyp gaýdýan, halkymyzyñ arasynda Gõzli Ata ady bilen tanalýan Hasan Ata (Gul Gedaýy ) 12-13 asyrlarda häzirki aramgähi bina edilen gadymy Mañgyşlak ýaýlasynda ýaşap geçendir. Ol ylmy yrfany we tarykat esaslaryny beýik Türküstan welisi Hoja Ahmet Ýasawydan, şonun ýalyda dõwrün gõrnükli pirleri Şyh Nejimeddin Kubradan, Hekim Atadan ( Gul Süleyman Bakyrgadan) õwrenip dowam edýär.
Beýik tarykata eýeriji Gõzli Atanyñ ady meşhur pir Zeññi Atanyñ silsile ýazgysynda mõwjutdyr. Bar bolan çeşmelere gõrä onuñ magryfetine, gelejekde keramat we mugjyza sahyby boljakdygyna ynanan Hoja Ýusup Hemedanynyn sõýgüli sopusy Hoja Ahmet Ýasawy õz talyplaryny synaga salan mahaly õzünin hikmet we gudrat hasasyny Mangyşlaga tarap gõnderýär we olara hasanyñ hak eýesiniñ ''Mangyşlagyñ Hasany'' Muhup ibn Hasan (Gõzli) Atadygyny aýdýar. Bu Gõzli Atanyñ beýik piriñ tarykatyny dowam etdirijilerden boljakdygynyñ beýannamasydyr.
Gõzli Ata--Hoja Ahmet Ýasawydan zahyr ylymlaryny, onuñ talabalaryndan bolan Zeññi Atadan bolsa batyn ylymlaryny õwrenýär. Ol õzüniñ gõrkezen mugjyza -- ýardamy hem haýyr -- dogasy netijesinde Mañgyşlagyñ şol wagtky hõkümdary, orta ýüzüñ wekili Janybek hanyñ gyzy Aksuluwa (Aksynly enä) õýlenýär. Olardan üç ogul: Nur Ata, Omar Ata, Ybyk Ata( Ybraýym Ata) we iki gyz Akbibi hem Aýsuluw dünýä inýär. Häzirki wagtda bu uly õwlüýä Gõzli Atanyñ nebereleri dünýäniñ dürli künjeginde ýaşaýar. Olar dõrt çaryýarlaryñ biri Osmana berilen ''ata, ulla'' ýagny, ''ylym atasy'' tahallusynyñ manysyndan alynan ''Atalar'' taýpasyndandyr. Häzirki ''atalar'' õz nesil ýazgysyny Gõzli Atadan bäri ykjam dowam edip gelýärler. Atalaryñ Şejere ýazgysyna dünýäniñ her ýerinde ýaşaýan tire wekillerinde gabat gelmek bolýar we bu Nesepnamanyñ hakykatdygyny dürli dõwürlerde goýulan dürli mõhürler tassyklaýar.
Gõzli Ata õz dõwrüniñ gõrnûkli welisi, beýik magryfet eýesi, alym, şahyr, ''dyrnakda älem gõrüji'' we ''Hakyñ ylmyny halka ýaýyjy'' beýik pirdir.
Ruhlaryna el--Fatiha!
■ Rowaýat
Hoja Ahmet Ýasawy synag ücin hasasyny oklan ýeri Mangyşlaga düşensoñ Gõzli Atany şol ýere nesiliñi ýaýrat diyip ugradýar. Her ýere geleninde õz keramatyny gõrkezýär.
Mañgyşlagyñ hõkümdary düýş gõrýär.we düýşünde Hasan Atanyñ şol ýere barjagy hem gyzy Aksuluwy bermelidigi ayan bolýar.
Hasan Ata olaryñ obasyna baranda bir gyz çõrek bişirip dur. Bulam ondan suw soraýar. Gyz suw ýerine aýran hõdürleýär. Aýrany içen Hasan Ata gaby yzyna uzadyp çeşmäñe bereket diýeninde, gyzyñ eline baran gap ýene õñküsi ýaly doluluygyna barýar.
Bu ýagdaýy geñ gõren gyz kakasyna habar berýär. Bir gedaýyñ suw soranyny ol hem aýran berip, içeninden soñ ýene '' çeşmäñe bereket'' diýeninde gabyñ dolandygyny aýdýar.
Hõkûmdar şol ýat adamy getirmeklerini talap edýär.
Düýşünde gõreniniñ şol gyzyny bermeli adamdygyny duýýar. hem Hasanda bir keramatyñ bardygyny syzyp oña gyzyny nikalap bermekçi bolýar.
Gyzy bir õtegçä õzüni bermekçi bolýan kakasyndan gaty gõrüp ýüzüni kesä sowýar. Şol wagt hem gyzyñ boýny towlan tarapyna doñup galýar. Gyzyn içinden eden pikirleri aýan bolup oturan Gõzli Ata gyzyñ boýnuna elini degirer degirmez boýny õñki ýaly düzelýär.hem keramaty şol ýerde aýan bolýar.
Gõzli Ata hõkümdaryñ buýrugyny ýerine ýetirip onun gyzy bilen nikalaşýar. emma ony aýaly hõküminde kabul etmeýär.
Gyzy õýlerine gaýtarylyp getirilenden soñ gyzyny Gõzli Atanyñ aýal hõküminde kabul etmedigini bilen baý Gõzli Atadan sebäbini soraýar. Onda Gõzli Ata oña ,, meniñ derejäme ýetsin, ýedi gapa dilegçilik etsin'' diyip şert goýýar. Gyz bu şerti ýerine ýetirýär. Soñ Gõzli Ata gyzy täzeden nikalap alýar.
Şondan soñ Gõzli Atanyñ hyzmatynda bolýar.
Gõzli Ata günde '' dyrnagynda dünýäni '' gõrmek ukybyna eýe bolansoñ her gûn seredip gõrüp biler eken. Emma bir gün dyrnagyna seretse hiç zat gõrünmändir.
Muña geñ galan Gõzli Ata maşgalasyna bu ýagdaýy aýdýar. Aksuluw ene bolsa Gõzli Atanyñ õñünde dyzyna çõküp aglamaga başlaýar. '' Men her zaman täretli gezerdim, Sana çaý berjek bolsamda hokman täret alardym, emma şu gün çaý diýip gaty gyssañsoñ täret alyp ýetişmedim, belki sebäbi şoldyr'' diyýär.
Onda Gõzli Ata õzüniñ derejesinde halal maşgalasynyñ payy bardygyny nygtap, Aksynly mama hormat bildirip
'' Maña zyýarata gelenler ilki saña zyýarat ederler'' diýip nesihat edýär. Şeýle nesihatyny tutup häli häzirlerem zyýarata baran adamlar ilki Aksynly mamanyñ guburyny zyýarat edýärler.
Aksuluwuñ Aksynly adyny almagyda elmydama õz ýanýoldaşyna täretli halal hyzmat edenliginden galypdyr diyip halk içinde rowaýat bar.
Taryhy şahslar