19:02 Her bir zady öz bolşy ýaly görüñ | |
HER BIR ZADY ÖZ BOLŞY ÝALY GÖRÜÑ
Publisistika
Günbatarda adaty hasaplanýan, geñ görülmeýän we Gündogara zor bilen kabul etdirilmek islenýän medeniýet iñ soñky medeniýet däl. Şu ýylyñ 29-njy noýabrynda dünýä başga buljumda, ABŞ düýbünden başga buljumdady. Bütin dünýä 1947-nji ýylyñ şu gününde Palestinany ikä bölmek hakdaky kabul edilen kararynyñ we palestin halkynyñ o taýdan-bu taýa çenli ýerlerini yzyna almaga dyrjaşmagynyñ gürrüñini edýärkä, ABŞ özüne mahsus bolşunyñ ilkinji mysaly bolan kanunnamany Senatdan geçirdi. Jynsdaşyñ bilen nikalaşmagy kepillik astyna alýan kanunnama parlamentde garşy çykan 36 sese derek 61 agzanyñ ses bermeginde kabul edildi. Waşingtonda bu kararyñ kabul edilme prosedurasyny yzarlanlar Senatda şeýle köplükde berlen razylygyñ Ýokary Suda barýan ýoluñ öñüni bentländigini we şeýlelikde garşylyklaýyn karar kabul edip bolmaýandygyny aýtdylar. Abort boýunça çykarylan kararda-da şuña meñzeş ýagdaý gaýtalanypdy. ABŞ-lylaryñ bu kanunnamany "Är-aýallyga hormat kanuny" diýip atlandyrmagy geñ. Gürrüñsiz, olar muña islän atlaryny berip bilerler, emma ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýdeniñ täze kabul edilen kanun baradaky aýdan sözleri ünsüñi çekýär: "Söýgi - söýgüdir. ABŞ-lylar kimi halasa, şonuñ bilen nikalaşmaga haklydyr". Beýleki bir tarapdan täsin kanunyñ has soñ Wekiller mejlisinde ses Berlinale goýuljakdygy, üçünji we iñ soñky dördünji tapgyrda bolsa kanuny güýje girizmek üçin başlygyñ gol çekjekdigi aýdyldy. Kanunnama Wekiller mejlisiniñ gün tertibine goýlanda we yzyndan Senatdaky ýaly köplügiñ razylygyny alsa, bu ädim umuman Günbatarda, esasanam ABŞ-da muña salgylanýan beýleki ädimleriñem soñky menzili bolar. Biriñiz 2020-nji ýylyñ iýunynda çap edilen habarlara ser salsa, bularyñ arasynda şeýle habaryñ bardygyna gözi düşer: "Ýewropa Bileleşigi Missiýasynyñ Bagdatdaky binasynda gomoseksualistleriñ baýdagyny asmana galdyrdy, beýleki daşary ýurtly guramalaryñ şahamçalary-da onuñ talan nysagyna eýerdiler. Bu ýagdaý Yragyñ paýtagtynda goh-galmagalyñ döremegine sebäp boldy we galmagalyñ ýañy parlamentde eşidildi. Yrakly deputatlaryñ muña gahary gelip, hökümetden emele gelen ýagdaýy soñlandyrmak üçin degişli işleri geçirmekligi talap etdiler. Gahar-gazaba atlanan mejlis edara binasyna gomoseksualistleriñ baýdagyny asan guramalaryñ bular ýaly hereketleri amala aşyrandaky azatlyklaryny inkär edenok, ýöne ünslerini olaryñ ýurdunda ýol berilen zatlara Yrakda ýa haýsydyr bir arap paýtagtynda ýol berilmejekdigine çekýär. Guramalaryñ bu boýunça ünsli bolmagy we muña hormat goýmagy gerek, çünki olaryñ ýurdy öz ýerlerinde ýaşaýan araplary we musulmanlary urp-adatlaryna, kada-kanunlaryna borçly edýär. ÝB-niñ Missiýasynyñ muña milt etmek üçin nähili töwekgellige baş goşandygy, beýleki guramalaryñam munuñ mümkin däldigini oýlanyp-ölçermezden oña nädip eýedendigi belli däl. Ýogsam bolmasa, Mesipotamiýanyñ we arap ýurtlarynyñ hemmesiniñ paýtagtynda bular ýaly zady aklyna-oýuna getirjegem, kabul etjegem ýok. Ol guramalar diplomatik edaralardyr. Islendik guramanyñ ýa edaranyñ işleýän ýerindäki ýurduñ kanunlaryny bozmazlygy durnukly diplomatiýanyñ esasy prinsiplerine girýär. Islendik ýurduñ öz ýerinde kanunlary bozýan diplomaty "islenmeýän adam" kategoriýasyna goşup, ýurtdan çykmagy talap etmäge hukugy bar. Emma Bagdatda şeýle baýdaklaryñ ýokaryk galdyrylmagynyñ üstünden heniz bir ýyl geçmänkä ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Antoni Blanken bilen duşuşmaly boldy. Ministr Blinken amerikan paýtagtynda ministrligiñ binasynda şeýle baýdaklaryñ pasyrdap durandygyny, eger ýurdunyñ ilçihanalary islese, muña eýerip biljekdigini aýtdy. Şeýle gürrüñ geçen ýylyñ iýun aýynds bolup geçdi. Blinken şu aýyñ 26-nyñ her gyl gomoseksual nikanyñ kanunylaşmagynyñ bellenýän gününe gabat gelendigini, ministrligiñ binasyna baýdak asmagyñ köpdürlilige we deñlige hormat goýmagyñ alamatydygyny aýtdy. Munuñ özi, kanunnamanyñ Senatda oñlanmagy birdenkä boşlañlykda çykan zat däl-de, ondan öñ dowam edip gelen ýagdaýlara esaslanýan netijedir. Şumat Kataryñ paýtagty Dohada bolup duran Dünýä çempionatynyñ oýunlaryna tomaşa edýänler bu meseläniñ howada asyl-asyl bolup galandygyny añşyran bolsalar gerek. Katar stadionlarynda şeýle baýdaklaryñ bolmagyna garşy çykdy welin, halkara habar beriş serişdelerinde gazaply hüjüme uçrady. Aslynda Kataryñ beýtmegi mesele döretmek ýa-da diñe garşy çykmak bilen baglanyşykly däldi, tersine ahmallyga salyp ýa-da göz ýumup bolmajak durnukly arap ýörelgelerine baglylyk bilen baglanyşyklydy. Katara garşy gönükdirilen hüjümler hamana mukaddeslikleri we ylahy kitaplaryñ edýän talaplaryny bozan ýaly ýygjamlaşdy. Doha bu meselede berk durdy. Bu berklik esasan halkynyñ we umuman alanda arap däp-dessurlarynyñ gomseksuallaryñ isleglerini kabul etmeýänliginden gelip çykýardy. Dohanyñ berk garşylygy ýazgarmalara we kemsitmelere uçramagyna sebäp bolsa-da, yza ädim ädesi gelmedi. Sebäbi özüniñ, halkynyñ, tutuş araplaryñ we musulmanlaryñ gözüniñ öñünde yza ädim ädip bilmezdi. Emma stadionlar katarlylaryñ bu berk garşylygyny basyp ýatyrmaga edilen synanşyklara-da şaýat boldy. Germaniýanyñ Içeri işler ministri Nensi Fezer ýurdunyñ ýygyndy toparyna janköýerlik etmek üçin tribunalara çykanda penjeginiñ aşagyndan gomoseksual rozetkany goluna dakdy we yzyndan penjegini çykaran bolup, köpçüligiñ gözüniñ önünde rozetkasyny güjeñledi. Nemes ministri golundaky rozetkasyny görkezenine begenip, ýarylaýjak bolýardy. Halkara Futbol federasiýasynyñ (FIFA) prezisenti Janni Infantinonyñ ministriñ öñünde durup, eli bilen rozetka ümlände, hamana, ministriñ begenjini paýlaşýan ýaly gülümsiremeginiñ özü-de täsindi. Hiç kim Infantinonyñ bolşuna düşünmedi, düşünjek bolýanam ýokdy. Sebäbi nemes ministri ýurdunyñ ýygyndy toparyny ruhlandyrmak üçin joşgunly ýagdaýda şeýle hereket edýän bolsa, onda muña FIFA-nyñ prezidentiniñ edibiljek zady ýok. Ýogsam bolmasa, myhmanlar turniri geçirýän ýurduñ kesgitlän kada-kanunlaryna eýermäge borçludyr. Her niçik-de bolsa, soñy gelmeýän her dürli nysaklara uçraýarys we bu nysaklaryñ dünýäniñ şu sebitinde gomoseksuallyk meselesini biziñ boýnumyza dakjak bolup dyrjaşýanlaryny her gün diýen ýaly görýäris. Bular şowsuzlygy we yza çekilmegi bilmeýän, paşmadyk ýagdaýynda ýene bir gezek synanşylýan nysaklardyr. Emma şowsuzlyklaryna kanagat etmän çabalanýanlar hernäçe dyrjaşsalar-da, bu boýunça hiç hili üstünlik gazanma mümkinçilikleriniñ bolmajagyna göz ýetirerler, çünki olaryñ bu syrtpyruşlygy gündogar ýörelgelerine bap gelenok. Günbatarda adaty hasaplanýan, geñ görülmeýän we Gündogara zor bilen kabul etdirilmek islenýän medeniýet iñ soñky medeniýet däl. Galyberse-de, nemes ministriniñ Dünýä çempionatyndaky hereketini mahabatlandyrýanlar gomoseksuallyk hakdaky gürrüñiñ sebite ýuwtduryljagyny pikir edýän bolsalar-a, onda düýbünden ýalñyşýarlar. Meseläni gomoseksuallyk hökmünde suratlandyrmak, belki-de, bize ýetirýän täsirini azaltmak ücin şeýle nysaga adam tebigatyna mahsus däl gabahatlyk hökmünde garamagymyzy aradan aýryp bilmez. Açyk aýtmaly bolsa, olar ýaly zatlary öz ady atlandyrmagymyza-da päsgel berip bilmez. Meseläni diñe gomoseksuallyk ýaly suratlandyryp ýuwmarlanyñ bilen onuñ hakyky ýigrenji sypatyny üýtgedip bolmaýar. Muny ýaýratmak üçin haýsy görnüşde agitirleselerem, ylalaşmagy añsatlaşdyrmak üçin haýsy bolsadylar bilen bezeselerem, ony biziñ gözümizde owadan görkezip bilmezler. Süleýman JEWDET, Müsürli žurnalist. Anna, 16.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |