HER KIMIÑ ÖZ ORNUNDA KORONAWIRUSA GARŞY ETMELI IŞI
Ýurdumyzda koronawirus keseli hakynda howsalaly habarlar ýaýramanka Woronežsk oblastynyñ Semulsk raýonynda durmuş öz akymyna dowam edýärdi: semulsklylar saglyklaryny berkitmek üçin sportdyr döredijilik bilen meşgullanardylar, ildeşleri bilen dostlukly gatnaşyk saklap, hususanam kömege mätäç maýyp-müjrüpler, garry-gurtylar bilen içgin gyzyklanyp, olaryñ arasyna baryp, dürli ynsanperwer kömekleri gurnap durýardylar. Emma koronawirus diýen ýekemen bela geldi-de, durmuşy doly gysajyna aldy we ýagdaýlary öz islän tarapyna gönükdirdi goýberdi.
Bu barada raýonyñ maýyplar jemgiýetiniñ başlygy Aleksandr Gaýdamaçuk:
- Maýyplar hem garrylarymyza hasam kyn boldy - diýip, gürrüñini şeýle dowam edýar - Açyk tebigatdan arañy üzüp, dörrt diwaryñ arasyna gysylyp galmak diñe fiziki işjeñligi peseltmek bilen çäklenmän, eýsem psihologiki taýdanam sarsgyn döredip bilýär. Hut şonuñ üçinem biz garamagymyzdaky adamlary goldamak hem-de pandemiýany gözegçilige almak üçin Prezidentiñ maliýe kömegini amala aşyrmak bölüminiñ maksatnamasyna laýyklykda Woronežsk oblastynda uzak aralykdan sosial goranyş sapaklaryny geçirmegi ýola goýduk
Aprel aýynyñ başynda «Одноклассники» sosial setine üç sany ýapyk topar:
- Ildirgiçler arkaly örüm örmek hem birikdirmek;
- Toýun palçykdan Woronežskiniñ nusgalyk halk oýnawaçlary;
- Saglygy dikeldiji gimnastika we ýoga hyzmatlary aragatnaşyga birikdirildi.
Indi Semulsk raýonynyñ maýyplarydyr pensionerleri öýde oturan ýerlerinde döredijilik bilen meşgullanýarlar, täze-täze sapaklary özleşdirýärler, tikin-çatyn işlerinde hut öz elleri bilen nepis sünnälenen lybaslary bejermegiñ tärlerini öwrenmek arkaly özlerini fiziki çökgünlikden goraýarlar.
Elbetde, olaryñ biziñ bilen ýygjam aragatnaşykda bolmagy raýdaşlyk gatnaşygyna uly goşant goşýar!
Onlaýnda okuw usullary - terjime gepleşiklerini ýaýlyma bermek, ýörite wideoýazgylar arkaly raýonyñ maýyplar jemgyýetine ýörite bellenilen wagyz-nesihatçylardyr, mugallymlary şahsy mugallym - kurslaryny alyp barýarlar. Ilkinji derslerden soñra topara goşulanlaryñ sany altmyşa ýetdi. Ildeşlerimiz: "Geliñ söhbetdeş bolalyñ. Soraglara jogaplar" mowzuklarybyñ üsti bilen pikir alyşyp, uzak aralykda nähili tälim alyp boljakdygyny bir-birlerine gürrüñ berýärler.
Her bir täze başlangyç kynçylyksyz bolmaýşy ýaly bu ýerde-de kynçylyk bar. Köp hojalykda zerur önümler: gurallar boýaglar, toýun palçyklar ýok.
Nädeniñizde isleg bildirýänleri öz döredijiliginden lezzet alyp, edýän işlerinden kanagatlanarly netije alar ýaly edip bilersiñiz diýen soraga nähili jogap bileris?!
Dörän çykgynsyz agyr ýagdaýa studiýanyñ mugallymy Marina Dorohina çaltlyk bilen çözgüt tapmagy başardy!
Ol öz öwrenijilerine toýun palçygyñ deregine duzly hamyr, reñkleriñ deregine bolsa Pasha baýramynda ulanylýan adaty iýmit reñkleýji goşundylaryny ulanmagy teklip etdi. "Reñkleýji gurallaryñyz ýokmy?" - bu hem ullakan dert däl! Oýnawaçlary gap-gaç ýuwanymyzda ulanýan sürtgüçlerimiz bilen reñkläris" - diýip, ol topardakylara maslahat berdi.
Şunuñ ýaly ugurtapyjylykly emellerden soñ semulsklylar ezber pedagogyñ ündewine eýerip, "Öýlermizde bileleşip döredýäris!" diýen köpçülikleýin albomlaryna ýerleşdiren pasha otkrytkalaryny we eden işleriniñ suratlaryny paýlaşdylar. Aglabasynyñ birmeñzeş şekilleri çekýändigine garamazdan - hersi aýratyn gözellik, biri beýlekisine meñzemeýän täsinlik!
Raýon maýyplar jemgyýetiniñ öñdebaryjy sport agzalary hepdede iki gezek göni ýaýlymda duşuşýarlar. Olar monitorda maşklary giminastika we ýoga dalaşgäri, sport ussady Lýudmila Koşino bilen bilelikde ýerine ýetirýärler.
Sportuñ stoluñ üstünde oýnalýan görnüşleriniñ janköýerleri-de ünsden düşürilenok, sadranç, şahmat, küşt ýaly oýunlara-da ýeterlik üns berilýär.
Görşümiz ýaly, ulanyp başarana wirtual dünýäniñem peýdaly taraplary bar ekeni.
Munuñ ýene bir artykmaçlygy bar: kurs ýazgylarynda geçilen sapaklara ýetişmän galan ýa-da doly özleşdirip bilmedik ýagdaýyñda, "pauza" basyp gaýtadan görmek ýaly mümkinçilikleri-de döredilen.
Daşyndan göräýmäge häzir herimiz aýry ýerde - öz öýümizde oturanam bolsak, barymyz bile: pikirlerimiz, mähirli maslahatlarymyz, umumy işlerimiz bizi birleşdirýär, jebisleşdirýar.
Ynha, biz şeýdip, agzybirlikde birek-biregi goldap, umytsyzlyga düşmän, egin-egne berip, koronawirusa garşy göreş alyp barýarys!
Tatýana MIHINA,
Woronežsk oblasty.
"НАДЕЖДА" gazeti, 13.04.2020 ý.
Pedagogika we edep-terbiýe