14:50 Hiç zatdan ajaýyplyk döredýän heýkeltaraş | |
HIÇ ZATDAN AJAÝYPLYK DÖREDÝÄN HEÝKELTARAŞ
Sport we turizm
Men tälimçi bolup göremok. Şeýle-de bolsa, munuň uçursyz hupbatly kärdigini bilýän. Eýsem tälimçi kim? Onuň kärini haýsy hünäre deňäp bolar? Ýerine ýetirýän işi boýunça režissýora ýa-da dirižýora ýakynlyk ýok hem däl. Töwekgelligi babatda welin, belki, gämiçiniň deňze gidişi ýalydyr. Haýsy bolanda-da, esasy zady - tälimçiniň gerdeninde çekýän ýüküni ýeňledip bilmejegi köre hasa. Diňe köňül beren, ykbalyny baglan sportunyň görnüşi aýry-aýry diýäýmeseň, olaryň ählisiniň üstüne ýüklenilýän wezipe birmeňzeş. Ine, bäsleşik dowam edip durandyr. Ol bolsa edil iňňäniň üstünde oturan ýaly, ne oturyp karar tapar, ne-de dik durup. Aýagy bişen towuk kimin zowzanaklap ejir çekip ýörmek edil maňlaýyna ýazylan ýalydyr. Käbiri ylgaw ýodasynyň ýa meýdançasynyň, käbiri ringiň ýa-da düşekçäniň... gyrasynda ýüregine-aňyna agram salyp, türgenlere nähilidir bir maslahat berjek bolup ber-başagaýdyr. Mahal-mahal bolsa, eminiň çykaran netijesinden nägile bolup, başyny ýaýkaýandyr... Bu tälimçileriň ýaryş mahaly çekýän derdi-azary. Olaryň bäsleşige çenli, türgenleri taýýarlaýan döwründe görýän güni-de itiň gününden ibaly däldir. Dogrusy, bu mesele hakda gürrüň etjek bolsaň, ilki bilen çagalar-ýetginjekler sport mekdeplerinde zähmet çekýän adamlar, başgaçarak aýdanyňda, çagalar tälimçileri barada agzaman geçmek bolmaz. Çünki olara köp zat bagly. Çagalar tälimçisiniň wezipesem mekdepdäki islendik dersiň mugallymynyňky ýaly-da. Zehinli nesil ýetişdiribilseň, zoruňy görkezdigiň hasap. Elbetde, "zehinli" sözüne edebiyat mugallymy bir hili düşüner, tälimçi başgarak. Mysal üçin, bir ýola ýurdumyzda tanalýan çagalar tälimçisi Wasiliý Karpow bilen söhbetdeş boldum. Ondan bäri eslije wagt geçen hem bolsa, onuň aýdanlary hakydamdan çykanok: "Täze gelen oglanjyga synym otursa, oňa gönüläp: "Mekdepde nähili okaýanyňy bilemok. Ýöne zähmetden gaçmasaň, senden gowy futbolçy çykar". Synym oturmasa, bolsa: "Sen, köşek, esasy ünsi okuwyňa ber." diýýän. Dogram-da, futbol dersinden "ikilik" alýan oglanjygyň mekdepdäki "bäşliklerinden" maňa peýda ýok. Onsoňam onuň ýetişik meselesine jogap berýän adamlar bar, men bolsam, güýçli futbolçy taýýarlamaly." Her gezek Wasýa daýynyň bu garaýşy hakynda gürrüň gozganymda, brazil ýyldyzy Ailton ýadyma düşýär. Ol söhbetdeşlikleriniň birinde öz adyny hem, atasynyň adyny hem ýazyp bilmeýändigini, körsowatdygyny boýun aldy. Ailton ýaly Jazuwda sowatsyz, futbolda zehinli futbolçylar az dal. Ýöne bu ýetmeziň zeleli köpmi, peýdasy, özüňiz çözüň. Olar ökde we gazanjy köp futbolçylar hökmünde bütün dünýä belli... Çagalar tälimçileri geljekki sportçulary taýýarlaýarlar. Soñ şägirtler uçurym bolup, uly sportuň bosagasyndan ätleýärler. Bardy-geldi ugruna bolup, at-derejä ýetibilse, ilkinji tälimçisiniň ady tutulsa, zor boldugydyr. Çagalar tälimçisiniň özem ady tutulsa razydyr. Emma durmuşda bu köplenç başgaça bolýar. Hawa, çagalar tälimçisiniň başlan işini ulular bilen işleýän tälimçi dowam etdirýär. Gürrüňimiziň esasy özeni futbol tälimçisi, onuň ýeňil bolmadyk ykbaly, iş-aladalary hakda bolansoň, düşündireýin, millionlaryň oýnunda, isle milli ýygyndy bilen işlesin, isle topar bilen, tapawudy ýok, ahyrky netijä hojaýynlaram, kömekçileri-beýlekilerem däl-de, hut baş tälimçi jogap berýär. Onuň hünär derejesem, abraýam, hormat-sylagam köp babatda gazanylýan netijä görä kesgitlenýär. Toparyň özboluşly oýun ýoly barmy, bu üstünlik getirýärmi, diýmek, baş tälimçä hormat we şöhrat! Tersinemi, hoş gal, baş tälimçiniň kürsüsi! Bir görseň, ol iň gadyrly kişi, bir görseňem, hiç kim. Mysal üçin, Wisente Del Boske Ispaniýanyň "Realyny" nähili derejelere ýetirdi. Topar erbedem oýnanokdy. Ýok, sähelçe şowsuzlykdan soň, toparyň eýeleri täze baş tälimçiniň gözlegine çykyp, Karloş Keýrumy tapdylar. Ol hem toparda birnäçe aý saklanyp bildi. Çünki görkezilýän oýun, gazanylýan netije pes boldy. Soň topary belli brazil tälimçisi Wanderleý Lýuksemburgy kabul etdi. Netije nähili boldy? "Real" 2004-2005-nji ýyllaryň çempionlar ligasynyň ýarym finalyna hem ýetip bilmedi. Milli çempionatda bolsa çempiuonlyk ugrunda göreşse-de häli-häzir-ä "Barselona" korollaryň klubuna per bererli däl. Diýmek, brazil hünärmeniniň topardaky ykbaly täze möwsümiň başynda, "Realyň" görkezjek netijesine bagly bolar. Angliýanyň "Mançester Ýunaýtediniň" baş tälimçisi Fergýusson "Arsenalyň baş tälimçisi Arsen Wenger, dogrusy, öz wezipelerinde tälim- çilik nukdaýnazaryndan alanyňda köp oturdylar. Ýöne bu häzirki zaman futbolynda seyrek hadysa. Mysal az dal. Italýan hünärmeni soňky üç-dört ýylyň içinde edil futbol pökgüsi ýaly, ondan-oňa oklanýar. Bu bolsa iñ tāze - düýn-öňňinki habar. Braziliýanyň "Korintians" toparynyň baş tälimçisi, argentin hünärmeni Daniel Pasarella wezipesinden boşadyldy. Ýogsa, onuň bu wezipä bellenenine üç aý hem bolanok. Sebäp bir: topar milli çempionatda şowsuz çykyş edýär. Sebäp müň dürli bolup biler. Ýöne Pasarella halasgärlik wezipesini ýerine ýetirip bilmedi. Işi şowlaýan tälimçilerem az däl. "Liwerpul" Rafael Benitesi çagyryp uly utuş gazandy. Belli ispan hünärmeni toparyň milli çempiuonatdaky ýagdaýyny düzedip bilmese-de, Çempionlar ligasynyñ XX asyrdaky ahyrky finalynda hem-de XXI asyryñ ilkinji ligasynda oýnamagynyñ, ol gaýdansoñ bolsa, çökder agyr günleri başdan geçirýänliginiñ özi-de bu tälimçiniñ hünär derejesinden habar berýän bolsa gerek. Eger Magtymguly aýynyň 25-ine Stambulda Çempionlar ligasynyň finalynda "Liwerpul" ýeňiş gazansa, geçen ýylyň iň ökde tälimçisi adyny "Çelsiniň" baş tälimçisi Žoze Mourinýu, megerem, ispaniýaly kärdeşine bermeli bolaýsa gerek. Golland hünärmeni Gus Hidding hem bu ýyl hakyky gahrymançylyk görkezdi. Ol Yewropada ortatap hasaplanýan PSW "Eýndhowen" bilen Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna baryp ýetdi we tas Italiýanyň "Milanyny" geçipdi. Azajyk şowlamady diýleni boldy. Hawa, futbol gözel oýun hökmünde-de, ylym hökmünde-de ösýär. Munda ýene-de baş tälimçiniň keşbi orta çykýar. Gurujy hem dörediji hökmündäki tälimçilik garaýyşlar, pikirler ala topdan önde barýar. Gollandlar öz ýurtlarynda futbolyň ösýändigini şeýle düşündirýärler: "Bizde örän oňat tälimçiler bar." Bu aýdylan bilen jedele girmek kyn. Şol ussatlaryň biri Runis Mihels tälimçiniň ykbaly, öz durmuş ýoly barada gürrüň gozganda: "Men - hiç zatdan ajaýyplyk döredýän heýkeltaraş" diýip, jaýdar belläp geçýär. Hawa, bu heýkeltaraşlaryň biri-birine meňzemeýän, hersiniň ýeňişe eltýän öz ýoly, ýörelgesi bar. Belli alman hünärmeni Ottmar Hitsfeld futbol tälimçisine öz zähmet ýolunda nämedir bir zat gazanmagyň on bir ýoluny salgy berýär: 1. Oýunçylara hormat goýmaly. 2. Olara ynam etmeli. 3. Futbolçylar bilen araňda çäk saklamaly. 4. Her bir oýunçyny bolşy ýaly kabul etmeli. 5. Öwrenmeli, öwrenmeli we öwrenmeli, hatda öz ýalňyşlaryňy-da sapak edinmeli. 6. Güýçli oýunçylaryň derejesi ikirjeňlenmä sezewar edilmeli däl. 7. Futbolçylardan diňe özüňe, janköyerlere, habar beriş gulluklarynyň işgärlerine däl, olaryň özara gatnaşyklarynda hem hormat-sylagly bolmagy talap etmeli. 8. Ýalan sözleme. 9. Gözügidijilik etme. 10. Stressi ýeňip geçmegi başar. 11. Özüňe kömekçi saýlamagy başar. Garaz, iňlislerde ilkinji beýik tälimçi hasaplanýan Gerbert Çepmenden başlap, tä şu günki günüň tälimçilerine çenli futbol, onuň usulyýeti we amalyýeti bilen baglanyşykly tom-tom kitaplar ýazyldy. Beýikleriň futbola bolan garaýşynyň özboluşly bolşy ýaly, endikleri-de birmeňzeş däl. Mysal üçin, oýun mahaly Angelton sakgyç çeýneýär, Gazzaýew çilim küküdýär, Mourinýu bolsa egnindäki paltosynyň ýakasyny galdyrmasa, sowuk alaýjak ýaly... Beýik ukrain hünärmeni Lobanowskiý bolsa meşhur yranmasy bilenem köpleriň ýadynda galdy. Belli tälimçi ýene bir zady halar eken. Onuň stadionyň iň belent ýerinde özüniň oturýan ýeri bolupdyr. Ol futbol oýnuna şol ýerden - ýokardan tomaşa etmegi halar eken. Ýöne bu günki gün futbol tälimçisiniň bahasy-serejesi nähili endiginiň, nähili garaýşynyň bardygy, oýna nireden tomaşa edýändigi bilen däl-de, nähili netije gazanýanlygy bilen ölçelýär. Goçnazar HEŞDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |