21:18 Himiýa ýaragynyñ gadagan edilmegine kim garşy? | |
HIMIÝA ÝARAGYNYÑ GADAGAN EDILMEGINE KIM GARŞY?
Publisistika
Ýaraglanyşyñ haýdadylmagyny bes etmek, uruş howpuny azaltmak ugrundaky göreşiñ esasy ugurlarynyñ arasynda himiýa ýaragyny gadagan etmek melesi esasy orunlaryñ birini eýeleýär. Birinji jahan urşy wagtynda bu ýarag soldatlaryñ we parahat ilatyñ ýüz müñlerçesiniñ ömür tanapyny kesdi, millionlarçasyny hem maýyp-müjrip etdi. Ikinji jahan urşy döwründe zäherliligi ýokary nerw-paraliç birleşmelerini giñden ulanmaga Gitler Germaniýasy gorkmagy şolary peýdalanmakdan boýun gaçyrmaga mejbur etdi. Köp sanly adam pidalary, tebigy sreda gi gerimde, hasabyny doly çykaryp bolmajak zyýan ýetirilmegi ㅡ ABŞ-nyñ Hindi-Hytaý halklaryna garşy alyp baran agressiw urşunyñ gidişinde amerikan goşunyñ zäherleýji maddalary ulanmagyñ netijesi ine, şudur. Hatda mikroskopda görünýän ölçegde hem ölüm howply himiýa ýaragy ýadro we bakteriologiýa ýaraglary bilen bir hatarda has howply hem-de köpmülikleýin gyryjy ýaraglaryñ wagşylykly görnüşleriniñ hataryna girýär. Himiýa ýaragy şeýle alanyñda öndürmesi ýönekeý hem-de döwletleriñ çäksiz topary üçin elýeterlidir. Şoña görä-de onuñ giñden ýaýraýyş şertlerinde onuñ ulanylmak ähtimallygynyñ adamzadyñ geljegi üçin, biziñ planetamyzyñ geljegi üçin getirjek bütin agyr netijeleri bilen birlikde artman durmajakdygy düşnüklidir. Sowet döwletiniñ himiýa ýaragy baradaky nukdaý nazary aýdypdyr we üýtgewsizdir: ol şu ýaragyñ kanuna sygmaýan zat diýlip hasap edilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edip geldi we çykyş edýär. Imperialistik döwletlerden tapawutlanyp, SSSR hiç wagt himiýa ýaragyna ýüz urmandy. Oña uruşda bogujy, zäherli serişdeleriñ ýa-da şolara meñzeş beýleki zäherli serişdeleriñ ýa-da şolara meñzeş beýleki gazlaryñ we bakteriologiýa serişdeleriniñ ulanylmagyny gadagan etmek hakyndaky 1925-nji ýylyñ £enewa protokolyna gol çekmegi üçin pikirlenmäge elli ýyl (mysal üçin, ABŞ ýaly) gerek bolmady. Sowet Soýuzy muña ilkinjileriñ hatarynda gol çekdi hem-de protokolyñ ähmiýetini ýokarlandyrmagy we oña gatnaşýanlaryñ sanyny mümkingadar köpeltmegi gazanmaga gyşarnyksyz çalyşýardy. SSSR munuñ bilen bir hatarda himiýa we bakteriologiýa ýaragynyñ doly gadagan edilmegi hem-de ýok edilmegi ugrunda işeññir göreş alyp bardy. Beýleki sosialistik ýurtlar bilen birlikde ol 1969-njy ýylda şu meseläni BMG-niñ Baş Assembleýasynyñ gün tertibine girizmegi teklip etdi hem-de halkara konwensiýasyna laýyk gelýän proýekti hödürledi. Günbatar himiýa ýaragyny gadagan etmek barada ylalaşyga gelmekden düýpgöter boýun gaçyrdy. Şoña görä-de bu meseläni diñe kem-käsleýin çözmek ㅡ 1972-nji ýylda bakteriologiýa ýaragyny gadagan edýän konwensiýany baglaşmak başartdy. Sowet diplomatiýasynyñ we beýleki sosialistik ýurtlaryñ diplomatiýasynyñ tutanýerli iş alyp barmaklary, dünýä jemgyýetçiliginiñ işeññir çykyş etmegi netijesinde Günbatar himiýa ýaragyny gadagan etmegiñ mümkinligini inkär eden nukdaýnazaryndan gaýra durmaga hem-de himiýa ýaragyny işläp taýýarlamagy, öndürmegi we toplamagy gadagan etmek hem-de onuñ zapaslaryny ýok etmek hakyndaky meseläni Ýaragsyzlandyrmak baradaky £enewa komitetinde ara alyp maslahatlaşmaga razy bolmaga mejbur boldy. 1976-njy ýylda himiýa ýaragyny gadagan etmek barada bilelikdäki inisiatiwany komitetiñ garamagyna girizmek üçin ikitaraplaýyn sowet-amerikan gepleşikleri başlandy. SSSR bu meselede çeýeligi az görkezmedi we himiýa urşuny alyp barmagyñ her hili serişdelerini toplamagynyñ soñuna çykyp biljek hem-de olaryñ hakykatda ýok edilmegini üpjün edip biljek konwensiýany kesgitlemek bilen mundan beýläk gaýra çekdirmän meşgullanmaga mümkinçilik berýän bergiden täze ideýalary girizdi. Emma sosialistik döwletleriñ hem-de birgiden beýleki döwletleriñ tagalla etmegine garamazdan, bu meseläniñ ähli tehniki taraplarynyñ birwagt jikme-jik öwrenilmegine hem-de ara alnyp maslahatlaşylandygyna garamazdan döwletleriñ gorhanalaryndan himiýa ýaragyny aýyrmak hakyndaky gepleşikler petige uçrady. Günbatar ýurtlarynyñ gepleşik geçirmäge bolan razylygy, görnüşi ýaly, işe göwnejaý çemeleşmäge taýýardygyny asla añlatmaýardy. Olar bir görseñ-ä himiýa urşy serişdeleriniñ käbirlerini gadagan etmekden aýyrmagy talap edýärler, bir görseñem, wagty uzaga çekdirmek maksady bilen, ylalaşygyñ wezipelerine laýyk gelmeýän kontrollyk shemasyny, ýagny kontrollygyñ ýerine ýetirilişine kontrollyk etmek shemasyny öñe sürýärdiler. Sowet-amerikan gepleşiklerinde ABŞ hem özüni şeýle alyp bardy. Şonda gadagan etmeleriñ möçberi hakyndaky meselede belli öñe gidişlik duýlan wagty ol kontrollyk barada goşmaça, göz-görtele ýerliksiz talaplary öñe sürdi, bu bolsa gepleşikleriñ geçirilmegini juda kynlaşdyrdy. 1980-nji ýylyñ iýulynda gepleşikleriñ on ikinji tapgyry tamamlanandan soñ bolsa Waşington olary dowam etdirmekden bütinleý ýüz dönderdi. ABŞ-nyñ häzirki administrasiýasy öz şu gabahat ýörelgesini ilkibaşda ýaragsylanmagyñ ähli aspektleri barada özüniñ eýeleýän nukdaýnazaryna ''täzeden seretmeli'' bolanlygy bilen düşündirdi. Emma soñky wagtlarda Amerikanyñ wezipeli adamlary Sowet Soýuzynyñ kontrollygyñ netijeli çärelerini göz öñünde tutmak ''islemeýänligi'' üçin, bu gepleşikleriñ geljegi ýok diýen pikiri ýygy-ýygydan orta atýarlar. Faktlar bilen hiç bir umumylygy bolmadyk zatlary SSSR-e ýöñkejek bolmak Günbataryñ wekillerine adat bolup galan zatdyr. Hakykatda kabul edilýän borçnamalaryñ berjaý edilişini ygtybarly barlamagy üpjün etmekde sowet tarapynyñ gyzyklanyşy beýleki her bir döwletiñkiden hiç pes däldir. Ýöne welin kontrolyñ özi nähilidir bir abstrakt kategoriýa däldir; kontrol baradaky çäreler bellenilýän çäklendirmeleriñ häsiýetine hem-de möçberine pugta laýyk gelmelidir we şolar bilen bilelikde işlenip taýýarlanmalydyr. Şundan ugur alyp, Sowet Soýuzy kontrollyk etmegiñ milli hem-de halkara proseduralary hakyndaky teklipleri, ýagny geljekki konwensiýanyñ ýerine ýetirilmegini kepillendirjek teklipleri girizdi. Bu teklipleriñ esasynda käbir derwaýys düzgünleri ylalaşmak, ABŞ-nyñ gepleşikleriñ arasyny üzmeginiñ öñ ýanynda bolsa kontrollygyñ şertlerini we metodikasyny jikme-jik işläp taýýarlamaga başlamak başartdy. Eger şondan bäri iş petige direlen bolsa, onda munuñ üçin jogapkärçilik diñe Waşingtonyñ üstüne düşýär. Ýagdaý häzir şeýle: himiýa ýaragy hakyndaky meselä garalýan ähli halklara forumlarynda hut ABŞ hökümetiniñ eýeleýän nukdaýnazary öñe hereket etmekde iñ esasy päsgelçilik bolup durýar. Özi-de ylalaşyga böwet salmak synanyşygyny ol indi ozalky wagtdakysyndan has aç-açan edýär. Muny BMG-niñ Baş Assembleýasynyñ XXXVI sessiýasynyñ jemleri hem tassyklaýar. Sessiýanyñ sesleriniñ aglaba köplügi bilen kabul edilen rezolýusiýada Ýaragsyzlanmak baradaky komitetde himiýa ýaragyny gadagan etmek hakyndaky gepleşikleri güýçlendirmek üçin ähli tagallalary bermegiñ zerurdygy bellenýär. Ses bermekde diñe bir delegasiýa saklandy, ol hem bolsa ABŞ-nyñ delegasiýasydy. Baş Assambleýa başga bir rezolýusiýany hem kabul etdi, onda bolsa ähli döwletlere gepleşikleriñ geçirilmegine, hususan-da himiýa ýaragynyñ täze görnüşlerini öndürmekden hem-de ýaýbañlandyrmakdan, himiýa ýaragy häzirki wagtda özünde ýok döwletlere ony ýerleşdirmekden el çekmek hakyndaky gepleşikleriñ geçirilmegine päsgel berip biljek her bir hereketden saklanmak maslahat berilýär. Şonuñ bilen bir wagtda BMG SSSR bilen ABŞ-ny mümkin boldugyça basym iki taraplaýyn gepleşiklere täzeden başlamaga çagyrdy. Bu gezek Birleşen Ştatlar dünýä bileleşigi barada öñküden-de äsgermezçilikli nukdaýnazary eýeledi ㅡ ABŞ 157 ýurduñ içinden ýeke özi şu çagyryşa garşy çykyş etdi. Himiýa ýaragyny gadagan etmek meselesine amerikan tarapynyñ şeýle aç-açan garşy çykmagynyñ sebäbi näme diýen sorag gelip çykýar. Munda esasy zat ABŞ-nyñ häzirki administrasiýasynyñ himiýa ýaragynyñ amerikan arsenalyny giñeltmäge we täzelemäge ugur alanlygyndan hem-de şeýle ýaragy gadagan etmek hakyndaky her bir gepleşige özüniñ uly pälli planlaryny durmuşa geçirmek üçin päsgelçilik diýip hasap edýänliginden ybaratdyr. Eýýäm häzirki wagtda ABŞ-da himiýa ýaragynyñ biziñ planetamyzdaky ähli janly-jandarlary ýok etmäge ýeterlik dünýäde iñ köp görnüşi jemlenen. Amerikanyñ himiýa ýaraglarynyñ zapaslary 150 müñ tonnadan hem geçýär we ol snarýadlaryñ 3 milliona golaýyny, awiabombalaryñ onlarça müñüni, minalaryñ we fugaslaryñ ýüzlerçe müñüni, himiýa ok-ýaraglarynyñ başgada birgidenini öz içine alýar. ABŞ-nyñ harby wedomostwosy himiýa ok-ýaraglarynyñ sanyny 5 milliona ýetirmegi, olaryñ saklanýan bazasyny täzelemegi we giñeltmegi, könelişen himiýa ok-ýaraglaryny esasan binar bilen üpjün edilen ok-ýaraglar bilen çalşyrmagy ýüregine düwýär. Goranmak ministriniñ kömekçisiniñ orunbasary J. Ueýd ABŞ-nyñ kongresinde 1981-nji ýylyN 15-nji sentýabrynda iññän täze binar ok-ýaraglarynyñ giñ möçberlerde öndürilmegini häzirki wagtda Paýn-Blaff şäheriniñ (Arkanzas ştaty) sebitinde ýaýbañlandyrmak planlaşdyrylýar diýip aýtdy. Bu zawod gurluşygy gutarandan soñ her aýda 70 müñe golaý zarýad çykaryp biljek. Söweş üçin niýetlenen zäherli maddalar barada ylmy barlaglaryñ geçirilmegi hem-de şeýle ýaragyñ işlenip taýýarlanylmagy üçin ýakyn bäş ýylyñ içinde 2,5 milliard dollar harçlamak planlaşdyrylýar. ABŞ-nyñ himiýa ýaragy bilen täzeden ýaraglandyrylmagyna edilýän umumy harajatlar 4 ㅡ 10 milliard dollar bolar diýlip hasap edilýär. ABŞ-nyñ himiýa ýaragynyñ zapaslary diñe bir öz territoriýasynda saklanman, eýsem Ýewropa, Ýaponiýada, Ýuwaş okeanyñ adalarynda, eýsem Ýewropada, Ýaponiýada, Ýuwaş okeanyñ adalarynda (Jonston adasynda) hem saklanýar. Keseki territoriýada, ozaly bilen-de Ýewropada himiýa ýaragynyñ täze görnüşlerini hem saklamak göz öñünde tutulýar. Şeýle edilse ABŞ üçin hem-ä howpsuz, hem-de ''amatly'' : sebäbi amerikan strategleriniñ ssenarileri boýunça hut Ýewropanyñ özi heljekgi urşuñ esasy teatryna öwrülmeli. Munuñ özi kongresde J. Ueýdiñ ýokarda ýatlanyp geçilen çykyşyndan gelip çykýar. Onuñ sözlerine görä, amerikan goşunyny himiýa ýaragynyñ iñ täze görnüşleri bilen çalt ýaraglandyrmagyñ özi ''Ýewropada Warşawa Şertnamasy ýurtlaryna garşy giñ gerime himiýa urşuny alyp barmak mümkinçiliginiñ bolmagy'' üçin gerekmiş, GFR-däki himiýa ýaragy saklanýan skladlar Waşington üçin az bolup görünýär, ol ýerde bolsa amerikan zäherleýji maddalarynyñ (ZM) 2 müñ tonna golaýy saklanýar. Geçen ýylyñ dekabrynda ABŞ-nyñ goşun ministriniñ kömekçisiniñ orunbasary E. Houber goranmak ministriniñ ylmy soweti Angliýadaky amerikan harby bazalarynda nerw-paraliç (ysmaz) täsiri bolan zäherleýji maddalary binar bilen üpjün edilen täze himiki awiabombalary ýerleşdirmegi maslahat berdi diýip, aýtdy. ZM-lary skladda goýmak üçin saýlanyp alnan ýene bir erem Italiýadyr. Bu ýerde NATO-nyñ günorta çetinde we Afrikanyñ, Ýakyn hem-de Orta Gündogaryñ şoña ýakyn sebitlerinde operasiýalar geçirmek üçin ulanylyp bilnäýmegi mümkin serişdeleri jemlemek göz öñünde tutulýar. ABŞ-nyñ edýän hereketleri himiýa urşuny alyp barmagyñ ABŞ-nyñ kompleksleýin strategiýasynyñ, ýagny ýadro ýaragyny we köpçelikleýin gyryjy ýaraglaryñ beýleki görnüşlerini ilkinji bolup ulanmak arkaly geçirilmeli giñ möçberli uruşlardan başlap ýerli çäkdäki uruşlara çenli hemmesiniñ bütin gerimini öz içine alýan komplesksleýin strategiýasynyñ aýrylmaz bölegidigini subut edýär. ABŞ-nyñ goranmak ministri K. Uaýnberger ''Amerikanyñ sesine'' beren gürrüñinde R. Reýganyñ administrasiýasynyñ himiýa we bakteriologiýa ýaragynyñ ulanylmagyny gadagan edýän halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna täzeden seretmek hakyndaky meseläni öwrenýändigini ýañzytdy. Onuñ sözlerine görä, ABŞ ''eýýäm bu babatdaky deñleşigiñ ýoklugyny düzetmek ýoluna düşdi''. Şonuñ üçin-de SSSR bilen ABŞ-nyñ arasynda himiýa ýaragyny gadagan etmek hakyndaky gepleşikler gaýra çekdirildi, soñra bolsa umuman ''ýatdan çykaryldy''. Şu mesele boýunça gepleşikler Ýaragsyzlandyrmak baradaky komitetde ine, şol sebäpli petige direlýär. ''Howp'' hakyndaky hem-de şol ''howpa'' degerli jogap bermegiñ zerurlygy hakyndaky biderek samramalaryñ has ynandyryjy bolup görünmegi üçin ABŞ nyñ hökümeti faktlary gös-göni galplaşdyrmakdan hem gaýtmaýar. Ençeme tapgyr ㅡ ilki bilen metbugatyñ üsti bilen, soñra bolsa resmi derejede ㅡ Waşington Günorta-Gündogar Aziýada we Owganystanda ''sowet himiýa ýaragynyñ we awyly ýaraglarynyñ ulanylan halatlary'' hakyndaky habarlary çypdyryp ýaýratdy. ODR-e iberilýän hakyna tutmalary, şeýle hem Kampuçiýadaky polpotçy garakçylary hem-de Laosdaky amerikan agentlerini şaýat edip çagyrdylar. Hindi-Hytaý ýurtlarynda haýsydyr bir ''sary ýagyşyñ'' ýaganlygy, ''gyzgylt dumanyñ'' gelendigi hakyndaky amerikan toslamalarynyñ deregine gara köpüklik zat ýok. Mälim bolşy ýaly, soñky zäherli ''ýagyşlar'' şol ýurtlaryñ üstüne 70-nji ýyllaryñ başlarynda ýagypdy ㅡ bu zatlar hem ABŞ-nyñ goşunynyñ işidi. ABŞ bu ýarym adany uruş alyp barmagyñ dürli-dürli wagşyçylykly serişdelerini, şol sanda himiýa ýaragyny hem ''tabigy şertlerde'' synag etmek meýdanyna öwürdi. ABŞ-nyñ saglygy saklaýyş we sosial gulluklar ministri R. Şwaýkeriñ boýun almagyna görä, amerikan goşunlary Günorta-Gündogar Aziýada agressiýa wagtynda himiýa ýaragyny 41 operasiýada ulanypdyr. Diñe bir Günorta Wýetnamyñ özünde amerikan goşunlary 100 müñ tonnadan hem köp himiki maddalary ulandy. Ondan wýetnamlylaryñ iki milliondan gowragy, amerikanlaryñ özleriniñem onlarça müñi ejir çekdi. Himiýa ýaragy we napalm bilen 1,3 million gektar ýeriñ bütin ösümligi ýok edildi, munuñ özi peýdalanylýan meýdanlaryñ 43 prosentine barabardyr. Eger Owganystan hakynda aýdylanda bolsa, şol ýerde hem hiç hili sowet himiýa ýaragy ýok. Şol ýüze çykarylan himiki granatlar bilen zäherleriñ ýüzünde ''ABŞ-da ýasalan'' diýen tagma bar. Özem bu ýurda daşary ýurtdan sümülip giren galtamanlarda bolup çykdy. Himiýa urşy eýýäm kimde bolsa biri tarapyndan alnyp barylýar diýen toslamany subut etmeli bolan, hem-de Pentagonyñ himiýa ýaragy baradaky programmasyny esaslandyrmak üçin şol toslamany açyk delillendirmeli bolan öz kampaniýasyna häzirki amerikan administrasiýasy BMG-ni çekmäge synanyşýar. Emma welin bu guramanyñ eksperteriniñ faktlary öwrenmegi Kampuçiýada, Laosda 1973-nji ýyldan soñ hökümetleriñ hiç birinde hem zäherleýji söweş serişdeleriniñ haýsydyr bir derejede ulanylandygy hakynda şol aýdylýanlary tassyklap biljek maglumatlaryñ ýokdugyny görkezdi. Owganystanyñ hökümet tarapdarlarynyñ hem himiýa ýaragyny ulanýandygy hakynda hiç hili maglumat ýok. Bu samahallamalar resmi Waşingtonyñ töhmetçilikli toslamalarydyr. Bu toslamalaryñ manysy äýneksiz göze-de, şol sanda ABŞ-nyñ hut özündäki her bir dury akylly adama-da oñat görünýär. Örän uly amerikan botanigi we ekology A. Uesting ABŞ himiýa ýaragynyñ haýdadadylmagynyñ mümkinligi üçin esasy jogapkärçiligi çeker, sebäbi Waşington kongress himiýa ýaragy baradaky harby programmany maliýeleşdirer ýaly ýagdaý döretmek üçin özüniñ propogandasyny peýdalanýar diýip duýdurdy. Waşingtonyñ, elbetde, haýsydyr bir başga ýurduñ däl-de, eýsem hut Birleşen Ştatlaryñ adamzadyñ taryhynda görlüp-eşidilmedik gerimlerde himiýa ýaragyny ulanylandygyny unutmaga halklary mejbur edesi gelýär. Emma welin amerikan ýolbaşçylaryny häzirki wagtda himiýa ýaragynyñ gadagan edilmegine ýol bermezlik, himiýa ýaragyna ýol açylmagy, soñra bolsa ulanylmagy üçin syýasy we psihologik esas döretmek hyýaly has-da aladalandyrýar. Gabahat maksat şoña ýetilmegiñ gabahat tärlerini hem kesgitleýär. Ähli halklaryñ, şol sanda ABŞ halkynyñ hem bähbitleri ýaraglaryñ haýdadylmagynyñ ýene-de bir, juda howply ugruna ''gyzyl yşyk'' ýakyp beklemegi talap edýär. Köpçülikleýin gyryjy himiýa serişdeleri gadagan edilmegidir. SSSR hakda aýdylanda bolsa, ol ozalkysy ýaly, ýaraglaryñ dürli görnüşlerini, şol sanda himiýa ýaraglaryny hem çäklendirmek we gadagan etmek hakynda ylalaşyk gazanmak ugrunda yzygiderli göreşýär. Bu biziñ SSKP-niñ XXIV, XXV we XXVI gurultaýlarynyñ kararlarynda berkidilen tutanýerli syýasatymyzdyr. Halklaryñ erk-islegi hem bu syýasatyñ tarapyndadyr, sebäbi ýaragsyzlanmak olar üçin halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmagyñ hem-de ählumumy pugta we adalatly parahatçylygy üpjün etmegiñ iñ esasy ugrudyr. ''AMERIKAN IMPERILAZMINIÑ GANLY YZLARY'' Aşgabat ''Türkmenistan'' 1983 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |