10:47 Hindi henekleri | |
HINDI HENEKLERI
Degişmeler
- Ynanmarsyñam, dost, men söýýän gyzyma üç ýyllap gün yrman hat ýazdym. - Ýeri, söýgiñiziñ soñy näme bilen gutardy? - O gyz poçtada işleýän ýigide durmuşa çykdy oturyberdi. * * * - Eger ýöräp barýarkañ öñüñden ýolbars çyksa nädersiñ? - Men hiç zadam etmen... Näme etjek bolsa ýolbars eder! * * * Bir adam barjamly kişiden pul sorapdyr. - Dilegçilik ýagşy zat däl! - diýip, barjamly oña düşündiripdir. - Men sizden pul soraýan, maslahat soramok! - diýip, dilegçi ýeñsesini tüññerdipdir. * * * Aýaly: - Siz meñ başga birine durmuşa çykmagymy isleýäñizmi? Adamsy: - Ýok. Meñ beýlekilere-de ýigrenji bolasym gelenok. * * * Ölüm ýassygynda ýatan bir adam aýalyna şeýle maslahat beripdir: - Men amanadymy tabşyramsoñ, obamyzdaky Guptaja durmuşa çykgyn. Aýaly muña ör-gökden gelipdir: - Aýdýanyñ näme? Ol seniñ ganym duşmanyñ ahyry! - Dogry, keywany. Şeýdip men ondan arymy almakçy... * * * Ejesi oglundan sorapdyr: - "Kim köp geplemeşek" ýaryşynda birinji ýer alanyñy eşidip kakañ näme diýdi? Ogly şeýle diýipdir: - Öñürti-hä ýüzi duw-ak boldy, soñam içini çekip: "Senem ejeñe çekipsiñ!" diýdi. "Watan" gazeti, 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |