11:02 Hoja Ýusup Hemedany | |
HOJA YUSUP HEMEDANY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Mary welaýatynda yaşap geçen Hoja Yusup Hemedany hem bize baý edebi mirasy goýup giden danalaryň biridir. Doly ady Ebu Ýakup Ýusup bin Eýýup bin Ýusup bin el-Hasan bin Wahre bolan bu dana, milady 1049-1050-nji ýylda Hemedanyň Buzenjird obasynda eneden bolýar. Ol milady 1067-1068 ýyllaryndan sonra Bagdada gidip, Şyh Ebu Yshak Şiraza gol berýär we gysga wagtyň içinde dini ylymlaryň dürli ugurlarynda ýoldaşlaryndan ön öne geçip, ussadynyň ynamyny gazanýar. Meşhur taryhçy alym Semaniniň berýän maglumatyna görä Hemedany, dini ylymlaryň amaly we nazary ugurlaryny örän gowy özleşdireninden sonra Bagdat, Yspyhan, Samarkant ýaly ylym we medeniýetiň ojagy bolan şäherlerde hadys ylmynyň ussatlaryndan hadys ylmyny öwrenýär. Şeýdip dini ylymlary çunňur öwreneninden sonra sufilige meýilli bolan tebigatyny gönükdirmek bilen meşhur şyh Ebu Aly Farmedä gol berýär. Bu babatda onun şyh Abdulla Jüweýni we şyh Hasan Semnani ýaly ussatlaryň hem söhbetlerini diňlänligi çeşmelerde nygtalýar. Hoja Ýusup Hemedany sufiligiň ýoluny tutanyndan sonra Merwe gelip yerleşýär. Bir howa şol yerde oturanyndan sonra Hyrat şäherine gidýär we ep-esli wagtlap şol yerde galýar. Ýöne Merwiň halky onuň täzeden öz yurtlaryna öwrülip gelmegini haýyş edýärler. Hoja Ýusup Hemedany olaryň bu haýyşyna oňaýly jogap berip Merwe gaýdyp gelýär. Belli bir döwür Merwde yaşanyndan sonra täzeden Hyrata gidýär. Durmuşynyň soňky ýylynda, yagny 1140-njy ýylyň oktyabr aýynda Hyratdan Merwe gaýdyp gelýärkä, bu iki şäheriň arasyndaky Bamiyin diýilýän yerde amanadyny tabşyrýar. Onun müridlerinden (okuwçysy) Ibn Nejjar Hoja Ýusup Hemedanyny Merwe getirdip şol yerde jaýlapdyr. Häzirki wagtda onun aramgähi watanymyzyň Mary welaýatynda ýerleşýär. Hoja Ýusup Hemedany yslam amaly mezhebiniň gurujysy bolan Ymam Agzam Ebu Hanyfa eýerýärdi. Ol Yrak, Horasan we Maweranahryñ dürli şäherlerinde bolup, halky ahlaklylyga we edebe çagyrýardy. Hoja Yusup Hemedanynyc Merw şäherinde bir tekkesi bolupdyr we bu tekke öz döwründe Horasanyň käbesi diýlip tanalypdyr. Ylym we edebi, görkezen keramatlary bilen ol döwrüniň yslam äleminde giň şöhrata eýe bolan Hoja Ýusup, 1121-1122 ýylda Bagdada gidip Seljukly döwletiniň weziri Nyzamulmülkiň gurduran Nyzamiýe medresesinde ylym öwrenmek maksady bilen yslam äleminiň her künjeginden gelen saýlama adamlaryń öňünde wagyz-nesihat işlerini alyp barypdyr. Hoja Ýusup Hemedany uzyn boýly, uzyn sakgally, inçesagyt adam bolupdyr, elmydama ýüňden dokalan ýamaly geýimler geýipdir. Maddy baýlyga kän bir ähmiýet bermändir we näme zat hiç kimden zat kabul etmändir. Ýigrimi baş ýaşynda öýlenipdir we näme zat gazansa, mätäçlere beripdir, ýanýoldaşy özünden kyrk gün öň wepat bolupdyr. Hemmeleriň göwnüni alyp, olara yumşak we merhemetli çemeleşipdir. Myhmanlardan öz welaýatlaryndaky derwüşleriň hal-ýagdaýlaryny sorapdyr. Ol ýürekden Allany ýatlamak we köplenç Gurhan okamak bilen meşgul bolupdyr. Her aýyň başynda Samarkandyň mollalaryny çagyryp, olar bilen söhbetler edipdir. Hezreti Hyzyr mydamylyk ýoldaşy bolupdyr. Ol agyra we yaralara derman-däri ýasap ähli halkyň derdine yetişmäge çalşypdyr. Türkmen we täjik ähli oba ýaşaýjylaryna ahlagyň we edebiň kadalaryny çuňňur öwretmek bilen meşgul bolupdyr. Ýüregi ähli janly-jandarlara söýgi we merhemet bilen doly. Ol hristiýan we ataşparazlaryň öýlerine gidip, olara yslamy düşündiripdir, diýseň sabyrly bolupdyr. Adamlaryň ählisine hormat edipdir we agzyndan hiç hili ýaman söz çykmandyr. Sada ýaşaýşa meyilli ekeni. Otagynda kilim, keçe, kündük, iki ýassyk we gazandan başga zat bolmandyr. Öz müridlerine dört çaryýaryñ artykmaçlyklaryny we taryhy başdan geçirmelerini aýdyp berer ekeni. Olara ýagşy edim-gylymlary ündäpdir. 1110-njy ýylyň 25-nji martynda Soltansanjar Samarkantda bolan Kasym Joga bir hat iberip, şyh Ýusup Hemedana bolan hormatyny bildirip tekkäniñ derwüşleri üçin elli müň altyn iberýär we Hezreti Pygamberiň ýoldaşlarynyň ýollaryndan aýrylmaýan bu beýik şahsyýetiň ýaşaýyş durmuşyny bildirmegini we özi üçin yagşy dileg etmegini sorapdyr. Hoja Ýusup şol mahal müridleri bilen görüşmek maksady bilen Hoja Abdylla Berkiniň hüjresine gidipdir. Hoja Hasan Antaky, Hoja Ahmet Yasawy, Hoja Abdulhalyk Giždiwany we beýleki müridleri hem şol ýerde eken. Müridleri oña, Soltan Sanjaryň bu söýgi-hormatyny we haýyşlaryny ýetirdiler. Hoja Yusup soltanyň haýyşyny kabul edip onuň işleri üçin ýagşy dileg edipdir. Ýöne kiçigöwünlüilik edip özüniň ýaşaýyş durmuşy barada ýalňyş we hatalaryndan başga iberip biljek zadynyň ýoklugyny aýtsa-da, derwüşleriň haýyşlaryny ýykmazlyk üçin: «Pygamberiň getiren kadalaryna laýyk mende näme gören bolsaňyz ýazyň» diýipdir. Bu rugsada daýanyp derwüşler onuň ýaşaýyş durmuşyny ýazyp iberipdirler. Hemedanynyň müridi bolan Abdulhalyk Giždiwany heniz öz ussady dirikä ondan yzyny alyp göterjekleriň kimlerdigini sorapdyr we şu jogaby alypdyr. «Menin yz ýüzümden Hoja Abdylla Berki, ondan sonra Hoja Hasan Antaky, ondan sonra-da Hoja Ahmet Ýasawy bu ýoly ýöreder. Nobat Ahmet Ýasawa ýeteninde, Türküstan welaýatyna sapar eder we soňra sen dowam etdirersin». Hakykatdan hem şeýle boldy. Wepat bolan güni arkasyny mehraba diräp, müridlerine suw ýylatmaklaryny sargapdyr, soňra ýüzüni öz yzyny dowam etdirjek bolan dört müridine we şol yerde bolanlara öwrüp: «Ýerimize Abdylla Berkini geçirdik, oña tabyn boluň, garşy çykmaň, Soltan Sanjar üçin ýazan edep kadalaryňyzy müridlerinize we size eýerjeklere ýetiriň!» diýipdir. Hoja Ahmet Ýasawa tarap öwrülip, Gurhandan käbir süreleri okamaklygy buýrupdyr. Haýyşy ýerine yetirileninden sonra bu beýik dana dünýä bilen hoşlaşypdyr. Annaoraz NURMUHAMMEDOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ mugallymy. Suratlar: 1. Hoja Ýusup Hemedanynyñ obrazy "Beýik Seljukly" teleserialynda / Özer Tunja. 2. Hoja Ýusup Hemedanynyñ aramgähi / Mary-Baýramaly. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |