16:28 Hojan Öwezgelenow | |
HOJAN ÖWEZGELENOW
Teatr we kino sungaty
Onuň ekrandaky ömri misli ýyldyrym çakan deýin gysga hem ýagty boldy. Hojan Öwezgelenow professional kino aktýory däldi. Ýöne onda üýtgeşik zehin, ýiti üşük bardy, şeýle adamlara il içinde “Hakdan içen” diýilýär. Ol kino surata düşmäge giç başlady. Haçanda režissýor Bulat Mansurow oňa Kakanyň golaýyndaky obanyň polisiýa işgärine, öňki daýhan birleşiginiň çopanyna we öňki garawulyna özüniň ilkinji çeper filmi bolan “Şükür bagşyda” baş keşpleriň birini hödürlände, Hojan aga elliden aňryny sermeläp ýördi. Meşhur Şükür bagşynyň aýatda diri gezip ýören şägirdi hakda tötänden eşiden režissýor ýörite Hojan agalara gelýär. Görlüp oturylsa, Öwezgelenow eýýäm ýigrimi ýyl bäri goluna dutar alman ýören eken. Uly agasynyň uruşda wepat bolanlygy baradaky ajy habar gelenden soň, ol hiç haçan saz çalmajakdygyna kasam edipdir. Kinorežissýora ýaşula bu kasamyny bozdurmagyň nädip başardanlygy nämälim. Belki, muňa asyryň başynda ýaşajyk Hojana mukamyň inçe tilsimlerini öwreden beýik sazanda, Şüküriň ady sebäp bolandyr. Şol gije Hojan aga aýaly Gözel ejä alys ýyllar dymyp ýatan gazma dutary – Şüküriň sowgat beren saz guralyny getirmegi haýyş edipdir. Ol ýüpek gabyndan çykarylan dutara seredip oýa batypdyr. Göýä ol mukaddes saz guralyna nädip galtaşjagyny bilmeýän ýalydy. Ynha, ahyrsoňy ol dutary usullyk bilen eline aldy-da, nijeme ýyl dymyp ýatan tarlara kakyp goýberdi. Şol bada beýik halypanyň – Şükür bagşynyň mukamlary yzly-yzyna çeşme kibi akyp başlady, soň ýene, soň üçünji mukam. Hojan aga burçak-burçak derläp, arasyny üzmän saz yzyna saz eňterdi. Ahyrynda ol dutaryny bir gapdalynda goýdy-da, ýaglyk bilen derini syldy. Birdenkä ol Bulat Mansurowa we beýlekilere seredip: - Başarýan! Görýäňizmi, adamlar, asyl çalyp biljek ekenim-ä. Unudandyryn öýdüp gorkup ýördüm. Ellerim unutmandyr, barmaklarym unutmandyr-a! – diýip, şatlykdan ýaňa loh-loh gülmäge, barmaklaryny ogşamaga başlady. (Bulat Mansurow bu görnüşi soň özüniň “Babagammaryň gaýdyp gelmegi” diýen kinossenarisine girizdi, ýagny, režissýor Ilmyrat Bekmiýewiň, adybir çeper filminde uruşdan seňser (kontuziýa) bolup dolanan Heşdek bagşy öz barmaklaryny ogşaýar). Öwezgelenowyň birden ertir sözünden dänäýmegini heder eden Bulat edil şol günüň özünde ony dutary bilen bile Aşgabada alyp gaýdýar. Şeýlelikde, Hojan Öwezgelenow onuň “Şükür bagşy” atly çeper filminde köşk bagşysy Gulam bagşynyň janly keşbini döretdi. Şol döwürde “Şükür bagşy” hakynda “Sowetskaýa kultura” neşirinde ýörite syn ýazan Çingiz Aýtmatow ilkibada Hojan aganyň professional aktýor däldigine ynanmaň: “Serediň ahbetin, bu Gündogaryň Jan Gobeni ahyry!” – diýipdi. Ol öz makalasynda filmde surata düşen Aman Handurdyýew, Artyk Jallyýew, Hojan Öwezgelenow üçüsiniň haýsysyna “has güýçli” diýjegini bilmeýändigini boýun alypdy. Soň Öwezgelenow yzly-yzyna surata düşüp başlady. B.Mansurowyň “Gyrnak”, “Teşneligiň gandyrylyşy”, “Ölüm ýokdur oglanlar”, H.Narlyýewiň “Serhediň aňyrsyndaky adam”, “Gelin”, “Aýal ata çykanda” ýaly çeper filmlerinde baş we epizodiki keşpleri ýerine ýetirdi. Hojan agany beýleki kinostudiýalaram surata düşmäge çagyrýarlar. Meselem, ol M.Gorkiý adyndaky kinostudiýada, “Özbekfilmde” birnäçe çeper filmlerde oýnady. Ýöne Hojan Öwezgelenow ol çakylyklardan köplenç ýüz öwürýärdi. Sebäbi onuň dogduk ilini taşlap gidesi gelenokdy. Hawa, onuň uly ussatlyk hem ahlak çuňlugy bilen tapawutlanýan keşpleri biziň milli kinomyzyň buýsanjyna öwrüldi. Hojan Öwezgelenowy halkyň aktýor hökmünde ykrar etmegine Gulam bagşynyň keşbini döretmegi sebäp boldy. Onuň uly aktýor hökmündäki şan-şöhraty “Gelinde” Anna aganyň, “Aýal ata çykanda-da” Meret baýyň keşplerinde soň has belende galdy. Habyp GÜSEÝINOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |