23:07 Hümmet Hekim | |
HÜMMET HEKIM
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Hümmet Hekimow 1956-njy ýylda Aşgabat etrabynyñ Gökje obasynda dogulýar. On ýyllyk mekdebi tamamlandan soñ, Aşgabadyñ Gara Seýitliýew adyndaky medeni añ bilim tehnikumyny gutarýar. Türkmenistanyñ Medeniýet Ministrliginde uly metodist bolup işleýär. Ol elmydama edebiýat bilen gyzyklanyp gelýär. Onuñ öz döreden goşgularyny kitapcy.com edebiýat internet sahypasyndan okap bilersiñiz. ■ DUŞ BORSUÑ Ýüregiñ päk tutup Hudaýa uýsañ, Wy£danyñ öñünde bir ak guş borsuñ. Görip bolup pukarañ hakyn iýseñ, Ýol uzakdyr melamata duş borsuñ. Arassa söwda kyl ýol bar ýörmäge, Bilmeýäniñ utanmagyn sormaga, Wagt tapyñ dogan-gardaş görmäge, Dynç alanda öz-özüñden hoş borsuñ. Mañlaý deriñ aýamagyn toprakdan, Daş bolgun özi baý akly çüprekden, Ýenjilmäni öwrenseñ bor deprekden, Gahryñ ýutsañ abyraýa duş borsuñ. Hümmet Hekim ne ömür bar adamda, Deñ tutawer ýakynyñy-ýadyñda, Myhmandan aýama zerre zadyñda, Alla berse kän nygmata duş borsuñ... ■ ŞEÝTAN ALYNA Pygamberden wesýet musulmanlara, Gaharyñ bas, gitme şeýtan alyna. Şeýtan jetlik saljakdyr ynsanlara, Paýhas eýle, gitme şeýtan alyna. Gahar gelse, dik duran bolsañ otur, Otyrkañ ýassyga tirsegiñ ýetir, Kurany kelamy diliñe getir, Paýhas eýle, gitme şeýtan alyna. Pikir eýle, hakmy señ dökjek ganyñ, Watan, namys, diniñ üçin ber janyñ, Nadana tyg urma, alaýsa malyñ, Tut kaza ber gitme şeýtan alyna. Gahar gelip säwlik bilen jet bolsañ, Abraýyñ artar señ, töwella alsañ, Şeýtany güldürme başaryp bilseñ, Hümmet gitme däli şeýtan alyna. ■ DÜŞÜN SEN Iki çaga ýol üstünde uruşýar, Bir gün agşamara gelýärdim işden. Birisi ejizläp gaçýar sögüşýär, ''Señ ejeñ daşyna ''Ak möjek'' üýşsün''. Bu goşguda seretmedim hiç kada, ''Ak möjek'' degene şuda bolýa-da, Eli bilen juwan ömrüni oda, Atyp ýakýanyna ýaşlar düşünsin. ''Ak möjek'' degensoñ gowy ekine, Peýdasy ýok awy sepseñ-de diñe, Gabatsyz ak möjek ölümdir saña, Ýaş ýigitler şoña ýagşy düşünsin. Ýülügiñ guradyp, nesiliñ keser, Baýlygyñy ýakyp, öýüñi ýykar, Çagalaryñ, gelniñ bil senden geçer, Ýigidi bigaýrat edýär düşün sen. Päk gez bu neşeleñ birinem etme, Ýaşlykdan şeýtanyñ raýyna gitme, Diýer Hümmet, maşgalañy hor etme, Sypmak kyndyr bir toruna düşensoñ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |