16:03 "Huwt nedir?" | |
"HUWT NEDIR?"
Magtymgulyny öwreniş
Magtymguly Pyragy "Ot nedir?" diýen şygrynda Durdy şahyra birnäçe sowal bilen ýüzlenýär. Meselem: - Aslyna ýetişgil ýalanda-çynda, Söz gysgadyr, many köpdür içinde, Bilermi sen haýsy derýa içinde, Adamzat jigerli yatan huwt nedir? ("Ot nedir?") Mysal alnan bentde aýdylşy ýaly, bir deryada huwt (balyk) ýatyr. Diýmek, ýatan bolsa janly däl. Huwt-hut görnüşinde hem getirilýär. Bu balyk diýmegi aňladýar. Eger soragda adam sypatly balyk soralýan bolsa, onda ol bir bolmaly dal. Sany boýunça birden artyk bolar. Şeýle hem ol ýatan bolmaly del. Pyrgun öz esgerleri bilen Hezreti Musany (a.s) we onuň esgerlerini kowalanda Allanyñ gudraty bilen deňziň (Gyzyl deňzi) iki ýana serpilip, pygamberiň we onuñ ymmatynyň geçip gidýändigi, zalym pyrgunyň bolsa goşuny bilen suwa gark bolýandygy barada mundan 1400 yyl ozal dünya gelen Kurlany-kerimiň "Ýunus" süresiniñ 92-nji aýatynda habar berilýändigi birden ýadyma düşdi. Bu waka tefsir yazan meşhur yslam ulamasy (Horezmiň Zamahşar obasynda doglan, hijri ýyl hasaby bilen 467-538-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen) Zamahşery Allanyñ sözüne şeyle teswir berýär. "...Seni deñziñ kenarynyň bir ýerine taşlaýarys... Jesedini tutuşlygyna we üýtgemedik şekilde, ýalaňaç (geýimsiz) halda soňraky asyrlarda geljeklere bir ybrat (sapak) bolmagy üçin, gorap saklaýarys". Soňra bolsa alym ol şahsyň-pyrgunyň, haçan-da bolsa, bir wagt suwuň düýbünden hökman daşyna çykaryljakdygyny beýan edýär. Hakykatdan-da, XX asyryň ahyrlarynda Gyzyl deňziň düýbünden tapylan pyrgun häzir Britan muzeýinde saklanýar". Bu maglumat Magtymgulynyň: Bilermi sen haýsy derýa içinde, Adamzat jigerli ýatan huwt nedir? - diýen setirlerini biygtyýar ýadyňa salýar. Zamahşaryda, dünýäden ötmänkä, jeset heniz suwdan çykarylmanka, bu maglumat berlipdir. Magtymguly Pyragy-da heniz suwdan çykarylmadyk, üýtgemedik jeset barada soraýar. Magtymguly Pyragynyň her setiri, her bendi uly mana eýe. Halkymyz dana şahyra uly sarpa goýup, onuň adyny barha ebedileşdirdi. Magtymguly Pyragy açylmadyk hazyna meñzeýär. Onuň ýaşan ömri, maşgalasy baradaky maglumatlar, galyberse-de, köp goşgularynyň düýp many-mazmuny doly we dogry, anyk we takyk öwrenilmäge degişlidir. Aýnabat BALLYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |