09:12 Hytaý biologik ýaragy synagdan geçirýärmi? | |
HYTAÝ BIOLOGIK ÝARAGY SYNAGDAN GEÇIRÝÄRMI?
Medisina
2009-njy ýylyñ aprel aýynda Oktaý Sinanoglynyñ taýýarlan "Ölüm tohumlary. Genetika ylmynyñ añyrsyndaky pyssy-pyjurlykly oýunlar" atly kitabynyñ birinji neşiri çykdy. Sinanogly kitaba ýazan sözbaşysynda şeýle diýýär: “Molekulýar biologiýanyñ düýbi ilkinji gezek 1960-njy ýyllarda tutuldy. Bu ylymyñ düýbi tutulanda fizika, himiýa ylmyna daýanan sütünlerinden başlap ýatlasak, onuñ sosial durmuşymyzda duş gelýän keselleri dep etmek, bütindünýä azyk ýetmezçiligimi çözmek ýaly umumy adamzat bähbitli işleri amala göz öñüne tutýardy. Gynansak-da, bary-ýogy on bäş ýyldan soñ bu täze ylmyñ maddy binýadyny üpjün edenler tarapyndan ony sessiz-selemsizje howply ýaraga öwrendiklerine şaýat bolduk. Täze ylymyñ alymlarynyñ küýünde adamlaryñ iýmit goruny gözegçilik astynda saklamak bilen bir hatarda dünýäniñ ilatyny azaltmak, käbir halklary bütinleý ýok etmek ýaly bet pygyllar-da bardy. Şeýtanyñam ýadyna-oýuna düşmejek erbetlikler bütin dünýäniñ halklaryny howp astyna almaga başlady". "Ölüm tohumlarynyñ" dowamy hökmünde çapdan çykan "Emeli doñuz dümewi. Emeli iýmitler" atly kitapda bolsa adamzadyñ ganym duşmany bolan global baronlaryñ adamzadyñ sanyny azaltmak üçin nämeleri meýilleşdirýändigi, keseli ýok etmegiñ deregine kesel ýaýradýan hili pes derman önümleri arkaly adamlary nädip köpçülikleýin hassa öwrüp taşlaýandyklary gürrüñ berilýär. • ENGDALA ÝÜZ TUTDUK Üns beriñ. Bu sözleri ýazan merhum O.Sinanogly (1935-2015) ýönekeý biri däl. Sinanogly öz sözi bilen aýdanyñda, "dünýäniñ ilkinji molekulýar biologiýa boýunça professorlaryñ biri". Ol hut bu ugurdaky käbir ylmy adalgalaryñ gönüden-göni oýlap tapyjysy. Oktaý Sinanoglynyñ "Adamlara ýagşylyk we ýagty gelejek isleýän adamlaryñ sany az däl. Frederik Uilýam Engdal hem şolaryñ biri diýip, okyjylara hödürlän “Ölüm tohumlary” we “Emeli doñuz dümewi” kitaplarynyñ awtory biziñem wagtal-wagtal hünärmenlik ugry boýunça pikirine sala salýan ýakyn dostumyz. Galyberse-de, janly-jemendäni aýaga galdyran koronawirus wakasy ýüze çykansoñ onuñ bilen gürrüñdeş bolmak isledik. "Gyzyklanýan meseläñiz boýunça heniz anyk maglumatlar ýok. Şonuñ üçin munuñ hakyky keselmi, gorka düşürmek maksady bilen ýörite gurnalan wakamy, ýa bolmasa kese ýerlileriñ geçiren ýörite operasiýasynyñ netijesimi, nämediginj heniz bilemzok" diýip belli jogap bermedi. Şonda biz ondan biziñ sowallarymyza jogap berip biljek başga hünärmeniñ salgysyny soradyk. Onuñ salgy berjek adamyna garaşyp durkagam, Engdal bize link ugratdy. • ÝARGANATYÑ PIRI HYTAÝLY HEKIM Linkde Hytaýyñ Ylymlar akademiýasynyñ garamagyndaky Wuhanyñ wirus barlaglary institutynyñ hünärmeni medisina ylymlarynyñ doktory Peng Zhou hakynda käbir maglumatlar bar eken. Peng Zhou 2010-njy ýylda doktorlyk dissertasiýasyny goran institutynda häzirem işleýär, has takygy Hytaýyñ Ylymlar akademiýasynyñ uçarmanlary taýýarlaýyş maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär. Bu giñ gerimli maksatnama şol bir wagtyñ özünde Hytaýyñ Bilim we tehnologiýa ministrliginiñ iñ möhüm taslamalarynyñ biri bolup durýar. Eýsem, alyp barýan işleri Hytaý hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilen Zhou haýsy ugur boýunça ylmy barlaglary geçirýärkä? Jogap: ýarganat wiruslary we immunitet sistemasy boýunça!.. Käbir ýarganatlar iññän howply wiruslary özünde saklaýar, başga jandarlara ýokuşdyrýar, muña garamazdan olara immunitet sistemasynyñ berkligi sebäpli şol wiruslaryñ ölüm howply täsirleri o diýen bir ýöräp baranok. Ynha, Zhou hut şu mesele boýunça dünýäde ilkinji bolup ylmy barlaglary alyp barýan alym hökmünde tanalýar. Ol "ýarganat wiruslary we immunitet sistemasy" boýunça diñe bir öz ýurdunda däl, Awstraliýadyr Singapur ýaly ýurtlarda-da ylmy barlag işlerini geçiripdi. • EBOLA, SARS WE KORONA - ŞOL BIR ZAT Hytaýyñ Bilim we tehnologiýa ministrliginiñ berk gözegçiliginde saklanýan taslamalaryñ birine ýolbaşçylyk edýän Zhou 2019-njy ýylyñ 18-nji noýabrynda garamagyndaky ylmy iş alyp barýan topara işgär gerekdigini aýdyp, bir bildiriş beripdir. Işe alynjak dalaşgärlerden şu aşakdaky aýratynlyklaryñ bolmagy talap edilipdir: – Biologiýadan ýa-da biomedikal ugurdan doktorlyk dissertasiýasyny goran bolmaly; – Işini gowy bilmeli we talabedijilikli bolmak bilen birlikde erkin ýagdaýda ylmy barlaglary gecirmäge ukyply, topar bilen işleşmäge öwrenşikli bolmaly; – Iñlis dilinde gepleşip, okap we ýazyp bilmeli. Halkara ylmy žurnallarda makala çykardyp biljek derejede sowatly bolmaly; – Öýjükleriñ biologiýasy, immunitet ylmy, genom we beýleki ugurlarda tejribeli bolmak bolsa onuñ saýlanyp alynjak ugruna görä. Peng Zhou beren bildirişinde dalaşgärlere geçirilýän barlaglaryñ esasy ugry hakynda şeýleräk maglumaty beripdir: “Ýarganatlary geçirýän barlaglarymyzyñ obýekti hökmünde öwrenmek arkaly şol bir wagtyñ özünde ebola, SARS, korona wiruslaryny hiç hili zyýan çekmezden özünde saklaýan molekulýar mehanizmi we bu mehanizmiñ uçuş ukyby bilen bile onuñ uzak ömürli bolşuna jogaplary taparys. Adam bilen beýleki süýdemdirijileriñ arasyndaky tapawutlylyklary deñeşdirme ýoly arkaly ýüze çykarmak üçin wirus ylmy, immunitet ylmy, öýjükleriñ biologiýasy we dürli analiz tilsimleri ulanylar". • KESELLERIÑ ÇEŞMESI ÝARGANATLARMY? "Nature" ylmy-populýar žurnalynyñ 2018-nji ýylyñ 12-nji aprelinde çykan sanynda Peng Zhounyñ we onuñ garamagyndaky toparyñ çap edilen makalasy biziñ bilmeýän köp zadymyzy aýan edýär. "Ýarganat çeşmeli HKU2-na meñzeş korona wirusyñ döreden ölüm howply doñuz kükrekli çalt ýokuşýan agyryly sindromy" atly atly makaladan käbir jümleleri üns berip okalyñ: “Tebigatdaky ýyrtyjy haýwanlardan ýaýraýan wiruslaryñ jynslar arasyndaky garşylyklaýyn geçişi adamyñ we haýwanlaryñ saglygy üçin üns berilmäge degişli howp döredýär. Ýarganatlar wiruslaryñ ýüze çykmasynda aýratyn orun eýeleýär. Ýarganatlardan dörän koronawirusyñ adamlara geçişi SARS diýilýän ýokanç keseliñ dem alyş ýollary sindromynyñ 2-10 görnüşleriniñ döremegine getirýär. Biz bärde wirus we ýokanç keseller ylmynyñ nukdaýnazaryndan synagdan geçirilen deliller arkaly HKU-2-ä meñzeş ýarganatdan dörän koronawirusyñ doñuz kükrekli çalt ýokuşýan agyryly sindromly koronawirusyñ (SADS-CoV) Hytaýdaky dört uly fermada ýetişdirilen 24,693 doñuzyñ heläk bolmasyna sebäp bolandygyny subut etmekçi. Bu epidemiýanyñ has owal SARS wakasynyñ ilkinji gezek duş gelinen Guangdong prowinsiýasynda başlamagy-da üns berilmeli ýagdaýdyr. Hasam beteri SADS-a meñzeş koronawiruslar 2013-2016-njy ýyllarda şol bir sebitden toplanan nejasat (uly täret) eksperimentleri, hususanam "şeýtanyñ guşy" diýip tanalýan ýarganatdan alynan eksperimentler bilen 96-98 göterim meñzeşlik görkezýär. SARS-a meñzeş koronawiruslaryñ çeşmesi-de şudur. Edinilen maglumatlar SADS bilen SARS epidemiýasynyñ arasynda geografik, wagt, tebigat, sebäp, netije taýdan haýran galdyryjy meñzeşligiñ bardygyny görkezdi. Bu ylmy iş gelejekki epidemiýalary has az zyýan bilen ýeñmek maksady bilen koronawirusyñ görnüşlerini kesgitlemek we ýarganatlardaky paýyny ýüze çykarmagyñ möhümligine ünsi çekmek üçin taýýarlandy". • HYTAÝLY HEKIMIÑ MAKSADY NÄME? Peng Zhou çykyşlarynyñ birinde şeýle diýdi: "Ýarganatlar uzak wagtlap hiç hili kesellemän özlerinde wirus saklap bilýärler. Adamlar wirusy dep etmegi ýarganatlardan öwrenip biler. Edil häzir biz muny önümçilige goýberme mümkinçiliginden daşda. Entek ýolumyz uzak. Bize işimizi ynam bilen dowam etdirmek gerek". Çagalygynda SARS wirusyny hut özi başdan geçiren Zhounyñ adamlary edil ýarganatlar kimin wiruslara garşy immuniteti ýokary jandarlara öwürmek üçin çytraşýandygy görnüp dur. Onuñ maksady muny industrial ýagdaýa getirmek, ýagny önümçilige salmak. Emma bu iş Zhounyñ hobbisi bolmagyñ çäginden çykana meñzeýär. Başda-da aýdyşymyz ýaly bu maksatnamany Hytaý hökümetiniñ hut özi üns merkezinde saklaýar. Geliñ, indi bolsa dünýä boýunça molekulýar biologiýanyñ ilkinji professorlaryndan merhum Sinanoglyna gulak gereliñ. Ol öz tejribelerine esaslanyp şeýle diýipdi: “Molekulýar biologiýanyñ düýbi ilkinji gezek 1960-njy ýyllarda tutuldy. Bu ylymyñ düýbi tutulanda fizika, himiýa ylmyna daýanan sütünlerinden başlap ýatlasak, onuñ sosial durmuşymyzda duş gelýän keselleri dep etmek, bütindünýä azyk ýetmezçiligimi çözmek ýaly umumy adamzat bähbitli işleri amala göz öñüne tutýardy. Gynansak-da, bary-ýogy on bäş ýyldan soñ bu täze ylmyñ maddy binýadyny üpjün edenler tarapyndan ony sessiz-selemsizje howply ýaraga öwrendiklerine şaýat bolduk. Täze ylymyñ alymlarynyñ küýünde adamlaryñ iýmit goruny gözegçilik astynda saklamak bilen bir hatarda dünýäniñ ilatyny azaltmak, käbir halklary bütinleý ýok etmek ýaly bet pygyllar-da bardy. Şeýtanyñam ýadyna-oýuna düşmejek erbetlikler bütin dünýäniñ halklaryny howp astyna almaga başlady. • EPIDEMIÝA BIOLOGIK ÝARAGYÑ SYNAGYMY? 2020-nji ýylyñ 26-njy ýanwarynda "Waşington Taýms" ("Washington Times") gazeti bu boýunça ysraýylly öñki jansyz Dani Şoham bilen gürrüñdeşlik geçirdi. Medikal mikrobiologiýa boýunça doktorlyk dissertasiýasyny goran, otstawkadaky podlolkownik Şoham 1970-nji ýyldan 1991-nji ýyla çenli Ysraýylyñ harby kontrrazwedkasynyñ biologiki we himiki uruş boýunça ýörite hünärmeni bolup işledi. Şol bir wagtyñ özünde ol Hytaýyñ biologiki ýaraglar boýunça alyp barýan işlerine ýakyndan gözegçilik eden adam. Wuhanyñ wirus barlaglary institutynyñ gönüden-göni Pekiniñ biologiki ýarag maksatnamasyna hyzmat edýändigini aýdan Şoham sözüni şeýle dowam etdirdi: "Institutda işleýän laboratoriýalar ylmy-barlag işlerini geçirende Hytaýyñ biologiki ýarag meýilnamasyna görä hereket edýär. Institutyñ esasy işi bu bolmasa-da, azyndan işiniñ belli bir bölegi şoña görä gurnalan. Biologiki ýarag boýunça alnyp barylýan işler, hem raýat, hem harby maksatnamalaryñ bir bölegi hökmünde ýöredilýär. Elbetde, bularyñ hemmesi gizlinlikde ýöredilýär..." Bular ýaly pikir ýöredýän diñe Şoham däl. Häzir BMG-niñ maslahatçysy bolup işleýän we adyny bermekden saklanan öñki iñlis diplomatlarynyñ biri hem şeýle pikirde. Ol 2017-nji ýyldan bäri Wuhanyñ wirus barlaglary institutynyñ işi bilen gyzyklanmandygyny, emma ondan owalky eden gözegçiliklerinden çen tutup koronawirusyñ biologiki ýarag maksatnamasynyñ çägindäki bir zat bolup biljekdigini, şübhelenmek üçin bolsa ortada birnäçe sebäpleriñ bardygyny aýdýar. Edil şu ýerde Zhounyñ "Adamlar wirusy dep etmegi ýarganatlardan öwrenip biler. Edil häzir biz muny önümçilige goýberme mümkinçiliginden daşda. Entek ýolumyz uzak. Bize işimizi ynam bilen dowam etdirmek gerek" diýen jümlesini ýene bir gezek ýada salyp görüñ. Bir önümiñ taýýar bolýança, bazara çykarylýança birnäçe elden geçýändigini özüñizem bilýänsiñiz. Ilki birnäçe işler edilip, hakyky harydyñ şekili ýasalýar. Soñra ol şekil her dürli synag şertine salnyp ulanyşa laýyk görnüşe gelip gelmändigi barlanylýar. Bu barlaglaryñ hemmesinden birkemsiz geçen önüm özüni görkezensoñam önümçilige goýberilmäge we satuwa çykarylmaga hukuk gazanýar. Zhounyñ "industriýa aralaşdyrma we önümçilige berme wagtyndan heniz daşda" diýdigi gürrüñ edilýän "önümiñ" haýsy tapgyrdadygyny görkezýärkä? Jogap: synag tapgyrynda... Ynha, size ýene bir sorag: Wuhanyñ wirus barlaglary instituty Hytaýyñ iñ möhüm taslamalarynyñ biriniñ üstünde işleýän bolsa, edil şol ýerdenem çykmagyna garaşylýan haýsydyr bir iş "synag tapgyrynda" bolýan bolsa, hut şu şäherden ýaýran wirus belasynyñ bütin dünýäni oda-köze düşürmesine ýönekeýje bir tötänlik diýip bilerismikä?... • KOMMUNISTIK PARTIÝANYÑ ÖÑÜNDE ADAM ÖMRÜNIÑ GARA ŞAÝYLYK GYMMATY ÝOK! Häzir sizde "Hytaý näme üçin bular ýaly samsyklygy etsin, beýtse hemmelerden ötri onuñ öz halky zyýan çekenokmy näme?" diýen sorag döremegi mümkin. Hytaýy, hususanam Hytaýyñ Kommunistik partiýasyny ýakyndan tanaýanlara bolsa bu soragy bermegiñ hiç hili manysy ýok. Tanamaýanlar, bilmeýänler üçin gysgajyk durup geçeliñ. Hytaýyñ Kommunistik partiýasynyñ düýbüni tutujy serdary Mao Szedun dünýä taryhynda görlüp-eşdilmedik rekordyñ eýesidir. Hatda Gitlerdir Stalin ýaly ýakasy gaýyşly diktatorlar hem adam gyrmakda onuñ öñüne geçip bilmez. Ol kommunistik režimi ýola goýmak üçin tegelek 65 million hytaýlynyñ ganyna galyp, "taryhyñ iñ ganhor diktatory" diýen ady añryýany bilen halallady. Mao Szedun "Uly ösüş" («Большой скачок» -t.b.) adyny beren samsyklaç syýasy maksatnamasyny durmuşa geçirjek bolup, ýurduñ ekerançylygyny weýran etdi, bol hasylly çaý plantasiýalaryny zor bilen şaly meýdanlaryna öwürdi, şeýdibem 1959-1961-nji ýyllarda, bary-ýogy iki ýylyñ içinde çaý satyp gün görýän 30 milliondan gowrak daýhanyñ açlykdan ölmesine sebäp boldy. Bu günki Hytaýyñ syýasy häkimiýetini elinde saklaýan Kommunistik partiýa, ynha, şular ýaly ganhorçylykly diktaturanyñ gönüden-göni dowamydyr. Biz şu ikiarada Zhou bilen habarlaşandygymyzy we oña birnäçe sowallar bilen ýüzlenendigimizi hem aýdyp geçmek isleýäris. Mundan owal dürli ýollar bilen habarlaşmaga synanyşan hytaýly ketdeleriñ bu babatdaky pozisiýasyny bilmän duramzok. Elbetde, sowallarymyza kanagatlandyryjy jogap berilmez. Zyýany ýok... Biz öz etmeli işimizi etdik. Indiki nobat olarda... Belkäm ertir, belki-de soñ bir gün olar näme etjeklerini bilmän, aljyrap jogabam bererler. Şonda hemmesini jemläp siziñ dykgatyñyza ýetirmege şumatdan söz berip goýýarys. 07.02.2020 ý. Süleýman ŞAHIN. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|