20:51 Hytaý "kagyz gaplañmy" ýa hakyky? | |
HYTAÝ "KAGYZ GAPLAÑMY" ÝA HAKYKY?
Publisistika
Aziýada 1997-nji ýylda ykdysady krizis ýüze çykypdy. Şondan biri halkara meselelerde gün tertibinde o diyen kän ady agzalmayan bolsa-da kontinentiñ beyleki ujundaky sebitlerde dünyädäki bar bolan ykdysady deñagramlylygy özgertjek derejede ösüşler yüze çykyp başlady. Gonkongy özüne birleşdiren Hytaý Halk Respublikasy sebitdaki ýurtlaryň arasynda äpet ykdysady güýji we täsirliligi bilen şol ösüşiñ esasy kerwenbaşysydyr. Napoleonyñ Hytaý barada: "Goýun uklasyn, oýansa bütin dünýäni gurşap alar" diýip beren maslahaty öz ähmiýetini bireýýäm ýitiripdi. Hytaý "oýanypdyr". Hazir bütin dünýäde Hytaýyñ "oýanmagynyñ" dünýä ýurtlaryna edip biljek täsiri barada gyzgalañly jedeller edilýär, ýüze çykan täze mumkinçiliklerden nähili peýdalanylmalydygynyň gürrüñi edilyär. Uly döwlet işgärleri, işewür adamlaryň uly toparlary Hytaýda ýüze çykan ykdysady mümkinçilikleri derñemäge başladylar. Ýogsa-da Hytaý sözüñ doly manysynda tanalmaýarka ýa-da ol bolşundan ulaldylyp göz önüne getirilýärmikä? Ýakyn günlere çenli Hytaýy dünýädāki ýagdaýy bütinley özgerdip biljek güýje eýe bolan "aždarha" hasaplan syýasy synçylar soňky döwürde Hytaýyň dünýädaki ykdysady we syýasy ýagdaýa o diýen täsiriniń ýokdugy baradaky pikirleri öñe sürmäge başladylar. ABŞ-nyň Deñiz-harby güýçleriniň işgäri Jeýms Jorjuñ "Hytaý kagyzdan ýasalan gaplañmy ýa-da hakyky gaplanmy?" diýlen soraga jogap gözläp ýazan makalasynda şeýle diýilýär. "Hytaý-garyşyk surat. Onuň taryhy-kesekileri özünden uzakda saklamak üçin gurlan Hytaý diwary bilen simwollaşan dünýädäki beýleki halklardan üzñe ýaşan halkyň taryhydyr. Ol beýleki halklardan tapawutlylykda daşary ýurtlularyň salyan howpuna diyseň az sezewar bolupdy. Ýakyn taryhda görnüşi ýaly Hytayyň gürrüñi köp edilen adam güýji babatdaky artykmaçlygy Koreýada Günbataryň harby tehnologiyasyny ýeñip bilmändi. Olar wýetnamlylar tarapyndan çynlakaý ýeñlişe sezewar edilipdiler, Orsyýet bilen düşünişmezliklerine çözgüt tapyp bilmändiler. Olar özleriniñ iñ uly harby ýeňşini goranmak güýji bolmadyk Tibeti eýelänlerinde gazanypdylar. Hytaý taryhynda şanly-şöhratly harby ýeňişleri bolmadyk ülkedir". Hytaýdaky hakyky özgermeler harby ugur boýunça dål-de ykdysady ugur boýunça durmuşa geçirildi. 1986-njy ýyldan 1994-nji ýyla çenli Hytaýyñ harby ugra goýberýän pul serişdesiniñ 159 prosent artandygy aýdylýar. "Halkyň erkinligi" atly Harby goşunynyň öz eýeçiligindäki humarhanalar we myhmanhanalar ýaly 20 müñ sany ykdysady sereketden alýan girdejisi bilen birlikde Hytayyň harby ugra iş yüzünde sarp edýän pul serişdesiniñ 50 milliard dollara barandygy çaklanylýar. Hytaý 1986-njy ýyla çenli 4 milliona barabar bolan esgerleriniñ sanyny sol ýyl 3 milliona getiripdi. Şol sebitde ýerleşýän Hindistan we Demirgazyk Koreýa döwletiniñ her biriniñ bir million esgeri bar. Ýaraglanmak boýunça ýaryş hem togtarly dal. Hytaý goşunynyň 60 prosenti 1950-nji ýyllaryň tehnikasyny ulanýar. Hytayyň harby goşunynyň Deñiz güýçlerine degişli 850 uçary we 5300 uçarlyk howa floty bilen eýmendiri ji görünýär, yöne olaryň 4 müñden gowragy 1950-nji ýyllaryň möwriti geçen uçarlaryndan ybaratdyr. Häzir Hytaý Ysraýylyň kömek bermegi arkaly "F-10" kysymly uçarlary öndürmäge çalyşýar. Hytaýyň iñ esasy raketalary 7500 kilometr aralyga atýan "DF-41" kysymly raketalardan, 5000 kilometr aralyga atýan "DF-31" kysymly raketalardan we "JULANG-2" kysymly raketalardan ybaratdyr. ABŞ-nyň Harby akademiýasynda 2006-njy ýylda sebitdäki iň uly düşünişmezlikleriň birine ýol açan "Spratly" adalarynda ABŞ-Hytaý urşuny görkezýän oýun boýunça sapak geçilýär. Ol oýnuň ahyrynda ABŞ-nyñ sebitden el çekmäge mejbur bolandygy nygtalýar. Amerikan generalynyñ aýtmagyna görä, iñ tutanþerli syýasy synçylaryň pikirine görä-de, Hytaýyň su mahal kagyzdan ýasalan gaplañdygy anyk. Emma onuñ ýene 10 ýyldan hakyky gaplaña öwrülmegi-de ahmal. • HYTAY ÄHMIÝETLI YURTMY? Hytaý baradaky endik edilen eýmendiriji çaklamalary derbi-dagyn eden in batyrgaý baha berlip ýazylan makala halkara arenasynda uly abraýa eýe bolan metbugat organy "Foreign Affaris"-de çap edildi. Ol makalany Angliýanyň "Halkara strategiki işler" atly institutynyň ýolbaşçysy Gerald Segal ýazypdyr. Ol makalada Hytaýyň orta derejeli güýçdügi, 150 ýyldan bäri onuñ agalyk edýän güýç bolmagyna garaşylýandygy, emma ol arzuwyñ soňunyň hemişe puç bolup gelýändigi we Hytaý uly güýçdür öýdýän adamlaryň ýalnyşýandyklary ýazylypdyr. Segal Hytaýyň güýçleriniň üstünde ýeke-yekeden durup geçýär. Hytaý Aziýadan beýleki dünýä bazaryna juda az täsir edýän ýurtdur. 1800-nji ýylda Hytaý dünýädäki önümçiligiň 33 prosentini, Ýewropa 28 prosentini, ABŞ 0,8 prosentini elinde saklaýardy. 1900-nji ýylda bolsa ol sanlar şeýleräk tertipdedi: Hytaý 6,2 prosent, Yewropa 62 prosent, ABŞ 23,6 prosentdi. 1997-nji ýylda Hytaý dünýä önümçiliginiň 3,5 prosentine, ABŞ 26,6 prosentine eyedi. 1997-nji ýylda Hytaýyň ykdysadyýeti (Italijanyň yzynda, Braziliýanyň öňünde) dünýäde 7-nji orny eyeläpdi. Emma Hytaý adam başyna ýylda 300 dollar düşýän milli girdejisi bilen dünýäde 81-nji orny eýeläpdi. BMG-niň berýän maglumatyna görä, ilatynyň aň-düşünjesiniň ösüşi babatda Hytaý dünýäde 107-nji orny eýeleýär. Ýagny bu ugurda Albaniýa bilen deñeçer. Hytaýyñ berýän statistiki maglumatlaryna-da bil baglap bolar ýaly dal. Mysal üçin, 1950-nji ýyl bilen 1980-nji ýylyň arasynda Hytaý ortaça ösüşiniñ 12,5 prosentdigini habar berýär. Şol döwürde Ýaponiyada bu san 11,5 prosente barabar. Iki ülkäniñ häzirki ýagdaýyny deñeşdirip görenimizde Hytaý statistikasyna ynanmagyñ yalnyş boljakdygy öz-özünden belli bolýar. Daşary ýurtlar bilen edýän söwdasyny hem Hytaý bolşundan ulaldyp görkezýän bolmaly. 1997-nji ýylda Hytaýyñ halkara bazarda eden söwdasy 3 prosent bolupdyr. Bu san Günorta Korýanyńka deñ, Gollandiýanyňkydan bolsa aşakda. Aziýadaky söwdanyň 11 prosenti Hytaýyň elinde. ABŞ-nyn Hytaja edýän eksporty eksport edýän ähli harydynyň bary-ýogy 1,8 prosentine barabar. Ýogsa-da harby ugurlarda Hytaýyň ýagdaýy nähilikä? Hytaý harby ugur boýunça ikinji derejeli güýje eýe. Dünýäde goranmak sistemasyna goýberilýän pul serişdeleriniñ 4,5 prosenti Hytaya, 33,9 prosenti bolsa ABŞ-a degişli. Taýwanyň harby ygtyýarlylary Hytaýyň adany basyp alyp biljekdigine ynanmaýar. Tehniki taýdan has ösen NATO-nyň raketalarynyň Serbiýadaky täsirliligi nazara alynsa, Hytaýyň raketalarynyň Tajwana edip biljek täsiri-de bolşundan ulaldylyp aýdylýar. Hytaýyň ABŞ-nyň garşysyna gurnalan yarag sistemasy bolan ýeke-täk ýurt bolmagy çynlakaý mesele. Emma bu ABŞ-ny goranmaga goýberyän pul serişdesini artdyrmaga mejbur etmekden başga netije bermeýär. Hytaýyň 1950-nji ýyllardaky Sowet Soýuzyna meňzemekden beter, 1990-njy ýyllardaky Yraga çalym edýändigini aýdan Segalyň pikiriçe, Hytaý ähmiýeti uly ýurt, yöne günbatarlylaryň köpüsinin çaklaýşy ýaly däl. Hytaýa bolşundan uly baha bermek Hytaýyň garşysyna strategiýa işläp düzmek mümkinçiliklerini peseldýär we oña edilýän eglişikleriñ derejesini artdyrýar. Abdylhamyt BILIJI. 05.05.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |