14:37 Hytaýdaky demonstratlaryñ elindäki boş kagyz nämäni añladýar? | |
HYTAÝDAKY DEMONSTRATLARYÑ ELINDÄKI BOŞ KAGYZ NÄMÄNI AÑLADÝAR?
Publisistika
Internetdäki fotosuratlarda we wideoýazgylarda Hytaýda köçelere çykan halkyñ elinde boş kagyzlaryñ bardygy görülýär. Bu gozgalañyñ tolkuny sosial mediýanyñ çygryndan çykyp, Hytaýyñ köçelerini gaplap aldy. (AFP) Hytaýdaky demonstratlar kowid-19 çäklendirmelerine garşy nägileliklerini bildirmek üçin boş kagyzlary ulanyp, senzuranyñ şarpygyndan we tussag edilmekden sypýar. Bu gozgalañyñ tolkuny sosial mediýanyñ çygryndan çykyp, Hytaýyñ köçelerini we ýurduñ iñ gowy ýokary okuw jaýlaryny gaplap aldy. Internetdäki fotosuratlarda we wideoýazgylarda Nankin, Pekin şäherlerinde aralarynda talyplaryñam bolan halkyñ elinde boş kagyzlaryñ bardygy görülýär. Senzuranyñ şarpygyndan we tussag edilmekden sypmak üçin sessiz protest taktikasy ulanylýar. Boş kagyzlaryñ demonstratlary basyp ýatyrmak boýunça tutumlaryny görkezýändigi, şeýle-de hiç hili ýazgysyz bannerleri alyp çykandygy sebäpli tussag edip bolmaýandygyndan, ygtyýarlylary ýañsylamak maksady bilen ulanylýandygy aýdylýar. Hytaý häzir kowide garşy berk çäklendirmeleri we nul tolerant syýasatyny ýöredýär. Soñky günlerdäki gahar-gazap Hytaýyñ günbataryndaky Urumçide bir jaýda dörän ýangynda on adamyñ wepat bolmagynyñ yzyndan möwç aldy. Ýaşaýjylaryñ 100 günden gowrak uzak wagtlap jaýdan çykarylman saklanmagy çäklendirmeleriñ ýangyndan gaçyp halas bolmaga päsgel berendigi hakdaky gep-gürrüñleriñ üstüne ot guýdy. Şenbe gününiñ agşamy Şanhaýda üýşen jemende Urumçidäki ýangynda aradan çykanlar üçin gije nobatyny gurnady. "Reuters" tarapyndan düşürilen wideoýazgylarda bir adam "Bir gün-ä şu günki eden hemme eden-etdilikleriñiziñ hasabyny bermeli bolarsyñyz!" diýip gygyrdy. Protest çykyşlaryna gatnaşýan halk "Döwlet bolýan her bir urdumşalygyñ ýitgisine döz gelmeli bolar" diýdi. Döwlet baştutany Si Szinpiniñ ýolbaşçylygyndaky Hytaýda köpçülikleýin oppozisiýa köp derejede aradan aýrylan ýagdaýda. Raýatlar gahar-gazaplaryny köplenç sosial mediýada paýlaşýanam bolsa, ýurduñ içindäki senzura garşy göreşmekleri gerek. Bu # "0-Kowid"-e garşy protestiñ Pekindäki Tsinghua uniwersitetinde ýüze çykandygy aýdylýar. # Hytaýdaky ýaşlar durmuşunyñ häzirki aýgytlaýjy döwrüniñ uly bölegine Kowid krizisi we oña degişli çäklendirmeler täsirini ýöredýär. # Hytaýdaky #0-Kowid-e garşy demonstratlaryñ eline boş kagyzlar alyp çykandygyny görýänsiñiz. Munuñ özi bärde oppozisiýany zorlukly basyp ýatyrmaga jan edýän ygtyýarlylara "Ýeke sõz aýtmaýan boş kagyzy elimde saklandygym üçin meni tussag etjek bolýañyzmy?" diýen ýaly manyda "Me, size!" diýmegiñ bir ýoludyr. Pekindäki Tsinghua uniwersitetiniñ öñünde-de boş kagyzly protest çykyşlary bolup geçdi. Wang atly pekinli ýaşaýjy kowid çäklendirmeleri sebäpli "ikinji heläkçilikler" diýip atlandyrylan hadysalar sebäpli gynanjyny paýlaşdy. Şu heläkçilikleriñ arasynda Guýçžouda karantindäki adamlary alyp barýan awtobusyñ agdarylmagy we Şianda hassahana ýerleşdirilmän yzyna gaýtarylan göwreli aýalyñ çagasynyñ düşmegi hem bar. Lançžouda-da karantin wagtynda gazdan zäherlenip, oglan çagajyk ölüpdi. Halk raýdaşlyk bildirmek üçin internete girip, ellerinde boş kagyz saklaýan fotosuratlary ýa-da boş ak kwadrat kartonlary paýlaşýar. Lýusi SKOLDING. Duşenbe, 28.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||