17:53 Hytaýyñ Gaza urşy boýunça pozisiýasynyñ añyrky plany | |
HYTAÝYÑ GAZA URŞY BOÝUNÇA POZISIÝASYNYÑ AÑYRKY PLANY
Publisistika
Hytaýyñ Ýakyn Gündogardaky geosyýasy strategiýasy nähili şekillenýär? Hytaý Halk Respublikasy elmydama ýurdunyñ daşyndaky ýerlere syýasy ýa-da harby taýdan güýç salmazlygy baş ýörelge edinip geldi. Emma 7-nji oktýabrda ýüze çykan giñ gurşawly çaknyşygyñ yzyndan Ysraýyl-Gaza urşunda gazalylara absolýut kömegini mälim etmek bilen Hytaý daşary syýasatyna agalyk edýän ýörelgesini bozdy. Hytaýyñ Daşary işler ministri Wan I Gazada dessine ok atyşygy bes etmäge çagyryp, parahatçylyk üçin ýeke-täk ýoluñ iki döwletli çykalgadygyny tekrarlap aýtdy. Wan I şeýle-de, ýarym asyrdan gowrak wagtlap palestinalylara edip gelýän zorluk-zulumy sebäpli Ysraýyly ýazgaryp, Ysraýylda häzir bolup geçýän uruşa öz-özüñi goramagyñ çygryndan çykan uruş hökmünde baha berdi. Hytaýyñ Ýakyn Gündogar boýunça ýörite ilçisi ýygjam diplomatiki gepleşikleri geçirdi, Hytaýyñ sosial mediýasy-da jöhit we amerikan garşydaşlygyny edýän çykyşlar bilen dolup-daşdy. Hytaýyñ Gazadaky uruşa beren garşylygy bilen Ukrainadaky uruşa beren garşylyk iki tarapdan alanda az-owlak tapawutlanýar. Ukrainada 600 günden gowrak wagt dowam eden uruşda Hytaý uruşýan iki tarapa-da syýasy bitaraplygyny dowam etdirdi. Emma Gazada uruş turan badyna aç-açan ýagdaýda Gazanyñ goralmagy üçin çagyryş etdi. Şeýle-de, Hytaý we ABŞ Ukraina urşuna gönüden-göni goşulmasa-da, maddy goldawlaryny gaýgyrmaýandyklary üçin Ukrainadaky uruş belli bir derejede wekilçilik urşuna öwrüldi. Gazadaky uruş bolsa ABŞ-ny we Hytaýy Ýuwaş okeany sebitleriniñ daşyndaky regional çaknyşyga çekip biler. Ýeke-täk agalyk ediji sebitleýin güýç tarapyndan dolandyrýan Ýakyn Gündogar sebitde belli bir derejede durnuksyzlyga sebäp bolup biler. ABŞ Ysraýyla garşy gönükdirilen raketalara garşy durmak maksady bilen Gazany gurşap alan deñize iki sany awianosesini ýerleşdirdi. Şeýle-de, Omanyñ açyk deñizlerinde geçen harby türgenleşigiñ yzyndan alty sany hytaý söweşjeñ gämisi eýýämden Ýakyn Gündogarda mälim edilmekden saklanýan ýerde ýerleşdirilen ýagdaýda dur. Hytaý Jibutiniñ golaýynda ikiugurly maksatly port hem gurdy. Gazadaky çaknyşyk sebitleýin sepgide çyksa ABŞ gönüden-göni burnuny sokup biler. Hytaýa hem üýtgäp duran dinamikalar we ýagdaýyñ sebitleýin täsirleri sebäpli bitaraplygyndan el çekip, çaknyşyga aktiw gatnaşmaga mejbur bolup biler. Ukraina we Gaza uruşlarynyñ bir umumy meñzeşligi bar. Ikisi-de "özgerişler asyryny" täzeden şekillendirmek tagallasy bilen birlikde global geosyýasy bäsdeşligiñem habarçysy bolup durýar. Hytaýy Ýakyn Gündogardaky harby güýçlerini herekete geçirmek bilen bir hatarda syýasy taýdan goşulmak babatdaky köne pozisiýasyndan gyşarmaga iteren zat näme? • Hytaýyñ bitaraplyk syýasatyndaky üýtgeşme Hytaý näme üçin Ukrainadaky uruşy Ýakyn Gündogardaky uruşdan tapawutly görýär? Hytaýyñ nukdaýnazaryndan bu tagallanyñ üç ugry bar: Hytaýyñ maksatlary - Pars aýlagyndaky hemişelik bähbitleri, täze emele getiren sebitleýin bilelikdelikleri we global geosyýasy, geoykdysady zerurlyklary taralyndan ugrukdyrylýar. • Pars aýlagy Hytaý Palestinanyñ tarapyny çalýarmy ýa Ysraýyly goldaýar soragynda her ikisi-de hakykaty doly ýañzytmaýar. Hytaý bir ýandan Ysraýyl bilen güýçli harby we tehnologiki gatnaşyklary saklaýar, beýleki bir ýandanam Palestina döwletiniñ gurulmagyny-da goldaýar. Hytaýyñ strategiki maksady Ýakyn Gündogarda parahatçylygyñ we durnuklylygyñ ýola goýulmagydyr. Ýeke-täk agalyk ediji güýjüñ dolandyrýan Ýakyn Gündogary sebitde belli bir derejede durnuksyzlyga getirip biler. Şonuñ üçin dürli regional güýçleriñ arasyndaky inçe güýç deñagramlylygynyñ goralmagy sebitde durnuklylygy ýola goýmagyñ mümkinçiligini pugtalandyrar. Saud döwletiniñ ministri Müsaid bin Muhammet el-Aýban, Hytaýyñ Daşary işler komissiýasynyñ müdiri Wan I, Eýranyñ Döwlet Howpsuzlyk Geñeşiniñ sekretary Ali Şemhani / Fotosurat: Reuters Şu nukdaýnazardan seredilense Hytaýyñ gurmaga synanyşýan köp polýusly howpsuzlyk sistemasy aslynda ABŞ-nyñ Ýakyn Gündogardaky güýç deñagramlylygyny çepbesine çöwden Yrak urşuna çenli uzak wagtlap yzyndan ylgalan zatdan o diýen tapawutlanyp duranok. Häzir dünýäde Pars aýlagynda parahatçylygyñ we durnuklylygyñ üpün edilmeginde Hytaýdan köp bähbidi (we strategiki gowşaklygy) bolan uly daşarky güýç ýok. Nebit geçirijilerini bökdençlige uçradyp biljek sebitleýin uruşam Hytaýda ykdysady aýlanyşygyñ togtamagyna sebäp bolup biler. Hytaýyñ Ýakyn Gündogardaky esasy bähbitleri meselesi barada aýdanda bolsa, bulam ne Palestina dawasy, ne-de Ysraýyl onuñ esasy gaýgysy däl. Gürrüñsiz, Hytaýyñ sebitdäki esasy bähbit zonasy Pars aýlagydyr. Bu bolsa Hytaýyñ içki gowşaklygyny görkezýär. Hytaý dünýäniñ iñ uly energetika müşderisi hasaplanýar. 2022-nji ýylda Hytaý 365,5 milliard dollara barabat jemi nebit söwdasynyñ 53,6%-ne golaýyny Pars aýlagyndan satyn aldy. Saud Arabystanynyñam nebitiniñ dörtden bir bölegi Hytaýa gidýär, bulam Hytaýyñ nebit söwdasynyñ 16%-den gowragyny düzýär. Pars aýlagynda ýola goýlan ikitaraply alyş-calyş we hyzmatdaşlyk bilen deñeşdirilende Hytaý bilen Eýranyñ arasyndaky ykdysasy bilelikdelige örän ownuga we deñeçerlikden uzaga meñzeýär. 2022-nji ýylda Hytaý Eýranyñ nebitiniñ 58-%-ni satyn aldy, bulam Hytaýyñ jemi nebit söwdasynyñ bary-ýogy 6%-ni düzýär. Hytaýyñ Ýakyn Gündogardan energetika geçirijilerini gorag astyna almagy harby senagat kompleksini gurmagy, ykdysady ösüşini durmuşa geçirmegi üçin diýseñ möhüm. Pars aýlagynyñ durnuklylygynyñ ýola goýulmagy we Pars aýlagyndan Hytaýa nebit äkidýän deñiz geçelgeleriniñ we bogazlaryñ açyklygyna galmagy-da Hytaýyñ peýdasyna. ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Antoni Blinken bilen Hytaýyñ Kommunistik partiýasynyñ syýasy bölüminiñ daşary syýasat boýunça başlygy Wang I 13-nji iýylda Jakartada geçirilen ASEAN ýygnanyşygy mynasybetli duşuşyk geçirdi / Fotosurat: AFP • Hytaýyñ sebitde täze dörän hyzmatdaşlary Siriýanyñ döwlet ýolbaşçysy Beşar Esad geçen sentýabr aýynda Pekine eden resmi saparynda Hytaý bilen Siriýanyñ arasynda strategiki hyzmatdaşlyga gol çekmegi başardy. Bu hyzmatdaşlyk iki ýurduñ ýolbaşçysynyñ arasyndaky ikitaraplaýyn duşuşykda Hytaý täze strategiki bilelikdeligi, global geosyýasy üýtgeşmelere garşy raýdaşlyk çarçuwasynda formulirledi. Özüne garşy gönükdirilen Günbataryñ sanksiýalarynyñ garşysynda Siriýa uruşdan soñky tapgyrda ýurdy täzeden abadanlaşdyrmak üçin köp möçberde Hytaýyñ maýa goýumlaryna goldanmaly bolar. Hytaý häzire çenli Siriýanyñ infrastrukturasyna üç milliard dollar geçirdi. Nebit söwdasy bilen birlikde Hytaý bir ýandan uly nebit önümçisi we Hytaýyñ esasy söwda hyzmatdaşy holan Yragyñ, beýleki bir ýandanam uly ýewraziýa güýji we Günorta Ýewropa açylan gapy bolan Türkiýäniñ goñşusy Siriýadaky ykdysady boşlugy doldurmaga doly taýýar. Infrastrukturanyñ Yrakdan başlap Siriýanyñ üstünden Türkiýä baglanmagy Ýewraziýa ykdysady manzarasynyñ aýlanyşygynda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ýakyn Gündogarda belli bir derejedäki gapma-garşylyk ABŞ-nyñ ünsüni Ýuwaş okeandaky ýagdaýlardan sowup biler. Bary-ýogy üç aý öñ Hytaý bilen Palestinanyñ hökümetiniñ arasynda şoña meñzeş strategiki hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekildi. Hytaý 2022-nji ýylda Günbatar Şeria edýän eksportynda 23%-lik artyşa we hytaý diliniñ ýerli bilim sistemasyna girizilmegine şaýat boldy. Hytaý palestin topraklaryna haýyr-sahawat, sosial kömeklerini we saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýola goýmagy-da dowam etdirip, ýerli halkyñ göwnüni awlamagy başardy. Yrakdaky uruşdan ýigrimi ýyl soñ häzir Hytaý Yragyñ iñ uly söwda hyzmatdaşyna öwrüldi. Yragam Hytaýyñ Arap dünýäsindäki iñ uly üçünji söwda hyzmatdaşy boldy. Hytaý ýurtdaky nebit infrastrukturasyny ösdürmäge dyrjaşmak bilen çäklenmedi, şol bir wagtyñ özünde suw, elektrik we beýleki jemgyýetçilik hyzmatlary pudagyndaky infrastrukturany-da ösdürmek üçin iş alyp bardy. Geçen maý aýynda Hytaý hemmeleri haýrana goýup Saud Arabystany bilen Eýrany ýakynlaşdyrmak üçin araçylyk etdi we munuñ netijesinee Arap dünýäsindäki ykdysady we strategiki täsiri artdy. Hytaýyñ sebitde täze orta çykan hyzmatdaşlarynyñ (köne hyzmatdaşy Eýran bilen birlikde Siriýa, Yrak, Palestina hökümeti) aýratynlygy diñe Gazanyñ töwereginde ýerleşýändigi däl. Uruşyñ gyzyşan ýagdaýynda bularyñ ikinji derejeli jebir çekene öwrülme howpy-da bar. Hytaýyñ sebitdäki giñ möçberli infrastruktura taslamalaryna artýan maýa goýumlaryny göterip biler ýa-da suwuk ýangyç bolmasa Hytaý şeýle bir ýagdaýa geler welin, by tapgyrda söwda bähbitleri ony parahatçylyk üçin araçylyk etmäge barýança uruşy gözegçilik astyna almak üçin elinden gelen tagallany etmeli bolar. • Hytaýyñ global geosyýasy hajatlary Hytaýyñ strategiki niýetleriniñ üçünji ugry geosyýasy kwalifikasiýada. Ýakyn Gündogarda Gündogar Ortaýer deñizi bilen kesgitlenen derejedäki gapma-garşylyk ABŞ-nyb ünsüni Ýuwaş okeandaky ýagdaýlardan sowup biler. Bu ýagdaý ABŞ-nyñ harby güýç boýunça çykdajylaryny-da ep-esli artdyryp biler we artan maliýe boşlugy we diýenetmezek inflýasiýa bilen birlikde amerikan ykdysadyýetine düýpli zyýan ýetirip biler. Şol sanda ABŞ-da ýerli oñşuksyzlyklary-da möwjedip, agzybirligi bozup biler. ABŞ-nyñ awianosesi "USS Gerald R. Ford" Ýakyn Gündogara gelmeziniñ öñünçäsi, 04.10.2023 ý.) Günbatary Hytaýy birinji derejeli global howp hasaplamakdan el çekdirip biljek her dürli hereketlilik Hytaýyñ bähbitlerine hyzmat edýär. Ýakyn Gündogarda uruş ABŞ-nyñ ünsüni Ukrainadan sowup, azajygam bolsa Russiýa zerurlyk duýýan rahatlygyny berip biler. ABŞ-nyñ harby çaknyşyga göni goşulmagy Arap dünýäsiniñ we ýerli arap ilatynyñ syýasy taýdan ýalñyzlaşmagyna getirer, bulam ynjyk amerikan raýat utgaşygyny hasam böleklär we ABŞ-nyñ global liderligini paltalar. 2024-nji ýyldaky prezident saýlawlarynyñ ýetip gelýändigini göz öñüne tutsak, Trampyñ izolýasiýa syýasatyny Ak Tama dolap getirmäge gönükdirilen haýsydyr bir gyşarma-da Hytaýyñ bähbitlerine hyzmat eder. Ýakyn Gündogarda we Ýewropada çaknyşyklaryñ ýüz çykmagy ahyrsoñunda döwlet baştutany Si Szinpiniñ "Günbataryñ agsaýandygy" hakda aýdan sözüne yşarat edýär. Müsürde, Iordaniýada we Arap dünýäsiniñ başga ýerlerinde ýüze çykan sebitleýin demonstrasiýalar diñe Ysraýyla däl, şol bir wagtyñ özünde ABŞ-na garşy protestleriñem bolmagyna iterýär. Munuñ özi ABŞ-nyñ öñbaşçylaryndaky global sistemanyñ aýbyny paş edýän haýsydyr bir oppozisiýa-da Hytaý tarapyndan dolandyrylýan, Hytaýyñ Ýakyn Gündogardaky hyzmatdaşlary tarapyndan giñ gerimli goldaw gören we Hytaýyñ Global Howpsuzlyk telekeçiligi diýip atlandyran alternatiw global howpsuzlyk sistemasyna giriş mümkinçiligi gazanar. Şirli ZE ÝU. @shirleyzeyu Çarşenbe, 01.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |