16:24 Iki jöhit | |
IKI JÖHIT
Publisistika
Sionizme garşy çykýan jöhit intellektuallarynyñ arasynda, belki-de, iñ meşhury bolan Norman Finkelşteýn bilen Garward uniwersitetiniñ hukuk fakultetiniñ iñ "esasy" professorlaryndan radikal sionist Alan Derşowisiñ (hakykatda ony gäbazan Epşteýniñ aklawjysy bolandygy bilen tanaýarys) iñ soñky çekişmesinde öñe çykan pursatlardan birinde "wagtyñ geçmegi" (срок давности) düşünjesinden söz açyldy. Hakykatdanam juda täsindi... Derşowis palestinalylaryñ indi üstünden 75 ýyl geçen ýer oñuşmazlygyndan el çekmän oturmalarynyñ dogry däldigini, bosgun bolup ýaşandan "Edil özüniñ Polşadaky pogromlardan gaçyp ABŞ-na gelen ata-babalary ýaly" palestinalylaryñam giden ýurtlarynyñ raýatlygyna girmekleriniñ gerekdigini aýtdy. Gepiñ keltesi, sözüni "Geçiñ indi şu ýer dawañyzdan..." diýmäge getirdi. Biziñ ýurdumyzda-da şeýle pikir edýän, genosidçi Ysraýylyñ ýer basyp almalarynyñ üstüni şeýdip örtmek isleýän "kolonial intelligentsumak" hetdini tanamazlar ýok däl. Diñe kolonial intelligensumaklar däl, şeýle pikir edýän syýasatçylaram bar. Ýogsam bolmasa watanyny goraýan gazaly raýatlara "terrorçy" diýerlermidi? Norman Finkelşteýn ýer dawasy boýunça "wagtyñ geçmegi" düşünjesi bilen prinsipial taýdan alanda özüniñem ylalaşýandygyny aýdyp, başyny başlan jogabyny şeýle dowam etdirýär: "Bu düşünjä birinji gezek Arnold Toýnbiniñ "Taryh hakydasy" kitabynda gabat gelipdim. "Jöhitleriñ Palestinadaky ýer dawasy boýunça oñşuksyzlyklaryñ wagtynyñ geçendigini aýdyp bilerismi? Hernäme-de bolsa bu oñşuksyzlygyñ düýbi iki müñ ýyl mundan öñ başlaýar" diýýär. Häzirem iki müñ ýyl mundan öñ bolanlardan ötri Günbatar Şeriada we Gazada ýer dawasyny edýän birgiden ysraýylly bar. 2000-3000 ýyl mundan öñki döwre esaslanýan dawanyñ "wagty geçmeýärmi" eýse?.." Nädip? Finkelşteýn diñe wyždanly intelligent hem däl eken, ol şol bir wagtyñ özünde ýiti jedelkeş eken, özem uran ýerini seksen iki togsan çüýleýänlerden. Şuña meñzeş argumenti wagtynda Edward Said hem ulanypdy. "Sionistleriñ palestin topraklarynda taryhy hak-hukugy bolup bilermi?" soragyna jogap hökmünde şeýle diýipdi: "Elbetde bolup biler. Emma bu ortadaky ýeke pikir ýa esasy pikir däl-ä, bu diñe orta atylýan pikirlerden ýekejesi. Gürrüñsiz, araplaryñ mundan has uly pikiri bar, sebäp olar Palestinada taryhyñ dürli döwürlerinde has köp wagtlap ýaşady. Eger palestin ýurdunyñ taryhyna seretseñiz, jöhitleriñ jemi alanda bary-ýogy 200-250 ýyl şol ýerde ýaşandygyny görersiñiz". Finkelşteýn bilen Derşowis birinji gezek jedele girenokdy. Olar 2003-nji ýylda hem "Democracy Now" telegepleşiginde garşyma-garşy gelipdiler. Şol gepleşikde Finkelşteýn Derşowisiñ "The Case for Israel" kitabtnda birnäçe ýerde faktlary ýoýýandygyny öñe sürüpdi we aýdan sözüni delillendirip birnäçe subutnamany orta atypdy. Munuñ deregine Derşowis näme edendir öýdýärsiñiz? It masgarasy bolandygy üçin uniwersitetden öz arzasyny ýazyp işden çykmady elbetde. Pälazan sionist bolandygy üçin özüne gelişýän zady, ýagny duşmançylyk etmegi saýlady. Duşmançylyk sözi juda bärden gaýdýar, arassa müptezellik (bihaýalyk) etdi. Hawa, ylmy jemgyýetçilikdäki agramyndan peýdalanyp, Finkelşteýni işleýän ýokary okuw jaýynda işinden çetleşdirmek bilenem çäklenmedi, Finkelşteýniñ "Holokostyñ" jebrini hut özi başdan geçiren enesiniñ aslynda nemes faşistleriniñ şugulçysydygyny aýdyp, aýylganç töhmet atmaga-da utanmandy... Norman Finkelşteýn gatnaşan telegepleşikleriniñ birinde şunuñ bilen baglanyşykly täsin gürrüñi diñleýjileriniñ dykgatyna ýetiripdir: Derşowis bilen Nýu-Ýork restoranlarynyñ birinde gabatlaşypdyr, öñden biri-birini tanaýandyklary üçin az wagtlygam bolsa bir stolyñ başynda oturypdyrlar. Şonda ol Derşowisden "Nädip enem hakda beýle zatlary aýdyp bildiñiz?" diýip soranda, olam "Senem meniñ faktlary ýoýandygymy aýtdyñ-a..." diýip jogap beripdir. Ikisi-de jöhit, ýöne biri wyždanly, ar-namysly, mertebeli adam, beýlekisi hapalygyñ jisime öwrülen görnüşi. Salih TUNA. "SABAH" gazeti, 10.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |