00:42 Indiki pandemiýa taýýarlykly bolmak üçin edip biljek zatlarymyz | |
INDIKI PANDEMIÝA TAÝÝARLYKLY BOLMAK ÜÇIN EDIP BILJEK ZATLARYMYZ
Publisistika
Kowid boýunça açylan derñew işi galñap barýarka Kit Ýeýts Birleşen Korollygyñ (BK) geljekki bela-beterlere taýýarlykly bolmak üçin nämeler edip biljekdigini aýdýar. Kowid derñewiniñ birinji tapgyry gyzgalañly dowam edýär. Onuñ maksady pandemiýa taýýarlykly bolmak. Derñew işiniñ görünişdäki esasy aýratynlygy günäni kimdir birine ýüklemek däl-de, indikisine has gowy taýýarlanmak üçin kowid pandemiýasyna kowid pandemiýasyna taýýarlanýarkak goýberen ýalñyşlyklarymyzdan sapak almak. Derñew işindäki bu birinji matlap "Garaşylmaýana nähili garaşyp bileris" ("How to Expect the Unexpected") kitabymda-da bar. Kitapda geçmişde adamlaryñ çak edenlerinde goýberen ýalñyşlyklary nygtamaga, şeýle şowsuzlyklaryñ düýp sebäplerini kesgitlemäge we geljekde gaýtalanmazlygy ýa-da has gowsy hiç hili gaýtalanmaz ýaly ýagdaýa getirilen manysyny berýän strategiýalary teklip etmäge üns berdim. Geljegi pikir etmek barada aýdylanda her bir etsem-petsemimiz dünýäniñ ugur-utgasyzlyklaryna garşy jedele wekilçilik edýär. Taýýarlygyñam şondan parhy ýok. Taýýarlyk derejämiz geljegiñ üýtgeşmelerine garşy jedellerimizi goramak üçin şindizden pida bermekçi zatlarymyzyñ arasyndaky çalşygy añladýar. Pandemiýa taýýarlyk hakda pikir edenimizde, tebigy heläkçilikler bolan ýagdaýynda edilmeli işleriñ meýilnamasynyñ beýleki ugurlaryndan sapak alyp bileris. Mysal üçin Birleşen Korollykda ýer yranmalaryna rutin hökmünde taýýarlyk göremzok, sebäbi bu ýurtda ýer yranma mümkinçiligi ýok diýen ýaly. Muña derek Ýaponiýa rutin hökmünde ýyllyk býužetiniñ 3%-den gowragyny tebigy heläkçilik howpy boýunça degişli edaralaryna harçlaýar. 50-nji ýyllaryñ soñunda Ýaponiýada tebigy heläkçilige taýýarlygyñ güýçlendirilip başlan wagtyndan bäri ýyllyk ortaça adam pidasynyñ sany müñlerçeden birnäçe ýüze düşürildi. "Garaşylmaýana nähili garaşyp bilerisde" indiki ýer yranmasynyñ doly haçan boljagyny anyklamak mümkin dälem bolsa, seýsmologlaryñ sarsgyna ýakyn sebitlerdäki ýer yranma ýygylyklaryny ynamly çaklap bilýändiklerini we bu maglumaty gollanmalary taýýarlamagymyza we birinji üns bermeli meselämize öwürmegimize ýardam etmek üçin ulanyp bilýändigimizi öñe sürýärin. Saglygy goraýyş ulgamynda hünärmenleşen alymlaram pandemiýadan öñ seýsmologlar bilen birmeñzeşräk zatlary aýdýardylar. Belki-de, 2020-nji ýylda ýaşap ýörenler kowid pandemiýasy bilen deñ derejedäki saglyga howp salýan global ýagdaýy başdan geçirmändigi üçin köpüsi berilýän duýduryşlary diñlemedi. Býužet jogapkärçiligi ofisiniñ başlygy Riçard Hýuz derñew işinde şaýat hökmünde beren görkezmesinde ýagdaýy şeýle düşündirdi: "Ýykgynçylykly howplaryñ haçan boljagyny öñünden çaklamak kyn bolup biler, emma bolan ýagdaýynda näderejede täsir etjegini çaklap bolýar. Global pandemiýa howpy koronawirus gelmezden öñem on ýyllap döwletiñ howp sanawynyñ iñ başynda durýardy, muña garamazdan diýseñ az (yza ser salanymyzda hakykatdanam juda az) üns çekdi.." Häzire çenli derñew işine hödürlenen subutnamalar kowidiñ ýüze çykmagyna alyp baran döwürde ünsiñ pandemiýa taýýar bolmakdan geçen, "Breksite" sowlandygyny açyk-aýdyñ görkezýär. 2018-nji ýylda Saglygy goraýyş we sosial hyzmatlar departamentinde taýýarlyk jogapkärçiligini boýnuna alan işgär Emma Rid subutnamalarynda ylalaşyksyz "Breksite" taýýarlygyñ kämillik ýaşyna ýetenleriñ sosial we jemgyýetçilik gözegçiliginiñ goldanmagyny üpjýn etmekden has derwaýysdygyny aýtdy. Hökümetara Dümew pandemiýasyna taýýarlyk guramasy 2018-nji ýylyñ noýabry bilen 2019-njy ýylyñ noýabryna çenli bir ýyllap "Breksit" taýýarlyklary sebäpli bir gezek ýygnanyşmady. Derñew işiniñ dowamynda 2016-njy ýyldaky pandemiýa taýýarlyk okuwynda ("Cygnus") berlen 22 maslahatdan pandemiýa ýaýranda bary-ýogy sekiziniñ berjaý edilendigi belli boldy. "Cygnus" wagtynda saglygy goraýyş boýunça esasy jogapkär, professor Deým Selli Deýwis şol wagt dem beriji medisina enjamynyñ azdygyna ünsi çekipdi. Muña garamazdan BK-yñ ilkinji kowid wakalaryndan alty hepde soñ Mett Hankok britaniýaly importçylara "Bir dem beriş enjamyny öndürseñizem, satyn alarys. Üýşüp ýatan zat ýok" diýip ýalbarýardy. Dewid Kemeronyñ, Jorj Osbornyñ işlän döwründe "guşak çekdirme" maksatnamasynyñ ýurdy pandemiýadan öñ taýýarlyksyz goýmandygyna degişli nägileliklerine garamazdan, beýlekileri muña ters gelýän subutnamalar görkezdi. Deým Selli Deýwis BK-yñ saglygy goraýyş infrastrukturasyna "maýa goýumlaryny togtadandygyny" öñe sürdi. Bulam saglygy goraýyş ulgamynyñ berkligine ýaramaz täsir etdi we BK-y "lukman, şepagat uýasy, ýatakhana sany, reanimasiýa unitasynyñ sany, dem beriji enjamyñ sany boýunça sanawyñ iñ soñuna" geçirdi. BK Saglygy Goraýyş agentliginiñ başlygy Jenny Harries saglygy goraýyş hyzmatlatyny "ýok eden" "guşak çekdirme" syýasatlary netijesinde saglygy goraýyşyñ maddy üpjünçiliginiñ azalandygyny aýtdy. Duýduryşlar gözümiziñ alnynda bolup geçenem bolsa, üns berilmändigi belli. Ygtyýarlylar maddy çeşmeleri beýleki maksatnamalara sowanyny gowy görýär. Belli bir ähtimallyga taýýarlanmazlygy saýlap almak geljek bilen baglanyşykly ýapyk çaklamadyr. Şahsy goraýjy topary saklamak ýa-da saglygy goraýyş hyzmatynyñ hilini ýokarlandyrmak boýunça iş geçirmezlik şol ýurduñ gelejekde pandemiýanyñ öñünde ýan bermeginiñ gutulgusyzlygyny güýçlendirýär. Geljege ser salmak diñe açyk formulirleýän "oñyn" çaklamalarymyz bilen däl, şol bir wagtyñ özünde berjaý etmedik "oñaýsyz" çaklamalarymyz bilenem baglanyşyklydyr. Ikinjisini ýoklugy sebäpli anyklamak umuman has kyn, emma BK-yñ pandemiýa taýýarlyklarynda görşümiz ýaly şowsuzlyklary-da deñ derejede zyýan ýetirip biler. Kit ÝEÝTS. Anna, 28.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |