17:57 «Interpol» näme? Onuň taryhy we maksatlary | |
«INTERPOL» NÄME? ONUÑ TARYHY WE MAKSATLARY
Halkara Jenaýat Polisiýa Guramasy - gysgaldylan ady «Interpol» - esasy wezipesi, agza döwletleriň milli hukuk goraýjy edaralarynyň adaty jenaýata garşy göreşmek tagallalaryny birleşdirmek bolup durýar. Interpolyň merkezi edarasy Fransiýanyň Lion şäherinde ýerleşýär. 1914-nji ýylda Monakonyň şazadasy Albert I-iň işjeň gatnaşmagy esasynda, 14 döwletiň polisiýa edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 1-nji halkara jenaýat polisiýa kongresi geçirildi. Kongresiň dowamynda jenaýat polisiýasynyň halkara toparyny döretmek başlangyjy tassyklandy, ýöne Birinji Jahan Urşy meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine päsgel berdi. 1923-nji ýylda Wenada, 2-nji Halkara Jenaýat Polisiýasynyň Kongresinde, aýry-aýry ýurtlaryň adaty jenaýata garşy alyp barýan tagallalaryny utgaşdyrmak üçin Halkara Jenaýat Polisiýa Komissiýasy döredildi. Resmi taýdan Komissiýa Ikinji jahan urşy döwründe-de işini dowam etdirdi. Düzgüne laýyklykda, komissiýanyň başlygy merkezi edarasy ýerleşýän ýurduň polisiýasynyň başlygydy. 1938-nji ýyldan bäri faşistik Germaniýasy Awstriýany özüne birikdirende, Interpolyň merkezi Berlin şäherine geçirildi we bu guramanyň prezidentleri SS (Schutzstaffeln) generallarynyň hataryndan bellenildi. Ikinji jahan urşunyň ýitileşmegi netijesinde ýurtlaryň köpüsi bu gurama gatnaşmagyny kem-kemden bes etdiler we hakykat ýüzünde Interpol ýeke-täk halkara gurama hökmünde hereket etmegini bes etdi. Interpolyň durkunyň täzelenmegi diňe 1946-njy ýylda merkezi edarasynyň Pariž şäherine geçirilmegi bilen amala aşyryldy. Guramanyň häzirki hereket edýän Düzgünnamasy 1956-njy ýylda kabul edildi. Şeýle hem, guramanyň täze ady - «Halkara jenaýat polisiýa guramasy» – «Interpol» diýip tassyklanyldy. Soňlugy bilen, 1989-njy ýylda Interpolyň baş edarasy, Lion şäherinde Baş sekretariatyň döwrebap toplumynyň gurulmagy bilen bir wagtda guramanyň merkezi hem bu şähere geçirildi. Häzirki wagtda Interpol 194 agza döwletleri özünde jemleýär. Interpol - BMG-den soň agza ýurtlaryň sany boýunça dünýäde ikinji orunda durýan halkara we hökümetara guramadyr. Guramanyň ýokary organy Baş Assambleýa (her ýyl ýygnanýar) bolup, oňa saýlanan prezident başlyklyk edýär. Ýylda üç gezek Interpolyň maslahat beriji organy - 13 adamdan ybarat Baş Assambleýa tarapyndan saýlanan Ýerine ýetiriji komitet duşuşýar. Ýerine ýetiriji komitetiň esasy wezipeleri Baş sekretaryň işine we Baş Assambleýanyň kararlarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek, guramanyň iş meýilnamalaryny taýýarlamak we Baş Assambleýa hödürlemekdir. 1946-njy ýyldan bäri guramanyň resmi neşiri - «International Criminal Police Review» žurnalydyr. Interpolyň agzalary bolan ýurtlaryň hersinde, döwlet hukuk goraýjy edaralarynyň düzüminde, beýleki ýurtlaryň döwlet hukuk goraýjy edaralarynyň Interpol wekilçilikleri we Interpolyň Baş sekretariaty bilen özara gatnaşygy saklamak üçin Döwlet Merkezi Býurolary (DMB) döredildi. DMB-nyň esasy wezipesi - aýry-aýry ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak we adaty jenaýata garşy göreşde umumy syýasaty alyp barmakdyr. Beýleki esasy wezipeleri- halkara gözlegini utgaşdyrmak, şeýle hem adam söwdasy, guramaçylykly jenaýat toparlary, neşe gaçakçylygy, ykdysadyýet çygryndaky jenaýatlar we ýokary tehnologiýa, galplyk, gymmatly kagyzlaryň galplaşdyrylmagy we çaga pornografiýasy ýaly jenaýatlara garşy göreşmekdir. Soňky döwürde jemgyýetiň howpsuzlygy we terrorçylyga garşy göreşe uly üns berilýär. Babajan ROZYBAÝEW, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |