12:02 Jahana Gaza hakykatyny görkezende wiral bolan sözler: "Men Ahmet, ölmedim..." | |
JAHANA GAZA HAKYKATYNY GÖRKEZENDE WIRAL BOLAN SÖZLER: "MEN AHMET, ÖLMEDIM..."
Publisistika
"Ysraýyl bize ýaşaýan ýerimizi taşlap gitmegi, çünki bombalamagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy. Ondan soñ tegelek bir hepde geçdi we hiç zat bolmady, şonuñ üçin men we maşgalamyz öýe dolandyk. Soñra raketalar hemmämiz öýüñ içindekäk tünegimizi başymyza ýumurdy..." Ahmet Ghunaim bombalamalardan soñ Gazadaky "düşeginde" (Ahmad Ghunaim) 1999-njy ýylyñ 7-nji martynda bu planetadaky birinji demimi aldym. Çagalygym gowy geçdi, syýahatçy blogger bolmagy arzuw etdim. Emma bu arzuwa ýetmek añsat däldi, çünki syýahat etmegiñ asla mümkin däl, dünýäniñ iñ uly üsti açyk türmesi Gazada ýaşaýardym. Palestin halkynyñ görýän horluklaryny we ýurdumyñ ajaýyplyklaryny surata almaga başladym. 2014-nji ýylyñ ahyryndaiy ysraýyl okkupasiýasynda öýümiziñ bombalanmagyvee ähli suratlarymyñ ýitmegi bilen sungat eserlerim we umyt-arzuwlarym ýok boldy. Şol gün gaty gowy ýadyma düşýär. Haraba öwrülen öýümiziñ öñünde durup, azap çekip ýygnan suratlarym üçin aglapdym. Ine, şonda blog düşürmegi, hiç kimiñ ýok edip bilmejek zadyny döretmegi niýetime düwdüm. Syýahatçy blogger bolmak arzuwyma ýetip bilmesemem, Gazany aýlanyp gördüm, onuñ gözelligini we baý taryhyny görkezmegi makul bildim. Sosial mediýa hasaplarym dört gezek petiklenenem bolsa, bu ýerleri ýazgy etmek üçin ýene gaýdyp gelýärdim. Ysraýyl näme edende-de (hernäçe aragatnaşyk liniýasyny kesse-de) ýüregimiziñ törüne oýultp ýazylanlary hiç haçanam öçürip bilmezler. Biz taryhymyzy asla ýatdan çykarmarys. 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda Gazä garşy uruş başlady we hemme zat agdar-düñder boldy. Geçmişde we biziñ günlerimizde nämeleriñ bolup geçýändigini görkezmek üçin uruş korrespondenti bolmaga mejbur boldum. Başky günlerde Ysraýyl bize demirgazykdaky ýerlerimizi taşlap gitmelidiginu aýtdy, çünki bombalamagy meýilleşdirýärdiler. Şonuñ üçin ýaşaýjylar öýlerini taşlap başga ýere gitdiler. Bir gün geçdi, iki, üç gün geçdi... Tegelek bir hepde geçdi we hiç zat bolmady. Men we maşgalamyz öýe dolandyk. Şondan birküç gün geçenden soñ hemmämiz öýüñ içindekäk tünegimiz ýokardan bombalandy. Bu meniñ durmuşymyñ iñ agyr pursatlarynyñ biridi. Maña näme bolandygyny bilemokdym we ýaşan ömrüm gözümiñ öñünden lenta deýin geçip gitdi. Maşgalamyñ jany sagmydy? Häzirem dirimidiler? Jogabyny bilemokdym. Arassa şokdadym. Birnäçe minutdan soñ nämeleriñ bolup geçendigine düşündim we maşgala agzalarymy tapmaga synanyşdym. Käbirleri köçededi, käbirleri hassahanadady, käbirleri-de harabalaryñ aşagynda galypdy. Hudaýa şükür, maşgala agzalarym we men ölmän galdyk. Sosial mediýadaky yzarlaýjylarym her gün hereketlerimi synlaýardy. Menem olara (iñ bolmanda edil şol pursat üçin) gowudygyny habar berýätdim: "Men Ahmet, ölmedim". Ençeme günläp tüneksiz galdyk. Hemme ýerden öý ýa-da sümelge gözledik, emma UNRWA-nyñ (BMG-nyñ Ynsanperwer kömek gullugy) garamagyndaky mekdeplerem öý-öwzaryndan jyda düşürilen adamlardan doludy. Şeýdibem öýsüz galdyk. Ýaşamaga dowam etmäge dyrjaşdyk. Iýmäge azyk we içmäge suw almak üçin sagatlap nobata durýardyk, kämahal birnäçe günläp ikisindenem binesip galýardyk. Ýangyjymyz gutardy, nahar bişirmäge ot ýakmak üçin kitaplarymyzy ýakmaga mejbur bolduk. Pikir-oýumyza gelmejek zatlar başymyza geldi. Ahyrynda Deýr El-Balahdaky "el-Aksa" hasaahanasyna özümi atdym we ol ýerdäki hemme zady ýazgy etdim, çünki sesimi eşitdirmek we ahy-nalalarymyzy jümle-jahana ýetirmek meniñ borjumdy. Şertler minutlar geçdigisaýy erbetleşýärdi. Birnäçe aýlap añzakly sowukda ýatyp-turduk. Soñra ysraýyl okkupasiýasy hassahana tarap süýşdi we meni iñ ýakyn dostum Ahmet Masud bilen bile günorta, Han Ýunusdaky "Nasyr" hassahanasyna gitmäge mejbur etdi. Ol ýerde birnäçe gün bolduk, emma az wagtda ol ýeriñ howpludygyny bildik we ýene bir gezek soñky düşelgämizden jyda düşüp, Gazäniñ günorta ujundaky Refaha gitdik. Çadyr tapýançak birnäçe hepde awtoulagda ýatyp-turduk. Refahda üç aýdan köp boldum we derman-däri ýetmezçiligi sebäpli bejerip bolmaýan ingi (gryža) keseline ýolukdym. Eger bombalardan ölmän galsamam, tapan keselimden ölüp gidibermelidi. Şonuñ üçin durmuşymyñ iñ kyn kararyna geldim, şular ýaly ýagdaýda Gazäni taşlap gaýtmaly boldum. Iki aý gidişenden soñ Müsüre ýerleşip bildim. Ol ýerde gözümiñ görýänlerine şok boldum. Uruş, horluk, kösenç, weýrançylyk, ýas, hasrat, basyş içinde 126 gün geçiren ekenim, şeýle-de bolsa Müsürde durmuş Gazada hiç bolmadyk ýaly dowam edýärdi. Ol ýerdenem aýrylyp, Günorta Afrika gitmegi makul bildim. Dünýädäki ähli ýurtlaryñ arasyndan bu ýurdy saýlap aldym, çünki Ysraýyla garşy genosid dawasyny açyp, Halkara Gaaga sudunda biz palestinalylar üçin bir zatlar etmäge dyrjaşan ilkinji ýurt şudy. Men bärde, Günorta Afrikada howpsuz ýerde, emma maşgalam we beýleki 2,2 million gazaly ildeşlerim beýle däl. Kyssamy we ýurdumda bolup geçenleriñ hakykatyny ýaýma borjum men howpsuz ýere geldim diýip hiç hili üýtgänok. Bu men we bulam meniñ kyssam. Men Ahmet, heniz ölmedim. Ahmet GHUNAIM. Anna, 12.04.2024 ý. * Palestinaly syýahatçy blogger Ahmet Ghunaim häzir 24 ýaşynda. Onuñ "Ahmad Alive" atly dokumental filmi ýakynda www.seen.tv-de berilmegine garaşylýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |