04:02 Jahanşa Hakyky | |
JAHANŞA HAKYKY
Taryhy şahslar
(ýa-da onuň türkmendigini tassyklaýan düýpli deliller) Türkmen edebiýatçylarynyň uly halypasy, gadymy hem Orta asyr türkmen edebiýatyny çuňňur öwrenmekde hem öwretmekde önjeýli ylmy işler bitiren, zehin siňdirilen kitaplary daşary ýurtlarda-da okalýan, filologiýa ylymlarynyň doktory, Rahman Rejebow XV asyr garagoýunlylar imperiýasynyň hökümdary, türkmen şahyry Jahanşah Hakykynyň goşgularyny çapa taýýarlap, okyjylary ýene bir gezek begendirdi. Meşhur alymyň “XVIII-XIX asyrlar türkmen edebiýatynyň döredijilik stili”, “Gadymy türkmen edebiýaty”, “Çeper edebiýatda estetika we stil meseleleri”, Nesiminiň üç tomlugy we başgalar entek-entekler ähmiýetini ýitirmez. Rahman Rejebowyň okyjylara hödürlenýän bu makalasy XV asyryň aldym-berdimli wakalary içinde höküm süren Jahanşa Hakyky dogruda. Ine, belli alymyň makalasynda Jahanşah Hakykynyň türkmendigi hakynda düýpli deliller arkaly gürrüň edilýär. ◆ ◆ ◆ Orta asyrlar türkmen edebiýatynyň wekilleriniň biri-de Jahanşah Hakyky bolupdyr. Jahanşah Hakyky Gara Ýusup türkmeniň ogludyr. Gara Ýusup türkmen gelip çykyşy boýunça türkmenleriň Garagoýunly taýpasyndan bolup, ol Gara Muhammet türkmeniň ogludyr. Gara Muhammet – türkmen Diýarbekir türkmenlerinden bolupdyr. Ol şol ýerlerde önüp-ösüpdir. Gara Ýusup türkmen Garagoýunly türkmen patyşalygynyň düýbüni tutan we esasyny goýan patyşa bolupdyr. Teýmirleň ölenden soň, onuň buýrugyny ýöreden ýerlerinde üç sany patyşalyk döreýär. Gündogarda bir patyşalyk döreýär, onuň merkezi Samarkant bolýar. Ortada bir patyşalyk döreýär, onuň merkezi Hyrat bolýar. Hyrat we Samarkant çagataý türkmenleriniň elinde, ýagny, Teýmiriň agtyk-çowluklarynyň elinde galýar. Teýmiriň döwletiniň Günbatar bölegi, ýagny, Eýranyň günbatar bölegi, Yrak we Azerbaýjan we Ermenistan Garagoýunly taýpalarynyň eline geçip, ol ýerlerde ýüz ýyl dowam eden türkmen Garagoýunly patyşalygy döreýär. Bu döwletiň esasyny goýan Gara Ýusup türkmen bolupdyr. Jahanşah Hakyky şu Gara Ýusup türkmeniň ogludyr. Jahanşah Hakyky dädesi Gara Ýusup ölenden soň, 1437-nji ýylda şalyk köşgüne çykyp, otuz ýyl patyşalyk edenden soň, 1467-nji ýylda Akgoýunly taýpasyndan bolan Uzyn Esen bilen eden söweşinde ölýär. Jahanşah Hakyky ýaşlykda görnükli ussatlaryň elinde arap we pars dillerinden, dürli bilimden hem öz zamanasynyň filosofiýasyndan çuň bilim alypdyr. Ýaşlykda edebiýatdan we dilden alan bilimleri soň ony döredijilik işi bilen-de meşgul bolmaga getiripdir. Ol türkmen dilinde wepars dilinde aşa zehinli ýazylan goşgulary düzüpdir. Jahanşah Hakykynyň türkmençe ýazan gazallaryndan iki golýazma galypdyr. Biri Ermenistanyň “Metanadaran” atly golýazmalar gaznasynda saklanýar. Bu golýazma doly däl. Onuň ortasyndan kagyzlar goparylyp aýrylypdyr. Golýazmalaryň ýene biri Britaniýa Muzeýinde saklanýar. Munda Jahanşahyň türkmençe we parsçaýazan gazallary we rubagylary doly saklanypdyr. Jahanşah Hakyky türkmen dilinde 91 gazal we 36 rubagy ýazypdyr. Jahanşah Hakyky özi diri mahalynda bir gazallar diwanyny Nowaýynyň halypasy Abdyrahman Jama sowgat beripdir. Jamy bolsa onuň gazallaryna ýokary baha beripdir. Indi Jahanşah Hakykynyň türkmendigini görkezýän çeşmeleriň üstünde durup geçýäris we olardan setirler we bölekler alyp görkezýäris. Bu çeşmeler aşakdakylardan ybarat: W.W.Bartoldyň tomlary, akademik Ý.A.Ýakubowskiniň eserleri, O.I.Smirnowanyň aýdanlary, “Gündogar edebiýaty” kitaby, “Türkmenistanyň we türkmenleriň taryhy boýunça makalalar” atly kitaplar, Mirhandyň “Rowzatussafa”, Huseýniň “Bedaýügül-wekaýyg”, Handemiriň “Häbibus-siýer’ atly kitaplaryndan we Fahry Hereweriniň “Rowzatus-selatin” atly eserlerinden ybaratdyr. Mysallary we delilleri görkezmegi W.W.Bartolddan başlaýarys. Bartold bir ýerde şeýle ýazýar: “1468-nji ýylyň gyşynda Abu Seýit Merwiň töwereklerinde, ägirt türkmen häkimi Jahan şanyň öldi habarynyň täsirine düşüp, günbatar Eýrany almak üçin ýöriş etmegi ýüregine düwýär”. W.W.Bartold ýene başga bir ýerde şeýle ýazýar: “Soltan Mahmyt II Konstantinopoly /1453/ almak bilen özüni has şöhratlandyrdy, ol hakda şobada Müsür soltany türkmen Jahan şanyň adyna hat ýollanyldy”. W.W.Bartold aşakdaky setirlerinde hem Jahanşahyň türkmen bolandygyny nygtap görkezýar: “Hyratda şazada tarapyndan kabul edilip, günbatara iberilýär, ol bir ýyl gowrak Töwrizde türkmen soltany Jahan şanyň ýanynda bolýar”. Bartolddan ýene aşakdaky setirleri alýarys. Ol şeýle ýazýar: “Olardan garagoýunly günbatar türk dinastiýasyndan bolana türkmenleriň diňe bir döwletini berkitmek bilen çäklenmän, ony Teýmiriň ýörişlerindenem öňki çäklerini giňeltmek başardypdyr”. Jahanşah Hakykynyň dogany Isgender beg türkmeniň ogly Ýaraly Hyratda gozgalaň turuzýar. Şol dogruda W.W.Bartold şeýle ýazýar: “Gozgalaňa türkmenleriň garagoýunly dinastiýasyndan bolan Isgender soltanyň ogly Ýaraly sebäp bolýar, ol 1432-nji ýylda Şirwana şaha öz atasyndan gaçyp gelýär, çünki ol Şirwandan deňiz ýoly arkaly, ýagny, Kaspi deňziniň üsti bilen Astrabatdan şahruha iberilen eken. 1432-nji ýylyň güýzünde ol Hyratda nähilidir bir oýlanyp tapylan harby ýaragyň synagynda bolýar. Şahruh ýaş görmegeý şazada hakda güýçli täsir döretdi diýýär. Biraz wagtdan soň, Ýaraly tussag edilýär we Samarkanda iberilýär”. W.W.Bartolddan alnan ýokarky setirlerde agzalan Ýaraly Isgender soltanyň ogly bolupdyr. Isgender soltan bolsa, Jahanşah Hakykynyň uly dogany. Ol Gara Ýusup türkmeniň iň uly ogly bolupdyr. Şeýlelikde, bu setirlerde Jahanşah Hakykynyň dogan-garyndaşlary dogrusynda-da maglumatlar alyp bilýaris. Ýokarky setirlerde Jahanşah Hakykynyň uly dogany Isgender soltan-da türkmen diýlip görkezilýär. Şu ýerde bir ýagdaýy-da bellemeli. Bartold bu setirleri Abdur-razzak Samarkandynyň “Matlagul-sagdeýn” kitabyna salgylanyp aýdýar. W.W.Bartolddan ýene aşakdaky setirleri delil getirýäris: “Şol ýyl bu ýeňişden soň başga-da şäherler alyndy, ilki Nusaý,soň Astrabat.ol jahan şanyň doganoglany şazada türkmen Hüseýin beg häkimlik edýärdi”. Bartolddan alnan bu setirlerde Jahanşah Hakykynyň ýene bir garyndaşy belli bolýar. Onuň doganoglany Hüseýin beg, goşun serdary. Ol Nusaýy, Astrabady basyp alýar. Bu ýerde görkezilişine görä, Hüseýiniň-de asly türkmen. Ol türkmen şazadasy diýlip görkezilýär. Jahanşahyň türkmendigini görkezýän deliller Ý.A.Ýakubowskiniň ylmy işlerinde-de bar. Ol: “1453-nji ýylda garagoýunly türkmenleriň baştutany, Azerbaýjanyň şol wagtky häkimi günbatar Eýrany gylyç bilen Azerbaýjana birikdirip, eýmirleriňki ýaly täze uly döwlet döretdi” diýip maglumat berýär. Bu ýerde akademik Ýakubowskiý garagoýunly taýpasynyň türkmendigini we Jahanşahyň şol urugyň başydygyny nygtap görkezýär. Jahanşah Hakykynyň türkmendigini delillendirýän ýene bir mysaly taryhçy O.I.Smirnowadan alýarys. Ol şeýle ýazýar: “Jahan şa – garagoýunly türkmenlerden bolan Gara Ýusubyň ogly 841-872-nji/1437-1467/-nji ýyllarda agalyk etdi. Ilki bular Ermenistany we Azerbaýjany aldylar, ýöne basym Teýmir ölensoň, Eýranyň köp bölegini aldylar”. Görnüşi ýaly Bartold-da, Ýakubowski-de, Smirnowa-da Jahanşah Hakykynyň gelip çykyşy boýunça türkmendigi, onuň türkmeniň garagoýunly urugyndandygyny, garagoýunly urugynyň bolsa, Türkmen dinastiýasy bolandygyny nygtap görkezýärler. Şu ýerde “Orta asyrlarda gündogar edebiýaty” atly kitapdan hem şu barada bir mysal görkezmekçi bolýarys. Bu kitapda Teýmir ölenden soňra, onuň basyp alan ýurtlaryndan günbatar Eýranyň türkmenleriň eline geçendigi dogrusynda şeýle diýilýär: “Timurlylaryň maşgala agzalarynyň arasyndaky ganly çaknyşmalaryň we olaryň häkimiýet ugrundaky beýleki bäsdeşleri bilen göreşleriniň netijesinde döwlet döräp, oňa paýtagty Hyrat bolan Horasan, paýtagty Samarkant bolan Mawerannahr girdi. Soň tiz wagtdan günbatar Eýran hem türkmen taýpalarynyň hökümdarlygyna düşdi”. Şeýlelikde, şu mahalky taryhçylaryň ählisi, ady we abraýy bolan, geçmiş taryhdan we taryhy çeşmelerden sähelde maglumaty bolan okumyş adamlaryň we atly taryhçylaryň hemmesi Jahanşah Hakykynyň türkmendigini nygtap görkezýärler we olaryň her biri bu hakykaty öz dili bilen ýaňzydýarlar. Indi göreli, geçmiş taryhy çeşmeler Jahanşah hakynda näme ýazýarlar.”Rowzatus-selatin” atly eserinde Fahri Herewi şeýle ýazýar: “Jahanşah mürze türkmeniň hem ýiti zehini bardy, goşgyny ýagşy aýdardy, onuň tahallusy Hakykydy ”. Indi Jahanşahyň türkmen bolandygyna delili türk taryhçysy Husaýnyň “Bedaýygul-wekaýyg” atly eserinden alýarys. Husaýnyň bu taryhynyň birinji tomy 1644-nji ýylda, ikinji tomy bolsa 1650-nji ýylda ýazylypdyr. Huseýn “Bedaýygul-wekaýygyň” bir ýerinde şeýle ýazýar: (Biz bu makalada käbir mysallary, delilleri türkmençä geçirmän, asyl nusgasynda almagy makul bildik- R.R.) “Sultan Murad tahti sadet bahta сulus ettigi zamanda Azerbaycan Şahruh mirzanin tasarrufinda idi. Bagdaküv Iskender türkmene kibr müstovli olup, memleketi abad ediyorken, Şahruh Horasandan yine gelerek, mezbur Iskender ile Selmas yaylasinda mukabil oldu. Azim jeng eylediler. Iskender munhezim oldukta Şahrus mirza 4 Iktag elhedide bilhedidi (demiri demir bilen kes) mefhumi ile amil olup Azerbaycani Iskenderi küçük beraderi Jahanşah türkmene tefviz ederek, biri-biri ile hasm eyledi”. Görnüşi ýaly, Huseýn bu setirlerde Jahan şahy türkmen diýip görkezýär. Ol onuň dogany Iskenderi-de türkmen diýip görkezýär. Bu barça taryhçylarda şeýle. Jahanşaha degişli iş ýazan taryhçylaryň hemmesi onuň türkmendigini aýdýarlar.şu ýerde “Bedaýygul-wekaýygdan” ýene bir mysal alýarys. Bu mysal Jahanşah türkmeniň kakasy Gara Ýusup türkmene degişli. Huseýn şeýle ýazýar: “Gara Ýusup Teýmirden gaçyp, Ýyldyrym hanyň ýanyna barýar. Teýmir bu sözi eşidip, Soltan Ýyldyrym Baýezid hana bitik ýazýar we şeýle diýýär: “Siziň ile husumet muwapyk görmedik. Leýken bir kaç jüzwi işler iltimas eýledik idi.hala dahy iltimas ederiz ki, Gara Ýusup türkmeni biimanny ki mufsiddir ýanyňyzdan dur eýeleýe siz”. Bu hatdan görnüşi ýaly, Teýmir Ýyldyrym handan Gara Ýusup türkmeni öz ýanyndan kowmagy haýyş edýär. Teýmiriň bu hatynda hem Jahanşahyň dädesi Gara Ýusup türkmen diýip görkezilýär. 804-nji hijride, ýagny, 1401-nji-1402-nji ýylda Teýmir Ýyldyrym hana ikinji gezek bitik ýazyp, Taharten atly serdaryny gönderip, Gara Ýusup türkmeni talap edýär we ony Taharten serdara tabşyrmagy isleýär. Bu hatda hem Jahanşahyň dädesi Gara Ýusup türkmen diýip görkezilýär. Huseýniň “Bedaýygul-wekaýyg” atly eserinden ýene bir mysaly delil hökmünde getirýäris. Garagoýunly türkmen patyşalaryna baha berip, Huseýn bir ýerde şeýle ýazýar: “Ekseri taifeýi türkmen sütemkär olmak ile tamamy memleketi Yrak wepars we Azerbaýjan hilýeýi ymaratdan ary olup, ezizler har wezelil olmuşdylar edi. Ulama we meşaýyhdan nije buzugrwarlar teme we garaz ile maktul olup we ol şänden enwagy fitne wefesad güwnägüwi gahty we gala zuhur edip, Şiraz we Kirman we Ýezd kibi muazzem şährler harap olmuşdy”. Bu setirlere degişli birnäçe ýagdaýy belläp geçmekçi bolýarys. Birinjiden, garagoýunly patyşalaryny Huseýn taýyfai türkmen diýip görkezýär. Olaryň türkmendigine hiç şübhe galdyrmaýar. Şu ýerde ikinji bir bellenilip geçilmeli ýagdaý bolsa, birnäçe taryhçylaryň Garagoýunly patyşalaryny zalym edip görkezmekleridir. Emma Abdurrezzak Samarkandy Jahanşah Hakykyny örän adalatly we adamçylykly patyşa we köp ýerlerde abadançylyk eden, metjitler we medereseler saldyran patyşa hökmünde görkezýär. Mirhand “Rowzatus-safa” taryhynda hiç ýerde garagoýunly türkmen patyşalarynyň zulmy dogrusynda zat ýazmaýar. Tersine, köp ýerde olaryň ata-babalaryny sylag we hormat bile ulaldýar, olaryň özlerini bolsa, beýik adamlar hökmünde görkezýär. Fahry Horewi Jahanşah Hakykynyň örän zehinli adam bolandygyny nygtaýar. Garagoýunlylar, Gara Ýusup türkmen we onuň ogly Jahanşah bütin il-ulsy we taýpasy bilen birlikde türkmenler bolupdyrlar. “Bedaýygul-wekaýygyň” awtory bir ýerde şeýle ýazýar: “Memaleki Azerbaýjan we Yragy arap Gara Ýusuf türkmeniň tasarrufynda olup, Tebrizi ogly Pirpudaga we Bagdady diger ogly Sultan Muhammede werdigi Mukaddemen zikr olmuşdy... Ýedi-sekiz sene istiklal üzre mutasarryf eken tamakärlik edip, Yragy Ajamdan Hemedan we Kazwin we Sultaniýe daha destirazlyk etmişdi. Zikr olunan memalik Şahruh Mirzaýa mutaally olmakla we Miranşahyň katl olmagyndan muztaryb olmakla, intikam kasti ile askeri bikeran ile Horasandan Azerbaýjana haram eýledi. Gara Ýusup türkmen dahy mukabile niýeti ile kuşluýup, Ujan menziline nazyl oldukda 823-nji senäniň zülkaada ýedinji gününde /1420/ wefat eýledi. Leşkeri türkmen perakende we perişan oldular”. Görnüşi ýaly bu ýerde “leşgeri türkmen perakende we perişan oldular” diýip, Gara Ýusup türkmeniň bütin goşunynyň türkmen bolandygyny Huseýin habar berýär. Ýöne türkmen goşuny Huseýiniň aýdyşy ýaly, perakende weperişan-da bolmaýar. Olar barça Gara Ýusup türkmeniň ogullary Iskender türkmeniň ogullary Jahanşah türkmeniň töweregine üýşüp, günbatar Eýrany Şahruhyň elinden almak ugrunda söweşlerini dowam etdirýärler. Şu barada “Bedaýygul-wekaýygdan” ýene bir mysal getirýäris: “Şahruh 850 /1446-1447/ taryhynda wefat olandan sonra Jahnşah kibr wemunazygat mülkiýe agaz edip, ogly mezküwr Pirpudagy /iki Pirpudak bolupdyr/ gönderip, Sultaniýe, Kazwin, Hemedan, Dergez zabd eýledi... 863 taryhynda nebireýi Şahrudaýan olan Ibrahim Mirza iel mesaf edip, galip olmakla tahti Herata dahi malik oldu. Laken taýyfaýy türkmen bigaýat sütemkar olmakla ahaliýi Horasan Aly Timurdan Samarkantda patyşa olan Abusaida waryp şikaýet eýlediler. Ol dahi horasan tama edip, askeri ferawan ile Amuýe suwundan ubur edip Horasan askeri ile mukabile oldukda türkmen askeri mukawemet edemeýüp, Jahanşah tereddüd we täheýýür üzre eken...” Hüseýinden alnan bu bölekden görnüşi ýaly, Huseýin Jahanşahyň goşunyny “leşgeri türkmen” diýip görkezýär. Ýöne onuň türkmenler garşy durup bilmediler diýen sözi dogry däl. Abusaid bilen Jahanşahyň arasynda söweş bolmaýar. Hyrat we Horasan ülkesiniň bir topar ýeri, ýagny, Simnandan günbatara tarap uzalyp ýatan giň toprak şertnama esasynda Jahanşahyň, ýagny, Garagoýunly türkmen döwletiniň erkine, soramagyna geçýär. Şu şertnama boýunça Jahanşah uruşman, Hyrady çagataý türkmen patyşalaryna goýup, yzyna gaýdýar. Huseýniň “Bedaýygul-wekaýyg” atly taryhyndan delil hökmünde öz sözümiz bilen aşakdaky setirleri alýarys. Türk patyşasy Soltan Myradyň patyşalygyň baş ýyllarynda Eýran we Azerbaýjan on bäş ýyl üçaý Şahruhyň buýrugy we häkimligi astynda bolup, ondan soňra bu ýurtlar Jahanşah türkmeniň eline geçýär. Taryhçylar hemişe garagoýunlylary Eýran patyşalary we Eýranda patyşalyk eden patyşalar hökmünde görkezýärler. Ýöne olaryň gelip çykyşy boýunça türkmen bolandyklaryny biragyzdan ykrar edýärler we boýun alýarlar. Olardan Soltan Muhammet we Pirpudak Yragyň patyşasy bolmak bilen - arap ikinji Pirpudak pars häkimi bolmak bilen pars bolmandyrlar. Her ýerde häkimlik eden bolsalar-da, olaryň barçasy türkmen bolupdyrlar. Jahanşah Hakyky dogrusynda söz açyp, onuň türkmendigini ýazmadyk we aýtmadyk birje taryhçy-da ýokdur. Şu ýerde XV asyryň taryhçysy Abdurrezak samarkandydan bir bölegi delil hökümnde getirýäris. Abdurrezzak Samarkandy şeýle ýazýar: “Emir Isgender türkmeniň ogly Mälik Kasym emir Halyl bilen birleşip, Ferah, Isfiroz welaýatlaryna çenli bolan Seýistany aldy”. Bu ýerde Abdurrezzak Samarkandy Jahanşahyň uly dogany Isgenderi “Isgender türkmen” diýip görkezýär. Bu ýerde Isgender türkmeniň Melik Gasym diýen oglunyň-da bolandygy, ýagny, Jahanşahyň ýakyn garyndaşlarynyň biri-de belli bolýar. Jahanşah Hakyky dogrusynda töwerekleýin we düýpli maglumatlar berýän çeşmeleriň biri-de Handemiriň “Häbibüs-siýer” atly taryhydyr. “Häbibüs-siýer” Jahanşahyň türkmendigini we onuň dädesiniň we garyndaşlarynyň türkmendigini, onuň ýörişleri we basyp alan ýerleri dogrusynda giňden durup geçýär. Her kişi bu ýagdaýlary bilmek islese, “Häbibüs-siýeri” okasyn. Aşakda men Mirhandyň “Rowzatus-safa” atly uly taryhy eseriniň altynjy tomundan Gara Ýusup türkmene we Jahanşaha degişli, olaryň türkmen bolandygyny subut edýän bölekleri getirýärin. Müsür patyşasy Gara Ýusup türkmeni tussagdan çykarmakçy bolýar. Bu dogruda taryhçy şeýle ýazýar: “Soltan Ahmet Jelaýyry we Gara Ýusup türkmeni tussagdan çykaryp, terbiýelemeli diýen çözgüde geldiler. Gara Ýusup türkmen Müsür patyşasynyň tussaglygyndan çykandan soň,öz atlylary bile öz ýurduna gaýdýar. Ýolda ony yzyna gaýtarjak bolup, Müsürşasynyň serhetçi goşunlary Gara Ýusup bilen söweşler edýärler”. Taryhçy bu barada şeýle ýazýar: "Serhet sakçylary bolan emirler türkmenleriň ýoluny her näçe baglasalar-da, Gara Ýusubyň adamlary üstünlik weýeňiş gazandylar. Sözüň gysgasy, köp menzilleri we ýollary aşyp, Diýarbekire ýetip geldiler”. Gara Ýusup türkmen bile Miranşahyň söweşini görkezip, şol baby Mirhand şeýle atlandyrýar: “Mirzanyň Miranşahyň we Ebabekir Mirzanyň we Gara Ýusup türkmeniň we Mirza Miranşahyň şehit bolmagynyň beýany”. Şu söweşde Gara Ýusup türkmen söweş meýdanyna girmezden ozal öz ýanyna birnäçeserdarlaryny üýşürip, ol serdarlara özüniň türkmendigini we haýsy ýerdendigini aýdýar. Ol şeýle diýýär: “Gara Ýusup Merdende ýetdi we Kadru galasyndan bir topar kişi bilen uruldylar. Bu habary Gara Ýusuba arz etdiler. Ol öz ýanyndaky Yrak emirlerini çagyryp: “Men özüm türkmen kowmundan bolar men, meniň ýaýlak ýerim Aladat we gyşlak ýerim bolsa, Diýarbekir we Fyrat derýasynyň boýlary”. Ýokarda Gara Ýusup türkmeniň Miranşah bilen söweşinden birnäçe setirleri alyp görkezipdik. Bu söweşde Miranşah ýeňilýär, türkmenleriň eline köp olja düşýär. Bu barada Mirhand şeýle ýazýar: “Dogrudan-da, türkmenleriň eline köp mal, olja düşdi. Şolaryň içinde teýin derisinden tikilen müň sany içmek bardy, türkmenler olaryň bahasyny we degerini bilmän arzanja satdylar”. Bu setirler Gara Ýusubyň we onuň goşunlarynyň bütinleý türkmen bolandygyny aýdyň görkezýärler. Onuň töwereginiň türkmen bolanyny görkezýän aşakdaky setirleri-de mysal alýarys: “Iň soňunda Gara Ýusup türkmen bir topar türkmenlere buýruk berip, “Mirza Rüstemiň ýany bile Yspyhana ugraň” diýdi. Barýarkalar ýolda türkmenler Mirza Rüstemi ýalňyz galdyryp, onuň ýanyndan gaçdylar”. Indi Gara Ýusubyň ogly Jahanşahyň uly dogany Iskender türkmen dogrusynda ýokarky taryhdan birnäçe setirleri mysal alýarys: “Şahruh türkmenler bilen söweşmek üçin Töwrize tarap goşun çekýär”. Bu hakda Mirhand şeýle ýazýar: “Kutly Kagan /Şahruh/ uruşmak niýeti bilen türkmenleriň üstüne ugrady... ol ýandan barçasy pil güýçli we arslan göwreli türkmen leşgeri ileri süýşüp gelip, duşman garşysynda durdular. Türkmenleriň çozuşlarynyň sany köp bolup, Şahruhyň goşuny ýeňilmäge az galypdy”. Bu setirlerde Şahruhyň goşunynyň garşysynda duran leşgerleriň barçasynyň türkmendigi aýdylýar. Bu türkmen goşunlaryna Iskender türkmen ýolbaşçylyk we serdarlyk edýär. Mirhand ýene bir ýerde şeýle ýazýar: “832-nji ýylyň mäherrem aýynyň başlarynda Isgender türkmeniň ýene bir boýun egmezlik baýdagyny galdyryp, uly goşun bile Yrak çäklerine gelip ýetendigi patyşa hezretleriniň gulagyna ýetdi”. Jahanşah türkmeniň uly dogany Iskender türkmen dogrusynda ýokarky taryhdan ýene bir mysal alýarys: “Yrak tarapdan Gara Ýusubyň ogly Iskender türkmeniň Şahruh tarapyndan Azerbaýjan häkimi edilip goýlan öz dogany Ebusagydy öldürendigi hakyndaky habary getirdiler”. Indi “Rowzatus-safa” taryhyndan Jahanşahyň türkmendigini tassyklaýan birnäçe setirleri mysal alýarys. Mirza Soltan Muhammed goşun uzadyp, Yrak, Pars, Kazwin we Soltaniýe sebitlerini basyp alýar. Barça oňa tabyn bolýar, diňe Mirza Jahanşah türkmen oňa boýun egmeýär: “Dünýäniň boýny ýogynlary barça oňa boýun egdiler. Diňe emir Jahanşah türkmen boýun egmedi, ol goşun uzadyp, Soltaniýe we Kazwin welaýatlary basyp aldy...” Jahanşahyň türkmendigi dogrusynda ýokarky taryhdan aşakdaky setirleri-de alýarys: “Beýik patyşalaryň geçidi bolan bu ýoluň eýesi emir Jahanşah türkmendi”. Jahanşahyň töweregini we garyndaşlaryny görkezýän aşakdaky setirleri hem delil hökümnde görkezýäris: “Birinji polk Iskender türkmeniň ogly Melik Gasymy we Garaman türkmeni we Hajy Halyly tutup, patyşanyň köşgüne getirdiler. Melik Gasym we Garaman Ýüksek hatynyň ara düşmegi netijesinde ölümden halas edildi”. Jahanşahyň taýpasynyň we bütin goşunynyň türkmenler bolandygyny görkezýän ençe mysallary ýokarda görüp geçdik. Şu dogruda Mirhanddan ýene bir mysaly delil hökmünde alýarys: “Türkmen goşuny özüni Horasan goşunynyň garawulyna görkezdi-de togtady. Horasanlylar garşydaşlarynyň sany az we olary güýçsüz hasap edip, öňe sürdüler. Türkmen leşgeri bolsa, köp sanly bolup tokaýdan çykdylar-da olaryň üstüne ylgar etdiler. Çagataý ulsunyň ýygnynyň düýbüni we esasyny ýumurdylar. Şu ýagdaýda Mirza Ibrahim umyt we gorkudan doly köňül bile yzdan gelip ýetdi. Görse, iş-işen geçipdir we ok barmakdan sypypdyr. Özüni ýitirip, söweş we tutuş nogtasyny gaçybatalga – çöle sary öwürdi. Türkmenler horasanlylaryň yzyndan kowdular. Olara rehimsiz gylyç çaldylar. Serdarlarynyň bir toparyny tutup, Mirza Jahanşahyň ýanyna getirdiler”. Jahanşahyň türkmendigini subut etmek üçin ýokarky getirilen delilleriň biri-de ýeterlik. Ýöne biz ol delilleriň üstünde töwerekleýin, düýpli durup geçmegi makul bildik. 2000-nji ýyl. Rahman REJEBOW, filologiýa ylymlarynyň doktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |