15:15 Janly leññeçler, ýylgyryşlar we raketalar: Gülkünç liderler tomaşa görkezýär | |
JANLY LEÑÑEÇLER, ÝYLGYRYŞLAR WE RAKETALAR: GÜLKÜNÇ LIDERLER TOMAŞA GÖRKEZÝÄR
Publisistika
Demirgazyk Koreýanyñ diktatory Kim Çen Ynyñ kyn ýagdaýdaky Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin otla münüp Russiýa gelmegi öz-özüni ýañsylaýan spektaklyñ ajaýyp ýeñişinden başga zat däldi. Demirgazyk Koreýanyñ häzirki döwlet ýolbaşçysynyñ kakasy Kim Çen Iri ýañsylaýan 2004-nji ýyldaky gurjak oýny "Team America: World Police"-den fragment (Paramount Pictures) 1677-nji ýylda iñlis şahyry Jon Milton golland koroly Knudyñ deñiziñ gury ýere galtaşmazlygyna buýruk berendigini öñ görülmedik alty ýüz ýyllyk ýazgylary ele salyp, bulary "Ýitirilen jennet" poemasyna ýazanda, Knudyñ bu buýrugy "korollygyñ töweregini gurşap aljak ýasama howalalylygy dolulygyna" berendigini çak edipdi. Ýasama howalalylyk müñ ýyldan öñem bar nysaklaryñ biridi. Eger möhüm işleri etmek isleýän bolsañyz, onda möhüm geýinmäge mejbursyñyz. Käbir zatlar hiç haçanam üýtgemeýär. Kim Çen Ynyñ kakasy mundan öñ "Günorta park" ("South Park") multifilmini döredijileriñ taýýarlan "Team America: World Police" gurjak satirasyndakysy ýaly gülkünç görkezilmedik bolsa gerek. Ol ýekelik hakda aýdym aýdýar we zyýansyz akulalardan doldurylan äpet akwariumy bilen duşmanlaryna haýbat atýar. Emma olaram Kim Çen Iriñ oglunyñ syýasy garşydaşlaryny top okuna tutup öldürme buýrugyny berjek derejede batyrgaýdygyna garamazdan uçar bilen syýahat etmejek derejede jan howpsuzlygyndan gorkýandygy üçin otly duralgasynda Wladimir Putin tarapyndan howalaly garşylanmagy ýaly öz-özüni oýnaýan satiranyñ boljagyny pikir etmändiler. Gürrüñi gidýän otly perronynda togsandan gowrak wagonyñ bardygy we bulardan biriniñ "hormatly başlygyñ" birdenkä leññeç iýesi gelse berer ýaly suw tanklarynda janly leññeç alyp barýandygy belli bolýar. Emma otlynyñ düýp maksady esasy ýolagçysynyñam bilşi ýaly güýçli görünip, ýasama howalany öz töweregine ýerleşdirmek. Şeýle-de munuñ tersiniñ dogry bolup çykmagy özi üçinem, köne dosty Wlad üçinem gaty uly lapykeçlik bilen gutarar. Putin Ukraina çozan gününden bäri wagtynyñ köpüsini biriniñ Demirgazyk polýusynyñ üstünden geçip, ABŞ-nyñ uly şäherlerini ýer bilen ýegsan edip biljek ýadro raketalaryny uçurmaga ukyplydygyny hasaplaýan, barha howply ýagdaýa öwrülýän ýadro raketasy sistemalarynyñ haý-haýly synaglaryna sarp edýär. Bular ýaly howplar hakda oýlanyşykly ýazylýar. Emma Putin bularyñ deñeçerligi öz peýdasyna üýtgemeýändigini gowy bilýär. Garşylyklaýyn weýrançylyk taktikalar nähili bolanda-da, garşylyklaýynlygyny saklap galýar. Kim Çen Ynyñ dünýäniñ barha ýalñyzlaşyp barýan iñ ýalñyz lideriniñ ýalñyzlygyna dowa bolmak üçin oýnan bu ikitaraplaýyn maçolyk sahnasyndan has beter mahabat bolmasa gerek. Kim Çen Yn jansyz emeli hemralaryny uçurmaga ýardam etjek rus tehnologiýasynyñ berilmegini isleýär: Çöküp barýan uruş janykmalary üçin ýarag ammary. Gelinen sepgit geçen ýylyñ fewral aýynra boljak zady hyýalyna getiren ýeri däl. Güýjüñ daşyna gönükdirilen horeografiýasy içerdäki hakykatyñ ýaşyrylmagyna hiç hili peýda etmeýändigi bilen bir hatarda ýolugyjydyr. Rehim-şepagatsyz diktatorlar hemişe narsisist selfiçilerdir. Demokratik ýollar bilen saýlanan liderleriñem olara öýkünmäge hemişekisinden has höwesli görünmegi-de täze bolup geçen üýtgeşme. Berjek signalyñyzyñ agşam 21:00-daky habarlar gepleşiginde berilmegini isleýän bolsañyz, habarlar gepleşigine signal bilen bile gitjek täsin fotosuratlary bermelidigini 80-nji ýyllaryñ başynda ilkinji bolup duýanlaryñ biri Margaret Tetçerdi. Ine, beretka we iş eşigini geýip surata düşmek döwri şeýdip başlady. Häzir Tetçer boljak bolýan syýasatçylar aýratynam öz instagram hasaplary üçin şonuñ geýnişi ýaly geýinýärler we boýun etmeli ýeke adamyñ özleridigini bilenoklar. Naýjel Faražyñ tank ýanyndan geçende üstüne çykmadyk pursatlary diýseñ seýrek bolýardy. Liz Trass halkara söwda sekretaryka roluny köplenç öz instagram hasabynyñ prizmasyndan görýärdi we puluny salgyt borçlularyñ töleýän fotosuratçylary-da muña ýoldaşlyk edýärdi. Trassyñ 2019-njy ýylda Awstraliýa eden resmi saparynyñ galaba bölegi Sidneý portunyñ köprüsiniñ astynda Birleşen Korollygyñ baýdagy şekillendirilen saýawanly surata düşmek bilen geçdi. Şondan kän wagt geçmänkä-de daşary işler ministri wezipesine bellendi we şol gün howa 18 santigrat derejededigine garamazdan Moskwadaky Gyzyl ploşadda tüýli gulakjyn geýmän ýöremejegini bildi. Ýa-da Estoniýa öz wideokameraçysynyñ peýdasy üçin tankyñ üstüne dyrmaşyp çykmazdan gitmändi. Emmanuel Makron geçen tomus aýlary işleri kynlaşanda täzeden saýlanmagyñ iñ añsat ýolunyñ Zelenskiý ýaly geýinmekden we hüjüm astynda däldigi görnüp duran şäher Pariždäki "Ýeliseý" köşgünde penjiresiz "gaçybatalgada" surata düşmekden geçýändigini pikir etdi. Soñra onuñ skuterde myçyp barýandygyny gördüler. Bu şahslaryñ bular ýaly fotosuratlaryñ hususanam demokratik režimli ýurtlarda ýönekeýje oýundygyna düşünmeýändikleri geñ galdyrýar. Indi mundan soñ näme etseñizem iñ gowy ýüzüñizi görkezip bilmeýärsiñiz, çünki sizi internet param-parça edip taşlar. Ýasama ýagdaýda döredilen islendik zat diñe çalt dargap dynmaýar, şol bir wagtyñ özünde param-parça bolýar. Gepiñ keltesi, syýasy oýunbazlykdan has ýüregedüşgüç we görkezýän biçäreliginden beter açyk-aýdyñ zat ýok. Bu ozalybetinde Korol Knutda derege ýaramady. Başgalary üçinem derege ýaramaz. Tom PEK. Anna, 15.09.2023 ý. Awtoryñ makalasynda beýan edilen pikirler asyl nusgasynyñ çap edilen gazetini, terjimeçiniñ garaýşyny we şu saýtyñ editorial ugruny añlatmaýar. © "The Independent" internet gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |