07:13 Jemil Meriç | |
JEMIL MERIÇ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Hüseýin Jemil Meriç, meşhur türk ýazyjysy, terjimeçi, pedagog. Jemil Meriç taryh, edebiýat, filosofiýa, sosiologiýa ýaly birnäçe sosial ylymlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp baran we ençeme ylmy işleri ýazan beýik akyldardyr. Onuñ ýazan 12 eseri we eden terjimeleri türk edebiýatynyñ altyn goruna girdi. Ýazyjy sosiologiýa ylymlary boýunça professor Ümit Meriçiñ kakasydyr. • Çagalyk we ýaşlyk ýyllary Jemil Meriç 1916-njy ýylda Reýhaniýede (häzirki Reýhanly) Balkan ýarym adasyndan (Dimetoka) göçüp gelen göçegçiniñ maşgalasynda dünýä inýär. Onuñ kakasy öz wagtynda Dimetokanyñ häkimi bolan Mahmyt Nyýazy begdi. Ejesiniñ ady hem Zeýnep Ziýnet hanymdyr. Kakasy Mahmyt Nyýazy beg Antakýada "Ziraat" bankynyñ başlygy we kazyýetiñ başlygy ýaly wezipelerde-de işläpdir. Ýedi ýaşyna çenli Antakýada ýaşan Jemil Meriç başga işe geçmegi bilen maşgalasy bilen birlikde Reýhanla göçýärler. Reýhanly Rüşdiýesinde (mekdebinde) başlangyç bilimi alandan soñra gaýtadan Antakýa gidýär. Şol wagt fransuzlaryñ gol astyna düşen bu şäherde fransuz bilim sistemasy boýunça okadýan Antakýa Sultanisinde (kolležinde) okaýar. Bu mekdepde okaýarka görejiniñ pesligini duýýar. “Geç Kalmış Bir Muhasebe” atly makalasy ýerli "Yenigün" gazetinde çap edildi. 12-nji klasda okap ýörkä milletçilikde aýyplanyp we çap edilen bir makalasynda käbir mugallymlary tankyt edendigi sebäpli liseýi diplomyny almanka terk etmäge mejbur bolýar. Okuwuny dowam etdirmek üçin Stambulyñ Pertewniýal liseýine girýär. Ol ýerde Nazym Hikmet, Kerim Sady ýaly birnäçe tanymal çepçi progressiwler bilen tanyşýar. Güzeran ýagdaýy kynlaşandygy sebäpli 1937-nji ýylda Iskenderuna dolanýar. Haýmaseki obasynda dokuz aýa golaý başlangyç klas mugallymy bolandan soñra şol ýyl Iskenderundaky Terjime býurosyna işe girýär. 1938-nji ýylda Günbatar Aýranjy obasynda başlangyç klas mugallymy, Türk Howa Ýollary gullugynda sekretar, häkimlikde kätip ýaly wezipelerde zähmet çekýär. 1939-njy ýylda Hataý hökümetini agdarmaga synanyşmakda aýyplanyp Antakýa äkidilýär we ölüm jeza berilmeli aýyplanlanýanlaryñ hatarynda soraga çekilýär. Şeýle-de bolsa iki aý geçensoñ jogapkärçilikden boşadylýar. 1940-njy ýylda Stambul uniwersitetiniñ Daşary ýurt dilleri boýunça ýokary mekdebine kabul edilýär. Iki ýyl bu ýerde okaýar. 1941-nji ýyldan başlap "İnsan", "Yücel", "Gün", "Ayın Bibliyografyası" žurnallarynda makalalary çykyp başlaýar. • Elazıg liseýindäki mugallymlygy 1942-nji ýylda Elazıg liseýinde fransuz dilinden okadyp başlaýar. Elazige gitmezden öñ Fewziýe Menteşogly bilen nikalaşýar. Görejiniñ barha peselmegi zerarly harby gullukdanam galan Meriç ilkinji terjime eseri bolan Onore de Balzagyñ "Altyn gözli gyz" romany 1943-nji ýylda neşir etdirýär. • Stambul uniwersitetindäki işi Mugallyma aýalynyñ işiniñ Elazige geçirilmändigi sebäpli we maşgalanyñ bu şäherde iki çagasynyñ ýogalmagy zerarly, aýalyna dogurmak üçin diñe Stambulyñ ýaramly boljakdygyny göz öñüne tutup, ýazyjy 1945-nji ýylda Elazigdäki işinden çykyp Stambula gidýär. 1945-nji ýylda ogly Mahmyt Aly, gelejekki ýyl bolsa gyzy Ümit dünýä inýär. 1946-njy ýylda Stambul uniwersitetinde fransuz dilinden okadyp başlan Meriç 1974-nji ýylda pensiýa çykýança bu işinde işledi. Şol bir wagtyñ özünde "Yirminci Asır" žurnalynda-da makalalaryny çap etdirdi. 1948-nji ýylda Wiktor Gýugonyñ bir pýessasyny türk diline geçirdi. 1952-1954-nji ýyllar aralygynda-da "Işık" liseýinde fransuz dilinden okatdy. • Görejini doly ýitirmegi 1954-nji ýylyñ ýaz aýlarynda heläkçilige uçrap gözlerini doly ýitirensoñ birnäçe gezek şowsuz tamamlanan operasiýalaryñ yzyndan 1955-nji ýylda Marsele, ol ýerdenem Pariže gidýär. Alty aýa çeken bejergi netije bermänsoñ watanyna dolanýar. Görejini doly ýitirendigi zerarly birnäçe wagtlap sussupeslige düşýär. Dost-ýarlary göwnüni galkyndyryp, ellerinden gelen kömegi edip, ony ýene-de ýazmaga, döretmäge ruhlandyrýarlar. • Öndümli işlän ýyllary Görejini ýitirenden soñky döwür ýazyjynyñ iñ öndümli we kämil eserleri döreden wagty boldy. Fransuz we iñlis dillerinden okadýan okuwçylaryna tekstleri dil üsti bilen terjime edýärdi we olara ýazdyrýardy. Fransuz diliniñ grammatikasy boýunça kitap taýýarlady. Dil üsti bilen aýtmak arkaly makalalary ýazmagy dowam etdirdi. 1963-nji ýyldan başlap Edebiýat fakultetiniñ Sosiologiýa bölüminde sosiologiýanyñ we medeniýetiñ taryhy sapaklaryndan okadýar. Gündogar medeniýetlerine bolan tankydy garaýyşy aradan aýyrmagy maksat edinen we dört ýylyñ dowamynda ýazylan "Bir dünýäniñ işiginde" atly eseriniñ birinji neşiri bada-bat okyjylar tarapyndan satyn alynyp gutarylansoñ, ikinji we üçünji gezek neşir edilýär. "Hindi edebiýaty" eserinden soñra Günbatar düşünjesiniñ bir tarapyny aýdyñlatmagy başardy. Şu nukdaýnazardan ýola çykyp sosializmiñ düýbüni tutan we sosiologiýanyñ esaslandyrysy Sent-Simon barada bir eser ýazdy. Emma bu eseri neşir etjek neşirýat tapmakda kynçylyk çekdi. Eser 1967-nj ýylda "Can Yayınları" neşirýaty tarapyndan neşir edildi. 1965-1973-nji ýyllar arasynda dürli žurnallarda makalalary we terjimeleri neşir edildi. "Hisar" žurnalynda “Fildişi Kuleden” ("Şirmaýy diñden") rubrikasy astynda yzygiderli makalalary çykdy. Stambul uniwersitetinden pensiýa çykandan soñra birnäçe ýyllaryñ dowamynda edinen tejribelerini kitaplaşdyrmaga karar berýär. Şol ýyl Türkiýäniñ Milli Medeniýet fondunuñ baýragyna mynasyp bolýar. "Göýä men durmuş diýilýän hezillige bu kitaby ýazmak üçin gelen ýaly" diýen “Bu Ülke” atly kitabyny 1976-njy ýylda neşir etdirýär. Kitap onuñ medeniýet, edebiýat, añ-düşünje meseleleri baradaky aforizmlerinden düzülen. Şol ýyl onuñ medeniýet meseleri boýunça jedele girýän “Umran’dan Uygarlığa” atly eseri-de neşir edilýär. 1978-1984-nji ýyllarda "Kubbealtı" jemgyýetiniñ konferensiýalarynda çykyş eden Meriçiñ 1980-nji ýylda edebiýatyñ taryhy we teoriýasy barada ýazan "Kırk Ambar" atly eseri Türkiýäniñ Milli Medeniýet fondunyñ baýragyna mynasyp bolýar. 1981-nji ýylda Ankaranyñ Ýazyjylar birleşmesi tarapyndan "Ýylyñ ýazyjysy" diýip yglan edildi. • Ömrüniñ ahyrky ýyllary 1983-nji ýylda aýaly Fewziýe hanym ýogalansoñ Meriç şol ýylyñ awgust aýynda beýin ganamasyna uçraýar we çep tarapy ysmaz bolýar. Ýazyjy 1987-nji ýylyñ 13-nji iýulynda aradan çykýar we "Karacaahmet" gonamçylygynda jaýlanýar. 2004-nji ýylda Üsküdar häkimliginiñ açan medeniýet merkezine, 2012-nji ýylda Hataý kitaphanasyna ýazyjynyñ ady dakylýar. Hataýyñ Reýhanly posýologyndaky doglan öýünde bolsa muzeý döredildi. • Eserlerinden: 1). "Hindi edebiýaty" (1964); 2). "Ilkinji sosiolog, ilkinji sosialist - Sent Simon" (1967), 3). "Bir dünýäniñ işiginde" (1976); 3). "Yşyk Gündogardan düşýär" (1984); 4). "Medeniýetden ylyma" (1985); 5). "Gowakdakylar" (1978); 7). "Bu ülke" (1974, 1985); 8). "Kyrk ammar" (1980); 9). "Bir heläkçiligiñ kyssasy" (1981); 10). "Sosiologiýadan bellikler we dokladlar" (1993) we başgalar... • Baýraklary: 1). 1974: Türkiýäniñ Milli Medeniýet fondunyñ baýragy; 2). 1983: Türkiýäniñ Milli Medeniýet fondunyñ baýragy, Ankaranyñ Ýazyjylar birleşmesiniñ "Ýylyñ ýazyjysy" baýragy; 1981: Türkiýäniñ Ýazyjylar birleşiginiñ "Ýylyñ iñ gowy eseri" baýragy; 2015: Türkiýe respublikasynyñ Prezidentiniñ Medeniýet we Sungat boýunça baş baýragy. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |