01:45 Jöhitlerden soradyk: "Nämüçin okkupasiýa astyndaky palestin ýerlerinde ýaşamagy saýladyñyz?'' | |
JÖHITLERDEN SORADYK: "NÄMÜÇIN OKKUPASIÝA ASTYNDAKY PALESTIN ÝERLERINDE ÝAŞAMAGY SAÝLADYÑYZ?"
Publisistika
Okkupasiýa astyndaky Günbatar Şeriada ýaşaýan we aglabasy ýaragly jöhitler ýerli palestinalylaryñ durmuşyny dowzaha öwürmegi başarýarlar. Biz palestinalylaryñ ýerini zor bilen eýeläp hemişelik ýaşamaga göçüp gelýän jöhitlere "Näme sebäpden okkupasiýa astyndaky palestin ýerlerinde ýaşamagy saýladyñyz?" diýen sowallary ýöneltdik. Okkupasiýa astyndaky Günbatar Şeriada ýerleşen 250-den gowrak bikanun jöhit posýoloklarynda häzir ýarym milliona golaý jöhit ýaşaýar. Ysraýyl 1967-nji ýyldan bäri harby häkimiýet astynda saklaýan ýerlerinde jöhit raýonlaryny artdyrmak üçin bu sebitlerde ýaşamaga gelýänleri salgytdan boşatmak ýaly birgiden maddy ýeñillikleri berýär. Hususy ýollar bilen Ysraýyla we biri-birlerine ýakyndan baglanyşykly raýonlarda ýaşaýan jöhitleriñ arasyndaky radikal toparlar ýygy-ýygydan palestinalylaryñ üstüne hüjümleri gurnap durýar. Ierusalimiñ golaýyndaky Maali Adumim hem 70 müñe ýeteñkirleýän ilaty bilen Günbatar Şeriadaky şol raýonlaryñ iñ ulularyndan biri. Biz ol ýere gidip, jöhitlerden: "Nämüçin okkupasiýa astyndaky palestin ýerlerinde ýaşamagy saýladyñyz? Bäriniñ okkupasiýa astyndaky palestin topragydygyny kabul edýärsiñizmi?" diýen soraglary berdik. Sowallarymyza şu aşakdakylar ýaly jogaplary aldyk: ■ "Bize bu ýurdy Hudaý berdi" Ukrainadan göçüp gelen Ester diýen bir jöhit (familiýasyny we işleýän ýerini aýdasy gelmedi): "Töwratyñam aýdyşy ýaly bu ýurdy bize Hudaý berdi. Hem Hudaý bize şu ýerde bolmagymyzy buýurdy. Hudaý bize şu ýerde bolmaldygyny aýdandygy üçin biz bärde." Sowal: - Sizden öñem bärde ýaşaýan adamlar bardy, olar barada näme pikir edýärsiñiz? Ester: - Düşünmedim. Sowal: - Bärde palestinalylaram ýaşaýardy we olar uruşda... Ester (garşylyk görkezip daşlaşmaga başlaýar): - Ýok, kyn görmäñ, meni bulaşdyrjak bolmañ! Bäri biziñ ýurdumyz! ■ "Ysraýyllylaryñ ilatyny artdyryp, Günbatar Şeriany Ysraýyla goşmak üçin geldik" Turniriñ ýolbeledi asly ABŞ-ly jöhit Dawid Haiwri: " - Siziñ "Günbatar Şeria" diýip atlandyran Ýahudiýa we Samara sebitleri (Günbatar Şeria Ysraýylyñ beren ady) meniñ garaýşymça Ysraýylyñ bir bölegidir we ol ýer Ysraýyla degişli bolmalydyr. Bärde (G.b Şeria) ýaşap ýerli ysraýylly ilaty artdyrmak we şeýlelikde Ysraýyla bu ýerleri Ysraýyl döwletiniñ hasabyna birikdirmek üçin hakyky tutaryk gazandytmak meniñ üçin möhüm." ■ "Biz bolmasadyk, palestinalylar häzirem eşekleriñ arasynda ýaşar ýörerdiler" Sowal: - Bärler Palestinanyñ ýerleri dälmi näme? Idan Zendi (Bahçywan): - Ýok. Sowal: - Ysraýylyñ ýerimi eýse? Idan Zendi: - Hawa. Sowal: - A okkupasiýa astynda bolsadamy? Idan Zendi: - Ýok. Diñle. Palestinalylaryñ ýaşap biljek birnäçe ýeri bar. Iordaniýa, Yrak, Liwan, Siriýa, Müsür bar. Birgiden ýer bar. Biziñ ýeke-täk ýurdumyz bar. Bu gojaman saýýarada ýeke ýurdumyz bar. Diñe Ysraýyl. Biz bolmasak, olar (palestinalylar) häzirem atdyr eşekleriñ arasynda ýaşar ýörerdiler. Bärsi biziñ ýerimiz. Taryha ser salyñ, Töwraty açyp görüñ, mümkingadar başga kitaplary-da açyñ, okañ. Ysraýyllylaryñ bärde palestinalylardan has kän ýyl öñem ýaşandygyna göz ýetirersiñiz." ■ "Bärsi okkupirlenen ýer däl, azat edilen ýer" Marin Takisni (buhgalter): " - Meñ pikirimçe bärsi okkupirlenenok. Meñ pikirimçe bärsi (palestinalylardan) azat edilen ýer. Ysraýyl döwletiniñ parçasy, hawa, hawa. ■ "Palestina diýen ýer ýok" Elýezier Endi (diş lukmany): - Meñ pikirimçe bärsi okkupasiýa astynda däl. Sowal: Eýse Ysraýylyñ ýerimi? Elýezier Endi: "Meñ pikirimçe bärsi Ysraýylyñ bir bölegi. Sowal: - Tutuş Günbatar Şeriamy? Elýezier Endi: - Hawa, hawa, Ysraýylyñ ýeri, dagy näme. Sowal: - Palestina diýen ýer ýokmy? Elýezier Endi: - Ýokdugyna ynanýaryn. ■ "Başga ýerlerden has arzan bolandygy üçin bärde ýaşaýaryn" Ýosi (familiýasyny aýtmakdan saklanan mugallym): " - Maddy sebäpler bilen bärde ýaşamagy saýladym. Başga ýerden otuz esse arzan ýaşap bolýar. Birnäçe ýyl öñ hökümet bärde ýaşaýanlara ýeñillik döredýärdi. Emma ýigrimi ýyl öñ bu ýeñillikleri aýyrdylar." Turgut ALP BOÝRAZ . 17.03.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||