13:11 Jöhitlik jöhitleşmäge gujak açýar | |
JÖHITLIK JÖHITLEŞMÄGE GUJAK AÇÝAR
Publisistika
Ysraýylyñ dini kartasynda sionistik herekete we Ysraýyl döwletine garşy gidýän ortodoksal jöhit "Neturei Karta" ýaly Ysraýyl döwletini ykrar etmeýän dini toparyñ barlygy ýaly täsin zat ýok bolsa gerek. Ortodoksal jöhit dininiñ missionerlik etmeýändigini, jöhit bolma talaplaryna pitiwa etmeýåndigini we musulmanlar bilen hristianlarda bolşy ýaly dini başgalara wagyz etmäge ýol bermeýändigini hemmeler bilýär. Tradision jöhitlik ýa-da Portugaliýadaky Patyşa Abdylla adyndaky Halkara Dinler we medeniýetlerara dialog merkeziniñ adminstratiw toparynyñ agzasy haham Dawid Roseniñ aýdyşy ýaly "selefi jöhitlik" garaýşyna görä, jöhit diýip diñe jöhit eneden doglan adamy hasaplap bolar. Şoña görä hem taryhy taýdan jöhitlik başga diniñ agzasynyñ jöhit bolmagyna garşy gapylaryny mäkäm ýapýar. Şonuñ üçin dünýädäki jöhit ilatyñ sany hristianlara (2,3 milliard) we musulmanlara (2 milliard) garanda juda azdyr. Bu taryhy jöhit diwary we berkidilen galasy liberal jöhit reformaçylaryñ ýüzlerçe ýyllap jöhit dininiñ goragçylary bolup halan ortodoksal jöhitleriñ güýjüni gowşatmak üçin 15 ýyllap görkezen tagallasynyñ netijesi ahyrsoñy miwelemäge başlady. Reforma tagallasynyñ miwesi hökmünde Ysraýylyñ Ýokary Adalat sudy (ýurduñ iñ ýokary sud edarasy) tarapyndan kabul edilen karar ultra-ortodoksal jöhitleriñ jöhitlige geçme prosedurasynyñ üstündäki monopoliýasyny soñlandyrdy. Bulam Ysraýyldaky we ýurduñ daşyndaky jöhit jemgyýetlerinde syýasy we dini taýdan "tsunamä" ýol açdy. Sud Ysraýylda jöhitligi oñlaýan adamlary ykrar etmegi makul bildi. Araplar üçin bu kararyñ iñ howply tarapy dinini üýtgedýänlere ysraýyl raýatlygynyñ berilýänligidir. Munuñ özi özi ilatyñ düzümini palestinalylaryñ zyýanyna, ysraýyllylaryñam peýdasyna boljak görnüşde güýçlendirer. Radikal jöhitlerem şeýle karara uly zyýan hökmünde garaýar. Mysal üçin, radikal Şas partiýasynyñ başlygy we Içeri işler ministri Arýeh Deri karara "döwletiñ ýetmiş ýyldan gowrak wagt bäri gorap gelen jöhit hüý-häsiýetine ölüm howply zarba" hökmünde baha berýär. Mezhep gelip çykyşly agzalalyklaryñ saýasynda dünýädäki ähli dinlerij we mezhepleriñ agzalarynyñ arasynda bolşy ýaly, Ysraýylda-da gazaply içerki göreş bolup geçýär. Ýurtda Ysraýyly dolandyrýan täze sagçy lager bar. Bu lageriñ jçinde halkçy ekstremistik sagçylar bilen Kahaneniñ garaýşyna utgaşykly sagçy toparlar bar. Reforma meýilnamalaryna garşy çykyş edýän oppozisiýanyñ garşysynda sionistler ekstremistik ortodoksal jöhitler bilen ortodoksal jöhitler (Haredim) bar we her bir partiýa öz ýapyklygyndan hem açyklygyndan göwnühoş. Ysraýylyñ dini kartasynda sionistik herekete we Ysraýyl döwletine garşy gidýän ortodoksal jöhit "Neturei Karta" ýaly Ysraýyl döwletini ykrar etmeýän radikal dini toparyñ barlygy ýaly täsin zat ýok bolsa gerek. Bu ownuk hereketiñ agzalary Ysraýyl döwletiniñ döredilen gününiñ baýram edilýän gününde ysraýyl baýdaklaryny ýakýar. Edil aýatolla Montazeri ýaly welaýaty-fakihi* bidat saýýan şyga toparlarynda bolşy ýaly... Hamad MAJID. Anna, 09.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |