19:21 Sunak - iñlis Obamasy! | |
SUNAK - IÑLIS OBAMASY!
Publisistika
Sunagyñ problemaly ykdysadyýetiñ, ikä bölünen partiýasynyñ we kemçilik gözlemek üçin ellerini owkalap duran ekstremistik garşydaşlarynyñ arasynda agyr işleri miras alandygy hak. Asly hindistanly Rişi Sunak Birleşen Korollykda premýer-ministrlik wezipesine saýlanyp, antik anglo-sakson patyşalygynda polatdan guýlan barýeri aşdy. Habaryñ owazasy adamlara wagtlaýynam bolsa, iñlis syýasy taryhynyñ iñ ýaş premýer-ministriniñ (42 ýaşynda) we premýer-ministrler taryhynyñ iñ ýaş ýolbaşçysynyñ kowid-19 epidemiýasy we Ukraina ýaly iki uly sarsgynyñ çylşyrymlylaşdyran ykdysady krizisiniñ çözgüdine goşan goşandynyñ üstünde pikir alyşmagy ýatdan çykartdy. "Akýagyz bolmadyk" indusyñ premýer-ministr bolmagy-da garaýagyz Obamanyñ supergüýç ABŞ-nyñ prezidenti bolup saýlanmagyndan birjigem kem däl etniki sarsgyn. Hatda käbirleri Sunag6 "ikinji Obama" hökmünde görýär. Obama I bilen Obama II-niñ (Sunak) arasynda birnäçe umumylyk bar: Ikisi-de akýagyz däl, ikisiniñem kakasy migrant, Obamanyñ kakasy keniýaly migrant, Sunagyñ kakasy hindi migranty. Ikisi-de ilkinji gezek Günbataryñ uly ýadro döwletiniñ ýolbaşçylygyny boýnuna aldy. Ikisi-de bu uly wezipä ýaş wagty geldi. Ikisi-de abraýly ýokary okuw jaýynyñ uçurymy: Obama Garward uniwersitetini, Sunak bolsa Oksford uniwersitetini tamamlady. Ikisi-de bir jynsdan öýlenen: Obamanyñ aýaly afrikaly garaýagyz, Sunagyñky bolsa hindi. Amerikan Obamasynyñ we iñlis Obamasynyñ gelip çykan etniki azlygyna we beýleki azlyklara bolan tutumy nähili? Obamanyñ adyndan jogap bermek añsadam bolsa, Sunagyñ adyndan muña jogap berip bolmaýar. Sunagyñ peýdasyna ýa zyýanyna derñärden entek ir. Çünki onuñ Angliýanyñ premýer-ministri wezipesine bellenen wagtyndan ýañy birküç gün geçdi. Ene-atasy migrant hem bolsa, Angliýadaky migrasion sistema "diýseñ gödek" çemeleşmä eýe! Birnäçw habar beriş serişdesi Sunagy migrantlara garşy görek biri hökmünde sypatlandyrdy. Ýurtdaky migrantlaryñ sanyny azaldyp ýa-da bosgunlaryñ kabul edişligini togtadyp biljek haýsydyr bir kanuny hemişe goldandygynh bilmeýän ýok. Munuñ özi üsn bermeli paradoks. Migrant atanyñ ogly Sunak birnäçe "ýerli" iñlis syýasatçysynyñ migrant azlyklary goldaýandygy we olara garşy täze kanunlaryñ zorlukly kabul edilmegine garşy çykýan wagtynda nädip beýle pozisiýa geçip bilýär?!. "Orginal" Obama barada aýdanda bolsa, ol umuman etniki azlyklar babatda deñagramly pozisiýada durýar. Günbatarly çeşmeleriñ aýtmagyna görä, köp sanly azlygyñ, aýratynam ýüz müñlerçe asly ispan we latyn gelip çykyşly raýatyñ statusynda öñe gidişligiñ bolandygy hasaba alyndy. Elbetde, aýratynam, umuman alanda köpüsi araplaryñ bähbidine bolmadyk daşarky syýasaty hakda güýçli çekinmeler bilen amerikan raýatlygyny ýa-da hemişelik ýaşamaga bolan hukugy edindi. Iki syýasy lideri deñeşdirmegi bir ýana goýalyñ, Konserwatiw partiýa agsaýan iñlis ykdysadyýetini galkyndyrmak boýunça işbaşarjañ ykdysatçy Sunaga bil baglaýar. Iñlisler wezipesinden meýletin giden premýer-ministr Liz Trussa we onuñ ykdysady meýilnamasyna gönükdiren tankydy belliklerini, munuñ uly ýitgilere getirjekdigini aýdandygyny şindizem ýatlaýarlar. Hakykatdanam şeýle boldy. Öz ykdysady işinde üstünlik gazanan kişiniñ döwlet ykdysadyýetini janlandyrmak babatynda-da üstünlik gazanjagyna ynanýarlar. Munuñ özi gutarnykly kepillik däl. Sunagyñ problemaly ykdysadyýetiñ, ikä bölünen partiýasynyñ we kemçilik gözlemek üçin ellerini owkalap duran ekstremistik garşydaşlarynyñ arasynda agyr işleri miras alandygy hak. Hamad MAJID. Çarşenbe, 02.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |