10:29 Kurandan soñ Töwrat: Kitap ýakma söweşi | |
KURANDAN SOÑ TÖWRAT: KITAP ÝAKMA SÖWEŞI
Publisistika
2023-nji ýylyñ 15-nji iýulynda Ysraýylyñ Stokgolmdaky ilçihanasynyñ öñünde Töwraty we Injili ýakmak üçin rugsat alan adam kitaplary ýakmakdan ýüz öwrenden soñ eline Kurany-Kerimi alýar / Fotosurat Reuters Kurany-Kerimiñ bir nusgasyny ýakan oduñ tüssesi sowlandan soñ siriýaly bir ýaş ýigit herekete geçip, edil Kurany-Kerimi ýakyşlary ýaly Töwratyñ bir nusgasyny ýakmak üçin rugsat berilmegini sorap, şwed ygtyýarlylaryny kyn ýagdaýa saldy. Şwed hökümeti bu talapdan ýüz öwren ýa-da soña goýan ýagdaýynda ikiýüzli syýasat ýöredýändigini bütin dünýäniñ öñünde görkezjekdigini bilýändigi üçin ýewropa we halkara jemgyýetçiliginiñ ýanynda kyn ýagdaýda galmajak bolup muña rugsat berdi. Geçen anna güni şwed polisiýasy Şwesiýada ýaşaýan siriýalynyñ Ysraýylyñ ilçihanasynyñ öñünde çykyş etmegine we Töwraty ýakmagyna rugsat berdi. Karar Ysraýyl we dürli dini guramalar tarapyndan ýazgaryldy. Hakykatdanam siriýaly ýaş ýigit özüni goldamak üçin gelen birtopar şwesiýaly musulman bilen ilçihananyñ öñüne geldi. Onuñ bir elinde Töwrat, bir elinde-de otluçöp bardy. Jemgyýetçiligiñ we habar beriş serişdeleriniñ gözi-gulagy bu täsin, prowokasion, howply sahna öwrülen pursatynda siriýaly ýigit Töwraty ýakmakdan ýüz öwürýändigini aýtdy. "SVT" şwed radiosynyñ habar bermegine görä, siriýaly ýigit turuwbaşdanam Töwraty ýakmak pikiriniñ bolmandygyny, muny şwed hökümetine we bütin dünýä "musulman hökmünde garşylyklaýyn hormat-sylaga çagyrmak, söz azatlygynyñ üns berilmeli çäkleriniñ bardygyny aýtmak" isländigini mälim etdi. Adamlar siriýaly ýigidiñ düşündirmek islän zady üçin ulanan tilsimini oñlasyn ýa onlamasyn - tapawudy ýok, bir zat belli - bu tilsim halkara habar beriş serişdeleriniñ, emeli hemra kanallarynyñ we hatda sosial mediýanyñ görmezlige salýan birnäçe ýazgarmasyndan we tankydyndan has täsirli hem-de ýañyny bütin dünýä eşitdirip bilen ýol boldy. Musulman ýigit Töwraty ýakmakdan saklanmak bilen gowy iş etdi. Geljekde hristian, jöhit, buddist, indus bolsun, tapawudy ýok, belli bir gatlak tarapyndan mukaddes saýylýan kitaby ýakmazlyk şu ýigitden başgalaryna-da görüm-göreldelik nusga bolar. Aslynda jöhitler üçin mukaddes kitaby ýakmakdan saklanan ýigit diñe bir signal däl, kän signal berdi. Bularyñ birinjisi, azatlyga we demokratiýa eýe ýurtlaryñ kanunlary tarapyndan ýol berilýänem bolsa, dürli dinlerden we dürli medeniýetlerden bolan adamlaryñ arasynda garşylyklaýyn mukaddeslikleri ýakma hereketleri adam ýitgilerine getirip biljek haosa we goh-galmagala äkidip biljek howply prowokasiýadyr. Kurany-Kerim bu belent maksady, ýagny mukaddesliklere sylag-hormat goýmaklygy ündeýär: "Olaryñ Alladan başga çokunýanlaryna sögünmäñ, olaram öte geçip köre-körlük bilen Allaha sögünmesinler". Ikinji signalam diýseñ möhümdi: ekstremistik protestlere adamlar hernäçe berk sypaýyçylykly şygarlar bilen jogap berselerem, deñ derejede ekstremistik ýa-da gödek protest bilen garşylyk bermeli däl. Ar alyjylykly, agressiw çykyşlar, desgalara hüjüm etmek dini taýdanam, akyl-paýhas taýdanam ylalaşar ýaly zatlar däl. Musulman azlyklaryñ ýagdaýyny we çekýän kynçylyklaryny öwrenen islendij adam biziñem, akylly-başly adamlaryñam duýdyrýan zatlarymyzyñ ähmiýetine düşüner. Deñ derejede ýene bir möhüm signalam etniki hem-de dini taýdan radikal Günbatar sagçylarynyñ öñüne bent basmakdyr. Kuran ýakmagyñ we Hezreti Muhammedi (s.a.w) otrisatel tipde sypatlandyrýan karikaturalaryñ sistematiki hereketlerdigini ýatdan çykaramzok. Olaryñ maksady musulman azlygyñ arasyndaky yñdarma fanatikleri Günbatar halklaryny gahar-gazaba atlandyrjak berk garşylyklar bermäge itermek we munuñ netijesinde-de islamofobiýanyñ güýçlenmegine we musulman azlyklara garşy gönükdirilen has berk gysyşlar we basyşlar etmek. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Misfar el-Kahtani twitinde "Hak-hukugy eden-etdilik bilen, duçar bolunan saýrylaşdyrmalara we jebir çekenlige duwlanyp gazanyp bolmaýar" diýdi. Günbatarda 150 ýyl bäri birnäçe etniki toparlar we azlyklar ýaşap gelýär. Olar eýýäm ýaşaýan ýurtlarynyñ birinji derejeli raýaty hasaplanýanam bolsa, musulman azlyk şindizem integrasiýalaşmagyñ üstünde dil tapyşyp bilenok. Hamad MAJID. Penşenbe 20.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||