09:21 Jon Faulz | |
JON FAULZ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Jon Robert Faulz (John Robert Fowles) meşhur iñlis ýazyjysy. J.R.Faulz 1926-njy ýylda Londonyñ golaýyndaky Li-on-Si graflygynyñ Esseks diýen ýerinde doguldy. Oksford uniwersitetinde fransuz dili boýunça alan bilimini tamamlandan soñra Fransiýada we Gresiýada mugallymçylyk edýär. "Kolleksioner" atly ilkinji romany uly seslenme döredendigi üçin ol bar ünsüni ýazyjylyga gönükdirýär. 1968-nji ýyldan başlap Angliýanyñ günortasyndaky kiçijik kenarýaka posýology bolan Laým Rejisde ýaşaýar. 1979-njy ýylda Laým Rejis muzeýinde kurator bolup işläp başlan Faulz 2005-nji ýylyñ 5-nji noýabrynda aradan çykýar. Postmodernistik kyssaçylaryñ iñ öñdebaryjy wekili hökmünde ykrar edilen Faulz "Kolleksioner" ("The Collector") romany arkaly meşhurlyk gazandy. Bu roman onuñ jübisini hem görlüp-eşdilmedik derejede galñatdy. 1965-nji ýylda Wilýam Waýler bu eseri ekranlaşdyrdy. Aslynda "Kolleksioner" romany Faulzyñ ilkinji eseri däldi. Ýazyjynyñ 1950-nji ýyllaryñ başynda ýazan "Jadygöý" atly eseri onuñ ilkinji romanydyr, ýöne bu roman 1965-nji ýylda neşire goýberilýär. Mifologik öwüşginlere we Şekspiriñ meşhur pýessasy "Tupandan" alynan täsirlere ýugrulan hem-de metafiziki emosional taýdan ruhlandyryjy eser hökmünde baha berilen "Jadygöý" romany "Fransuz leýtenantyñ aýaly" bilen birlikde ýazyjynyñ iñ saýlama eserlerinden hasap edilýär. "Fransuz leýtenantyñ aýaly" romany esasynda Karel Reisiñ režissýorlygynda we Garold Pinteriñ ssenaristliginde bir kinofilm hem surata düşürildi. Onuñ başgada birnäçe eserleri filmleşdirildi. Faulzyñ eserleri dünýäniñ birnäçe dillerine terjime edildi. Onuñ proza eserlerinden we esselerinden başga-da goşgulary ("Poem", 1973), terjimeleri ("Cinderella", Charles Perrault, 1974), ssenariýalary, adaptasiýalary (Alfred de Mussetiñ pýessasy, 1983) bardyr. Şeýle hem ol birnäçe edebi taslamalara (Thomas Hardy's England, Jo Draper) redaktorlyk etdi. Faulzyñ döredijiligi edebiýaty öwreniş ylmy tarapyndan giñden öwrenilýär we onuñ eserleri barada birnäçe ylmy işler ýazyldy. Ýazyjynyñ eserleriniñ hemmesi diýen ýaly rus diline terjime edildi. ♣ ESERLERINDEN: 1. "Kolleksioner" ("The Collector", 1963); 2. "Aristos" (The Aristos", 1964); 3. "Jadygöý" ("The Magus", 1965); 4. "Fransuz leýtenantyñ aýaly" ("The French Lieutenant's Woman", 1969); 5. "Poemalar", ("Poems", 1973); 6. "Eben diñi" ("The Ebony Tower", 1974); 7. " Daniel Martin", 1977. 8. "Agajyñ we tebigatyñ tebigaty" ("The Tree", 1979); 9. "Mantissa", 1982; 10. "Janawar" ("A Maggot", 1985); 11. "Wagt tunneli - esseler we edebi bellikler" ("Wormholes - Essays and Occasional Writings", 1998); 12. "The Journals" - Volume 1 (2003) we başgalar... | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |