10:23 Jorji Zeýdan | |
JORJI ZEÝDAN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Liwanly tanymal arap ýazyjysy we taryhçysy. Ýazyjy arap edebiýatynyñ roman žanrynda aýratyn oruna mynasypdyr. Döredip giden eserleri soñky ýazyjylara ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir. Jurnalistlik bilen hem meşgullanan Jorji Zeýdan "El-Hilal"gazetiniñ esaslandyryjysydyr. 1861-nji ýylda Müsürde dogulýar we 1914-nji ýylda aradan çykýar. • Jorji Zeýdan we türkmen taryhy Jorji Zeýdan türkmen okyjylaryna tanadylmaga mynasyp ýazyjydyr. Onuñ umumy türk we Orta Aziýanyñ umumy taryhyna degişli "El muhtyrat el Osmani", "El Memluk eş-Şarid", "Jahan Hatyn", "Fergana Gözeli", taryhyñ asly türkmen (jedelli) şan-şöhratly serkerdeleri Ebu Müslim Horasanly we Selaheddin Eýýuby barada "Ebu Müslim Horasanly", "Ebu Müslim Horasanlynyñ ar alyşy", "Selaheddin Eýýuby we haş-haşynlar" atly birnäçe gymmatly eserleri bardyr. • Eserlerinden käbirleri: "Yslam siwilizasiýasynyñ taryhy" 5 tomluk, "El-Memluk eş-Şarid", "El-Abbase Uht er-Raşid", "El-Ynkylap El Osmani", "Arap edebiýatynyñ taryhy', "Muhtyrat", "Abbase Soltan", "Fergana Gözeli", "Ebu Muslim Horasanly", "Ebu Muslim Horasanlynyñ ar alyşy", "Selaheddin Eýýuby we haşhaşylar", "17 Remezan kast edilşigi", "Jahan Hatyn", "Kureýş bakyrasy" we başgalar... | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |