21:28 Jynsy gatnaşykda bolmak hukugy | |
"Ýanýoldaşyñyz bilen bolanyñyzda özüñiziñ lezzet alyşyñyz ýaly onuñam jynsy kanagatlanmasyny üpjün etmän ondan aýrylmañ". ("Feýzül-Kadyr", I-nji tom)
Medisina
JYNSY GATNAŞYKDA BOLMAK HUKUGY Maşgalada bagtly durmuşyñ we agzybirligiñ iñ möhüm faktorlarynyñ biri hem erkek bilen deñ derejede aýalyñ hem jynsy taýdan lezzet almagydyr. Maşgala agzalalyklaryñ aglabasyny içgin öwrenilende, olarda är-aýalyñ arasyndaky jynsy gatnaşyk meselesinde oñuşmazlygyñ bardygyny görmek bolýar. Bu aýan edilip durulmasa-da aslynda agzalalyklaryñ köpüsiniñ sebäbi şundadyr. Hatda oñuşmazlygyñ sebäbiniñ şundan gelip çykýandygyny är-aýalyñ özlerem bilmeýär ýa-da üns bermeýär. Muny bolsa käbir sebäpler bilen düşündirmek bolar. Meselem, käbir erkekler dogabitdi hyjuwly, aýallar bolsa islegsiz bolup biler. Käte bolsa aýallar aşa aýgyr bolup, erkekler islegsiz bolup bilýär. Munuñ ýaly ýagdaýlarda jynsy gatnaşyklarda düşünişmezlikler döräp başlaýar we är-aýalyñ arasynda oñuşmazlyk döreýär. Kämahal erkekler, käte aýallar durmuş aladalaryndan ýaña ýanýoldaşlarynyñ bu hususlaryna biperwaýlyk bilen seredýärler. Bedeni argyn kişi dynç alyp ýatyrka, garşysyndakynyñ jynsy islegini we hyjuwyny duýjak bolup durmaýar. Duýsa-da bu işi keýpihon ýerine ýetirmez. Köplenç hem boýun towlaýarlar. Islegli ýapyşan tarap bolsa ýassykdaşynyñ bu bolşuny görüp, işdäsine sogan dogralýar we islegini aýan etjek bolubam durmaýar, ýa-da ýassykdaşyny bu işe mejbur edýär. Jynsy taýdan kanagatlanma alyp bilmeýän erkekde ýa aýalda bu keýpsizlik wagtyñ geçmegi bilen artýar we ahyrsoñunda maşgala arasynda biderek zatlaryñ üstünde biri-birine iñirdemegiñ netijesinde ownuk dawalar başlanýar. Maşgala dawalarynyñ köpüsinde şunuñ ýaly sebäpleriñ bardygy subut edilen hakykatdyr. Öz öýünde aýalyndan kanagatlanmaýan köp erkekler bar gaharyny başgalardan çykarýan ýerleri az däl. Yslam aýalyñ we erkegiñ kadaly jynsy gatnaşyklary babatda jynsy gatnaşygyñ maksadyny, halal we haram taraplaryny bildirip öz nukdaýnazaryny beýan edipdir. Biz bolsa hem dini, hem ylmy deliller bilen bu hususda size düşünje bermäge çalyşalyñ. JYNSY HYJUWA TÄSIR EDÝÄN FAKTORLAR Gan basyşyñ artmagy, pulsuñ we jynsy hyrujyñ herekete geçmegi, janyña jaý tapmazlyk, dem alyşyñ, tüýsüñ üýtgemegi görnüşinde ýüze çykýan "jynsy hyjuw" hadysalarynyñ jynsy gatnaşykdan lezzet almakda täsiri uludyr. Elbetde, "jynsy hyjuw" diýilýän bu hadysalara öz täsirini ýetirýän we güýçlendirýän faktorlar bardyr. Bu faktorlar näme? Olara düşünmäge çalyşalyñ. Munuñ üçin ilki hyjuwyñ (höwesiñ) nämedigini bilmek gerek. Hyjuw - beýin we damar sistemalarynyñ işlemegi bilen baglanyşykly ruhy ahwalatdyr. Bu ýagdaýlaryñ döreýşinde we kadalaşmagynda beýindäki käbir merkezler bilen oñurga we damar mehanizminiñ ähmiýeti uludyr. Esasanam üç dürli hyjuw bolýar. Olar gorky, gahar we söýgidir. Hyjuwlaryñ hemmesiniñ-de energiýa döredýän we organizmi herekete getirýän täsirleriniñ bardygy mälimdir. Käbir psihologlar jynsy hyjuwy söýgi hyjuwyna baglanyşdyrýan bolsa, käbir psihologlar gahar hyjuwyna baglanyşdyrýarlar. Emma jynsy hyjuw iñ köp gaharlanma hyjuwyna golaýdyr. Hakykatdanam gaharly adamyñ özüni alyp baryşy bilen jynsy hyjuwy başyna çykanyñ özüni alyp baryşy biri-birine juda meñzeýär. Hyjuwyñ nämedigini bilenimizden soñ jynsy hyjuwa täsir edýän faktorlaryñ üstünde durup geçeliñ. 1). YS: Ys bilen jynsy hyjywyñ arasynda ýakynlygyñ bardygy gadym döwürlerden bäri belli zatdyr. Gadymy Müsüriñ şa zenany Kleopatranyñ ysly kosmetiki serişdeleri çalynmagy bilen birlikde bezenip-beslenmegine alty sagat gerek bolupdyr. Häzirki döwrüñ yzagalak taýpalarynyñ biriniñ ýaşaýan ýeri bolan Taiti adasynda ýaş zenanlar erkekleriñ jynsy hyjuwyny oýarmak üçin saçlaryna ysly serişderi, endamlaryna ysly ýaglary sürtýärler we jynsy islegi oýarmak üçim edýän bu işleri olaryñ ep-esli wagtyny alýar. Awstraliýada bolsa bu däp-dessur görnüşine geçip gidipdir. Awstraliýaly bir erkek ýassykdaşyny hyjuwlandyrmak islese "jeanjeta" atly bir ösümligiñ köküni we gabygyndaky şiräni tutuş endamyna sürtüp çykýar. Endamyna jeanjeta sürtülen erkegiñ der ysy bilen gatyşyp orta çykýan ysyñ netijesinde onuñ garşysyndaky partnýorynyñ jynsy islegi oýanypdyr. Gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli käbir alymlar elýaglyga we içki eşiklere siñen we ýakymsyz ys bermeýän der ysynyñ birnäçe erkeke we aýala hyjuwlandyryjy täsir edýändigini belläp geçýärler. Şeýle hem gadymy hindi we hytaý siwilizasiýalary döwründe käbir gül yslarynyñ ýanynda müşk we menewşe ulanylýar ekeni. Bular häli-häzirlerem ulanylýar. Şol sanda parfýumeriýa önümçiliginiñ ýyl geldikçe kämilleşmegi we senagatyñ iñ düşewüntli pudaklarynyñ biri hasaplanmagy hem yslaryñ jynsy durmuşda möhüm rolunyñ bardygynyñ aýdyñ subutnamasydyr. Yslam dini ýakymly ysy aýala-da, erkege-de halal edipdir. Emma aýallara daşarda ysly serişdeleri sepinmegi gadagan edipdir. Munuñ sebäbi bolsa ýakymly ysyñ keseki erkeklerde jynsy pikir oýarmazlyk üçindir. Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: "Maña dünýäñizden üç zat söýdürildi: Göz aýdyñlygym namaz, ýakymly ys we aýal". ("Mişkatü'l-Mesabih", II-nji tom, sah.: 669) Pygamberimiz (s.a.w) hadyslarynda aýdyşy ýaly ýakymly ysy söýüpdir we ulanypdyr, ulanylmagyny-da ündäpdir. Munuñ sebäbi ýakymly ysyñ hem köpçüligiñ arasynda ýakymsyz yslary gidermekdäki artykmaçlygyndan, hem-de aýal-erkegiñ jynsy isleglerinde uly täsiriniñ barlygyndan gelip çykýar. Ýanýoldaşlary biri-birine ysnyşdyrjak her bir gowy zat dinimizde halal edilendir we hut Pygamberimiziñ (s.a.w) özi bu babatda ymmatyna görelde bolupdyr. Indi bolsa ys babatda aýala we erkege getirilen çäklendirmelerden söz açalyñ. ▶ Erkegiñ ýakymly yslary ulanmagy: Jumga we Baýram namazlarynda, toý-dabaralarda erkekleriñ ýakymly yslary sepinmegi sünnetdir. Ýakymlu yslary sepinen erkekler üçin aýallaryñ bar ýerine gidip-gitmezlik barada hiç hili çäklendirme bellenilmändir. Ýakymly ys sepinende erkekler üçin ýekeje gadagan edilen zat bardyr. Erkege heleýsypat hereketleri gadagan eden yslam olara ýakymly ys babatda hem aýallara mahsus ýakymly yslary sepinmegi gadagan edýär. Ýala ibn Mürre (r.a) şeýle diýýär: "Allanyñ Resuly (s.a.w) Ýalanyñ ýüzünde goýy reñkli ýakymly ysyñ yzyny görüp: - Aýalyñ barmy? - diýip sorady. (Ýagny ýüzüñdäki yz saña aýalyñdan ýokuşdymy diýen manyda). Ýala: - Ýok, aýalym ýok, eý Allanyñ Resuly! - diýip jogap berdi. Şol wagt Resulalla (s.a.w) şeýle diýdi: - Öýüñe git, derhal bu yzy ýuwup aýyr. Gaýdybam munuñ ýaly ysly zady sepinäýmegin!" (Mişkatü'l-Mesabih K. Libas) Görşüñiz ýaly, Resulalla (s.a.w) aýallara mahsus ýakymly yslary sepinmegi gadagan edipdir. Çünki aýallar mahsus islendik bir hereketi eden erkeklere Allatagala (j.j) nälet edipdir. Munuñ ýaly kişileriñ (heleýsypatlaryñ ýa-da heleý hereketlerine ýakyn durýanlaryñ) namazynyñ Allanyñ huzurynda kabul bolmaýşy ýaly, olaryñ jynazasyndanam perişdeler ýüz öwrermişin. (Bellik: türkmen edebiýatynda, hususanam klassyky şahyrlarymyzyñ eserlerinde heleýsypat häsiýetli we hereketli erkekleri "Muhannes" diýip atlandyrylypdyr). Netijede, düzüminde alkogol bolmadyk, goýy reñkli yz galdyrmaýan dürli ýakymly yslu serişdeler erkekler üçin halaldyr. ▶ Aýalyñ ýakymly yslary ulanmagy: Yslam erkege bolşy ýaly aýala-da ýakymlu yslary sepinmegi halal edipdir. Emma ýaradylanda özüne meýil etdiriji artykmaçlyklary bilen ýaradylan aýal ýakymly yslary sepinenden soñra has hem artykmaćlyga eýe bolýandygy üçin, olara käbir çäklendirmeler goýlupdyr. Ol hem daşary (köçä we beýleki köpçülik ýerlerine) gidenlerinde ys, kosmetika, makiýaž we ş.m bezenip-beslenmeliñ gadagan edilmegidir. Yslam aýaly adamsyny özüne ymtyldyrmak üçin has hem özüne çekiji bolmaga çagyrýanam bolsa, keseki erkekleriñ gözünden gaça durmagy ündäpdir. Şonuñ üçinem aýal öz erkegine ymtylyşly görünmek üçin rugsat edilen her dürli jynsy hyjuwlandyrma usullaryny ulanmaga haky bardyr. ▶ Aýal aýbaşy döwründe-de ýakymly yslary sepinmelidir: Aýal jynsy meýil edijiligiñ pese düşýän we aýbaşy ganynyñ ýaramaz ys döredýän wagtynda-da ýakymly yslary sepinibermeli, hatda şol wagtlar hasam arassaçylyga üns bermelidir. Netijede aýal öz erkeginiñ gözünde elmydama öz gymmatyny düşürmän saklar. 2). BEDEN ARASSALYGY. Jynsy hyjuwa täsirini ýetirip bilýän esasy faktorlaryñ biri hem beden we diş arassalygydyr. Dinimiz arassalyga juda ähmiýet berýändir. Munuñ sebäbi bolsa, köpçülik ýerinde ýakymsyz ys döredip adamlary birahat etmezligi we ýassykdaşlaryñ biri-birlerine bolan mähir-muhabbetleriniń berkemegi üçindir. Uýat ýerlerini we goltugyny ýuwup durmaýandan gelýän ýakymsyz yslar jynsy gatnaşygyñ keýpine sogan dograýan zatlaryñ biridir. Sünni akymynyñ esasy ugurlarynyñ biri bolan mäliki mezhebinde aýalyñ jynsy organlaryndan ýakymsyz yslaryñ yzygiderli gelip durmagyny nikany bozmak üçin sebäpleriñ biri kabul edýär. Şonuñ üçinem aýallar we erkekler yslam dininin hökmany hasap eden arassaçylyk düzgünlerini berjaý edäýmelidir. Arassaçylyk düzgünlerini kadaly ýerine ýetirmeýän adamlarda jynsy duýgusyzlyk emele gelýär. Ahyrsoñunda bolsa birnäçe kişileriñ durmuşynda esasy faktor bolup durýan jynsy gatnaşygyñ kesilmegi bilen, maşgalanyñ binýady hem gowşap başlaýar. Ýanýoldaşlar beden arassaçylygyny berjaý edenlerinde hökmany suratda suw ulanmalydyr. Suw bilen ýuwunmasañ, barybir bedende mikrop galyndylary we ýakymsyz yslar galýar, netijede bolsa är-aýalyñ arasynda ideal jynsy gatnaşyk bolup bilmez. ▶ Beden arassaçylygynda är-aýalyñ etmeli işleri megerem şu aşakdakylardan ybarat bolsa gerek: - Kiçi we uly täretden soñra suw bilen täret almalydyr; - Jynsy gatnaşyk sebäpli, has öñ ýuwunmadyk bolsa, iñ bolmanda hepdede bir gezek suwa düşmelidir; - Kyrk günden geçirmän dyrnagyñy almaly, goltuk asty we uýat ýerlerdäki tüýleri syryp aýyrmaly; - Saçlaryña gowy ideg etmeli; - Dişleriñi ýuwup durmaly (oñarsañyz miswak ulanyñ). Şeýlelikde diş etleriniñ arasynda galan we ýakymsyz yslara sebäp bolup biljek azyk galyndylaryndan arrasa bolarsyñyz. Diş arassalygynyñ jynsy gatnaşyk babatda aýratyn orny bardyr. Ogşaşmagyñ jynsy islegleri gylawlandyrmaga edýän täsirini göz öñüne tutsak, onda garşyñdakynyñ dişleri arassa däl bolsa, ýa-da siziñki arassa däl bolsa jynsy gatnaşykdan aljak lezzete sogan dogralsa gerek. 3). GÖZ ARKALY HYJUWLANMAK. Göz adamyñ kalbyna açylan penjire diýsek ýalñyş bolmasa gerek. Şamar saçlaryñ, garamyk gözleriñ, gelşikli agzyñ, pisse dodaklaryñ göze gönûkdirilen jynsy hyjuwlandyryjylardygyny hiç kim inkär etmese gerek. Aýalyñ we erkegin bir-birlerinde gözüne ýakymly görünen ýerine seretmekden lezzet alýandygy, bu görmek duýgusynyñ jynsy hyjuwa täsir edýän faktorlardan biridigini görkezýär. Yslam dinimiz erkegiñ öz ýanýoldaşyndan başga aýallara, aýallaryñam adamsyndan başga erkeklere bakmagyny, görmek duýgusy juda güýçli jynsy islegiñ döremegine sebäp bolup biljekdigi üçin gadagan edipdir. 4). GALTAŞMAK DUÝGUSY. Duýgy organlarymyzdan bolan derimiz galtaşmak duýgusynyñ organydyr. Tejribeleriñ görkezişi ýaly, beden sürtüşmeleri arkaly jynsy duýgular oýanyp bilýär. Munuñ sebäbi bolsa oýaryjy faktorlara garşy ýumşak damarlaryñ barlygyndadyr. Bu jynsy hyjuwy oýandyryjy sebäpleriñ başynda gelýär. Aýalda-da, erkekde-de galtaşylan wagtynda jynsy islegi gylawlandyrýan käbir beden agzalarynyñ bardygy hemmä mälim zatdyr. Galtaşma, ogşaşma, sypalanma garşy duýguçyllygy güýçli beden agzalaryna şöhwetlendiriji agzalar diýip at berilýär. Ýagny jynsy gatnaşyk bolup durka, bu agzalaryñ oýarylmagy jynsy islegi hasam hereketlendirýär. Bu nukdaýnazardan hylwatly pursatlarda, hususanam aýalyñ şöhwetlendiriji agzalaryny sypamak, ony orgazm pursatyna taýýarlamak üçin esasy zatlaryñ biridir. Är-aýallyk gatnaşyklarynda şowly jynsy gatnaşyklaryñ ilkinji şertleriniñ biri är-aýalyñ biri-birlerindäki şöhwetlendiriji ýerlerini (ýumşak damaryny, "toçkasyny") bilmekleri we şol ýerleri sypalamaga üns bermekleri gerekdir. Yslam dininde biri-birine nämährem bolan aýal bilen erkegiñ biri-birini ellemegine, gatnaşyk saklamagyna, elinden tutmagyna, elini ogşamagyna asla rugsat berilmeýär we haram hasaplanýar. Çünki nebsi oýandyrýan şöhweti aýaga galdyrýan sebäpleriñ biri hem keseki aýala el degirmekdir. Hadyslarda aýdylyşy ýaly, el bilen ellemek - bu eliñ zynasydyr, ýagny her galtaşan agzanyñ aýratyn zynasydyr. Hezreti Muhammet (s.a.w) bir hadysy-şerifinde şeýle diýýär: "Biriñiziñ başyñyza demirden bir çişiñ dürtülmegi, nämährem aýala galtaşmakdan has gowudyr". Diñe şu hadys hem galtaşmagyñ jynsy islegleri oýarmakda esasy zatlaryñ biridigini görkezýär. Megerem, hut şonuñ üçin keseki erkek bilen aýallyñ elleşmegi haram edilipdir. 5). OGŞAŞMAK Jynsy hyjuwa täsir edýän esasy faktorlardan biri hem ogşaşmakdyr. Diñe ogşaşmak bilenem aýal bilen erkegiñ orgazma (jynsy islegi kanagatlandyrmak) baryp bilýändigini göz önünde tutsak, onda ogşaşmagyñ jynsy hyjuwa edýän täsirine gowy düşünersiñiz. Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: "Siz haýwan ýaly jima etmäñ. Has öñräkden gürrüñleşiñ, oýnaşyñ we ogşaşyñ". Bu hadysyñ yşarat edişi ýaly aýal bilen erkegiń jynsy gatnaşyga golaýlaşdyrýan hereketleri etmekleri, jynsy gatnaşygy ýeñil we has lezzetli ýerine ýetirjekdikleri hem-de biri-birlerine ruhy taýdan has ysnyşjakdyklary üçin ogşaşmak maşgalada bagtly durmuşy üpjün edýän esasy faktorlaryñ biridir. 5). SES. Sesiñ, pyşyrdaşyp gürleşmegiñ jynsy hyjuwa täsir etmekdäki roluny hiç kim inkär edip bilmez. Näzik we meýil etdiriji sesiñ adam ruhuny sandyradyberýändigini her kimem bilýändir. Hernäçe ilkinji bakyşda ähmiýetsiz ýaly bolup görünýänem bolsa jynsy hyjuwy oýandyryjy gürrüñiñ ýa-da sesleriñ erkekden beter aýalyñ jynsy durmuşynda aýratyn ýeri bardyr... Pygamberimiziñ (s.a.w) aýallaryndan bolan Ümmi Seleme (r.a) şeýle diýýär: "Resulalla ýanýoldaşy bilen ýakyn gatnaşykda bolan wagtynda başyna, öz üstüne we ýanýoldaşynyñ üstüne bir zat örterdi, sesini üýtgederdi we garşysyndaky ýanýoldaşyna "Ümsüm bol!" diýerdi" ("Lewami'ul-Ukûl", IV tom, sah: 627). Ümmi Seleme (r.a) ýanýoldaş diýende, elbetde özi barada aýdýar. Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär: "Sizden biriñiz ýanýoldaşyna haýwanlaryñ ýakynlaşyşy ýaly ýakynlaşmasyn. Aralarynda (haýwanlardan tapawutlylykda) bir zatlar bolsun". Sahabalar sorapdyrlar: - Ýa Resulalla, ol zatlar nämedir? Resulalla (s.a.w) aýdypdyr: - Yşk pyşyrdaşmalary we ogşaşmakdyr. ("Ihýa-u Ulumid'din, K. Nikah, II tom, sah.: 64). Bu görkezilenlerden bilnişi ýaly, är-aýal jynsy gatnaşyga girmezden öñ jynsy hyjuwa täsir edýän pyşyrdaşmak, öpmek, ogşaşmak ýaly zatlaryñ maşgalada jynsy taýdan jebisleşigi üpjün edýändigi üçin, aýala-da, erkege-de sünnet hasaplanypdyr. Emma dinimiz sesiñ jynsy hyjuwy oýarmakdaky täsirligini göz öñünde tutup, keseki aýal bilen erkegiñ biri-birlerine mylaýym, özüne çekiji şöhweti oýaryjy görnüşde pyşyrdaşyp gürleşmegi haram edipdir. Beýik Allatagala şeýle buýurýar: "Aýallar bilen ýumşak we şirin gürleşmäñ. Kalbynda hassalyk bolan tama eder" ("Ahzab" süresi, 32-nji aýat). Pygamberimiz (s.a.w) aýallaryna şeýle buýrupdyr: "Erkekler bilen owadan sesli gürleşmäñ" ▶ JYNSY GATNAŞYKDAN ÖÑ YSNYŞMAK Aýaly bilen ýakyn gatnaşykda bolmak islän her bir erkek aýalyny ilki bilen hoşamaý sözler we hereketler bilen özüne meýil etdirmegi başarmalydyr. Soñra bolsa "işini" dynyp-dynmanka düşekden turup gidibermeli däl we aýalynyñ hem özünden kanagatlanmagyny, lezzet almagyny üpjün etmeli. Çünki aýalyñ organizmi erkegiñkiden has giç oýanýar, emma duýgy taýdan bolsa erkegiñkiden has güýçli bolýar. Aýal adamsynyñ ogşamagy bilenem bütinleý lezzet alyp bilýär. Käbir düşünjesiz erkekler aýallarynyñ gijräk oýanýandygyny bilmeýändikleri üçin olary kanagatlandyryp bilmeýärler. Aýallar munuñ ýaly birtaraplaýyn gatnaşykdan asla lezzet alyp bilmeýärler. Erkek mümkin boldugyça sowukganly we sabyrly bolup, bu işi şakyr-şukyr ýerine ýetirmejek bolmaly. Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär: "Ýanýoldaşyñyz bilen ýakyn gatnaşykda bolanyñyzda özüñiziñ lezzet alşyñyz ýaly aýalyñyzam jynsy kanagatlanmasyny gidermän ondan aýrylmañ" ("Feýzül-Kadir", I tom, sah.: 325). Resulalla (s.a.w) düşege geçen erkeklere aýallary bilen ysnyşykly hereketleri etmän ýakyn gatnaşyga geçmezligi ündäpdir. Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär: "Ynsanyñ ýaý bile ok atmagy, atyny gezdirmegi we ýanýoldaşy bilen oýnaşmagyndan başga oýunlaryñ barsy boşdur. Bular Hakdandyr we dogrudyr". ("Et-Taj", II tom, sah.:309). Pygamberimiziñ bu babatda ýene-de şeýle aýdan sözleri bar: "Üç zat bardyr, bular erkegiñ ejizligini görkezýär: - Söýenini görer, emma adyny bilmez; - Musulman doganynyñ hödür-kereminden ýüz öwrer; - Öpmän, ogşaşman aýaly bilen ýakyn gatnaşykda bolandan soñra öz işini bitirip-bitirmänkä (ýerinden turar), aýalynyñ işiniñ bitmegine (kanagatlanmagyna) garaşmaz" ("Lewami'ul-Ukut", II tom, sah.: 309). Erkek ýakyn gatnaşykdan öñünçä durky bilen lezzet alýança özüne erk etmeli, ýanýoldaşy bilen ysnyşykly hereketleri etmeki we onu-da öz alýan keýpine deñ şärik etmeli. Şeýlelikde her iki tarap hem lezzeti bir wagtda diýen ýaly alar. Aýal adamsynyñ özüni söýmegine we özüne ymtylmagyna, onuñ görkezen ýakynlygyna görä has çalt eräp-akýar hem-de bu ýakynlaşmadan duýýan lezzeti bütin süññüni gaplap alýar. Erкek bilen aýalyñ arasyndaky ysnyşykly hereket näçe uzasa aýalyñ duýjak mähir-muhabbeti we lezzeti hem şonça gowy bolýar. Munuñ üçin ol gatnaşygyñ wagtynyñ has uzamagyny isleýär. Galyberse-de, erkegiñ onuñ ýumşak damaryndan ("toçkasyndan) tutýan ýerlerini oýnap-sypamagy ony hasam hyruçlandyrýar. Erkek öz aýalyny söhwetini oýarýan ýumşak ýerlerini we nokatlaryny bilse gowy. Özüñiz pikir edip görüñ, notadan başy çykmaýan biriniñ eline haýsydyr bir saz guralyny berseñ, çalyp bilermi?! Elbetde, çalyp bilmez! Aýallar hem edil şonuñ ýalydyr. Aýal özüni söýmeýän, sulhy almaýan we özüni oýandyrmaýan erkek bilen bolan ýakynlygyndan lezzet alyp bilmeýşi ýaly, erkege-de lezzet berişiniñ ugry bolmaz. Aýalyñ özüni kanagatlandyrmagyny isleýän erkek, munuñ üçin ilkinji etmeli işiñ öz paýyna düşýändigini bilmelidir. Munuñ ýaly pursatda erkek aýala näme berip bilse, şonuñ hem garşylygyny alar. Bu lezzeti duýup bilmek bolsa, ýakynlaşyga üýtgeşik duýgy we keýp berer. ▶ JYNSY GATNAŞYKDA BOLMAGYÑ ÇÄGI Erkek aýaly bilen islän wagtynda ýakyn gatnaşykda bolup biler. Muña hiç kimiñ garşylyklaýyn pikiri ýokdur. Emma çakdan aşa ýakyn gatnaşygyñ erkegi ysgynsyz, mejalsyz etjwksigini göz öñüne tutulanda, iñ dogrusy ýakyn gatnaşyga bolan islegiñ oýanan wagtynda edilmegidir. Sahabalardan Jabir ibn Abdylla (r.a) şeýle gürrüñ berýär: "Resulalla bir aýal gördi. Soñra aýallaryndan Zeýnebiñ (r.a) ýanyna girdi we ýakyn gatnaşykda bolup çykdy. Biraz wagt geçenden soñra sahabalarynyñ ýanyna geldi we şeýle diýdi: - Aýal (erkeklere görünende) şeýtan sypatynda görüner. Sizden biriñiz bir aýal görüp, ol göwnüne ýarasa, aýalynyñ ýanyna gitsin (we ýakyn gatnaşykda bolsun), çünki göwnüne ýaran aýalynda bar zat öz aýalynda-da bardyr" Güýçli isleg oýananda ýakyn gatnaşykda bolmak günä etmezlik üçin buýrulan zatdyr. Munuñ üçin hadysa üns beren bolsañyz, wagtynyñ haçandygy hökmany däldir. Abdylla AÝDYN, Salyh UÇAN, | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |