02:55 Karlo Mikelştedter | |
KARLO MIKELŞTEDTER Karlo Mikelştedter, asly ýewreý italýan ýazyjysy, filosof. 1887-nji ýylyñ 3-nji iýunynda Gorisiýada baý ýewreý maşgalasynda dünýä indi. Kakasy Albert Mikelştedter Gorisiýa kitaphanasynyñ guramaçylyk toparynyñ başlygy bolansoñ, Karlonyñ çeper edebiýata bolan ilgezikligi güýçli boldy. Ejesi Emma Koen Lusatto bolsa onuñ watansöýüji we maşgalasyna wepaly perzent bolup ýetişmegi üçin elinden gelenini etdi. Çagaka öte bezzat bolan we içini gepledip ýören Karlo Gorisiýa şäherindäki ýokary okuw jaýyny tamamlansoñ, giñ dünýägaraýyşly ýaş ýigide öwrüldi. Döredijilik ukyby we suhangöýligi mese-mälim öñe saýlanan Mikelştedter Florensiýada grek, latyn dillerini öwrenip başlaýar. Antiki filosofoýanyñ ynandyryjylygy we ritorikasy boýunça diplom işini goran Mikelştedter gozgan meselesiniñ üstünde beýlekilerden düýpgöter tapawutly we döredijilikli görnüşde işledi. ■ Mikelştedteriñ pelsepewi garaýşy Mikelştedteriñ pelsepewi garaýşyny kesgitlemek juda kyn. Çünki onuñ biwagt we ýaş ölümi zerarly kimlerden täsirlenmeleri alandygyny seljermek we pelsepewi ugruny kesgitlemek añsat bolmandyr. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |