18:31 Keminäniñ iñlisçe şygry | |
KEMINÄNIÑ IÑLISÇE ŞYGRY
Edebiýaty öwreniş
...1842-nji ýylyñ güýzünde Londonyñ Gün düşmeýän dar hem egrem-bugram Leýdenhoolstrit köçesi eli gazetli barýan oglanjyk: "Täze gazet alyñ, şu günki gazet, tiz alyñ, alysdaky türkmen diýlen halkyñ beýik şahyrynyñ eserleri hakynda gürrüñ berýän kitaby tapjak bolsañyz, gazet alyñ. Ol kitaby Alden daýy satýar..." diýip, ýetişibildiginden gygyrýardy. Bu gürrüñi edilýän kitap polýak alymy Aleksandr Leonardowiç Hodzkonyñ "Meşhur Gündogar şygryýetinden parçalar" ady bilen iñlis dilinde çap edilen kitabydy. Onda nusgawy şahyrymyz Keminäniñ şygry bar eken. XIX asyr türkmen durmuşyny nazara alanyñda, Keminäniñ goşgusynyñ iñlis dilinde peýda bolmagy nusgawy edebiýatymyzyñ taryhynda uly wakadyr. Prussiýada konsul bolup işlän döwründe, Hodzko Gündogar edebiýatynyñ taryhy bilen gyzyklanypdyr. 1833-nji ýylda Demirgazyk Horasanyñ Nardin diýen şäherinde edebiýat hem halk döredijilik eserlerini toplap, olaryñ çeperçilik aýratynlyklary hakynda edebi-taryhy bellikler edipdir. Elbetde, şol şygyrlaryñ kimiñkidigi, haýsylygy belki, belli bolar. Ýöne şol şygyrlaryñ içinde Kemine şahyryñ "Ilden-illere" diýen eseriniñ bolmagy örän gyzykly. Mälim bolşuna görä, Kemine 1840-njy ýylda aradan çykypdyr. Hodzko bolsa onuñ eserini 1833-nji ýylda gola salypdyr. Diýmek, şahyryñ şol eseri dünýäden gaýtmazyndan ýedi ýyl öñ iñlis iline ýaýran bolmaly. Ilmyrat GAPUROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |