21:26 Кеniýаdаkу wеýrаnçуlуgу gözüm bilen gördüm | |
KENIÝADAKY WЕÝRАNÇYLYGY GÖZÜM BILEN GÖRDÜM
Publisistika
Cоp27: Suw almаga bаrýan iki gyzy, zоrlanmakdan gоrkýan gеlin-gyzlary we olaryñ gуz çаgajyklaryny рikir edеnimde hеmme zаdyñ birdenkä düýрgöter üýtgändiginе ynаnyр bilеmok. Suw ýеtmеzçiliginiñ аrtmаgy bilеn аýаl-gyzlar jеmgyýetçilik jуnsуýеtinе еsаslanýan kеmsitmеlеrе gаrşy hasаm gаrawsyz ýаgdаýda galýаr (Rеutеrs) Alty ýaşyndan ýañy geçen iki gyz çagajygyñ hapa suwly howuzdan suw alyp gelýändigini görýärin. Agzyny pürepür edip dolduranda, özleriniñ agyrlygy bilen deñeçerräk agyrlykdaky 20 litrlik bidony göterip gelýärler. Bidony bir kilometrdenem uzak aralyga itenek-çomanak bolup, ölüp galan porsy haýwan maslyklary (ölmezlik üçin ne ot, ne-de suw tapyp bilen sygyrlaryñ jesetleri) bilen doly ýollarda ýöräp, öýe getirýärler. Keniýanyñ demirgazygyndaky Isiolo raýonyny aýlanyp gördüm. Emma şeýle ýagdaý Afrikadaky örän köp sanly jemgyýete mahsus any hakykat. Demirgazyk Keniýa edil häzir eýmendiriji we uzak wagtlaýyn gurakçylygy başdan geçirýär. Eýýäm iki ýyldan gowrak wagt bäri asmandan damja damanok. Öýde oturanlar haywan ölümleri zerarly sermisal halda. Baryp gören bir mülkümde gurakçylykdan öñ 50 sygyrdan we 30 geçiden ybarat mal sürüsi bardy. Häzir bary-ýogy iki sygyrlary bilen bir geçisi galypdyr. Bu pastoral jemgyýetler iýip-içmek, çagalaryny mekdebe gatnatmak hem-de seýrek we gymmatbahaly elýetmez haryda öwrülen suwy satyn alyp bilmek üçin eklenç çeşmesi hökmünde diñe mallaryna bil baglaýar. Aýal-gyzlaryñ we çagalaryñ klimat üýtgeşmesiniñ täsirlerine garşy, aýratynam goragsyz galan Isiolo raýonyndaky ýagdaýy munuñ nämäni añladýandygyny görkezýän iniñi üýşendiriji mysalydyr. Aýal-gyzlar diñe suw getirmek üçin adatdan daşary aralyklary pyýada ýöräp geçmeli bolýarlar. Suw çeşmeleriniñ köpüsi doly gurap gitdi. Galan-gaçan guýulardanam suw almak howply. Guýular çuñ we düýbi batga. Topragy öz ýerinde saklap biljek janly ösümlikler galmandyr. Şeýle guýularyñ biriniñ içine diriligine gapgarylan ýaş ýigidiñ sesini eşitdik, görgüli suw çekip durka, guýy opurylan eken. Suw ýеtmеzçiliginiñ аrtmagy bilеn аýal-gyzlаr jеmgyýetçilik jуnsyýetine esаslanýan kеmsitmelere gаrşy hasаm gаrawsyz ýagdaýda galýar. Кеniýanyñ günbаtar etraplaryndaky öý hojalykçy aýallar maña gurаkçylyk döwürleriniñ hоjalyklarynda çаknyşуklara sebäp bolýandygyny, çünki arassalaýyş işi we kir ýuwmak üçin ýa-da ýuwunmak üçin suw taрmaýandyklaryny gürrüñ bеrdiler. Zorlama wakalarynyñ çakdanaşa köpelmegi bilen bie hatarda käbirlerjniñ indi dyknyşykly nobatlardan gaça durmak üçin gije ýarymdan soñ suw alyp gelmäge gyzlary bilen bile gidýändigini bilmegiñ özi depe saçyñy düýrükdirýär. Ýetde-gütdelik bar ýeri gurşap alypdyr, çagalar günüñ dowamynda zordan bir gezek iýip-içip bilýär. Isiolo raýonynda suw we azyk ýetmezçiligi şeýle bir derejä ýetipdir welin, mekdeplerdäki naharlama režimleri-de togtadylypdyr. Klimat üýtgeşmesi bu jemgyýetleriñ uýgunlaşma çygryndan çykdy. Biz awtoulagymyzy sürüp, etrabyñ içi bilen barýarkak, paty-putusyny alyp barýan adamlara duş geldik. Olar gurakçylyk zerarly juldan çykypdyrlar, jaýlary ýaşap bilmaz derejede çagşapdyr. Iñ soñky çykalga - göçmek. Gurakçylygyñ ykdysadyýete täsiri ýiti boldy. Çarwa çopanlar oturymly bazarlardan gidip, hasam daşlaşmaga mejbur bolýar we bulam haýsydyr bir düşewünt edinmeklerini kynlaşdyrýar. Yzda galan mallary deger-degmez bahasyna satylýar. Süýt-gatyk önümleri gurakçylykdan öñki bahasyndan iki esse gymmada geçýär. Artýan inflýasiýa ýaramaz ýagdaýy has-da ýaramazlaşdyrýar. Diwersifikasiýalaşdyrmagyñ ýollary dürli-dürli. Daýhanlar suwly ýerlerde ekin ekmekde kynçylyk çeýär. Beýleki potensial eklenç çeşmeleriniñ köpüsi durnukly klimata bagly. Klimat üýtgeşmesi adamzat tragediýasydyr we ylalaşyp bolmajak adalatsyzlykdyr. Afrika ýurtlary klimat üýtgeşmesine sebäp bolma meselesinde iñ az jogapkärçiligi çekýänem bolsa, krizisiñ ýetiren täsirlerine garşy iñ garawsyz galanlaryñ arasynda. Biziñ materigimiz ululygy we ilatynyñ köplügi bilenem dünýäde ikinji ýerde durýar, emma taryhy emissiýanyñ diñe 0,5%-den, häzirki global emissiýalardan bolsa 4%-denem azyna jogapkär. Şu hepde Müsüriñ Şarm El-Şeýh şäherinde Cop27-niñ klimat üýtgeşmesiniñ meselelerine bagyşlap geçirýän halkara konferensiýasy bar. Afrikaly syýasatçylar we raýat jemgyýeti klimat adalaty üçin birmeñzeş ýagdaýda çagyryş edýär. Munuñ özi krizise sebäp bolan baý ýurtlaryñ beren sözlerinde durmalarynyñ we arassa ekologiýa geçmegimiz üçin gerekli pul serişdelerini üpjün etmekleriniñ gerekdigini añladýar. Munuñ ýene bir manysy-da, döwlet ýolbaşçylarynyñ klimat täsirleriniñ indi örän köp jemgyýetiñ uýgunlaşma çygryndan çykandygyny doly çykandygyny boýun almagy we ýitgilerdir ýeten zyýanlara ýörite maliýe mehanizmini gurup, hakyky raýdaşlygyñ nusgasyny görkezmegidir. Klimat üýtgeşmesi boýunça möhüm gepleşikler köp wagt bäri ýapyk gapylaryñ añyrsynda we elita syýasatyñ koridorlarynda alnyp barylýar hem-de şol ýerdäki örän az adam öñ hatarlarda ýer alan jemgyýetleriñ başdan geçirýän reallygyna düşünýär. Ýolbaşçylaryñ köpüsi we şeýle gepleşiklere gatnaşýanlar meniñ gözüm bilen weýrançylyklaryma şaýat bolmadylar. Klimat üýtgeşmeleri boýunça gepleşikler tapgyrynda öwrülişigiñ wagty gelip ýetdi. Bu ugurlary elýeterli etmeli. Adamlary, aýratynam ýykgynçylyklardan iñ köp zyýan çekenleri kabul edýän kararlarymyzyñ merkezine oturtmaly bolarys. Çagakam özümiñ asuda durmuşda howpsuz ýaşaýandygymy duýýardym. Suw almаga bаrýan iki gyzy, zоrlanmakdan gоrkýan gеlin-gyzlary we olaryñ gуz çаgajyklaryny рikir edеnimde hеmme zаdyñ birdenkä düýрgöter üýtgändiginе ynаnyр bilеmok. Cop27-niñ olara-da bir zatlar edip bermegi üçin dileg edýärin. Afrikaly çagajyklaryñ özlerini täzeden asuda durmuşda howpsuz duýjak günlerini hyýalymda janlandyrýaryn. Abigael KIMA, "Hali Hewa Podcast"-yñ keniýaly alyp baryjysy we prodýuseri. 09.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||