12:05 Kerkukly türkmenleriñ aýtgylary |
Kerkukly Türkmenleriñ aýtgylary
✔ Ynsap gatylmadyk söz çüýrükdir.
✔ Syýañ ömri adamyñkydan uzyndyr.
✔ Ýabygorly bolsañam nadanlykdan
gowydyr.
✔ Ozalam-a ýyndamdy weli, gamçam degäýdi.
✔ Altyn otda saplanar,
Adam emgekde.
✔ Abraýly awça agsak keýik sataşar.
✔ Gireñde "agam"-dyñ,
Çykañda agzam boldyñow.
✔ Bary ýogy bir ogul weli, sap süýdürenok.
✔ Akylyñ ýeten ýerinde ölüm ýok.
✔ Bir ömür ömre ulaşar, biri ajala.
✔ Halkyñ dilini, ruhuny saka edinmedik göwün suwaryp bilmez.
✔ Boýa bakma, haýa bak.
✔ Bagy bagban, sürini çopan iýer.
✔ Bir ýigit ýoksul bolsa el-aýak oña güler.
✔ Bir köýnegi bar gyrmyzy,
Hem enesi geýermen hem gyzy.
✔ Baly bolana siñek Şamdan geler.
✔ Bir şahada bäş guş gonmasa bir daş atmaz.
✔ Bir dag ýykylmasa bir depe dolmaz.
✔ Daş gopsa daşy tutmaz.
✔ Suwdaky balyga bazar bolmaz.
✔ Boldy aşna galdy başyna.
✔ Bir ýerimden ýaralansam müñ ýerimden gan çykar.
✔ Beýigiñ gadyry özünde.
✔ Üzüm üzüme bakyp garalar.
✔ Üzümi iý-de bagbanyny sorama.
✔ Agaryp tenim görnenden gögerip ýamam görünsin.
✔ Gassabyñ minnetini iýenden öz budumyñ etini iýerin.
✔ Gurt bilen iýip, goýun bilen aglaşar.
✔ Edermene dünýä darlyk eder.
✔ Owal düşüniş soñra salyş.
Taýýarlan: Aşyr Salyh Ogly.
Sözler
|
Категория: Sözler |
Просмотров: 550 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 0.0/0 |
Awtoryň başga makalalary
Sözler bölümiň başga makalalary