KINO SUNGATYNYÑ USSADY
Her bir halkyñ ruhy mirasyny, medeniýetini äleme ýaýýan, onuñ sungatyny arşa göterýän adamlar bolýar. Ol adamlar biziñ geçmiş taryhymyzy häzirki döwür bilen birleşdirýän özboluşly köpri bolup hyzmat edýärler. Eger kimde-kim ýaşan ömrüni halal ýaşap, adamlaryñ arasynda ýagşylyk tohumyny sepen bolsa, onda ol adam hakdaky ýatlamalar asyrdan-asyra, nesilden-nesile geçip gelýär.
Türkmen kino sungatynyñ döreýiş taryhyny meşhur aktýor we režissýor Alty Garlyýewsiz göz öñüne getirmek mümkin däl. 1910-njy ýylda ýylda, aýazly ýanwar gijesinde Garly Çakanyñ maşgalasynda dünýä inen oglanjygyñ, soñ-soñlar türkmen kino sungatynyñ sakasynda duranlaryñ biri boljaklygyna hiç kim güman hem etmändi.
On sekiz ýaşly ýigdekçe Tejenden Aşgabada tarap paý-pyýada ýola düşýär. Şähere gelibem, täze açylan teatral studiýa okuwa girýär. Altyda aktýorlyk zehininiñ bardygyna göz ýetiren studiýanyñ mugallymlary oña Bakudaky teatral tehnikumda okuwyny dowam etdirmegi maslahat berýärler. Bu tehnikumyñ režissýorçylyk bölümini tamamlan Alty Garlyýew, Türkmen döwlet drama teatrynda aktýor we režissýor bolup işe başlaýar. Onuñ şol döwürde döreden we sahnalaşdyran "Japbaklar", "1916-njy ýyl", "Aýna" ýaly drama eserleri türkmen teatr sungatynyñ kemala gelmeginde özüniñ mynasyp goşandyny goşupdy. Şol döwürde A.Garlyýew Gogolyñ "Derñewçisindäki" Hlestakowyñ obrazy ýaly onlarça gahrymanlary sahnada janlandyrypdy.
Alty Garlyýew 1938-1941-nji ýyllarda "Türkmenfilm" kinostudiýasyny aktýor bolup işe geçýär. Şol döwürde rus režissýory Ý.Iwanow-Barkow "Dursun" atly filmi goýmak üçin Türkmenistana çagyrylypdy. Şonda A.Garlyýewe şu filmdäki baş roly ~ Nurynyñ obrazyny döretmegi teklip edýärler. Şu filmde ol özüni zehinli aktýor hökmünde tanadypdy. Filmiñ aşa syýasylaşdyrylandygyna we ýasamarak häsiýetde bolandygyna garamazdan, onda bütin jany-teni bilen öz gahrymanyny oýnaýan ýaş aktýoryñ zehinini duýmazlyk mümkin däldi. Ine, şeýdibem, Alty Garlyýewiñ kino sungatyna tarap ýoly başlanypdy.
Onuñ döreden "Uzakdaky gelinlik", "Aýna", "Magtymguly", "Derýanyñ añyrsy serhet" ýaly filmleri tomaşaçylaryñ henizem ýadyndan çykan däldir.
Berdi Kerbabaýewiñ adybir romany esasynda döredilen "Aýgytly ädim" filmi bolsa, A.Garlyýewe uly şöhrat getiripdi. Ol diñe bir bu filmi goýan režissýor bolmak bilen çäklenmän, Gully hanyñ obrazyny ynandyryjy ýerine ýetirmegi başarypdy. Elbetde, bu film kemçiliklerden halas däldi. Halnazar baýyñ, Eziz hanyñ obrazynyñ ýoýulyp görkezilendigi, filmiñ syýasylaşdyrylandygy gürrüñsizdir. Ýöne bu filmiñ türkmen halkynyñ milli häsiýetlerini açyp görkezmäge şowly synanyşyk edendigini inkär etmek bolmaz. Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Hommat Müllük ýaly onlarça zehinli artistler bu filmiñ üsti bilen türkmen halkyna mahsus bolan gylyk-häsiýetleri tomaşaç ýetirmegi başarypdylar. Öz döwründe uly üstünlige eýe bolan ol film dünýäniñ onlarça ýurdunda görkezilipdi. Alty Garlyýew "Aýgytly ädim" filmini sowet döwründe ähli zadyñ, şol sanda kino sungatynyñ hem galypa salnyp syýasylaşdyrylýan döwründe döredipdi. Şol döwürde taryhy hakykaty dogruçyl beýan etmek mümkin däldi. "Aýgytly ädim" romanyny döredende ýazyjy Berdi Kerbabaýewiñ Eziz hanyñ keşbini dogruçyl beýan etmäge synanyşanlygy üçin çeken jebirlerini ýatlap görüñ. Edil şonuñ ýaly, Alty Garlyýewe hem bu filmi döredende erkinlik berilmändi. Eger ol häzirki erkin eýýamymyzda ýaşan bolsa, megerem, taryhy hakykaty dogruçyl beýan edýän, biziñ häzirki durmuşymyzy açyp görkezýän ençeme filmleri dörederdi.
Alty Garlyýew kino sungaty boýunça hiç bir ýokary okuw jaýyny tamamlamandy. Ýöne bu adama Hudaý tarapyndan berlen tebigy zehin hemme zatlaryñ öwezini dolýardy. Ol öz halkynyñ däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny änigine-şänigine çenli öwrenmäge çalyşýardy. Şunuñ bilen birlikde, öz halkynyñ ruhy köklerine aralaşmaga synanyşýardy. Işe gezek gelende A.Garlyýew örän talapkär, öz janyny aýaman işine ýüregi bilen berlen adamdy. Onuñ häsiýetinde türkmen gönümelligi bardy. Öz döreden filmleri üçin A.Garlyýew ençeme gezek döwlet baýraklaryna, hormatly atlara mynasyp boluldy. Ýöne öz-özüne talapkär režissýor entek hem öz halkyna köp zatlafy berip biljekdigine ynanýardy. Hut şonuñ üçinem ol žurnalistler bilen bolan söhbetdeşligiñ birinde: "Men durmuşda örän az iş edendigime düşündim" diýipdi.
"Mukamyñ syry" filmi režissýoryñ döreden iñ soñky işidi. Ussat aktýoryñ bu filmde oýnan roly tüýs sada türkmen ýaşulysyna mahsusdyr. Ýaşulynyñ durmuşda bar guwanjy ýeke-täk gyzy. Şol gyzynyñ hem dutar çalyp, aýdym aýdýandygy hakdaky habary eşidende, ony bir tarapdan gahar-gazap, ikinji tarapdan bolsa, namys horlaýar. Bu duýgulara tap getirip bilmän, gojanyñ gözlerine ýaş aýlanýar. Filmiñ şu ýerine gelende, ýaşy durugşan adamlaryñ hem aglap oturandygynyñ telim gezek şaýady bolduk. Çünki, aktýor bu roly göwünli-göwünsiz, menden saña barýança däl-de, arassa ýüregi bilen oýnaýar. Hut şonuñ üçin tomaşaçy ýaşulynyñ kalbynda gopýan harasada goşulýar, onuñ her bir aýdan sözüne ynanýar. Artist üçin, meger, şundan uly bagt ýok bolsa gerek. Filmde ýaşy gaýdyşan gojanyñ: "Ýoluñyz ak bolsun, balalarym!" diýip, öz gyzyna berýän ak patasy, bütin ýaş nesle edilýän arzuw bolup ýañlanýar. Alty Garlyýew aradan çykansoñ, režissýora "Mukamyñ syry" filmini döredenligi üçin Magtumguly adyndaky döwlet baýragynyñ berilmegi hem onuñ ussatlygyndan habar berýär.
Halkymyzyñ arasynda "Agaç miwesinden belli" diýen nakyl bar. Alty Garlyýew hem özüniñ döredip giden filmleri bilen tanalýar. Ol kino sungatynyñ taryhynda özboluşly yz galdyrdy. Il-gün, kino muşdaklary ony unudanok. Meşhur kino aktýory we režissýor Alty Garlyýew hemişe ýatlanýar. Ýagşyny ýatlamak bolsa parzdyr.
M.Nurlyýewa.
Teatr we kino sungaty